07:17
Taryh ylmy we türkmen taryhy -3/ dowamy

9. Taryhyň bitewüligi we öwrenişiň bitewüligi

Bu mesele taryhy öwrenijiniň şahsyýeti meselesidir. Öwrenijiniň şahsyýeti meselesi islendik ylymda-da juda möhüm zatdyr weli, taryh babatda bu has hem möhümdir. Taryh meselesinde meniň gözüme bir aýratynlyk, göräýmäge, ähmiýetsiz, emma siňe seredilende, düýpli aýratynlyk ilýär: islendik gaýry ylmyň we onuň öwrenýän ugrunyň atlandyrylyşy, garaz, tapawutlydyr. Ylmyň ady onuň öwrenýän ugrunyň adynyň yzyna – ogiýa, şynaslyk ýaly goşulmalaryň goşulmagy bilen ýasalýar. Meselem, antropologiýa, etnologiýa, sungatşynaslyk, gündogarşynaslyk we ş.m.-ler. Emma taryh babatynda şol bir söz hem ylmy, hem onuň öwrenýän ugruny aňladýar. Näme üçin beýle? Aslynda, taryh anyk bir ylmy ugurmy, taryhçy diňe bir ugur bilen meşgullanýan adammy?
Men bir pikiri aýratyn nygtaýyn: adamzat taryhy babatda uly bir ylmy üstünlikleriň gazanylmandygy belli bir derejede şeýle ýönekeý sowallara ähmiýet berilmändigi sebäplidir. Taryh haýsydyr bir ylmyň ugry bolup bilmez. Gaty dörjeläbersek, biz asyl taryh diýilýän bir ylmyň bolmandygyna, ýokdugyna we bolup hem bilmejekdigine göz ýetirip bileris. Taryh diýilýän belli bir ugur bar, emma taryh diýilýän şol ugry ýeke özi öwrenýän aýratyn ylym ýok ahyryn. Bolup hem bilmez. Ýaşaýşy, barlygy öwrenýän tutuş, özbaşdak bir ylym bolup bilermi? Elbetde, bolup bilmez. Sebäbi, aýdylyşy ýaly, gujagyňa sygmaýan zady gujaklap bolmaýar. Ýaşaýşy, barlygy dürli jähetlere, ugurlara, taraplara bölüp, şol bölekleriň ýa-da bölümleriň hersini-de bir ylym öwrenýär. Bularyň baryny birikdirip, bir ylym döredip bolarmy? Häzirlikçe, elbetde, bolmaz. Munuň özi ähli ylymlaryň gurluşyny kül-peýekun edip, olary ýoga çykarmak bolar. Şu ýerde pelsepäni ýatlatmaklary mümkin. Emma pelsepe, birinjiden, barlygy hiç mahal göwrüm taýdan öz içine almak wezipesini goýmandy. Ikinjiden, pelsepe dünýägaraýyşdyr. Üçünjiden bolsa, oňa ylym hökmünde serediläýende-de, ol diňe ählumumy içki baglanyşyklary özüne mahsus usullar bilen öwrenýän ylymdyr.
Taryh hem çäkleri boýunça tutuş barlygyň özüdir. Ýöne gaýyba giden tutuş barlykdyr. Ýagny, biziň göz öňümizde «duran» sinhron bitewülikdir. Sözümiň düşnükli, diýmek, pikiriň hem düşnükli bolmagy üçin bu adalgalara kesgitleme bereýin: diahron – wagt – giňişlik görnüşindäki barlyk; sinhron – giňişlik – wagt görnüşindäki barlyk. Birinjide wagt, ikinjide giňişlik göz atuwynda duran zatlardyr.
Ähli ylymlary – giňişlik – wagt barlygyny öwrenýän ylymlary birikdiräge-de, olaryň barynyň ornuny tutýan bir ylmy döretmek hiç kimiň kellesine gelenok. Emma pelsepe bularyň netijelerini öz tärleri arkaly umumylaşdyrýar we olary dünýägaraýşa öwürýär.
Ylym paýhas we jemgyýetçilik zerurlygyndan döreýär. Şonuň üçin hem ylym jemgyýetçilik aňynyň bir bölegidir we bir görnüşidir. Taryh ylmy ylmy usulyýetleriň ulgamy manysyndaky ylym bolýança, uly hem çylşyrymly ýoly geçipdir. Ol häzir hem ýaş ylymdyr. Şonuň üçinem muňa ulgamlaýynlyk däl-de, düşnüksizlik, baş-başdaklyk, tiz-tizden garaýyşlaryň, ýörelgeleriň üýtgäp-özgerip durmagy mahsusdyr. Taryh diňe paýhas däl, eýsem maddy we ruhy tebigatly bähbitler bilenem gönüden-göni baglanyşykly barlag işidir.
Taryh diňe bir ylmy gözýetim däldir. Ol milletiň içki güýç-kuwwatynyň görkezijisidir. Eger deňeşdirme arkaly kesgitlemeli bolsa, onda taryh – milletiň terjimehalydyr. Terjimehalyň baýlygy ýa-da garyplygy milletiň taryhy ýaşyna baglydyr.
Şeýlelikde, täze türkmen taryhyny ýazjagyň şahsyýetinde taryhy geçmiş bilen meşgullanýan ylymlaryň netijelerini umumylaşdyryp biliş sypaty esasy sypat bolmalydyr. Umumylaşdyrmak, elbetde, mukdar taýdan bir ýere üýşürmek, dürüşde ýasamak däl. Umumylaşdyrmak – munuň özi eliň aşagyndaky maglumatlary we zatlary belli bir nukdaýnazardan ulgamlaşdyrmakdyr. Türkmeniň müňlerçe ýyllyk taryhy türkmen miletiniň döreýşi we ösüşi nukdaýnazaryndan bir ulgama salynmalydyr.
Elbetde, taryhy bir taraplaýyn, birbada öwrenip bolmajagyna bizden öň hem düşünipdirler. Hatda belli bir arheologik ýadygärligini-de «umuman» öwrenip bolmajagy öňden düşnükli bolupdy. Şonuň üçin Türkmenistanda hem geçen döwürlerde möwsümleýin diýilýän arheologik ekspedisiýalar guralypdy. Bularyň netijesi näme boldy? Bir zady aýdyp biljek: bularyň netijesi meniň diýýän manymdaky taryh – diahron gaýybana barlygyň ýüze çykarylmagy bolmady. Sebäbi näme? Birinjiden, ol netije dürli anyk hünärmenleriň işiniň mukdar jemi boldy. Munuň hil umumylaşdyrylmagyna öwrülmegi üçin paýhasyň täze derejesi we pudagy – edil pelsepe ýaly pudagy gerekdi. Garaz, taryh – geçmiş babatdaky dünýägarýyş bolan akyl işi bolmady. Onuň hem sebäbi öwrenijiler ýa-ha dünýägaraýyş, taglymat meselesini asla göz öňünde goýanokdylar, ýa-da olar öz netijelerini deslapky suratda marksizmiň taryhy aňyýetine laýyk getirýärdiler.
Kese barlygy bitewülikde beýan etmek üçin, ähli alymlaryň birleşmegi däl-de, taýýarlykly bir şahsyýetiň – dananyň gerek bolşy ýaly, taryhy ýazmak üçin hem täze tipdäki bir şahsyýet gerekdir. Ol diňe geçmiş bile baglanyşykly ylymlardan baş çykarýan, olary özara baglanyşdyrmagy, biri-birine seplemegi başarýan adam bolman, eýsem milletiň ruhy-syýasy gözýetimlerini hem kesgitlemegi başarýan şahsyýet bolmalydyr. Men türkmen taryhyny ýazýaryn. Çünki munuň üçin zerur iki zat – taryhy-ruhy serişde Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasy bilen dürli taryhy maglumatlar elimiň aşagyndadyr.

10. Rowaýat we taryh

Taryhyň juda çylşyrymlydygy, munda beýleki ylymlaryň ugurlaryndaky ýaly aýdyň kanunalaýyklyklary ýüze çykaryp bolmaýandygy taryh ylmyny düşündiriji däl-de, ýöne sanaýjy hem gürrüň beriji ylmyň derejesinde saklap galdy. Şonsuz hem çylşyrymly taryhy barlygy geçmişiň şu günde ýaşap, taryhy ýazýan adamlaryň dürli bähbitleri we duýgulary bilen baglanyşyklydygy has hem düşnüksiz we bulam-bujar edýär. Şol sebäpden hem şol bir taryhyň dürli döwürlerde dürlüçe ýazylmagy hatda tebigy zat, ýagny gutulgysyz zat bolup görünýär.
Ýöne her näme diýseňem, taryhy iň bolmanda öz-özüni aňlamakdan we geljegiňi göz öňüne getirmekden ötri belli bir jähetde aýdyňlaşdyrmak mümkindir we zerurdyr. Esasy zat hem özünden öň ýazylan hem-de öz döwürleriniň düşünjeleri we bähbitleri bilen baglanyşykly bolan taryhlara tankydy garamakdyr. Öwrenmek we saýlap-seçmek ýoly bilen geçmişiň täze bir suratyny çekmeli. Şu manyda taryhy ýazmak düzzüm diýen türkmen milli oýnuny ýada salýar. Munda dogry düzmek esasy zatdyr.
Nuh alaýhyssalam öz ogullaryndan Ýafesiň zürýatlaryna Türkmenistan yklymyny ýer-ýurt edip berdi»1.
Türkmeniň taryhy-etniki we medeni gelip çykyşy Nuh pygamber bilen baglanyşdyrylýar. Bu hakda gadymy, orta asyr we täze döwrüň taryhlarynda anyk we aýdyň aýdylypdyr. Olarda esasy maglumatlar biri-birine doly gabat gelýär, diňe şol maglumatlara berilýän öwüşginler, ýöňkelýän goşundylar biri-birinden parhlanýar. Bu-da tebigy zatdyr. Çünki adama taryha öz garaýşyny ýöňkemek mahsusdyr. Taryhçynyň wezipesi şol öwüşginleri, goşundylary aýryp, hakyky taryhy dikeltmeginden ybaratdyr.
Adamzat taryhynyň jümmüşlerine tarap uzaklaşdygyňça, anyk tutaryk, anyk delil häsiýetindäki maglumatlar öz ornuny dilden-dile, golýazmadan-golýazma geçip gelen rowaýatlara berýär. Şol ilkidurmuş agzeki taryhy iki uly döwre bölünýär:
1. Adam atanyň taryhy.
2. Nuh pygamberiň taryhy.
Nuh pygamberden soň adamzat taryhynyň üznüksiz bitewüligi gaýtadan dikelýär. Ondan öňki taryh bilen Nuhuň taryhynyň arasyny üzýän zat bolsa Nuhuň tupany diýilýän bütindünýä heläkçiligidir. Mukaddes kitaplarda ol heläkçilik suw joşguny hökmünde görkezilýär. Suw joşguny diýilýän obraz, megerem, hemmetaraplaýyn pajyga bolan şol apatyň diňe bir tarapyny aňladýandyr. Munuň şeýle bolmagy bu nusgany döreden adamlaryň öz ýaşaýan ýerlerinde heläkçiligiň suw bilen baglanyşykly tarapynyň agdyk bolanlygy sebäplidir. Ýöne ol heläkçilik bir ýerlerde suw joşdursa, başga ýerlerde Ýeriň hopmagyna, kä ýerde ot tutaşmagyna we beýleki hadysalara getiripdir. Garaz, bu heläkçilik ylymda-da (gadymy ýunan danasy Platonyň Atlantida baradaky pikirleri) dinde-de (Injil we Gurhan kitaplary) dürli halklaryň folklorynda uly yz galdyrypdyr. Ol adamzadyň ahlak pikirleriniň we ýörelgeleriniň, adamzat durmuşynyň bütinleý özgermegine getiripdir. Şonuň üçin hem biz Adam ata döwrüniň ýaşaýşy Nuhdan soňky ýaşaýyş bilen düýpgöter tapawutlanandyr diýip çaklap bileris.
Nuhuň tupany diýilýän hadysa baryp gaty gadymy döwürlerde, mundan 10-12 müň ýyl ozal bolup geçipdir diýip hasaplanýar. Häzirki wagtda ylym şol hadysanyň wagtyny has anyk aýdýar.
Nemes alymy Otto H.Muk miladydan öňki 8499-njy ýylda Ýeriň äpet asteroid bilen çaknyşandygyny anyklapdyr. Netijede, äpet gaz partlamasy Ýeriň daşyndan birnäçe gezek aýlanyp geçipdir we 100 kilometr galyňlykdaky gaz, tozan, kül gatlagy köp wagtlap aýrylman durupdyr. Adamzadyň köpüsi gyrlypdyr. Netijede, Ýeriň ýüzünde maýyllaşmak hadysasy başlanypdyr. Diri galan sanlyja adamlaryň gözüne ýyldyzlar dökülen, Gün öçen ýaly bolup görnüpdir. Maýlamak netijesinde Dünýä ummanynyň derejesi ýokary galyp, köp ýerleri suw alypdyr.
Bu zatlaryň bary XX asyryň ylmynda ykrar edilendir.
Meniň bu heläkçiligiň türkmenleriň aňyna gelip ýeten iki sany aýratynlygy barada aýdasym gelýär. Beýleki halklaryň aňynda äpet heläkçilik suw joşguny hökmünde galan bolsa, türkmenler ony tupan diýip häsiýetlendirýärler. Tupan tebigatdaky üýtgeşmelere ünsi gönükdirýär. Diýmek, ylmyň tekrarlaýan wakasyna bu has ýakyndyr. Galyberse-de, beýik Magtymgulynyň:

Şuny kesipdir aklym,
Ýykylar ýedi yklym,
Ýer bolar büklüm-büklüm,
Egir, daglar galmazlar.

Hakdan ýetişse perman,
Ne çäre bar, ne derman.
Asman, Gün-u-Aý lerzan,
Hem ýyldyzlar galmazlar –

– diýen göz öňüne getirmesi hem ýokarky heläkçiligi ýada salýar. Şahyryň geljek zamanda gürleýänligi barada bolsa şuny aýdyp bolar: adamzat aňyna geljegi geçmişiň tejribesi esasynda göz öňüne getirmek gaty häsiýetli zatdyr.
Dünýä halklarynyň – Ýewraziýa medeni-taryhy ösüşi diýilýän topluma girýän halklaryň köpüsi öz aslyny Nuhuň tupanyndan soňky döwürden alyp gaýdýar. Türkmen dilindäki «Nuhuň eýýamy» söz düzümi «dünýäniň başlanýan wagty» diýen manyny berýär. Şonuň üçin hem türkmeniň öz aslyny Nuhdan alyp gaýtmagy halkymyzyň gaty ir eýýamlarda halk derejesine ýetendigini görkezýän zatdyr.
Musulmanlara iberilen Gurhany-kerimiň 71-nji – Nuh alaýhyssalam süresinde Nuh pygamberiň taryhy gysgaça beýan edilýär. Bu ýerde anyk taryhy maglumatlaryň berilmändigi üçin men başga bir dini kitabyň – ýehudylar bilen hristianlaryň Köne äht kitabynyň içine girýän maglumatlara ýüzlenýärin. Köne ähtde Nuhuň tupanyndan soň Nuh pygamberiň nesli barada şeýle aýdylypdyr:
«Nuhuň ogullarynyň Simiň, Hamyň we Ýafesiň şejeresi şeýledir: Tupandan soň olaryň ogly boldy.
2. Ýafesiň ogullary: Gomer, Magog, Madaý, Iawan, Fuwal, Meşeh we Firas.
3. Gomeriň ogullary: Askenaz, Rifat we Fogarma».
Şujagaz gysby maglymatdan başga Ýafesiň zürýatlary hakynda üýtgeşik habar berilmeýär. Ýöne biziň üçin şular hem ýeterlikdir.
Günbatar edebiýatynda Orta Aziýany ýurt tutunan Ýafes zürýatlary Gomerden hem onuň ogly Askenazdan alnyp gaýdylýar. Hatda ýaňy-ýaňylaram – XIX asyrda Türkmenistana gelen ýewropalylar hem türkmenleri Köne ähdiň şol şahsyýetinden – Askenazdan kök alyp gaýdýan halk hökmünde görkezýärler. Bu pikiri Günbatarda XX asyryň meşhur amerikan alymy Riçard Fraý ylmy esasda derňew etdi. Ol Askenazy skifler bilen baglanyşdyrdy. «Ýunanlar saklara skifler diýipdirler... skif sözi Köne ähtde aşkuza görnüşinde bellidir...»
Alymlar «sak» sözüni 1) güýçli, sak bolmak; 2) janly, synçy bolmak; 3) ýöremek, ýüwürmek, akmak manylarynda düşündirýärler. Haýran galmaly ýeri, bu manylaryň hemmesi-de häzir hem türkmen dilinde ulanylýan «sak» (sa:k däl!) sözünde aýdyň aňlanylýar. Galyberse-de, dilimizde s-ç sesleriniň gezekleşýändigini tassyklap, çakgan, çak-ry (Çagryl beg), goçak sözleriniň hem «sak» kökünden gaýdýandygyny aýdyp bileris. Ylaýta-da soňky «goçak», «goçkar» sözleri etniki-medeni-ruhy nukdaýnazardan has ähmiýetlidir. Käbir alymlar «sak» sözüni it manysyndaky totem-oňon bilen baglanyşdyrýarlar. Emma, eger totem meselesi goýulsa, onda «saky» türkmeniň taryhyndan eriş-argaç bolup geçýän «goçak» sözüne baglasaň, has dogry bolar. Şonda taryhyň ähli tarapy: totem, medeni, dil, ynanç taraplary bir ýüpe düzülýär. Bu sözüň ösüşi şeýle tertipde geçipdir: goçkar – goçak – goç. Türkmenleriň akgoýunly, garagoýunly taýpalary-da, häzirki teke taýpasy-da sak – goçak bilen baglanyşykly. Diňe saklar däl, olaryň dah, par taýpalary-da tekeler bilen baglanyşykly. Men bu hakda ýeri gelende giňden gürrüň ederin.
«Şaşkenaz» sözüniň has dogry aýdylyşynyň we ýazylyşynyň «aşk – uza» bolmalydygyny R.Fraý aýdýar. Eger şuňa eýerseň, bu ýerde «sak» sözüniň hem, oguz (uz) sözüniň hem köki ýatandyr».
Häzirlikçe şunda saklanalyň we Günbatar çeşmelerine laýyklykda Nuhdan Oguz hana çenli şejeräniň gysgaça şeýledigini belläliň:
Nuh – Ýafes – Gomer – Aşkuza (Oguz han).
Bu gysga şejerede Nuhuň tupanyndan miladydan öňki III müňýyllyga çenli geçen 6 müň ýylyň beýany ýatýar. Beýlekiler-ä düşnükli weli, bu zynjyrdaky Gomer barada hiç hili maglumat galmandyr. Eýsem-de bolsa beýleki şejerelerde Nuh bile Oguzyň aralygyndaky ýol nähili görkezilýär?
«Awesta» kitabynyň Ýaşt böleginde (13-nji) Airýa, Tura, Sairima, Saini we Daha ýaly halklaryň ady agzalýar. Megerem, Köne ähdiň täsiri bilendir, miladyň başlarynda bu şejere Erej, Salm we Tur diýen doganlar görnüşinde getirilipdir. Soň bu Ferdöwsiniň «Şanamasyna-da» giripdir. Türkmenistanyň çäklerinde Hazar deňziniň gündogarynda we ondan hem ýokarraklarda ýaşan taýpalar turlar, dahlar (saklar) diýlip atlandyrylypdyr. Hut şu turlar has soňraky türkmenler hasaplanýar. Bular Türkmenistanyň örän gadymdan gelýän ýerli ilaty bolupdyr. Soňky nesilleriň aňynda turlaryň türkmenlere öwrülişi ýaly, aşkuzalar – skifler – saklar hem oguzlara öwrülipdir. Bellemeli ýeri, şeýle öwrülişik esasly bolupdyr we taryhyň üznüksizligini oňat saklapdyr. Şonuň üçin hem biz türkmeniň hem, oguzyň hem etimologiýasyny hem, etniki gelip çykyşyny hem şol mantyga eýerip, şu toprak bilen baglanyşyklydygyny görýäris.
Bize orta asyrlardan birnäçe «oguznamalar» galypdyr.
Gorkut atanyň kitabynda, soňra Mahmyt Kaşgarlynyň Diwanynda oguzlar barada aýdylsa-da, Oguz han, ondan öňki hanlaryň şejeresi agzalmaýar. Diňe Diwanda Kaşgarly türkmen sözüniň gelip çykyşy baradaky Isgenderli rowaýaty gürrüň berýär. Oguzlara türkmanend, ýagny türke meňzeş diýen ady goýan Isgender Zülkarneýinmiş. Bu iki irki eserde Oguz hanyň agzalmaýandygy Oguzyň entek şol döwürde şahsyýet görnüşinde göz öňüne getirilmändigini görkezýär. Şuňa eýerseň, onda şahsyýetiň adyndan halkyň ady emele gelmändir-de, halkyň ady soň şahsyýete – hanyň adyna geçipdir. Şeýle geçiş Oguznamalarda amal bolýar.
Bu Oguznamalardan has ähmiýetlileri Reşideddiniň XVII asyrdaky we Abulgazynyň XVI asyrdaky Oguznamalarydyr.
Reşideddinde Ýafes bilen Oguzyň arasynda iki şahsyýet – Düýp Ýabgy han bilen Gara han bar.
Abulgazyda bolsa ol ikisiniň arasyndaky şahslaryň sany sekize ýetýär.
Umuman, mongollardan soňky Oguznamalara mongol-tatar goşulýar. Munuň näme üçin şeýdilendigi düşnükli bolsa gerek. Soň yslamyň «düzedişleri» girizilýär.
Şeýlelikde, soňky düzedişlerden saplanyňda, oguzlar asly Nuhda – Ortaýer deňziniň etraplaryndan bolan umumy atadan gaýdýan halk hökmünde göz öňüne gelýär.
Nuh ogly Ýafese Orta Aziýada ýerleşýän Türkmenistany ýer-ýurt edip berdi. Şeýdip Ýafesiň Köne Ähtde Gomer atlandyrylýan ogly Tür adyny aldy. Ondan hem Oguz han dünýä indi. Türden Düýp Ýabgu (Beýgu); Düýp Ýabgudan Gök han; Gök handan Gara han dünýä inýär.
XIV asyryň taryhçysy Fazlulla Reşideddiniň «Oguznama», XVII asyrda ýaşap geçen Abulgazynyň «Türkmenleriň şejeresinde», XVIII asyrda ýaşan türkmeniň görnükli şahyry Nurmuhammet Andalybyň «Oguznamasynda» şol bir hakykat gaýtalanýar. Ol hakykat Nurmuhammet Andalybyň sözleri bilen aýtsam şeýledir:

Anyň onunjy ogly hezreti Nuh,
Kylyp tupan, jahan ählin Mejruh.

Ki andan soň anyň nesli jahana,
Ýaýyldy pytyraşyp kim dört ýana.
Oşol Nuh ogly Ýfesden togulgan,
Türkden kança il önüp ýygylgan.

Soň Türk nesliden toggan Oguz han
Anjan bu jahana kyldy seýran.

Taryhy nukdaýnazardan seredeniňde, bu göz öňüne getiriş türkmeniň miladydan öňki VII-IV müňýyllyklardaky (Nuh – Ýafes – Tür) ilkidurmuş taryhyna we III müňýyllykdan başlanýan hem-de I müňýyllygyň başynda tamamlanýan ezeli taryhyna doly gabat gelýär. Hut soňky döwürden hem gadymy taryh – Oguz hanyň nesilleri oguzlaryň – saklaryň, dahlaryň, massagetleriň taryhy başlanýar. Gadymy taryh araplaryň gelmegi bilen tamam bolýar. Şu hili göz öňüne getiriş arheologik ýadygärlikleriň, ýazuw ýadygärlikleriniň, antropologiýanyň we agzeki rowaýatlaryň maglumatlary tarapyndan doly tassyklanýar we bitewi bir taryhy barlygy aňladýar. Muňa biz aşakda anyk göz ýetirip bileris.

11. Özen we gatlaklar ýa-da
näme üçin türkmen – türk-iman?!

Şeýlelikde, Nuh – Ýafes – Tür (Gomer) – Oguz şahalanmasy TÜRKMENIŇ ATA-BABALARYNYŇ GEOGRAFIKI TAÝDAN Ýakyn Gündogardan Orta Aziýa tarap geçen taryhy ýoluny görkezýär. Bu taryh, takmynan, miladydan öňki VII-IV asyrlary öz içine alýar. Munuň özi arheologik taýdan hem tassyklanýar: Günorta Türkmenistanyň Änew, Namazga, Altyndepe, ondan öň bolsa Jeýtun ýaly iň gadymy – miladydan öňki VI-III müňýyllyklarda dörän ekerançylyk medeniýeti asly we häsiýeti boýunça Ýakyn Gündogaryň Şumer medeniýeti bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi hem antropologik taýdan tassyklanýar: gadymy änewliler hem, häzirki türkmenler hem ýewropa jynsynyň günorta şahasyna degişlidir. Muňa antropologiýa ylmynda ortaýer-deňzi jynsy hem diýilýär. Türkmeniň köki şundan gaýdýar, häzir hem dürli döwürlerdäki ýüzleý üýtgeşmelere garamazdan şoňa degişlidir. Muny antropologlar hem, taryhçylar hem doly ykrar edýärler.
Kök hem-de soňky ýüzleý üýtgeşmeler hakynda bir pikiri aýdasym gelýär. Barlygyň ähli taraplaryna degişli bolan fizikanyň kanunlary dünýäde hiç bir zadyň ýitmeýändigini, eýse üýtgeýändigini, öwrülýändigini tassyklaýar. Muňa energiýanyň saklanmakwe öwrülmek kanuny diýilýär.
Bu ýerden men gatlaklanmak hadysasyny getirip çykarýaryn. Islendik barlykda hadysa uzak ýyllaryň dowamynda belli bir görnüşe girip durugşandan soň, ýagny özene geçensoň, ol ýitenok-da, soňky hadysalar onuň daşyna gatlaklar görnüşinde ýazylýarlar. Munuň özi wagtyň gatlaklanmak – başga bir görnüşe öwrülmek hadysasydyr. Gatlaklanmak arheologiýada medeni gatlaklar, antropologiýada jynsy üýtgeşmeler, aň üstünde aňyýet gatlaklary, aňastynda impulslar görnüşinde ýüze çykýar. Geçmişe akyl ýetirmek barlagyň bu gatlaklanmak prosesiniň tersine tarap gidip, köke – özene ýetmekdir.
Türkmeniň bäş müň ýyldan öňki özenine ýetmäge «oguz» hem «türkmen» sözleriniň many aslynyň gysgaça yzarlanmagy-da mümkinçilik berýär. Elbetde, munuň özi hadysa, doly we hemmetaraplaýyn akyl ýetirme däldir. Doly we hemmetaraplaýyn akyl ýetirmek diňe taryhy doly ýazanynda mümkindir. Ýöne meniň häzirki agzaýan tärimi şol akyl ýetirmäniň kiçijik synanyşygy hökmünde görkezse bolar.
Şeýle bolsa, «oguz» hem «türkmen» sözleri nireden kök alyp gaýdýar? Meniň meseläni kök almak, özen tutmak we onuň daşyna gatlakmanmak şekilinde goýýandygym täze bir usulyýete yşarat edýär. Hususanam, bu sözleriň gelip çykyşyny derňäp, alymlar dürli netijeleri biri-birini unkär ediji zatlar hökmünde häsiýetlendirýärler. Inkär ediji hasaplamaga bolsa ol görnüşleriň biri-birine gapma-garşylygy esas berýär. Emma gapma-garşylyk dialektiki ösüşiň özenini düzýär, şonuň üçinem bu meselede aratapawutlary, garşylyklary inkär etme şekilinde däl-de, biri-biriniň üstüni doldurma, şol bir düşünjäniň dürli taryhy ýagdaýlarda dürli taraplarynyň açylmasy şekilinde teswir etmek has maksadalaýyk bolar.
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada şeýle ýazypdy:
«Beýik Taňry türkmene köpelgiçlik berdi. Ol köpelip, örňäp gitdi. Taňry oňa iki sany häsiýet berdi: Ruhubelentlik we gaýduwsyzlyk. Ýagtylgyç berende bolsa, onuň Köňlüne hem Aňyna Paýhas çyragyny guýdy. Şundan soň öz bendelerine umumy at dakdy: Türk iman (Türk – asyl, iman – nur) Türk Iman – türkmen şeýle many aňladýar: Asly nurdan. Türkmen dünýäde şeýdip döredi».
«Türk» sözi gadymy döwürlerde-de «asylzada», «patyşa», «han-beg» manysyny aňladypdyr. Özüniň gelip çykyşy boýunça «töre», Ýteý» ýaly sözler hem şu söz bilen kökdeş bolmaly. Alymlaryň köpüsi «türk» sözüni «turan» bilen baglanyşdyrýarlar. Bu ikisi hem ýasama sözler bolup, olaryň yzyndaky -k we -an goşulmalary hem köplük san, hem söz ýasaýjy goşulmalar bolup durýar.
Ýazuw çeşmelerinde Tur, turan sözleri ilkinji gezek miladydan öňki VII asyrda kemala gelen «Awestada» duş gelýär. Bu ýerde Türa (töre) görnüşinde gelýär. Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda we ondan aňyrdaky sähralarda ýaşaýan taýpalaryň umumy ady turlar bolupdyr. Olar patyşasy Alp Är Töňe (Töre, Türe) Eýranda Afrasiab adyny alypdyr.
Biz Eýran taryhynda Eýran bilen Turanyň tapawutlandyrylýandygyny bilýäris. Bularyň ikisinde hem ary, hindiýewropa taýpalary ýaşapdyr. Ýöne eýranlylar bilen turanlylar dini boýunça biri-birinden tapawutlanypdyrlar, şonuň üçin hem olaryň arasyna sowuklyk düşüp, käte bu gapma-garşylyga-da öwrülipdir.
Taryhçy L.Gumilýow Eýran bilen Turanyň arasyndaky gapma-garşylyga Zaratustranyň getiren täze dini sebäp boldy diýip hasaplaýar. Arylaryň täze dini kabul eden bölegi eýranly, ony kabul etmän, ata-baba hudaýlary bolan döwlere çokunmagyny dowam etdirenleri bolsa turanlylar adyny alypdyr. Turanlylara Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan saklar, massagetler, dahlar, parlar we beýleki çarwa hindiýewropa halklary giripdir. I müňýyllygyň II ýarymynda saklaryň ornuny ilki sarmatlar, dahlar, soňra alaňlar eýeläpdir. Tutuş I müňýyllyk we miladyň başky asyrlary şu ata-babalarymyzyň aýgytlaýjy syýasy hem etniki orun eýelän döwrüdir. Men bular barada soň giňişleýin gürrüň ederin. Häzirlikçe bolsa şu turanlylaryň – türkmenleriň «sak – skif» sözleriniň özgermegi we miladyň I müňýyllygynda oguz diýlip gaýtadan atlandyrylyp başlandygyny aýtmakçy. IX asyrdaky gurakçylyk sebäpli oguzlar – saklaryň nesilleri ýurduny taşlap gidýärler we ikä bölünýärler: torklara hem-de ürkmenlere. Torklar – yslamy kabul etmedik, türkmenler – yslamy kabul eden oguzlardyr. L.Gumilýow: «Oguzlar – gadymy turanlylaruň, sarmatlaryň we alaňlaryň nesilleridir», «antropologik tipi boýunça ýewropeid, dili – türki» diýip ýazýar. Bu taryhy prosesi dogry suratlandyrýar.
Görnüşi ýaly, taryhyň her täze öwrülişigine aňyýetiň täzelenmegi sebäp bolýar. Has dogrusy, ol täze aýlaw, öwrüm aňyýetde şöhlelenmesini tapýar, onuň sebäbi hem howa, tebigat ýagdaýlarynyň üýtgemegi, onuň netijesi bolsa etniki ösüşde täze döwrüň başlanmagydyr. Tebigat – gan-süňň (etnogenetika) – aňyýet – din – dil – ine, her öwrümiň logikasyny şu hili hereket ýaýlymy düzýär.
Häzirki wagtdan 10-12 müň ýyl ozal Nuhuň tupany bolup geçdi.
Netijede Orta Aziýada Ýafesiň nesli örňedi.
Änew medeniýeti döredi.
Mundan 3-4 müň ýyl ozal howanyň guraklaşmagy bilen ol medeniýet ýoga çykdy. Orta Aziýanyň demirgazygynda ýaşan arylar Günorta hereket etdiler. Muňa şol ýerleriň howasynyň guraklaşmagy sebäp boldy. Netijede täze – turanlylar döwri başlandy.
Uzboýyň suwunyň artmagy, Aralyň suwlulanmagy bilen Horezm-Was döwleti döredi.
Miladynyň IX asyryndaky gurakçylyk netijesinde oguzlar-türkmenler iň soňky gezek ýene-de bölündiler.
Takmynan, her müň-müň ýarym ýyldan Orta Aziýanyň howa ýagdaýy düýpli üýtgeýär. Bu bolsa biziň ata-babalarymyzyň taryhynda täze bir döwri açýar.
Men indi oguz-türkmen sözüniň etimologiýasyna gaýdyp geleýin. Başky aýdan özen hem gatlaklylyk tezisime laýyklykda bu gürrüňi dowam etdirmekçi. Diýmek, türkmen sözüniň iň ilkinji – özen manysy asylzada, asly nurdan diýmegi aňladýar.
Men «oguz» sözüniň hem ilki manysynyň şuňa syrygýandygyny aýtmakçy. Oguz sözüniň asylky görnüşi owuz – ilkinji, sap arassa süýt manysyndadyr. Bu manylar taryhy taýdan miladydan öňki II müňýyllyga we ondan aňyrky döwre degişlidir. Miladydan öňki II we I müňýyllyklaryň sepgidinde TÜRKMEN SÖZÜNIŇ hem, OGUZ SÖZÜNIŇ hem ÖZENINIŇ DAŞYNDA BIRINJI MANY GATLAGY ÝAZYLDY. Munuň özi oguzyň «öküz» şekilinde, «türkmeniň» hem tür(k) – gäw şekilinde aňlanylmagydyr. II müňýyllykda Türkmenistanyň çäklerinde öküziň kulty güýçli bolupdyr. Biz bürünç eýýamyndaky Altyndepeden öküziň altyndan kellesiniň tapylandygyny bilýäris. Bu kerançylyk kultudyr. Halkymyzyň adynyň bu gadymy aňlanylyşy hatda orta asyrlarda hem doly unudylmandyr. Abulgazy Oguz hanyň, takmynan, bäş müň ýyl ozal ýaşandygyny, özem Gawomardyň zamandaşy bolandygyny ýazýar. Gawo – mard – gäw – adam, öküz – adam diýmekdir.
Miladydan öň I müňýyllygyň VII – VI asyrlarynda OGUZ-TÜRKMEN SÖZÜNIŇ DAŞYNA IKINJI MANY GATLAGY ÝAZYLDY. Bu biziň aslymyz bolan ary çarwalary – saklar bilen baglanyşyklydyr. Günbatar alymlaryndan O.Jimeneri skif sözüni skufa – «ýaýly adam» diýip düşündirýär. J.Markwart bolsa şol bir wagtda «oguzy» – okly adam diýip terjime edýär.
Oguzyň hem, türkmeniň hem ok-ýaý manysyny berýänligi jedelsizdir. Çünki bu Oguz hanyň öz taryhynda beýan edilen wakadyr. Reşideddin muny şeýle beýan edýär: «Birnäçe günden soň bu alty ogul awa çykdylar. Olar bir altyn ýaý, üç sany altyn ok tapýarlar (bir topar taryhlarda bu altyn ýaýy we altyn oklary Oguz hanyň özi gömüp goýup, soňra şol ýere ogullaryny awa iberdi diýip ýazylýar). Ogullar bu zatlary atalaryna getirýärler. «Bulary nähili bölüşmeli» diýýärler. Ol ýaýy üç ogluna berýär. Üç okuň her birini üç kiçi ogullaryna berýär. Ol uly ogullardan bolan kowumlar goý «bozok» diýsinler, olaryň lakamy «bozok» bolsun. «Bozok» diýmek «bozmak, döwmek» diýmekdir. Bulara onuň üçin «bozok» diýdiler ki, ýaýy paýlaşmak üçin ony bozmaly boldy. Üç ok alan ogullarynyň kowmuna «üçok» lakamyny berdi».
Bu rowaýat gürrüňsiz sak – skif asylly rowaýatdyr. Çünki saklardan galan arheologik ýadygärliklerde ok-ýaý bermek dessurýeti häkimligi miras bermek manysynda kän duş gelýär. Saklaryň bu taryhy rowaýatlary diňe Oguznamada däl, eýsem hatda Görogly eposynda hem gaýtalanýar. Göroglynyň ýaý edinişi uly bir kyssa bolup durýar.
Rowaýat «oguz» sözüniň «sak» bilen gönüden-göni baglanyşygyny görkezýär. Oguz hanyň ok-ýaý paýlaşyşy teswiri miladyň VIII-IX asyrlarynda doly kemala gelipdir. Gadymy ene dili bolan sak dilini unudandyklary şu rowaýatdaky «üçok», «bozok» sözlerinden görünýär. Şu ýerde bir çiglik bar. Bu sözler şol rowaýat esasynda däl-de, rowaýat şol sözlere, köneden gelýän sözlere, aslynda sak diliniň unudylan sözlerine indi täze düşündiriş bermek zerurlygyna esaslanan bolmaly. Sebäbi «üçok» meselesi düşnükli diýeli, emma «boz ok» jümlesi bu günki türkmene düşnükli däldir. Türki dillerde beýle söz düzümi ýasama eşidilýär. Şonuň üçin hem biz bu ýerde ýalan etimologiýany görýäris. Aslynda bu söz düzümleriniň ikisinde hem «sak» köki bar. Üçok – üsok – YSAK we bozok – bosok – BOSAK.
Bu saklaryň goşunynyň iki topara bölünişiginiň galyndysy bolmaly. Ata-babalarynyň ok-ýaý däbini unutmadyk, ýöne sözlerini unudan gadymy (ezeli däl!) oguz-türkmenler gadymy sak sözlerini üýtgedip, ony-da şol däbe laýyk rowaýata öwrüpdirler.
«Oguz» sözi ýaly türkmen sözi hem «tir-keman» diýlip okalyp bilner. Bu hakda biziň alymymyz A.Bekmyradow giň barlaglar geçiripdi. Tir – ok, keman – ýaý diýmekdir. Şu hili okalyş türkmeniň miladydan öňki I müňýyllygy we miladyň başky asyrlaryny öz içine alýan taryhyna doly laýyk gelýär.
OGUZ-TÜRKMEN SÖZÜNIŇ ÖZENINE ÜÇÜNJI MANY GATLAGY ata-babalarymyzyň diliniň häzirki görnüşine geçip, olaryň yslamy kabul eden döwürleri bilen baglanyşyklydyr. Şu gatlak boýunça «türkmen» sözi iki bölege bölünýär: türk we man (men) – «türk adamsy» diýip, türki halky diýip düşündirmek mümkin. Wenger alymy J.Nemethiň pikiriçe, «oguz» hem «ok+z»-den emele gelýär. Bu ýerde «ok» – «oýmak», ýagny urug, taýpa, halkyýet, «z» bolsa köplük goşulmasydyr.
Şeýlelikde, rowaýatlar, diliň maglumatlary, etniki taryh, tebigy hadysalar, medeni-aň ösüşi bitewi bir hadysa hökmünde göz öňüne gelýär. Oguz-türkmen düşünjesiniň taryhy-da türkmen halkynyň taryhy ýaly baýdyr we çylşyrymlydyr. Çylşyrymlylyk bolsa asla-da bulam-bujarlyk diýmek däldir.
«Türkmen taryhy» kitaby taryhda henize çenli belli bolmadyk wakalary ýüze çykarar, bulam-bujar hasaplanýan käbir meseleleri aýdyňlaşdyrar, düşnükli, sada eder. Bäş müň ýyllyk taryh aýdyň bir sapaga düzüler, netijede türkmen taryhyny öwrenmek meselesi ýeňilleşer. Bu ürkmen taryhynyň, türkmen halkynyň ýüreklerine aralaşmagyna rowaçlyk berer.
Men kalbymda besläp gelýän bir mukaddes pikirimi şu ýerde jemleme hökmünde nygtamak isleýärin: Türkmen halkynyň, türkmen taryhynyň dünýä ýaň saljak günleri uzakda däldir. Türkmeniň beýik taryhy dünýä ýüzüne nusga-nemuna bolar. Men türkmeniň şu gününiň hem dünýä nusga-nemuna boljakdygyna berk ynanýaryn.
12. Türkmen taryhynyň gadymyýeti

Ylym taryhyň özüni açýar, rowaýat taryhyň manysyny açýar.
Şeýle bir rowaýat bar.
Allatagala özüne bende ýaratmak isläpdir. Ol öz bendesini toprakdan ýaratmalydygyna oňat düşünip, perişdelerini Ýere ýollapdyr. Emma başda iberilen perişdeler boş gaýdyp gelipdirler. Çünki Ýer öz synasyndan bölüp bermek islemändir. Onsoň Allatagala Ezraýyl perişdäni iberipdir. Ezraýylyň bu ýumuş üçin saýlanyp alynmagy Ýaradanyň hereketiniň iki pursatyny aňladypdyr. Ilki bilen-ä Ezraýyl öňki perişdeler ýaly beýle bir dözümsiz däl eken, ol Ýeriň «ah-wahyna» gulak gabardyp durjak däl, onsoňam bu gezek Allatagala Ýer bilen Äht hem baglaşmakçy bolupdyr:
– Ýere aýt, men topragy karz alýaryn, möwriti gelende, karzymy gaýtarjakdyryn.
Diňe şondan soň, Ýer Allatagalanyň möhümini bitirmäge – öz synasyndan bir bölek bölüp bermäge razy bolupdyr.
Bir bölek karz alnan toprakdan ýaradylan adam ömrüniň soňunda, ýogalanda karzyny hökman ýere gaýdyp bermelidir – ýene Ýere siňmelidir.
Adamzadyň gaty gadymy taryhy adamyň diňe synasynyň däl, eýsem öz eli bilen döreden zatlarynyň hem topraga öwrülýändigini görkezýär.
Men topraga garylan gadymy harabalary birwagtky şäherleriň we kentleriň gubury diýip düşünýärin.
Olary ýörite öwrenýän ylym bar, oňa arheologiýa diýilýär. Arheologiýa gaýyba öwrülen geçmişi toprakdan gözleýän ylym. Adam paýhasy hemişe pursatdan peýdalanmak isleýär. Arheologiýa topraga siňen, emma topraga öwrülip ýetişmedik ýaşaýşyň yzyny çalyp, ony galyndylar görnüşinde bolsa-da dikeldip, şol esasynda hem gaýyp bolan ýaşaýşyň mümkingadar bitewüligini dikeldýär. Iň gadymy ýaşaýşyň diňe toprakdan dikeldip bolýanlygy owalbaşdan Asmana ymtylan adamzadyň ýüzüniň häzirlikçe ýere tarapdygyny görkezýär.
Türkmeniň iň irki ýaşaýşyny hem arheologiýa – bu yzşynaslyk ylmy gaýtadan, janly däl-de, gaýybana görnüşde dikeldýär.
Bizde arheologiýa XX asyrda döredi. Arheologiýanyň türkmeniň taryhynyň galyndylaryny dikeltmekde bitiren hyzmatlary az däldir. Elbetde, bu ylym taryhy döredenok, ol taryhy döretmek üçin maglumat berýär. Emma şunuň özem uly zatdyr. Biziň yzşynaslygymyz türkmeniň taryhynyň baryp orta asyrlarda tekrarlanan aşa gadymylygynyň maddy şaýatlaryny ýüze çykardy. Ýogsa bolmasa, orta asyr taryhçylary Oguz han taryhy bäş müň ýyldan bäri gelýär diýip ýazanlarynda, olaryň özi hem muny doly göz öňüne getiribem bilen däldirler. Şol sebäpdenem olar köp gürrüňlerini: «Dogrusyny Alla bilýär» diýmek bilen jemleýärler.
Eýse nä, dogrusyny hem dolusyny bir Alla bilýändir. Ýöne indi görşümiz ýaly, kem-käs bolsa-da, dogrusyny öz synasyndan bölüp beren ene Ýer hem bilýän eken.
Bu dünýäde ýaşaýarkagam, ýogalanymyzdan soň hem öz goýnundan ýer berjek hossarymyz Watandyr – ene topragymyzdyr. Bu Watanyň taryhy 10-12 müň ýyl mundan ozal başlanýar. Bu döwür Nuh aleýhyssalamyň öz ogly Ýafesiň zürýatlaryna Türkmenistan yklymyny ýer-ýurt edip beren döwrüdir. Edil şol döwrüň ýaşaýşynyň yzyny biz gadymy Oguz derýasy – Uzboýyň golaýyndaky Jebel gowagyndan tapyp bilýäris.
Jebeliň ýaşaýjylary, esasan, balykçylyk we awçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Balykçylygyň sebäbi – Uzboý şol wagt dolup-daşyp akýan beýik derýady. Şol döwürde – arheologlaryň orta daş asyry diýýän döwürlerinde Türkmenistanyň howa, tebigy şertleri häzirkisinden üýtgeşik bolupdyr. Ygal has köp düşüpdir. Şonuň üçin hem Uzboýyň kenarlaryny gür tokaýlyk tutup, olarda jerenler, gulanlar, ýekegapanlar, tilkiler we barslar agaýana gezipdirler.
Jebelli ata-babalarymyz täze daş asyrynda – IX-VIII müň ýyl ozal maldarçylyk bilen meşgullanyp, birnäçe haýwanlary eldekileşdiripdirler. Olaryň ýaşan ýerlerinden tapylan soky daşlary ata-babalarymyzyň däneçilik-ekerançylyk bilenem meşgullanandygyna, ýöntem toýun gaplary bolsa olaryň gap-çanaklary ýasamany başarandygyna şaýatlyk edýär.
Emma türkmeniň üznüksiz bitewi taryhy täze daş asyrda – miladydan öňki VI müňýyllykda jebellileriň Köpetdagyň eteklerine süýşmegi we Jeýtun diýen ýurdy esaslandyrmagy bilen başlanýar. Jeýtun medeniýeti eneolit – mis-daş asyry döwründe – miladydan öňki V müňýyllykda has ýokary derejä ýetipdir.
Atalarymyzyň Jeýtuna gelmegine bolsa bu ýeriň – häzirki Aşgabadyň edil eteginiň tebigy şertleriniň oňat ýaşaýyş üçin doly ýaramly bolanlygydyr. Munda sarp ediji hojalykdan öndüriji hojalyga geçmäge ähli şertler bolupdyr: suwarylan halatynda bol hasyl berjek mes toprak, düme ekinlerini ekmäge mümkinçilik berýän ygally howa, arly ýyl ekerançylyk bile meşgullanara çaýlar, çeşmeler, öri meýdanlar, agaç öndürmäge mümkinçilik berýän dürli hem baý ösümlik dünýäsi bolupdyr. Emma Jeýtun şäher däl-de, oba nusgasyndaky medeniýet ojagy bolupdyr. Olarda ekerançylyk, dowardarçylyk, külalçylyk ösüpdir. Özboluşly ynançlar hem sungat bolupdyr. Muňa özboluşly gap-çanaklar, dürli keramatlylaryň heýkeljikleri, çokunylýan butlar saklanýan otaglaryň galyndylary şaýatlyk edýär. Jeýtun oguzlaryň ata-babalarynyň ýurdy bolupdyr.
Soňra jeýtunlylar Änewe geçýärler. Emma ata-babalarymyzyň ösen şäher – döwlet guran ýeri Ýaňykentdir. Şonuň üçin hem men türkmeniň ezeli medeni taryhyny Ýaňykentden başlaýaryn. Oňa geçmezden ozal okyja düşnükli bolar ýaly, ata-babalarymyzyň mis-daş asyry, bürünç asyry döwründäki taryhynyň wagt taýdan nähili göz öňüne getirilýändigini görkezmekçi. Yzşynaslyk ylmynda şol döwürleriň taryhy Namazga toplumy boýunça göz öňüne getirilýär. Bular Namazga I – V – Marguş aralygyndadyr. Ondan öň bolsa Änew I A diýilýän, ondanam öň Jeýtun medeniýeti diýilýän döwürler gelýär. Şeýlelikde, miladydan öňki VI-II müňýyllyklar tertip boýunça şeýle dikeldilýär:
Elbetde, munuň özi gaty umumy göz öňüne getirişdir. Özem bu görkeziji, esasan, Günorta Türkmenistana niýetlenen. Şonuň üçin hem bu umumy görkezijä eýermek bilen bir wagtda, degişli döwürlerde Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde – dinozawlaryň yzlarynyň saklanyp galanlygy bilen dünýä taryhynda agzalýan Köýtendagda, Günorta-günbatarda (Sumbar, Madaw), Gündogar-demirgazykda (Amul, Zemm), Günbatar-demirgazykda (Uzboý), demirgazykda (Horezm) garaz, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýyş-medeni merkezleriniň bolandygyny we olaryň özara hyzmatdaşlyk edendigini bellemek gerek. Taryh alymlaryň göz öňüne getirişinden has çylşyrymly, has janly we köptaraplaýyn bolupdyr.
Ýöne bu eýýamlaryň we medeni merkezleriň içnde iň oňat öwrenileni we türkmen taryhynda iň ähmiýetlisi ösen bürünç eýýamyndaky Ýaňykent şäheridir – Ezeli oguz-türkmen döwletidir we Marguş ýurdudyr. Şonuň üçin hem men ilkinji giňişleýin taryhy Ýaňykende bagyşlaýaryn.

        Ady                 eýýam                    döwür                  nirede

  Jeýtun
 medeniýeti   täze daş eýýamy   VI müňýyllyk       Aşgabatdan
                                                                                        30 km günb.
                                                                                        -demirgaz.
 Änew I A         irki mis-daş         V müňýyllyk.       Çagylly depe.
                             eýýamy    
 Namazga I      irki mis-daş       V müňýyllygyň     Daşlyja depe.
                             eýýamy             ikinji ýarymy,       Daşlyburun.
                                                        IV müňýyllygyň
                                                                başlary. 
 Namazga II    ösen mis-daş        IV müňýyllygyň       Ýalaňaç
                             eýýamy                ortalary we               depe.       
                                                          ikinji ýarymy.
Namazga III    giçki mis-daş       IV müňýyllygyň       Göksüýri
                              eýýamy                    ahyry, III             obalary.
                                                           müňýyllygyň
                                                                  başlary.
Namazga IV       irki bürünç       III müňýyllygyň         Hapuz
                              eýýamy                 ortalary we            depe.
                                                           ikinji ýarymy.
 Namazga V       ösen bürünç     III müňýyllygyň         Ýaňykent
                               eýýamy                ahyry, II                    şäheri.
                                                        müňýyllygyň
                                                            başy.
 Marguş              ösen we            II müňýyllygyň             Marguş      
 toplumy             giçki bürünç        başlary we                döwleti.
                              eýýamy             ikinji ýarymy.            
 Wagşyçylykly     irki demir       II müňýyllygyň          Oguz ili.
 basybalyş              asyr we                 ahyry,
 eýýamy                gadymyýet       I müňýyllygyň
                         başy

Dünýäde iň ezeli medeni merkezleriniň ikisi Türkmenistandadyr. Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan, Hytaý döwletleri şol ezeli medeni merkezler hasaplanýar. Dünýädäki bäşinji medeni merkez taryh ylmynda şu güne çenli Altyndepe diýlip atlandyrylyp gelnen Ýaňykentdir.
Dünýädäki altynjy medeni merkez bolsa Marguşdyr.
Ýaňykent näme üçin dünýädäki ezeli medeni merkeziniň hataryna goşulmady? Onuň näme üçin şol sanawa goşulmandygyny men Ýaňykende bagyşlan bölümimde giňden durup geçmekçi. Şonda dünýäde bäşinji ezeli medeni merkez nähak hasaplanmandygyny, Ýaňykendiň adamzat taryhyny öwrenmekde çäksiz uly gymmatlykdygyny birin-birin aýdyp geçerin.
Meniň ýazýan taryhymyň ylmy esaslydygy we ylymdaky öňdebaryjy garaýyşlara hem-de täzeliklere laýyk gelýändigi bilen bir wagtda öz öňünde aňyýet bilen baglanyşykly maksatlary goýýar: öňem aýdyşym ýaly, taryh diňe beýan etmekden ybarat bolanda, okyjynyň ruhy hajatlary kanagatlanman galýar. Men taryhy belli pelsepe nukdaýnazaryndan bir aňyýet bitewüliginde düşündirýärin, okyjylaryň ruhy-aňyýet hajatlaryny kanagatlandyrmaga çalyşýaryn.
Ýaňykendiň taryhy Änew medeniýetiniň çäklerinde doly aýan bolýar. Ýaňykendiň beýik şäher medeniýeti tas 4 müň ýyllyk medeni ösüşiň netijesidir. Şoňa garamazdan, men Ýaňykent taryhyny özünden öňki ösüş bilen birlikde däl-de, aýratynlykda alýaryn. Sebäbi, birinjiden, ähli deslapky ösüşi aljak bolsaň, örän köp wagt hem orun gerek bolar. Ikinjiden, meni Ýaňykent özboluşly şäher medeniýetiniň, birwagtky ata-babalarymyzyň käbir taraplary şu gün hem dowam edýän maddy-ruhy durmuşynyň gaýtalanmaz durgun gurluşy hökmünde gyzyklandyrýar. Daşky baglanyşyklar gowy zat, ýöne Ýaňykendi doly açmak üçin şol baglanyşyklardan ýüz döndermek maksadalaýyk işdir.
Men Ýaňykendiň arheologlar tarapyndan açylyşy, ol barada işlän we ýazan alymlaryň işleri hakynda aýdyp hem oturjak däl. Çünki meniň taryhym hususy ylmy häsiýetli akademiki taryh däl. Ol işler alymlaryň döredijilik ussahanasynyň içindäki zatlardyr. Meniň maksadym şolaryň berk ylmy sütünlerine esaslanyp, türkmeniň ruhy-aňyýet taryhyny dikeltmek. Türkmeniň ruhy-aňyýet taryhy bilen gyzyklanýanlar bolsa, ol işler bilen tanşyp bilerler.
Dünýä ýollarynyň çatrygynda, örän amatly ýerde ýerleşen Türkmenistan ýaşaýşyň ähli döwürlerinde geçmişiň uly taryhy wakalarynyň jümmüşinde bolupdyr. Bu toprak adamzat medeniýetiniň örän gadymy gülläp ösen ojaklarynyň biridir. Ol diňe çäginiň amatly ýerleşenligi bilen däl, eýsem öndürýän tapylgysyz önümleri, şeýle hem meşhur baştutanlary öňe çykarany üçin-de dünýä mülim bolupdyr. Türkmenistanyň çäginde ilkinji uly taýpa-tireleriň göçüş akymlary bolup geçipdir. Bu topragy dürli şalyklar basyp alýar, gurlan köne döwleti tozdurýarlar, täze imperiýa döredýärler. Ýurt ýaňadan kuwwatlanýar we ýene-de dargaýar.
Ýurtlar, döwletler öz aralarynda serhet döreden bolsalar-da, ynsanyň medeni gatnaşygynda serhet bolmandyr. Başgaça aýdylanda, ynsanlar arasyndaky aň-düşünje gatnaşygyna hanlar, hökümdarlar hiç mahal serhet çekip bilmändirler.
Türkmenistanyň ezeli döwür taryhyna degişli maglumatlaryň ençemesi şu toprakda saklanan bolsa, galany goňşy döwletleriň gadymy ýazgylarynda galypdyr. Şonuň üçin-de biz adamzadyň ösüş taryhyny öz ýurdumyzyň arheologik açyşlary we soňky ýyllardaky täsin paleografik maglumatlar esasynda öwrenýäris, şeýle hem goňşy ýurtlardaky gerekli maglumatlara-da salgylanýarys. Geçmişde taryhy ykbal türkmenleri we olaryň ata-babalaryny Merkezi Aziýadan Ortaýer deňzine we Hindistandan Günorta Orsýetiň sähralyklaryna çenli pytradypdyr.
Häzirki wagtda adamzadyň iň ezeli mekany Gündogar Afrika hasaplanýar. Tanzaniýada, Keniýada, Efiopiýada jandarlaryň galyndy süňkleri hem-de ýönekeý daş gurallary tapyldy. Adamzadyň haýwanat dünýäsinden tapawutlanýan serheti zähmet gurallarynyň ýasalyp ugralan döwründen başlaýar. Ol biziň günlerimizden 2,5–3 million ýyl bilen senelenýär.
Ilkinji daş gurallaryny maýmynlar – awstralopitekler ýasap başlapdyrlar. Muny olara tebigy ýagdaýlar mejbur edipdir. Adamlaryň ata-babalary et iýmitine geçipdir. Şu ýagdaý bilen baglanyşykda, ynsana nähilidir bir awçylyk ýaragy – gural gerek bolupdyr. Ol gurallary ýasamaga ýönekeý daşlar hyzmat edipdir. Olary bölekläp, ýitiläp, dürli maksada ýaramly daş guralyny ýasapdyrlar. Şeýdip, adamzat taryhynda ilkinji we iň dowamly döwür has gadymy (has irki) daş gurallarynyň döwri ýa-da paleolit başlanýar. Şol zamanda daş gurallaryndan başga-da, süňkden, agaçdan ýasalan gurallar hem ulanylypdyr.
Ynsanyň oýlanyşykly zähmet çekmegi onuň dürli tebigy şertlere uýgunlaşyp bilmegi, olaryň san taýdan köpelmegine we köpçülikleýin ýaýramagyna getirýär. Ilkibaşda Afrikanyň ýaşaýyş üçin ýaramly ýerlerine göçülip barylýar, soňra adamlar Ýewropa we Alynky Aziýa aralaşýarlar. Bu waka, takmynan, mundan million ýyl öň bolup geçýär.
Ol ýerlerde daşdan ýasalan gurallaryň döwri dowam edýär. Şol beýik ýaýraýşyň bir ujy Türkmenistanyň çägine hem gelip ýetýär. Türkmenistanda iň irki döwre degişli gurallar Günbatar Köpetdagda – Sumbaryň we Çendiriň derelerinde aýan edildi. Tapyndylaryň senesi, takmynan, million, iň bolmanda 800 müňýyllyk bilen kesgitlenýär. Umuman, Günorta Türkmenistan Aziýada ilkidurmuş adamlarynyň mekan tutan ýurtlarynyň irkileriniň hataryna girýär.
Wagtyň geçmegi bilen adamyň täze görnüşi – homoerektus emele gelýär. Dik, iki aýagynyň üstünde göni ýöreýän adama pirekantrop diýipdirler. Ol döwür aşel medeniýetine gabat gelýär. Onuň esasy aýratynlygy zähmet gurallarynyň ikitaraplaýyn bejerilmegidir. Olaryň esasy görnüşi el çapgyjy bolupdyr. Dagynyk aşel döwrüne degişli gurallar Şagadam sebitinde, Uzboýda, Etrek derýasynyň boýunda, Merkezi Garagumda aýan edilendir. Biziň ýurdumyzda aşeliň başlangyjy, takmynan 400 müňýyllygyň sepgidinde diýlip çaklanylýar. Aşelliler derýalaryň kenarlarynda ornaşypdyrlar. Ilatyň seýrekligi we haýwanat dünýäsiniň baýlygy olaryň şol gonalgalarda has uzak wagtlaýyn ýaşamagyny üpjün edipdir. Olar sähralykdaky we jeňňellikdäki iri haýwanlary awlamagy amatly hasaplapdyrlar.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 27 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: