14:33
Täsin taryhly ada

Täsin taryhly ada

Taryhyň dürli döwürlerinde Gekateý, Girkan, Abeskun, Gypjak, Oguz, Gulzum, Derbent, Dehistan, Gilan, Teberistan, Kaspi we ş.m. ýüzden-de gowrak at bilen atlandyrylan gojaman Hazaryň goýnunda, taryhy asyrlara ýaýylyp gidýän birnäçe geň ýerler, adalar bar.
Goýny dürli täsinliklere baý bolan gojaman Hazaryň jümmüşinde ýerleşýän, geçmişiň bir döwründe Aýdak diýlip atlandyrylan, uzynlygy 40 kilometre, ini 1,5- 2,5 kilometre golaý bolup, umumy tutýan meýdany 9000 gektar töweregi bolan Ogurjaly adasy dürli wakalary başdan geçiren taryhy adadyr. Alymlar onuň Aýdak adyny geografik ýerleşişi bilen baglanyşdyryp, ýerleşiş şekiline görä, «Aý dek» diýen sözden döräpdir diýip belleýärler.
Eýsem bu adanyň Ogurjaly ady nireden gelip çykdyka? Bu soraga jogap tapmak üçin birnäçe taryhy kitaplaryň gatyny agtarmaly bolýar. Käbirleri ogurjaly sözüni onuň düýp sözüniň manysy bilen göni baglanyşdyryp, «ogurlyk edenler, ogrujalar» diýen pikiri orta atyp, bu adada han-begleriň gazabyna duçar bolup, şolardan gaçyp baran ýa-da kenarýaka ilatly ýerlerde ýaşan wagty haýsydyr bir etmişi üçin obadan kowulan adamlar ýaşapdyr diýip çaklaýarlar.
Bu pikirler hakykata golaý diýsek öte geçdigimiz bolarmyka diýýän. Bu adada taryhyň dürli gatlaklarynda hem ykdysady ýa-da syýasy şertlere görä dowamly ýaşaýyş bolmandyr. XI-XII asyrlarda Amyderýanyň suwunyň Hazar deňzine çenli akyp gelýän döwründe adada ýigrimi hojalykdan gowrak ärsarylaryň ýaşandygy barada taryhy çeşmelerde bellenilip geçilýär.
XVII-XVIII asyrlarda Hazaryň günorta-gündogar kenarlarynda, şeýle-de Gyzylsuw, Aýdak, Çeleken (häzirki Hazar) adalarynda japarbaýlar, şyhlar bilen birlikde düzüminde nejimler, düýejiler, gereýler, magtymlar, şirwanlar ýaly ownuk taýpalary özüne jemleýän ogurjalar hem ýaşapdyr. Şyhlar Gyzylsuw, Awaza sebitlerinde, japarbaýlar Esenguly, Etrek, Gürgen, Ogurjalar bolsa esasan Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy şäheri), Çeleken (häzirki Hazar) sebitlerinde köp ýaşapdyrlar. Soň ogurjalaryň ownuk taýpalary dürli taryhy wakalar bilen baglylykda öz ýaşaýan ýerlerini üýtgedipdirler. Şonda olaryň birnäçe kowmy Aýdak adasynda mekan tutup, uzak ýyllaryň dowamynda ol ýerde oturymly bolup ýaşapdyrlar. Olar balyk tutmak, aw awlamak bilen birlikde adanyň süýji suwly guýularynyň kömegi bilen dürli gök ekinleri, şeýle-de düme bugdaý ekip, ondan hasyl almagy başarypdyrlar. Megerem şondanam bu adanyň ady şol ýerde mesgen tutup ýaşan ogurjalaryň tiresi bilen baglylykda Ogurjaly adasy bolup galýar.
Häzirki wagtda ogurjalara degişli bolan düýeji, magtym, miýewit ýaly taýpalary ýurdumyzyň diňe bir Balkan welaýatynda däl, Daşoguz, Lebap, Ahal welaýatlarynda, şeýle-de Eýranyň Kümüşdepe, Kümmet Kowus şäherlerinde hem ýaşaýarlar. (Ata Jykyýew: «Kaspi deňziniň günorta-gündogar kenar türkmenleri» taryhy etnografik oçerk-1961 ýyl).
Mongol-tatarlaryň basybalyjylykly çozuşy döwründe, Horezm şalar döwletiniň soňky patyşasy bolan Muhammet Alaýeddiniň duşmanlaryň yzarlamasyndan gaçyp, şu ada gelendigi, şu adada hem aradan çykyp, onuň jesediniň hem şu ýerde jaýlanandygy barada-da birnäçe çaklamalar bar.
Taryhy çeşmeleriň käbirinde Çelekeniň (häzirki Hazaryň) ýaşaýjylary içmek üçin süýji agyz suwuny Ogurjalydaky guýulardan ýörite meşiklere guýup, gaýyklarda daşap ulanypdyrlar diýilip bellenýär. Taryhçy kapitan Wudruf Aýdak adasynda şol süýji suwly guýularyň suwy bilen gawun-garpyz, hyýar, käşir, sogan ýaly bakja önümleriniň ýetişdirilendigi barada belläp geçýär. (Şu günki günem süýji suw berip duran şol guýularyň adada haçan we kim tarapyndan gazylandygy barada bolsa maglumat tapylmady).
Abulgazy Bahadur han bolsa özüniň «Türkmenleriň nesil daragty» atly eserinde Salyr Ogurjyk barada aýdyp onuň müňden gowrak salyrlar taýpasyndan bolan hojalyklara baş bolup, Yrakdan göçüp gaýdandygyny, Kawkazyň, Krymyň, Uralyň üsti bilen geçip goşunyndaky adamlarynyň köp bölegini ýitirip, Maňgyşlaga gelip ýerleşendigini belleýär. Emma Salyr Ogurjygyň baştutanlygyndaky salyrlar bu ýerde hem uzak eglenip bilmändirler. Sebäbi bu sebitlerde ýaşaýan Gök donly hanyň baştutanlygyndaky kaňly tiresiniň halky olary öz öri meýdanlaryna sygdyrmaýar. Şondan soň Salyr Ogurjyk öz kowumdaşlary bilen ileri tarapa – Abyl han (häzirki Balkan daglary) daglaryna tarap göçýär. Abylgazy bu rowaýatyny XII-XIII asyrlar bilen baglanyşdyrýar. Ol öz eserinde şondan soň Salyr Ogurjyk we onuň bilen Yrakdan göçüp gelen kowumdaşlary barada hiç zat agzamaýar. Emma käbir alymlar Salyr Ogurjygyň baştutanlygyndaky salyrlaryň bir bölegi kaňly tiresiniň yzarlamalaryndan gaçyp, Kaspi (Hazar) deňziniň içinde bir adada mesgen tutup ýaşapdyrlar diýip bu adanyň adyny Salyr Ogurjygyň ady bilen bagly bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.
Başga bir maglumatlarda bolsa, Balkan daglarynyň Abyl han daglary diýlip atlandyrylýan döwründe, şol sebitlerde hanlyk eden Abyl hanyň halkynyň üstüne demirgazyk tarapdan galmyklaryň ýygy-ýygydan edýän talaňçylykly çozuşlary sebäpli, olaryň arasyndan düýeji tiresine degişli bolan 20-30 hojalygyň bölünip gaýdyp şu adada ýerleşip ýaşap balykçylyk, guş awlamak bilen güzeran görendigi, bu adany bolsa «ogryn jaý», soňra kenarýakada ýaşaýan halklaryňam olara «ogryn jaýlylar» diýip atlandyryp, adanyň häzirki adyny «ogryn, gizlin» diýen many bilen baglanyşdyrylýar.
Her bir rowaýatyň esasynda bolsa, belli bir derejede hakykat bolýar. Elbetde, Ogurjaly adasynyň ady bilen baglanşykly getiren mysallarymyzyň, rowaýatlarymyzyň arasynda onuň adynyň bu ýerde XVII-XVIII asyrlarda ogurjaly tiresinden bolan uruglaryň birnäçe ýyllaryň dowamynda yzygiderli ýaşandygy baradaky maglumatlar hakykata has ýakyn diýsek ýalňyş bolmasa gerek.
Häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda hormatly Prezidentimiziň şa gadamy düşen Ogurjaly adasynyň ajaýyp tebigaty gün-günden gözelleşip, haýwanat dünýäsi bolsa barha baýlaşýar. Adanyň kenarýaka ýalpaklarynda deňiz düwlenleri, gazlar, guwlar, gotanlar, çarlaklar, sakarbaraklar ýaly ýüzlerçe görnüşli guşlar, şol sanda ördekleriň ýaşylbaş, jygaly, jünekeý, alaördek, gyzylbaş, kekilli ýaly ençeme görnüşleri mekan tutup ýaşaýarlar. Esasanam, gyş aýlarynda bu ýere Gazagystandan we Russiýanyň sowuk ýerlerinden guşlaryň ýüzlerçe görnüşleri süri-süri bolup uçup gelip gyşlaýarlar.
Häzirki wagtda adada erkana dönüp gezip ýören keýik sürüleriniň sany bolsa yzygiderli köpelip, olar döwletimiz tarapyndan goralýar.
Tomsuň jowzaly yssylarynda-da bu adada howa örän salkyn, gyşyň sowuk howasynda bolsa maýyl bolýar. Onuň baý haýwanat dünýäsi, ajaýyp tebigaty örän özüne çekijidir.
Bu täsinlikler bolsa Ogurjaly adasynyň gelejeginiň uludygyna, onuň geçmiş taryhynyň hem gelejekde alymlarymyz tarapyndan düýpli öwreniljekdigine güwä geçýär.

Halmuhammet HAJYÝEW.

Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 64 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Halmuhammet Hajyýew | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
"Ogurjyk alp Göroglynyň proobrazy bolup hyzmat edipdir" diýen bir gipoteza-da bolmaly, edebiýatda. Kimiň sözleridig-ä ýadyma düşmeýär welin, şol makalanyň awtory "Körhan ogly Ugurjyk alp" diýen setiri öz çaklamasynyň subutnamasy hökmünde-de getirýärdi.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: