13:23
Toba pillesi / hekaýa

TOBA PILLESI

Bally hyk-çoklap, üçegiň zyňňyrt depesine itek-çomak çykyp, dyz epdi, birsellem demini rastlady. Ol düwdek göwresinden boýnuny sozup, guş uçar belentden ýeri nazarlady: hol aşakda biweç gymyrsaşýan çagalar ala gopgun turuzýardy, ýoluň aňry ýüzünde bolsa, goňşy ýigit iki baka gezim edip ýördi. Ýüzi ýylmanak şiferleriň bir-birine münderlenip, aşakky erňege deňiç ýol-ýol bolup inýän kert eňňidine dürtünip oturşyna onuň bujurygy artdy: “Heý-de, şeýdibem bir jaý basyrarlarmy –diýip, bildir esli günläp işlän, el hakynam oýup-köwüp alan ussa öz ýanyndan käýinjiredi. – Muň üstünden asyl ýörär-eder ýaly däl-ä, häý, eden işiň bar bol-a!”. Ol kert inelgä çemelenip ýene bir laý garandy, irinjeňlik bilen kürtdürip oturdygy saýy endişesiniň käneljegini-de duýdy.Ahyry aýaklaryny gowkardyp, jontuk göwresini dikledi. Gün ortadan agypdy, howry bilen onuň gowşül keltekçesiniň ýeňsesini gyzdyrýardy, boýnuny derjiredýärdi.
Bally daraklygyna galdy, bir elindäki çekijini iki baka somlap, deňagramlygyny barabarlady, ýüpde ýöreýän darbazlar mysaly üçegiň zömmek depesinden inip ugrady. Aşak ýüzdäki duşdaş goňşy gabatda bir şifer gopup, indi ençe gün bäri tarkyldap, takat bermeýärdi. Çala ýel-guz öwüsäýse dagy, onuň takyrdysy beleňläp, gulagyňy kamata getirýärdi. Bir çak düzetmeli weli, her gezegem bir bahana çykdy, muňa eli batmady. Ol teýahyr bu azardan belli-külli dynmagy müwessa bilipdi, dynç günüdi, ikibaşdan galyp barýan iş-pişesi-de ýokdy, bir zada güýmeň-süýmeň etmelidi. Onuň ýer-ýesir halda aşak düwdekläp ugranam şoldy welin, köwşüniň ebeteýsiz apgyrdy bijaý düşdi-de, deňagramlygyny rastlap gelýän çekiji honda zyňlyp gitdi, yzy bilen özi-de kelemenläp ugrady. Badyna keltekçesiniň syýny ýellenip, çişdi. Ol gygyrmaga-da ýetişmedi, ýüregi atygsap, demligine dykyldy.
Göz açyp-ýumasy salymda bolup geçýän şular ýaly ýagdaýlarda adam aňy büs-bütin doňup, göwrä erk etmäge ýetişmeýär, beýniň dolandyryş çygryndan sähel salymlyk jyda düşen göwre bolsa, bijan halda, ýalmap-uwdup gelýän heýhatly güýjüň ygtyýaryna berilýär. Nämäň-nämedigine düşünmän, ýelgamak kimin gaýyp gelýän Bally öz jansyz göwresine gapdaldan tomaşa edip, ony gözi bilen ugradyp duran ýalydy. Birden onuň elleri bir zada ilteşdi, göwresini bu tüweleýiň holtumyndan sogrup aldy. “Ä-heý, Bally girrik, ne hallara düşdüň, ahyr päliňden tapaýdyň borly “ diýip, ol asalgada som-saýak baglanyp galmaga ýetişendigini aýyk aňşyransoň ol kem-kem özüni dürsäp, düşük labyzly gygyrdy. Özi barada aýdylýandygyny bilýän, hat-da daş gulakdan eşidende hem halys ýüksünýän bu ýeser lakamynyň öz diline birinji gezek gelşine ol geň galybam durmady. Ýer bilen aralyk esli bardy.Iki jaýyň arasynda zoňtarlyp galan agajyň aşagynda ownuk-uşak paty-puty leýs bolup ýatyrdy. “Şol gaýyp gelşime çöwdämi ýaraýmaly ekenim – diýip, ol aşak bakyp, hyrçyny dişledi, işini çala eden ussa, gün yrman otursa-tursa gydy-gydy edip mazaly degnasyna degen aýalyna ýene bir sapar içigli gargyndy. – Takyrdanda näme ahyryn, takyrdardy, goýardy. Şol Tagan çalaň ezeneginden tutup, özüni getirmelidi, näjaý edenjäňi düzet-diýmelidi. Sölp-sölp ýöräp aý ýarym gatnady, her daýym bir çüý kakan bolup. Wah, hasap-hesibi üçin özünem gatntmaly ekenim, puluň nä jüre tapylýandygyny beri bilerdi. Bu ýoldan geçenem-ä bolmaz wagty bile,duruber indi asyl-asyl bolup”. 
Onuň şahadan gaýym aslyşýan elleriniň damarlary syh-syh bolup hamyny larsa ýaraýarly görünýärdi, girisi zerzawly sorkuldaýardy. Ol ilki bada ýuwaşjadan, git-gide sesiniň ýetdiginden dalda gözläp seslendi. Onuň soranjaň owazyna geleň berjek tapylmady,ylla köçe baglanana döndi, azaşyp-uzaşyp geçýän-edýänem ýokdy. ”Şü zeýilli halda sen kime derkar diýsene! – Ol ýorgun bedenini bir ýere çugdamlamakçy kibi kelte aýaklaryny çibşirip düwdekledi. - Wah, çymçygam gassaba kesdir diýmänmidirler, ussa berde, otur-da, öýde, paňkelläň biri”.
Iki jaýyň aralygyndan delmurup dümtünýän nazary bir gara kaklyşman, zar-zelil bolup durşuna onuň demligi doldy, gözleriniň öňüni nemli ýorka gabsady, gultumy gurap, züllesi çykan göwresi agyrlaşan ýaly duýuldy: ol kempaýyny yzarlap gidýän ýondamarynyň bara-bara taýak ýaly gataýandygyny aňşyrýardy. Küpäňe ýel çalyp, ine-gana gezlip ýörlende göz açyp-ýumasy pursat saýyljak, halys perwaýa alynmajak bu müddetiň ahyry gelmejege döndi, wagtyň misli aýagy duşalyp, asyl süýşmeýän ýaly göründi. Oslanmaz ýere başdan inen bu düşük halyny ol daşkyn bir güýjüň özüne göz görkezmesidir öýtdi. Bu pikir bir üýşmek dänä güsürdäp inen garasar sürüsi mysaly onuň seriniň bar öýjügüni çoklaýana döndi.”Seň ýalaky bihaýyr kişi kime gerek? - Kükreginiň teýinden sogup gaýdan bu sowala onuň özi-de geň galdy. - Girdeldiň, ýördüň. Saýlaw göhert diýjeksiň, şolam-a senden ibaly ekeni. Şoňa dagy göterimine pul berdiň, bendäň ýagdaýyny bilip durubam, sataşdygy ýüzüni aldyň, ýördüň. Bergiňi kyýamatda berjekmiň? - diýip, öýüni dagy torç etdiň-ä. Enabatly kişi ekeni, keçäň gülüni dyrmady oturdy, ýüzüni ýerden galdyrmady. /Ol agyrlyk bilen dem aldy/. Saňa biynsap girdi diýerler. Ogluň niçeler jöwran urdy, iliň çagalarynda bar, alyp beräý bir tigir - diýip. Gaýtyp, gül meňzini bozartdyň, äberäýmelidiň. Begenjinden diriň-diriň bökjeklärdi çaga, guwanany nämä degmeýär ahbetin. Ýygşyryp-busuryp goýduňam-da, indi nirä äkitjek puluňy, ondan nä peýda indi? Aý, şü Saýlaw goňşyň öýdäkisiniň gözi ýeser diýýäler weli, hak öýdýän. Dek düýnem ýaman-ýaman garaberdi,ahyry alaýan borly”.
Ol kän jibrindi, özüne gaty-gaty gargyndy. Wagt bolsa onuň tabyny barha haýalladyp, mytdyldap geçip durdy. Ol näçe durany,ýene näçe durmaly boljaklygy hakynda oý etmäge-de gorkýardy. Esli salymdan dilkaw aýtymda bir kölge süýnüp ugran ýaly göründi, ol düşük owasy bilen naýynjar seslendi. Haýal süýşýän kölge gap biline ýetende aýtymda doňup galdy: gelýän kişi sesiň haýsy ýerden çykýanyny äşgärläp bilmän säginen borly. Bally ökjesinden dik depesine deňiç tabyny jemläp, çirkin gygyrdy. Kölge ýene bir laý öňe süýşdi, onuň degre-daşyna garanjaklaýşy ýere ýazlan suduryň gobsanjyraýşyndan aňşyrdýardy. Ballynyň göwresine jan giren ýaly boldy: ummanda usurgap tenha galan kişiniň kenara nazary kaklyşanda çabalanyberşi mysaly, ol jontuk göwresini düýrledi, bu pilläni goldan bermezligiň dygysyny agtardy, has beleňläň sesi bilen gygyrdy. Ahyry dilkaw gözýetimiň aňry ujunda şol sudur häzir boldy.
-Baý-bä, goňşy ýaman ýokarlapsyň-laý! - Saýlaw göherdiň içýakgyç üňi, onuň pökgi dodagynyň iki gyrasynda peýda bolan goşa ýaý kibi egri çyzyklkar Balla beýle bir ýokuş görünmedi.
- Häli birsellem dursaň girde goňşyň synalaryny ýerden bölekläp ýygnamaly borsuň- diýip, ol şeýle bir naýynjar dillendi welin, epeý pyýada ökjesine köz baslan ýaly ýelk ýasaýdy. Uzyn merdiwanyň ujy görnenden Ballyň haýy gitdi, onuň barha goly gowuşgynsyzlaşdy, şahadan elini sypdyraýmakdan hederlendi. Gowur turuzýan çagalaryň,bolmasy bir işiň gopandygyny eýýäm eşitmäge ýetişen aýal-übtatlaryň ala zenzelesi alys bir ýerlerden eşidilýän ýaly duýuldy. Sag- salamat ýere gonup, henizem özüniň diridigine müňküri bolan Bally ýol gapdala çykdy, onuň aýagy göwresini götermän, diýenini etmeýärdi. Ol lapba aşak oturdy. Adaja şemal öwsüp gitdi, edil hassanyň ýüzüni ýelpän ýaly,onuň bihal göwresine mejabat berdi. Bally kem-kem özüni rastlady, demini jaýlady, dyzyna gysmyljyraýan ogluna, merdiwany äkidip ugran goňşularyna bir laý garanjaklady. ”Men ölümi etekläp gaýtdym, bular bolsa, zatdan bihabar,gaýtyp, gara salmadylar, indem, gör-ä, bulary henek eden boluşýa”. Saýlaw göherdiň ilkibaşky içýakgyç sözi şumat onuň gulagynda ýaňlyp gitdi, gursagynda tüweleýläp ugran hemişeki girdiligine ýetne boldy.
- Tigir-sigir diýen bolup, ýürek-bagryma düşdüň sen, näme üýşüp ýatan pul barmy?-diýip, ol ogluna hyýrsyz garady, üst-başyny kakayşdyryp ýerinden galdy. Birbada düşünmedik çaga gözlerini elek-çelek edip kakasyna bakdy-da, ýuka dodagyny kemşerdip, bir ýan çekildi. Çala gülümsiräp bir zatlar diýmäge hyýallanan Saýlaw göherdem şobada degerli paýyny aldy.
- Goňşuçylykda bolýan zatmydyr şü, eliň bilen berip, näme, iki aýagyňy tozdurmaly ýörmelimi? Alaňda ýagşy, bermek kyn diýýäňmi? Beýdip ýörmezler, utanarlar.
Onuň hüý-häsiýetine ýetik goňşulary kem-kem dargaşyp ugradylar.Ol bolsa hiç zat bolmadyk ýaly girt-girt ädimläp, ýüzüni bürjeşdirip öýüne tarap ýöneldi.

 Amanmyrat SAPAROW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 20 | Добавил: Has | Теги: Amanmyrat Saparow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: