18:54
Tasawwuf bossanynyñ şeýda bilbili

TASAWWUF BOSSANYNYÑ ŞEÝDA BILBILI

Allatagala Abdyllanyň ogly Muhammedi "pygamber ahyrýeti" edip belläp, oňa Gurhany Kerimi inderenden soň, adamzat aňyýetinde iki älem açyldy. Olaryň biri, 124 müň pygamberiň iň soňkusy Muhammet pygambere inderilen Gurhany Kerimiň üsti bilen jennete barmagyň ýollary-şerigatyň kada-kanunlary, ikinjisi bolsa, şol ýollary terk edip ýaşamagyň ugurlary boldy. 
Allatagalanyň keramatly Kitaby bolan Gurhany Kerime, onuň Ýer ýüzündäki ilçisi bolan Muhammet pygambere, onuň ýol-ýörelgesine, din-şerigata uýýanlar - musulmanlar diýip, olara uýmaýanlar bolsa dini  başgalar diýip at aldy.
Gurhany Kerimiň keramatly ýoly, din-şerigat  ilki Mekge-Medinede hasyl bolan bolsa-da,ol  kem-kemden äleme ýaýrap, köp-köp ýurtlary, halklary, halkyýetleri gurşap aldy we gaty köp halkyň esasy  ýol-ýörelgesine öwrülip gitdi…
 Türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy hem Gurhany Kerimiň dünýäsinde üwrelen, şonuň keramatly nagmalary bilen hüwdülenip, yslam bossanynyň keremli şerbeti bilen on iki süňňi gandyrylyp kemala gelen ynsandyr. Sebäbi beýik akyldaryň kakasy Döwletmämmet Azady  türkmen sähralarynda Allatagalanyň keramatly didarynyň diwanasy bolup, Onuň nazaryna, Onuň keramatly Kitabynyň, şerigatyň gyldan inçe, gylyçdan ýiti ýollaryna özüni tutuşlygyna bagyşlan beýik pir bolupdy.
Ol beýik piriň özi şerigat amallaryna giriftar bolmak bilen, külli türkmeniň Beýik Ýaradanyň ýoluny  tutmagy üçin gaty köp azaplar çekip “Behiştnama”,”Wagzy-Azat “ ýaly ölmez-ýitmez eserlerini döredip, halkyna serpaý edip giden beýik welidir. Ol:

Käbe weýran etmekden müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede.—

- diýmek bilen, şerigat älemine öz sözi, öz sesi bilen girip galan beýik ynsanyň adamzadyň,  şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň öňündäki iň beýik hyzmatlarynyň has beýigi, onuň  dünýä akyldarlarynyň almaz täjini—Magtymguly Pyragyny dünýä berip, onuň kakasy, mugallymy, oňa beýik, aklyňy haýran edýän edebiň, bilimiň, terbiýäniň  başlangyç, şol bir wagtyň özünde, düýpli esaslaryny berenliginde, hem-de, onuň öňünde ýagşylygyň, danalygyň, keramatlylygyň, gündogaryň öňde-soňda görlen iň mukaddes, keramatly pirine, Allatagalanyň, şerigatyň ýoluna düýrmegi bilen berilmegiň beýik nusgasyna öwrülmegidir. 
Munuň şeýledigini beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň özem „Atamyň“ diýen belli şygrynda:

Nukba diýrler, üç ýüz eren ugraşdy,
Çiltende atama nazarym düşdi,
Niçe barsam  heftenlere garyşdy,
Bular durar çyn peýwesti atamyň.
 
Ýa-da:

Älem içre adam gezmez,at gezer,
Bu syrlardan jahan halky ýat gezer,
 
We:

Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,
Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň.—

- diýip, haýran galmak bilen, beýan edýär. Ol   atasynyň - bu beýik piriň
“Agyr döwletlere köňül goýman, bu jahanyň eşretini söýmän, esgi şaldan artyk püşeş geýmän, gündizini  roza tutup, gijesini Ýaradana nalyşy-togap edip” on iki süňňi bilen sopy bolup, ömrüni  ötürendigini beýan edýär. 
Şeýle beýik piriň, alymyň, dana şahyryň, juda mähriban ynsanyň keramatly häsiýetleriň ençemesini  özünde jemleýän atanyň  ganatynyň astynda ýaşap, onuň keremli demi bilen  mährini, ylym-bilim älemini gandyryp kemala gelen Magtymguly yslamyň, şerigatyň  mülküne girmän, onuň jenneti wada berýän müň çemenli, müň ysly, müň nagmaly, hiç haçan sowulmajak bossanynyň saýrak bilbiline öwrülmän,eýsem, nirä gitsin. 
Magtymgylynyň şerigat bossanynyň bilbiline,  bu bossanyň beýik akyldar pirine öwrülmegine Gurhany Kerimiň şuglaly  süreleri,aýatlary, Muhammet Pygamberiň aklyňy haýrana goýýan danadan taýsyz hadyslary bilen birlikde, Gurhan edebiýatynyň  beýik welileri, soňra beýik akyldaryň ruhy hem-de nusgawy halypalaryna öwrülip giden: Abu-Seýit Mähneýi-Mäne baba,Sady Şirazy, Hoja Ýusup Hemedany, Hoja Ahmet Ýasawy, Hafyz Şirazy, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Nyzamy Genjewi, Omar Haýýam, Jelaletdin Rumy...  ýaly beýik pirleriň hem uly täsiri bolupdyr.
Beýik akyldaryň Allatagalanyň keramatly diwanasy, şerigatyň guly bolan Döwletmämmet Azadynyň göreldesinde  şerigatyň däpleriniň ählisini özüne siňdirip, belli döwürde ondan hem has öňe geçip gidendigini, gündogaryň ýokarda atlary agzalan beýik akyldarlaryňyň derejesine ýetmäge jan edendigini onuň dürdäne şygyrýeti bilen tanyş bolan her bir adam aňsa gerek.
 Eýsem, yslamyň sallançagynda üwrelip, onuň keramatly eşreti bilen gandyrylan, ýiti  zehinini gündogaryň  beýik sopularynyň, pirleriniň zehin ýalawynda taplan akyldar   şerigatyň sopuçylyk-sufizm bossanynda özüni nähili alyp bardyka?!
 Ýa-da beýik akyldar bu bossanyň keremli eşretlerinden binesip galdymyka?! Onuň  şygyrýet ummanynyň sopuçylyk ulgamy bir barmyka?!.
Bu pikiriň ýumagyny çözlemezden ozal, sopuçylygyň nämedigi, nähili manyny aňladýandygyna garap geçilse ýagşy bolar.
Sopuçylyk ~ yslam äleminde VIII asyrlarda  dörän güýçli mistik, dünýewi progressiw akym bolupdyr.Sopular esasan, “sowf”, ýagny goýun ýüňünden eşik geýenleri üçin, “sowf” geýenler - "goýun ýüňünden eşik geýenler" diýip at alyp, soň şol at tutuş akymyň ady bolup galypdyr.
Sopucylyk diýmek din-şerigatyň ýollarynda beýik kämillige ýetmegi, kem-kemden  Beýik Ýaradana garylmak, onuň beýik şuglasynda eräp gitmegi aňladypdyr. Her bir sopy bu ýola baş goşandan soň dünýe malyny, kem- kemden özüni, soň bolsa tutuş dünýäni unudyp, tä Allatagala bilen bitewileşýänçä yhlas-tagalla etmeli bolupdyr.
Dindarlar bu ýola birden gelmändirler. Sopuçylygyň kadalaryna görä, onuň basgançaklaryny kem-kemden geçipdirler. 
Ol umumy tasawufdan durup:
1. Şerigat; 2.Tarykat; 3. Hakykat atly basgançaklara bölünipdir.
 
Sopular esasan, şu basgançaklar boýunça ýol ýöräpdirler. Merhum alym hem ýazyjy Allaberdi Haýydow türkmen alymlarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sufizm ulgamyny düýpli öwrenmek üçin zähmet çekenleriň biridir. 
Ol  “Din hem edebiýat” diýen kitabynda:
”Sufizmiň ençeme teoretikleri sopynyň Taňra barýan ýoluny üç däl-de, dört basgançakdan ybarat diýip hasaplaýarlar. Olaryň kesgitlemegine görä, sopynyň (derwişiň, pakyryň) kyrk sany borjy bar. Ol kyrk borç dört basgançakda—şerigatda, tarykatda, magryfatda we hakykatda jemlenýär” - diýip belleýär.
Dünýä belli gündogarşynas, gündogarda sufizmiň döreýşi we ösüşi barada: “Суфизм и суфиская литература“ atly düýpli kitap ýazan  Ý.E.Bertels bolsa bu kitabynda: ”Nur- el-ulum” diýen kitapda ýazylmagyna görä, 1033-1034-nji ýyllarda ýogalan Abu-l Hasan El- Harakany şeýle diýipdir  diýip belleýär: 
”Şyh şeýle diýdi: “Merdiň (sopynyň) zähmeti kyrk ýyldyr. On ýyl diliň düzelmegi üçin azap çekmeli. On ýyldan az wagtyň içinde dil  ýenjilmeýär. On ýyl bedendäki haram etiň ýok bolmagy üçin azap çekmeli. On ýyl ýüregiň hem-de diliň bir zat diýmegi üçin azap etmeli. Kim kyrk ýyllap şol ýol bilen gitse, onuň bogazyndan ýaşaýyşa  bolan hyjuwsyz ses çykar”. “Munuň bir alamaty barmydyr?” diýip, şyhdan soradyrlar. Şyh ýüzüni daga öwrüp: ”Alla! ”  diýdi. Şonda dagyň daşlary herekete gelip, togalanyp ugrady. Şondan soň şyh  ýene  şeýle diýdi “ Hudaýy ýatlaýan adam üç alamat ýüze çykýança, ony ýatlamalydyr—ýa onuň siýdigi gan ýaly gyzarmalydyr, ýa barmaklarynda gan garalmalydyr, ýa bagry bölek-bölek bolup, gorkup, agzyndan çykmalydyr” .
  
Sopuçylygyň basgançaklary barada  Türküstanyň Saýram diýen obasyndan bolan beýik pir Sopy Hoja Ahmet Ýasawy şyýle diýýär:

Tarykatnyň ýollarynyň ykbasy köp,
Päk yşkyny gola almaý ýörmes tutup,
Didaryny görüp bolmas tün gün ýörüp,
Hiç uhlamaý, didaryny gördüm men-ä.

Hakykatnyň manysyga ýetgen kişi,
Beýhuş bolup köýüp ýanar taşy- içi,
Ganlar akar gözlerimden gara ýaşy,
Gözüm ýaşyn tohbe alyp bardym men-ä.

Şerigatdyr aşyklaryň efsanasy,
Kanda bolar jananadyr hemhanasy,
Aryf aşyk tarykatnyň diwanasy,
Bu sözleri arş üstünde bildim men-ä.

Şulardan görnüşine görä, sopuçylyk derdi sözüň doly manysynda ýanyp duran ot. Bu  ot bilen oýun etmek,  oňa ýarym göwün bilen  telli- pelli, degdi- gaçdy çemeleşmek asla mümkin däldir. Tasawwuf lowlap yanyp duran ot bolsa, Ýaradana köňül beren hakyky sopy perwana mysalydyr. Ol haçan-da şol lowlap duran oda özüni urup , tutuşlygyna köýüp giden mahaly kanagat tapyp bilipdir. Eýsem,  Beýik akyldar Magtymguly Pyragy bu ody özüne nähili kabul etdikä?
Şu ýerde bir möhüm ýagdaýy bellemek zerur. Ol hem Magtymgulynyň sopuçylyk ugruna gatnaşygydyr.
Beýik akyldaryň tasawwuf älemindäki orny gaty uly bolup, ol:

1. Tasawwuf ulgamyny türkmen halkynyň arasynda ilkinji bolup halk dilinde, halk ruhunda, halka elýeterli ýagdaýda düýpli  esaslandyrypdyr.

2. Ol gündogaryň tasawwuf taglymatyny öz goşgulary arkaly, sada türkmen dilinde  basgançakma-basgançak, manyma-many wagyz edipdir.

3. Beýik akyldar sada türkmenleriň arasynda  sopuçylyk taglymatyny edep, ahlak ýörelgesi hökmünde öňe sürüpdir.

4. Esasy bellemeli ýeri, Beýik akyldar  ömrüniň belli döwründe yslamyň, şerigatyň bu joşgunly akymyny gulaçlap ýüzupdir. Oňa berk uýupdyr. Bu keramatly ýol  barada ajaýyp şygyrlar döredipdir...
 
Magtymguly Pyragynyň  döredijiliginde   şu ýagdaýlary, ýagny sufizmiň döreýşini we ösüşini  düýpli we gytaklaýyn öwrenen alymlar akademikler G.O.Çaryýew, B.A.Garryýew,  professor G.Atdaýew,  dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk ýazyjysy A.Haýydow we beýlekiler bu meselä bagyşlan işlerinde, göýä „Magtymguly sufizm ulgamyna bir tötänleýin ýalňyşlyk bilen düşüp,  şol ýalňyşlyk bolsa onyň döredijiliginde ýalňyş we ýaramaz yz galdyrypdyr“ diýen ýaly pikiri öňe sürüpdirler.  Elbetde, biz olaryň bu pikir ýöretmäni sowet  ideologiýasynyň ýowuz şarpygyndan sowulmagyň usuly hökmünde  ulanandygydyr diýip düşünýäris. Ýöne näme-de bolsa, bu pikir ylymda öz yzyny galdyrypdyr. Şonuň üçin  bu meselede ir-u-giç hakyky pikir aýdylmalydyr. Olam şundan ybaratdyr: ýagny Magtymguly Pyragy  sopuçylyk ulgamyna bir ýerden gelip giren akyldar däldir. Yslam, din, şerigat, sopuçylyk ulgamy onyň doglanda gelip düşen dünýäsidir. Ol şol dünýäde dem alyp,  kemala gelip, ösüp ulalandyr. Sopuçylyk bossany özüniň dünýewi  eşreti,  jenneti şirinligi bilen beýik akyldaryň gözlerini gamaşdyrypdyr. Sebäbi gündogarda sopuçylyk ulgamy beýik, dünýä sygmaýan kämilligiňi kesgitleýän iň elýetmez ölçege öwrülipdir. Beýik welilik, allahy keramatlylyk,pirlik, çiltenlik,  akyldarlyk, halypalyk belentligine  şu kyn we jepaly ýol bilen ýetilipdir. Beýik akyldar bu meselede gaty bir uzaga gitmelem bolmandyr. Onuň "Ylym öwreden ussat kyblasy-pederi“ Döwletmämmet Azady tasawwuf äleminiň soltanlarynyň biri bolupdyr.
Şeýle bolansoň, nädip beýle eşretli bossanyň şirin miwesinden beýik akyldar binesip galsyn. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragy  sözüň doly manysynda, on iki süňňi bilen sopyçylyk dünýäsiniň akyldarydyr.
Beýik akyldar her deminde sopuçylyk äleminiň eşretli demini sormak bilen çäklenmän, bu ýoluň dünýewi, magnawy teoriýasy barada hem oýlanypdyr. Beýik akyldar özüniň "Çatyp bolmaýar" diýin şygrynyň:

Beýik dagyň başyndaky üç agaç,
Düýbi bir bolmasa çatyp bolmaýar.
Dagda ýatan düýe ýaly daşlary, 
Gol bilen göterip atyp bolmaýar.[1.267-268] -

- diýen bendindäki “üç agaç“ sopuçylygyň üç  basgançagy bolup, olaryň barynyň düýbüni birleşdirän bolsa yslamdyr.
Bu şygyrdaky pikir Beýik akyldaryň ruhy we parasat gözleglerinden habar berýär. Ol yslam näme, iman näme, yhsan näme, şerigat näme, din näme- baryna akyl ýetirmegiň ýolundady. Ol Şerigaty doly kabul edipdir. 
Öňde görüp geçişimiz ýaly, şerigat –(Halas bolmak, ýagny dowzah ýoluna gitmekden, günäden, Allanyň alynda ryswalykdan  halas bolmak ) - sopuçylygyň birinji basgançagydy. Bu basgançaga çykanlar şerigatyň   Döwletmämmet Azadynyň:

Tutsa  düz kimse şerigat ýoluny,
Hoş görer ol gün sowap agmalyny –.[4.123]

- diýip aýdyşy ýaly, şerigat kanynlaryny doly ykrar etmek bilen, olary kemsiz-köstsüz berjaý etmeli.Beýik akyldar :

 Magtymguly aýdar Kurana uýdum,
Gybaty taşladym, haramy goýdum.

Ýa-da:

Bu dünýäniň zowky iýmedir, içme,
Okygyn namazy bäş wagtdan geçme,
Hem tamug bar durar, hemdäni uçma, 
Aýlanyp, dolanyp kylgyl namazy--

 - diýmek bilen, şerigata uýandygyny, onuň kanynlaryna boýundygyny ykrar edýär.
Soňra ol tarykata (Beýik Ýaradana barýan iň dogry ýola) gadam goýýar. Bu ýol onuň pirlige ýeten pederiniň bellýşi ýaly:

Şerg  agaçdyr, bes tarykat pudagy,
Magrypetdir ol agaçnyň ýapragy. — şerigatyň bilim, terbiýe, edep, dessur -  ýapraklarydyr. Ol ýapraklar:

 1. Toba. 2. Hal. 3. Kanagat. 4. Pakyrlyk, gedaýlyk. 5. Sabyr etmek. 6. Takwalyk (özüňi tutuşlygyna Haka tabşyrmak). 7. Daş-töweregi unutmak.
Beýik akyldar tarykatyň bu uly ýoluna gadam goýupdyr. Muny beýik akyldaryň tarykatyň bu basgançaklarynyň hersi barada gymmaty egsilmejek pikirleri beýan etmegi hem subut edýär. 
Ol tarykatyň birinji basgançagy, ýagny toba etmek barada: “Bitmek gerek“ diýen goşgusynda:

Ti—toba eýleýip, dünýäni unutmak gerek—

- diýýär. Ol “Güzeşt eýle“ şygrynda bu meseläni has çuňlaşdyrýar. Özüniň tobasyny kabul edip, günälerini bagyşlamgyny towakga edip Haka ýalbarýar:

Gerçe boldum günäkär,
Sitir eýle aýbym  setdar,
Keremiň ile gaffar,
Günähim güzeşt eýle.

Senden bolmasa haraý—
Bu meniň halyma waý...
Pyragy diýr: ýa Hudaý!
Günähim güzeşt eýle. 

Ahyrynda bolsa: „Muhammediň, ýagny Muhammet pygamberiň hakyna günämi güzeşt eýle“ diýip Haka nalyş- toba edýär.
Tarykatyň ikinji-Hal, ýagny bir keramatly hala düşüp, keramata eýlenendigiňi duýmak ýagdaýy hem Beýik akyldarda bolup geçýär. Ony Magtymguly Pyragy „Turgul diýdiler“, „Sataşdym“ ýaly ençeme şygrynda beýan edip geçýär. Ol:

Pyýalany tutup, saldylar derde,
Gitdi aklym-huşum, ýatdym şol ýerde...

Ýel bolup ýügürdim ýeriň damarna,
Nazarym ýetişdi, Arşyň kemerne,
„Jebrut äleminde Jelil syryna—
Gelip  özüň garap görgül“ diýdiler.

Näge hyýal etsem, gola getirdim,
Näge baksam, aňa nazar ýetirdim,
Bu hal ile men parahat ýatyrdym,
Ýüzüme tüýkürip, „turgul!“ diýdiler. 

Magtymguly Pyragy tarykatyň üçünji – Kanagat basgançagyna-da münen akyldardyr. Onuň: “ Ýeldim tut“ atly  goşgusy kanagatly bolmagyň iň beýik basgançagy bolup, ol diňe bir beýik akyldaryň däl, tutuş türkmen halkynyň beýik kanagatynyň bahasyna ýetip bolmajak köşgi bolup durýar. Ol:

Aç hem bolsaň barma ile dilege,
Diý, köşkde men, başym barmyş pelege,
Çölde galsaň, hiç tapmaýan kölege,
Erem bagy içre gamsyz galdym tut.

Mätäçligiň hakdan özge bilmese,
Ol rozygär besdir, açdan ölmese,
Hindi kimin egin örtgiň bolmasa,
Patyşalyk puşeş çigne saldym bil. -

- diýse, „Ýaranlar“ atly ajaýyp şygrynda:

Ýüz ýyllyk tetärik-- bäş günlük ömre--
Akyl ediň, niçik işdir, ýaranlar-

- dýip, oda düşýär. 
Magtymgulynyň şygyrýetine ser salanyňda onuň öz halkyny ýanyp-ýanyp, kangatly bolmaga çagyrandygyny görüp bolýar. Şondan çen tutanyňda beýik akyldara kanagatly bolmagyň akyldar şahyry diýip aýdasymyz gelýär.
Magtymguly Pyragy tarykatyň çür başyna barýan ýollarynda ýeten dördünji basgançagy - pakyrlyk, gedaýlyk basgançagy bolup, ol bu beýik derejä çykmak bilen çäklenmän, bu basgançagy özüniň buýsançly ganatyna öwüripdir.
Gündogaryň akyldar şahyrlary, beýik pirler, akyldarlar pakyrlyk, gedaýlyk, diwanaçylyk basgançagyny Ýaradanýň alyna alyp barýan  tarykat ýolunyň iň gözel synaglaryna beslenen ýol hasaplapdyrlar. Olardan  Nyzamy Genjewi, Alyşir Nowaýy, Abdyrahman Jamy we beýlekiler özleriniň sopuçylyk, diwanaçylyk,  pakyrlyk, diwanaçylygyň taglymat esaslary baradaky belli işlerinde tarykatyň dördünji- pakyrlyk, gedaýlyk basgançagyna çykmagy “ Allatagalanyň iň eziz serpaýyna mynasyp bolmak“  hasaplapdyrlar. Gündogar akyldarlary, şahyrlary bu başgançagy uly mertebe bilen berjaý edenlere hemişe gözügidijilik bilen seredip, özleriniň şygyrlarynda olary uly buýsanç bilen  wasp edipdirler.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy hem şol däbi dowam etdirip, tarykatyň ýoluna düşenleriň keremli adyny dilinden düşürmändir. Ol:

Din gylyjyn ursam tende zorum ýok,
Mätäzje nan bersem, elde zerim ýok,
Pakyr menem, senden aýra ýerim ýok,
Bir teselli bergil köňlüme meniñ.

Istese deň-duşlar başa altyn täç,
Pakyrlyk mülkünde maňa bergil paç,
Ýa Ýaradan etme namarda mätäç,
Dilegim, duş etme zalyma meniň. 

- diýse, soň bu pikirini has güýçlendirip:

Ajyz menem, senden özge kimim bar, 
Öz beren janyňa jebr etme jepbar

- diýip, beýik Ýaradandan dalda isleýär.
Beýik akyldar “Sataşdym“ şygrynda:

Başa baglap diwanalyk kemendim,
Segredip ýetişdim yşkyň kemendin,
Al şeraba el uzatdym, emendim,
Durusyn içmişler, laýa sataşdym.—

- diýip, diwanalyk kemendini başyna baglap, Hakyň didarynyň gözlegine çykyp, ol eziziň didaryny başgalaryň görüp, özüniň emenip galandygyny beýan edýär. Ýöne beýik akyldar diwanalyk kemendini başyndan aýyrmaýar-da , ýene ýola düşýär. Ol:

Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany,
Ol Rumystany görsem.

Magtymguly, hoş bolsa,
Aksa didäm ýaş bolsa,
Imanym ýoldaş bolsa,
Barsam käbäni görsem-

- diýip, gedaýlygyň, diwanalygyň ýoluna ymykly çykandygyny beýan edýär.
 Magtymguly Pyragynyň şygyrýetini   yzarlanyňda, onyň tarykatyň bäşinji-sabyr etmek basgançagynyň belent şahasyna çykmak bilen, bu basgançagy uly ýoda öwrüp, türkmen halkyna sabyr-kanagat mekdebini açyp goýandygyny görmek bolýar. Ol özüniň „Gidip baradyr“ atly şygrynda:

Dünýä üçin çekme gaýgy, endişe,
Sabr et belasyga, razy kylmyşa,
Ýyglaýyp gam bile ýörme hemişe,-

- diýse, "Söhbet ýagşydyr" atly goşgusynda:

Magtymguly niçik geçse rozygär,
Haka şükür et, barma namarda, zynhar... 

Ýa-da:

Magtymguly, çekseň jepa-jebir bil,
Hudaga hoş geler şükür-sabyr bil,
Gylça jana  gyzyl teni gabyr bil,
Gyzyl teniň sözlär eken, öldüm tut.— 

- diýip,  gün-güzeranyň, durmuşyň, ömrüň nähili kyn-aňsat geçse-de,“ uly sabyr bilen  Haka şükür edip, namarda barman“ ýaşamalydygyny beýan edýär. Onuň: „Meniň sahypjemalymy gördüňmi?“, “Näme sen?“, “Sataşdym“, “Bu çaglar“, “Bu derdi“, “Meňli han“, “Eý dost“, “Turgul diýdiler“, “Dilberiň“ ýaly onlarça goşgusynda bu ýoluň hikmetinden habar berýär, Ol “Boýlaryňa“ atly goşgusynda bolsa:

Görsem roýyň ýok armanym,
Sensiz hazan ursun janym,
Ykbalym, dinim, imanym,
Kylsam hormat boýlaryňa.

Gören aşyk geda bolar, 
Il-gününden jyda bolar,
Magtymguly, pyda bolar,
Din-keramat boýlaryňa .—

- diýip, tarykatyň altynjy - takwalyk (özüňi tutuşlygyna Haka tabşyrmak) basgançagyna çykandygyny beýan edýär. Ol bu barada  „Ýeldim tut“, “Hindistanda hyýalym“, „Dilberiň“, “Şondadyr“, „Behiştiň“, “Bady -sabany görsem“, „Meňli han“, “Eý dost“, “Bilmezmiň“ ýaly onlarça goşgusynda  sopuçylyk bossanynyň bilbili bolup,  sözleýär.
Beýik akyldaryň özi bu ýoluň diwanasy bolup ýaşamak bilen, öz owazy, keramatly sözi, şuglaly şygyrlary arkaly türkmen halkynyň  durmuşynda  özüňi tutuşlygyňa Allanyň ýoluna bagyşlamagyň ýodasyny açýar. Bu ýoda asyrlardan asyrlara uzap gidýän  ak ýola öwrüldi. Hut şu gün hem geçmişimize, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine siňňin nazar salanyňda, beýik akyldaryň goýan şol ýolunyň  könelmeýän ulgamlaryny görmek bolýar.
Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrýetini yzarlanyňda, onuň sopuçylygyň tarykat ulgamynyň iň belent basgançagy bolan  ýedinji, Alla üçin, onuň beýik ruhuna gark bolmak arkaly daş-töweregi unutmak-- durmuş, güzeran, haý-höwes bilen bagly,  ýaşaýyş eşreti bilen bagly närseleriň baryny unutmak belentligine çykandygyny hem görmek bolýar. Ol özüniň „Pany jahan  gerekmes“ atly  belli  goşgusynda:

Pelek, maňa mal berer sen, ol genji-kän gerekmes,
Gözel ýarymny görmesem, pany jahan gerekmes.
Kylgyl ömrümni zyýat, gaýry närse istemez,
Bu ajaýyp çaglarymda ajal-peýman gerekmes.
Namartlary daş eýlegil bu meýlis etrapyndan,
Är ýigitler serhoş bolar, namart-zenan gerekmes. —

- diýse,”Hijran kaýşy bilmedim” atly şygrynda:

Az ömrümi köp söwdaga  satyp men,
Özüm bilmeý, ol derýaga atyp men,
Ne ummandyr bir girdaba batyp men,
Zemin kaýsy, asman kaýsy, bilmedim.[1. 543]—

- diýmek bilen, özüni Beýik  Ýaradanyň  garaňky girdabynda görýär.
Hakykatdan hem sopýnyň ýoly  hökman bu ýowuz girdabyň üstünden düşmelidir. Çünki  sopy Beýik Ýaradan üçin tutuş dünýäni, daş-töweregini unudyp, garaňky girdaba gapgarylanda, ol bu jepaly synagyň – tarykat  ulgamynyň beýleki kenaryna çykýandyr.  Diňe şondan soň sopuçylygyň üçünji ulgamy — Hakykat başlanýar. 
Hakykat - Beýik Ýaradanyň hakykatdygyna ynanyp, uýup, onuň bilen bitewileşip, onuň gözel ruhunda eräp gitmekdir. Oňa çenli onuň adyny diliňden düşürmän wasp edip, onuň çirksiz, päk nusgasyny kabul edip ýaşamakdyr. Beýik akyldar :

Tapybilseň  hakykatyň merdini,
Gözüňe totyýa kylgyl gerdini—

- diýip, ýöne ýere aýtmaýar. Sebäbi, hakykata  ýeten  sopular pirligiň derejesinden hem ýokary göterilen ynsanlar bolupdyr. Olar juda az bolany üçin, gündogarda olara seýrek duşulypdyr.
Mundan başga-da bu beýik basgançaga çykan pirler Allatagala şeýle bir uýupdyrlar, asyl olar zemindäki hallarynam unudypdyrlar. Bu bolsa olaryň pikir- parasadyndaky düşnüksizlikleriň  jemgyýet tarapyndan dogry kabul edilmegine-de päsgel beripdir. Muňa hakykata ýeten adamlaryň käbiriniň özlerini il içinde:  „Men—Hak!“,“Enel- Hak!“- ýagny, „Man-Hudaý!“ diýip yglan etmeklerini mysal getirip bolar. Şol sebäpli Hakykat ýoluna düşenler hökman halypanyň-piriň gözegçiliginde bolmaly bolupdyr. Muny Beýik akyldar: „Bizni“ goşgusynda:

Hakykatyň ýollaryn rehbersiz (- pirsiz-Ö.N.) gezmek bolmaz,
Jemal istän aşykga , görmegeý gyzmak bolmaz,
Aşyklygyň belasyn çekmeýen syzmak olmaz,
Wysala doýma olmaz, hijrana dözmek olmaz,
Örteme yşk oduna, mundan zyýada bizni. —

- diýip, indi  hakykatyň ýollarynda özüne mundan artyk jebir etmezligini towakga edip Haka nalyş edýär.
Şol rehbersiz, (ýagny özüne bu ýollarda gözegçilik etjek pirsiz-Ö.N.) ýola güşüp agyr belalarga sezewar bolanlaryň birem türkmen şahyry Seýit Ymametdin Nesimi bolupdyr. Ol „Anal Hak - Men-Hudaý“ pikirini özüniň goşgularynda hem batyrgaýlyk bilen wagyz edeni üçin, 1417-nji ýylda diriligine derisi soýulyp, öldürilýär. 
Gündogarda şeýle derde ýoluganlaryň birem Mansur Hallaçdyr. Ol beýik pir özüniň iň gowy goşgy-gazallaryny hakykatyň ýoluna bagyşlapdyr. Emma bir gazalynda „Enel Hak“ (Men Hudaý) diýeni üçin 921-922-nji ýyllarda  ilki zyndana taşlaýarlar, soň oňa müň çybyk  urýarlar. Ahyrynda bolsa ony oda ýakyp, külüni Tigr derýasyna akdyrýarlar.
Bu iki beýik piriň ykbaly Magtymguly Pyraga mälim  bolupdyr. Ol özüniň “Içmeýen  jamym“ goşgusynda:

Mansur belasyna bolsam giriftar,
Giderem sen sary, süýreýip hamym:—

- dýipdir.
Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy sopuçylyk ulgamynyň iň beýik derejelerine çykypdyr. Emma  öz beýik ussady-halypasy - kakasynyň ýogalmagy,  özüne mynasyp piriň tapylmazlygy, ”pikir derýasynda akyl gämisini batyryp, ondan çykyp bilmezligi“ bu meselede ony ep-esli aljyradandygy belli bolýar.
Sebäbi beýik akyldar atasynyň ganatynyň astynda çagalygyndan tä sakaly agarýança Hak-Ýaradan diýip, diwana-däli bolup, Beýik Ýaradany bir bilip, onuň perişdelerine ynandy, Kitaplaryny gözlerine sürme, pygamberlerini depesine täç etdi. O dünüäsine ynandy. Ölmegiň, direlmegiň haklygyna ynandy. Şeýdibem, Taňra iman getirdi.
Çyn musulman hökmünde, bäş wagt namazyny “ aýlanyp, dolanyp” okady. “Aýlaryň iň ýagşysy” bolan Remezan aýynda buýsanç bilen agyz bekledi, hüşür, zekadyny berdi, “Käbäni görsem” diýip, ýürek üzüp arzuw etdi. Bu mukaddes ýere hyýalynda müň sapar ugrady. Pygamberiň, yslamyň, şerigatyň dostuny dost, duşmanyny duşman bildi. 
Sopy bolup, şerigatyň, tarykatyň, hakykatyň basgançaklary bilen iň ýokary belentlige galdy. Ol indi Hakyň didaryny görerin öütdi.
Beýik akyldaryň jany-teni bilen Beýik Taňryny görmegi umyt etdi. Onuň “Name sen”, ”Meniň Sahypjemalymy gördüňmi?”, ”Bihabar”ýaly ençeme şygrynda yşka düşüp,   Ýaradany  gözleýşi beýan edilýär. Ol:”Meniň  Sahypjemalymy gördüňmi?” şygrynda şeýle diýýär:

Ýeriň arkasynda, gögüň garnynda—
Meniň Sahypjemalymy gördüňmi?..

Magtymguly, çeker  ýaryň gamyny,
Gezip, tapa bilmez roýy-zemini,
Eý, ady Jebraýyl, Hakyň emini!
Meniň Sahypjemalymy gördüňmi?

Ýada; “Ýar senden” şygrynda:

Ýedi ýerde, dokuz pelek üstünde,
Ýa reb, habar bilerinmi, ýar senden.

Beýik akyldar dünýäni elek edip eleýär. Ahyry oňa:

“ Diýdim: Kaýda mesgeniň?“. 
Diýdi: “La mekan jaýym“- 

- diýip,“Meňli han“ goşgusynda hasrat bilen sözleýär. Onuň Hakyň didaryny gözlemek üçin çekýän jebri-jepalary tutuş döredijiligini diýen ýaly öz içine alýar. Ahyr soňunda ol Beýik Ýaradanyň eziz didaryna gowşup bilmejegine düşünýär. Çünki Kurany Kerimiň 7-nji süresiniň 139-njy aýatynda: „Len terany“, ýagny: “Meni hiç wagt görmersiňiz“ diýilendir. Şonuň üçinem beýik akyldar: „Näme sen?“ şygrynda:

Magtymguly,geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly,  sen gapyl sen  ýaryňdan.—

- diýen netijä gelýär. 
Beýik akyldaryň gelen bu netijesi, öz döwründen başlap, hut şu günlere çenli diňe bir gündogarda däl, tutuş adamzadyň beýik pähim-parasadynyň gaýtalanmajak nusgasy bolup galandyr. Magtymgulynyň ölmez-ýitmez şygyrýetinde Hakyň eziz didaryny gözläp, älemi ýaňlandyryp saýraýan türkmeniň şeýda bilbiliniň owazy biziň zamanymyzda täze hyruç bilen äleme ýaýylýar. 

Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 17 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: