08:13
Toslamalar
TOSLAMALAR

Seni näzik ýelleň ellerindäki,
Tamdyralaň tarlaryndan soradym.
Seni beýik daglaň güllerindäki-
Ak reňkiniň garlaryndan soradym.

Soradym, bulutlaň hasasy çümen,
Alpyň gerişlerniň sesýetiminden.
Ak deňiziň kenarynda oturan,
Aşyklaň aňladan wesýetimi sen.

Seni deňiz içre galdyrlan galaň,
Diwarynyň keseginden soradym.
,,Taryhyň ýüregne aýasyn basan,
Ýazyjylaň eserinden soradym.

Ýalňyzmy men, näme seni agtarýan,
Gezip ýörün, taý tapmadyk düňle deý.
Şahyrlaram jübütlikden hantama,
Gelşiksiz-a, jübüt ölmek dünýede.

Kim aglasyn, gideniňde yzyňda,
Eger söwer ýaryň bolmasa, diri?
Eý, şahyr, bu-da bir seniň taslamaň,
Ahyrsoňy, ahyrsoňy dünýeden,
Taslamasy, toslamasy albaýlap,
Alyp gidýär, alyp gidýär, şahyry.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Raýdaş | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: