22:33
Telefon

TELEFON

Maňa bu mowzugy açmagyma sebäp bolan zat, tötänlikde ýaş oglanlaryň biriniň elinde görüp oturan zady sebäp boldy. Dogrusy ol oglana ony telefonundan bozduryp aýyrtdym. Ýeri aýyrdaňda näme, ýene-de islese birinden göçürip alyp bilmeýärmi ýada ol maňa "bar işiň bilen bolsanaý" diýibem bilerdi.
Telefondaky görülýän zat 3-4 sany durmuşdaky alynan gysgajyk hakykat zatdy (gördümem, öz-özümden gaty erbet utandymam hem gynandym). Şolaryň birinde bi gyz görünýä we başga gyz film edip alýa, ýaşlary çen bilen 15-17 çemeleri. Biri öz okuwlarynda bolýan zatlary hereket bilen gürrüň berýä. Mugallymynyň jelepdigini we okuwçylara-da öwredýändigini. Haýsy gyz (okuwçy) kim bilen näme iş edýändigini (ýazmaga utanýan, özüňiz düşüniň), haýsy oglan haýsy gyz bilen näme iş edendigini gürrüň berýä, betbagt doňuz. Surat düşürip oturan gyz beýleki gyza "agyz garnyňy açaý" diýýä welin beýleki gyz "işiňiz bolmasyn" diýip jogap berýä.
Aýtmaga, ýazmaga ejap edýän, ýogsa yzy bardy. Gürrüň bu ýerde olaryň ýa başga biriniň aýbyny açmak däl. Özleri özlerini şeýdip film çekip onam ile ýaýratmaga utanmadylarmy, menem (dogrusy gaharyma) buny JEMGYÝETÇILIK TANKYDYNDA içimi dökeýin diýdim.
Ynha TELEFON. Eger gowy zada ulansaň gowy iş bitirýä, ýok bet niýetli ulnsaň welin diňe özüňe däl JEMGYÝETE-de zyýan ýetirýä.
Egerde hökümetimiz mekdepler ýada ýokary okuw jaýlary üçin polisiýa gullugynda işgärler saklaýan bolsa olara şu saýtyň üsti bilen ýüzlenmek isleýärin. Gaýrat ediň her kim özüne berkidilen ýerelerdäki mekdepleri barlap dursynlar, ýygy-ýygydan ata-eneleri üýşürip gürrüňler geçirip dursunlar. Öň gürrüň geçirýän bolsalar indi has ýygy-ýygydan geçisinler.
Bu saýtyň agzalaryna-da şuny aýdasym gelýä. Taryh, goşgy gazallar hekaýalaram gerekdir welin, ýöne şu wagt jemgyýetmiziň agyryly ýerini sarajak bolalyň. Bular ýaly saýt hemme wagt tapdyrybam durmaz. Elimizden azajyk zadam gelse Türkmen jemgyýetimize kömek etjek bolalyň. Tüweleme saýtyň içinde gaty gowy makalalar ýazýan oglan-gyzlar bar, şolardanam haýyşym zehiniňizi bir bolar-bolmaz söýgi hakyndaky goşgulara hekaýalara sarp etmäň. Olar ýaly ýazylan zatlardan bu dünýed-ä bilemok ýöne ahyredimize-hä peýdasy bolmaz, tersine zyýan bolmagy ahmal.
Biz "telefon" bahanasy bilen munça zatlary aýtmagymyň sebäbi, men zat ýazmagy başarmaýan, pikirlerimem göwnüme gelen wagty ýazaýýan. Bu bir makala ýa ýene bir zat däl, ýöne bir Türkmeniň ýüreginiň gynanjy diýip düşünäýiň.

Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 109 | Добавил: Can-Kurt | Теги: Aga Daşaýak | Рейтинг: 3.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 331 2 »
0
1  
geçen okuw ýylynda 9 synp gyz gaçyp gidipdir özem obaň içinele.Ejesi adýa diýä :
-Gyzym gaty akylly aýagny gyşyk basan ýeri ýok,nm bolsa okuwda bolýar azdyrypdyrlar diýip

Oban adamsy ejesinede gyzynada belet gyzynyň gaçanyny ejesi bilenok polisýa gelip mugallymlaryň ýakasyndan tutyk äkitýäler ilki mugallymlary tapýarlar.. polisýa bilen baranda bilýär maşgala.Şol ýerde mugallymlar purkratura gatýaýar hamana şolar gaç diýip akyl öwreden ýaly...
Hiç wagt mugallym okuwçysyna erbet bol diýän däldir ...

0
2  
Mekdepde barlaglar geçirilip durulýar. Ýöne dogrymy aýtsam, özüm elime näçe okuwçyň telefony düşenem bolsa ýekejesinem barlamadym. Barlamagy halamok. Ýöne terbiýe bilen bagly öwütleri berip durulýar mekdepde. Ýene bir halamaýan zady, telefon ýörite işgärler tarapyndan barlanmaga gelinende okuwçylaryň telefonlaryny mugallyma sakladýalar. Okuwçylaryň peýdasyna. Aslynda adamyň zannynda bolmasa, näçe barlag edäý, barybir düzelmeýär. Ýöne mugallym bilen polisiýa işgärlerindenem gerekdir welin, maşgalasyndanam gerek. Köpüräk okamagy tabşyryp, käte internetden gyzykly zatlary öwrenip, olara internetiň gowy taraplarynam aýdyp, peýdaly zatlara ulanmagam ündeýäs welin, onda-da ýene barynyň kellesinde tanyşlyk saýtlar ýa messenjerler bar. Bir temada Has garynjaly gürrüň aýdypdy, şol-a hijem ýadymdan çykmaz :-) şol garynja ýaly herimiz elimizden gelenjesini ediwersegem bolar

0
3  
Hajy aga, şu saytdaky goşgydyr hekayatlary gyzyldan gymmatly wagtyny giderip okayan adamyñ intellektual añ derejesi ýokary bolya we olar yaly kelesañlyklary etmezmika diyyan. Onsoñam degişli gulluklar degişli işleri az geçirenoklar. Bolmanam hazirki bolup gidişimiz bilen süriden yza galyp agsayanlarmyz barha köpelyar, yeri gelende yazgarylaram, saýtyñ jemgyýetçilik tankydy bölümi şoñ u.n bar, yone odam düşen yerini ýakya-da, saýtyñ terbiyeçilik u..n edyan işleri diñe saýt bilen tanyşlara oz tasirini yetirip biler.

0
4  
Bagyşla welin, hajy aga bu makalañyzda gaty çäkli pikirlenýañiz, daş-töweregiñizde çäkli göz bilen baha berýäñiz. Jemgyýet biz ikimiziñ nukdaýnazaryndan ybarat däl. Kim öz ornunda borjyny az ya artyk yerine yetiryar, ol başga gurruñ, yone aydyan wawwaly meseleleriñize jogapkär edaralar bar, jogapkar işgarler bar, bir alasamsygyñ telefonyndaky sammyklaç zat bilen tutuş jemgyýetiñ adyny garalap bolmaz. Çeper edebiýatyñ munda näme günäsini gördüñiz? Ata-babalarmyz "Ýusup-Züleýha", "Leýli-Mejnun", "Zöhre-Tahyr", "Şasenem-Garyp", "Sayatly-Hemra".... yaly onlarça yşky dessanlarymyzy dünýämize peýdasyz, ahyretimize-de zyýan bolsun diyip sûnnälap şu günlere getirdilermikä? Päk söýgi we onuñ waspçylary hemişe bolupdy, hazirem bar, yene-de bolar.

0
5  
Onsoñam Kiparis dogry aydyar, telefon raýatyñ şahsy emlagi, ony pul berip satyn alyar. adamyñ şahsy emlagini hernaçe kanuna duwlansañam kanuny taýdan jenaýat şübhelerini doretmeyan yagdayda dörjelemek gelşiksizdir. Muny mugallymlar barlap öñuni almaly dal-de, çagalaryñ ene-atalary öylerinde ozleri gozegçilik etmeli.

0
6  
Her kes oz agyryan yerini sarasa we oz guyji yetyanlerinkini sarasa jemgyetde agyry-da galmaz, ynjy-da.

0
7  
Gorkyp ugradym men şu ýaşulydan...

0
8  
EDEBIÝAT diýen sözüñ dünyañ hiç bir dilinde terjimesi yokdur. Çeper edebiýata ruslarda yewropa dillerinde ulanylýan "литература" sözi, araplarda "lugat" diýilýändir. Biziñ çeper edebiýatymyzyñ özi dogry düşunenler üçin edebiñ hut özüdir! Bu yşky-liriki temada bolsun, ahlak-didaktiki temada bolsun, ya-da watançylyk, gahrymançylyk ya bolmasa aýralyk temada bolsun - bularyñ barysy biziñ añymyzda TÜRKMENiñ agras we salyhatly keşbini dikeldýär.

0
9  
We onuñ dünyaniñ hiç bir halkynda yok EDEBini dikeldýär.

0
10  
Muña-da türkmen dilinde EDEBIÝAT diýilýär. Dünýamize we ahyretimize mundan uly girdeji bolup bilermi eýse? A siz bolsa kembaha garajak bolýarsyñyz bu zatlara. Edebiyat, milli mirasymyz, medeniyet, taryh - bu zatlar halkymyzyñ hakydasydyr. Geçen asyrda hakydamyza birtopar wiruslary goyberenleri sebapli siz bugunler şo aydyan zatlaryñ yaly yaramazlyklary göryärsiñiz!

0
11  
Aslynda okaýanlaryň azalandygy sebäpli bolýar şo zatlar. Käte janym ýanyp diýýän, o kinolardaky ýaly eşik geýip swidaniýa gidibermeli hezillik ýok durmuşda. Olar ýaly etjek bolmaňda, okap, öwreni belli bir käriň başyny tutuň diýip. ýöne ýetene ýetýär, ýetmedige ýetenokda ol zatlar. Şu ýerde goýulýan zatlary okaba, men özümiň entäk hiç zat bilmeýänime göz ýetirdim. Çagalardan-a geňem görjek däl onsoň

0
12  
Hi What we have here is , a goodoffer
Just click

https://drive.google.com/file/d/1y--Jdax2tvwmTunRVHNDiR7yuKAvsh_z/preview

0
13  
Ylaýyk, saýtda baram ekeniñ, hajy aga, şumat öyden çykyp baryadym welin, şu tema b.n baglanşykly epizod gozume ildi, şony gyzgyny bilen dykgatyña yetireyn diydim:))
Domyñ gapdalragynda bir awtoulagyñ rulunda otyran yaş oglany awtoulagyñ yzynda oturan yaşajyk mekdep formaly okuwçy gyzjagaz otyran yerinden öñe towsup boynundan dolap alypdyr we ony şeyle bir ogşap-yalap yuwdup barya welin, gapdalyndan gecip baryarkam ozum utanyp yuzumi sowdum, ol uyatsyz bolsa adam geçip baryar serederler diyip utanjagam bolanok. Name olaram şu sayda çagyrmalymy indi terbiyelemek u.n?
Ya oña-da mugallym gunakarmi? Mugallym okuwçyñ yzyna duşip garawullap yormeli daldir-a? Adamlañ şahsy durmuşyna mugallym bolañda-da kim bolanda-da goşulmak gelşiksizdir. Öñem-a "ony eydyaler, muny beydyaler, adamlara o-bu meselerde yol berenoklar" diyip her gozumiñ goryan zadymyza nagilelik bildirjek bolyas.
Bu meselede ilkinji jogapkarçilik ene-atañkydyr! Dowletem, dowletiñ hiç bir edarasam adamlaryñ durmuşynyñ sakçysy dal. Ahlak kadalaryny ozumiz berjay etmeli!

0
14  
Leyli-Mejnun, Şasenem-Garyp, Zohre-Tahyr, Sayatly-Hemra, Gûl-Senuber, Gûl-Bilbil... yaly yşky dessanlarymyz jalataýlygy ûndanok, heleybazlygy, jelepćiligi wasp edenok. Päk söyga ygrarly bolmagy wepalylygy ûndeyar.

0
15  
@Has gyzgyny bilen etireniň gowy bolandyr, ýogsam o gyzgynlyk meniň ýüregimi ýakyşy ýaly seniňem ýeregiňi ýakardy.

0
16  
(Gyzgynlyk derejesi barada soñ aydaryn smile ýañy tel.im öçdi-de teswirim ýarty galdy).

Hajy aga, gel, temañda yazanlaryñ boýunça razborka edeli-le, :)) name Mollanepes "Yşk mülküniñ şasy" diyen epiteti jalataýlyk satyp, bawniklik edip aldymy? Ýa-da şu saýtdyr başga saytlarda goýulyan yşky-liriki temaly çeper eserler, gazet-žurnallarda çykarylyan, tele-radio yaylymlarynda okalyan yşky-liriki goşgular, sahnalar ahlaksyzlygy wagyz edýärmi? Hazirkizaman şahyrlarymyz (real durmuşda kimiñ nähili özûni alyp barýany bize gyzykly dal) yaşlaryñ azmagyny ündeýämi? Gowşak ýa kämil tapawudy yok, kim name yazanda-da öz söygi duygularyny, başdan geçiren begençli ya gynançly yşky pursatlaryny, aýralykdyr hijranlaryny beýan edyarler. Eger meniñ yañky aydan hepbesizlerimiñ ikiden biri yşky dessanlarymyzyñ birini okan bolsa, häzirki zaman şahyrlarymyzyñ iñ görnüklileriniñ yazyan söygi temaly goşgularyndan okan bolsa, hakyky söygi bilen yetginjeklik döwruniñ haýu-höwesleriniñ arasynda nahili tapawudyñ bardygyny bilerdiler. Wagtlaýyn we kör haýu-höwesi çyn söygiden seljerip bilyan akylly-başly oglan gyz yedi yoluñ ortasynda wejera yagdayda sypalaşyp otyrmazdy-da, pynhan duşuşygyñ iñ şirin pursatlarynda hyjuwyna bäs gelip bilmän göwün söyeniñe etmeli işi (mysal üçin posa alyşmak) gözyeterden uzakda, öz mynasyp ýerinde we wagtynda ederdi, ine-gana şol arzyly pursatlaryñ tagamyny alardy. Eynşteyn diyyärä, "rul başynda ogşaşyp baryan ogşaşma sungatyny pese gaçyrýar" diyip...

0
17  
Señ aydyanlaryñam şol mysaly. Iki-yeke hepbesizler üçin ähli yaşlarymyzy ahlaksyzlykda aýyplap bolmaz ya-da ol kemakyllañ telefonly kelesañlygy üçin telefony, yada internet saýtlaryny, çeper eserleri yazgarmak bolmaz, men siziñ aydyşyñyz yaly dini terbiye alan adam dal, A harpy bilen B harpynyñ tapawudyny owredenlerinden bäri şu yaşymyza çenli mümkinçiligimize göra temasyna garamazdan çeper eserem okadyk hindi, rus, türk, amerikan, gongong kinofilmlerinde-de tomaşa etdik. Şonda-da siziñ aydyan tel.ly sahnañyzy itden beter yigrenyan, maña muny dini terbiye öwretmedi, çeper edebiyat owretdi. Gaytam dinçisireyanleñ içinde gördük her tüysli azgyny.

0
18  
Mekdepleri barlap, ol zatlary düzedip bolmazla, jemgyýet düzelmese, mekdep düzelmez.

0
19  
@Adamzat, mekdep düzüw gy. Mekdepde hiç kimem ahlaksyzlyk edenogam, etdirenogam.

0
20  
Käşgä mekdepde öwredilyan zatlañ 10-dan 1-ni yerine yetirseler diysene, onda bolaymajakmy?)

0
21  
"Çagany ýaşdan..." diýilýä. Çagalary başdan bek tutup, gözi gorkar ýaly edilse, ulaldyk saýy olar ata-eneden ätiýaçly bolup, telefonlaryny arassa saklaýarlar. Ýöne, esasy zat mekdepden beterem ata-eneler çagalaryna kontrollygy gowşatman, saklasalar, nähili bolanda-da, ýüreklerine gorky aralaşyp, çekinjelik edýäler. Gözegçiligi gowşatmaly däl. Kaka esasanam maşgalada berk dursa, maşlgala agzalarynyň ählisi-de çekinjeň bolup ýaşaýalar. Gyz bolsun, oglan bolsun "Kakaň bir gelsin..." diýilýän söze eýmenip durar ýaly bolanda, onuň maşgala terbiýesi üçin peýdasy bolsa bolýa, zyýany ýok.
Kaka gowşak bolup, çagalaryna dözmezlik etse, çagalar erkin ýagdaýda bolýalar-da, biedeplige baş goşmak bilen boluberýäler. Diňe bir öz biedepligi bilenem çäklenmän, deň-duşlarynyň gatnaşmaklarynda ýuwaş-ýuwaş has beter zatlaryň üstünden barýalar.

0
22  
Beý diýdigim, çagany urup, gözi gorkar ýaly etmeli diýdigim däl. Erkek kişi gözünüň agy bilen çagany çekiner ýaly etmeli. Eger edep gerek bolsa, abraý gerek bolsa, urmanam, çagany çekinip gezer ýaly usullar oýlap tapsa bolar. Mysal, sesini gataltmak, ýada edilen günäsi boýunça azda kände ýüz bermeniräk gezse...
(Öz kakamyzdan mysal alaýdym menä) smile

0
23  
Umuman, çagalaryň edebi-tertibi hut ata-eneleriň özlerine derkar. Şoň üçinem diňe şolaryň özleri çagalarynyň tertipleriniň goragynda bolmaly. Olaryň edepleriniň aglaba agramly bölegi hut ata-eneleriň öz boýunlaryna düşýä.( Elbetde, bu meniň pikir etmegimde) Ýalňyşýanam bolsam bilemok...

0
24  
Yañy şu tema barada agzalarymyzyñ biri şahsy hatda pikir alyşdy meniñ bilen. Juda yerlikli zatlary we praktikada ulanylmaly metodlary aytdy. Men-ä oñlayan şoñkyny. Progresi ylym-bilen utgaşdyrsañ netije berjegi şeksiz. Ynha, onuñ aydyan zatlary. Megerem sizem ylalaşsanyz gerek.

0
25  
[-] Salam

[-] Salam. Telefonly"temadaky aydanlarym bilen ylalaşyañyzmy? 

[–] Su wagt sony okap otyrdym. Bu meselede çetde durmak gaty kyn. Ylalaşýan zatlarymam bar ylalaşmaýanlarymam. Umuman terbiýe barada onda-da gyzyñ terbiýesi barada gysga aýdyp bolmaz. Men-ä gyzlam bilen jora boldum. (Pikir etmäñ bu añsat iş däl. Sebabi, olar saña ozlerine soz aýdýan oglanlar barada-da gürrüñ berýäler. Sen bolsañ gahardanmy, gabanjañlykdanmy ýarylaýjak bolýañ,yöne ýylgyran bolup,dowamyny diñleýäñ). Şeýdip olary gizlinlikde kontrollukda saklaýan. Olar saña ähli syrlaryny açýarlar, her ädiminden habaryñ bolýar.

[–] Şo pikirem iñ dogrusy bolsa gerek. Eje gyzyna, kaka ogluna hemdem bolmaly, dost bolmaly, syrdaş bolmaly. 13-14-15 yaşa çenli name diyse gownuni yykman 16 yaşa gelensoñam aydanyñy etdirjek bolmak bolmajak zat. Şo yaşa çenli çagany ozlerine hojayn edyaler, soñam çaganyñ ustune hojayn boljak bolyalar, terbiye bermekde hić yaydanjañlyk etmeli dal, jynsy terbiyani çaga ene-ata hokman beraymeli, yetişip gelyan yaşlarda bu zatlara islesen-islemeseñ bilesigelijilik duygusy bolyar. Nadogry adamlardan, nadogry çeşmelerden nadogry zatlary owrenenden, bu zatlary ene-ata owretmeli nämañ bolyandygyny ya bolmayanygyny, köp ene-atalar jynsy terbiye babatda çagalarynyñ soragyna jogap bermegi aýyp hasaplaýarlar, çaga hem bu zatlary ene-ata bilen gurleşip bilmeyanligi u.n başga-başga yerlere "yuz tutyar", netijede tel.da şeyle zatlar bar eken diyilyan yañky yaly yaramaz yagdaylar doreyar. Eger ene-ata çagasyna syrdaş, dost bolup başarsa, beyle zatlar bolmazdy.

[–] Aslynda men saýta çagalar üçin eserleri gözlap giripdim. Birinjiden-ä çagalar türkçe multikleri görüp,sözlük zapasyny türkçe doldurýalar (bu säwligi menem öz kiçi ýaşly çagalamda goýberdim). Ikinjidenem eger-de olaryñ gowy görýän zatlary telefon, halamaýan zatlary okamak bolsa, onda zerurlyk bilen gyzyklanmany goşup bolmazmyka diýen pikir bilen etdim muny. Gowy netije berdi. Men çagalara ilki özüm telefondan okap berdim, soñ özlerine okatdym, soñ telefon gözüñizi zaýalaýmasyn diýip kompýuterden çykaryp okatdym.Indem kiçijik kitapjyk ýasalyñ şulardan diyip maslahat etdik. Soñ dostlaryna,joralayna sowgat bereris diyip.

[–] Gorduñizmi, ugruny-ýoluny bilseñ netije berjek işleri edip bolyar we ol hökman miwe beryar. Saýt hem aslynda şo pikir bilen gurnalypdy.

[-] Eger men bir çagany adam edip ýetişdirip bilsem ýarty sogaby siziñki.

[-] Sylag-hormatyñyza sag boluñ!

1-25 26-33
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: