18:51
Taryhyñ iñ meşhur jelepleri

TARYHYÑ IÑ MEŞHUR JELEPLERI

"Kemçinlik eýleýip ýygan puluny,
Düzedip özüne daka başlady..."
Magtymguly PYRAGY.

Jelepçilik etmek düýn ýa şu gün çykan zat däl, bu pişe dünýäniñ taryhy ýaly gadymy. Ýagdaý şeýle bolansoñ, jelepçiligiñ taryhy-da okyjylary gyzyklandyrsa gerek. Hernäçe gizlemek islesek-de, örän seýrek duş gelenem bolsa, jelepçiligiñ yzlaryna biziñ taryhymyzda-da gabat gelmek bolýar. Jelep sözüne manydaş loly, kemçin, künti... ýaly sözleriñ bolmagy hem sözümiziñ dogrudygyna kepil geçse gerek.
Mysaly irki edebi çeşmelerimizden alalyñ. "Gorkut ata" eposynyñ "Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýy" bölüminde Bamsy Birek uzak illerde mysapyrlyk çekip gelenden soñ, Ýalançy Ýalynjañyñ alyna aldanyp durmuşa çykmaga razylyk beren söýgülisi Banu Çeçegiñ öñüne çykanda onuñ garşysyna Bogazja Patma atly aýal çykýar. Bogazja Patma sözüñ doly manysynda jelep. Aşakda biz onuñ Bamsy Birek bilen aýdyşygyndan parçalary bereris.
Hernäme-de bolsa, bu ýaramaz pişe bilen meşgullanýan zenanlaryñ döwi beýleki ahlakly zenanlara garanda bir pelle aşakda bolupdyr. Munuñ başga hili bolmagy mümkin hem däl. Salyhatlylykda, añyrdan yzarlamakda, halallykda dünýäde deñi-taýy bolmadyk türkmen ahlak taýdan bozuk ýeñles gylykly aýal-gyzlara toýda-ýasda beýemçilik etmäge ýol bermändir, gazandyr ojagyñ başyna golaýlaşdyrmandyr. Türkmen muny gönüläp aýtmasa-da, aýlawly sözler bilen düşüner ýaly edip aýtmagy başarypdyr. Bamsy Birek şular ýaly ýerde ahlak taýdan bozuk ýeñles gylykly zenanlara öz hetdini tanatmagyñ nusgasyny berýär:

" - Ant içeýin, bu göz bogaz gysyraga mündügim ýok,
Garabaşa bardygym ýok,
Öýñüziñ ady "Derejik" dälmi?
Itiñiziñ ady "Barak" dälmi?
Seniñ adyñ kyrk oýnaşly Bogazja Patma dälmi?
Gaty gitseñ, başga aýyplaryñy hem açaryn!
Seniñ bile meniñ oýnum ýok, bar ýeriñe otur..."

Jelepçilik temasy seýregrägem bolsa häzirki zaman türkmen prozasynda işlenmeýän tema däl. Oraz Ýagmyryñ "Duman daganda" romanyndaky Aýgözeliñ, Annageldi Nurgeldiýewiñ "Töhmet belasy", "Ýalñyz şaýat" powestlerindäki Gözeldir Heseliñ, Orazguly Annaýewiñ "Girdap" powestindäki Jemalyñ, Goçy Annasähedowyñ "Elden-ele geçen gyz" powestindäki Balgyzyñ, Merdan Baýadowyñ "Ene" hekaýasyndaky Aýjemalyñ obrazy jelepçilik ýoluna ymykly düşen zenanlaryñ obrazydyr. Şuña meñzeş sutonýor jelepleriñ obrazy Sapargeldi Annasähet Iner oglynyñ, Öwezdurdy Nepesowyñ romanlarynda hem duş gelýär. Olaryñ arasynda jelepçilik ýoluna ykbaly keç gelip düşenlerem bar, özi ilgezik bolup meslikden jelepçilige baş goşanlaram bar. Biz bu ýerde jelepleriñ çeper obrazyna edebi seljerme geçirmekçi däl. Bu eýýäm başga makalanyñ gürrüñi. Häzir bu ýaramaz pişeden söz açmak bilen çeper obrazlaryñ däl-de, jelepçilik etmekde taryhda yz galdyran käbir belli zenan şahslaryñ adyndan söz açmakçy. Aşakda ady agzaljak jelepler ýaşap geçen döwründe beýleki jelepleriñ ählisinden bir ädim öñe saýlanypdyr.

■ Frina

Gadymy Gresiýanyñ taryhynda ýaşap geçen iñ meşhur jelepleriñ biri-de Frinadyr. 
Frinany tanymallyga ýetiren zat onuñ çakdanaşa owadanlygyndan ötri haýsydyr bir kiçeñräk etmiş bilen aýyplanyp jogapkärçilige çekilmegidir.
Frinanyñ aklawjysy sud mejlisine çykmazdan öñinçä onuñ ýakasyny bilgeşleýin ýyrtypdyr. Onuñ perişan halyny gören kazy bolsa Frinany bigünä diýip bilmek hakynda karar kabul edipdir.

■ Salli Solsberi (1692-1724)

Şol döwrüñ Londonynda özüni oñarýan kisesi pulluja aristokratlaryñ ählisi Salliniñ müşderisi eken. Günlerde bir gün ol tanşan erkekleriniñ biri bilen özara dawalaşýar we ony döşünden ýaralaýar. Sud ony bir ýyl azatlykdan mahrum edýär. Hanym Salli zyndanda birküç aýyny geçirensoñ, zyndanda sifilis keseli zerarly aradan çykypdyr.

■ Weronika Franko

Weronika Franko XVI asyr Fransiýasynyñ erkekler tarapyndan arzuwlanýan iñ tanymal jelepleriñ biri bolupdyr. Hatda Fransiýanyñ koroly Anri III hem onuñ müşderisi eken. 
Weronika Franko jadygöýlik bilen aýyplanyp, jogapkärçilige çekilýär. Ýöne ol özüni ökdelik bilen aklamagy başaryp ýakylmakdan halas bolýar, şol gün onuñ bilen bile sud mejlisine çykan aýallaryñ Weronikañky ýaly mañlaýy çüwmändir...

4. Lulu Waýt

Lulu Waýt 1800-nji ýyllarda ABŞ-nyñ Nýu Orlean ştatynyñ iñ tanymal jelepleriniñ biri bolupdyr. Onuñ bilen bir düşege girmek beýlede dursun, ýeke gezek näz-kereşme bilen ýyrşaryp bakmagy-da aýallardyr erkekleri özüne bendiwan edip taşlapdyr. Belkäm, şonuñ üçindir, Amerikada häli-häzirlerem Luly Waýtyñ adyny göterýän jaz klublary bar.

■ Sada Abe

XX asyryñ başlarynda ýaşan ýapon geýşasyny Ýaponiýada tanamaýan ýokdy. Ol özüniñem jelepçilik meşgullanýandygyna garamazdan "gezýän" erkeginiñ başga biri bilen ýakyn gatnaşykda bolýanyny bilip, gabanjañlygyny ýeñip bilmedi. Ol "gezýänini" gynap öldüripdir, öldürensoñam jesedini bölek-bölek edip parçalaýar. Polisiýa işgärleri Sadany ele salanlarynda, onuñ gapjygyndan öldürilen biçäräniñ jynsy agzasy çykypdyr. Sada sud jogapkärçiligine çekilende özüne ölüm jezasynyñ berilmegini haýyş etse-de kazylar ony bäş ýyl azatlykdan mahrum edýär.

6. Ketrin Uolters

Ketrin Uolters XIX asyr Angliýasynyñ iñ elýetmez jelepleriniñ biri bolupdyr. Hatda ol "Hyde Park" seýilgähine gezim etmäge çykanda ony diñe ýeke gezek görmek üçin sansyz mähelle yzyndan ylgaýan eken. Onuñ müşderileriniñ arasynda öz ýurdunyñ koroly bilen birlikde käbir goñşy ýurtlaryñ korollary hem bolupdyr. Megerem şonuñ üçindir, Ketrin Uolters baý we bol-telki durmuşda ýaşapdyr.

7. Margareta Gertruda Zella

Mata Hari ady bilen tanalýan Margareta Gertruda Zella ekzotik tanslary etmek bilen erkekleri özüne maýyl edipdir. Ol Birinji jahan urşunda Germaniýanyñ hasabyna jansyzlyk etmekde aýyplanyp atylyp öldürilýär.

■ Çin Si (1775-1844)

Hanym Çžen ady bilenem tanalýan Çin Si işleýän jelephanasyny garakçylar talandan soñra garakçylaryñ baştutany bilen arasyny sazlap "gezip" başlapdyr. Garakçybaşy "äri" öldürilenden soñ garakçylaryñ başyna özi geçip taryhyñ iñ uly zenan garakçysyna öwrülipdir. Çin Si Hytaýa gan gusdurypdyr. Onuñ hasabyna işleýän 300 sany gämisi we 40 müñe golaý nökeri bolupdyr.
   
Taýýarlan: Has TÜRKMEN.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 129 | Добавил: Has | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 4.6/11

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Dünýäde näçe gowy aýallar bolsa-da, käbir erkekleriň ulanylyp halys "elekden geçen" jeleplere meýilleri hiç öçenok.Munuň ýönekeýje sebäbi bar - her kim özüne kybapdaşa ymtylýar.
Bu meseläniň çözgüdine Swesiýanyň garaýşy beýleki döwletleriňkiden düýpgöter tapawutlanýar. Ol ýerde "söýgini" satmaklyga rugsat berilýär, emma satyn almak jenaýatçylyk hasaplanylýar.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: