21:14
Taryhyñ iñ meşhur içalylary

TARYHYÑ IÑ MEŞHUR IÇALYLARY

XX asyrda bolup geçen uruşlar, syýasy gapma-garşylyklar we ykdysady krisizler kontrrazwedkanyñ ähmiýetini hasam artdyrdy. XX asyr sözüñ doly manysynda "Jansyzlaryñ asyry" bolupdy. Bu gezek Siziñ üçin geçen asyrda jahanyñ iki uly urşundan "sowuk urşa" çenli döwürde taryha adyny ýazdyran meşhur içalylaryñ sanawyny düzdük...

■ Mata Hari

Birinji jahan urşy ýyllarynda Germaniýanyñ hasabyna jansyzlyk eden tansçy jelep Mata Hariniñ hakyky ady Margareta Gertruda Zelladyr. Fransuz, iñlis we rus ofiserlerinden we ýokary wezipeli döwlet işgärlerinden iññän gizlin harby syrlary alyp, olary "gyzyna ýazylan hat" görnüşine getirip nemes komandowaniýasyna ugradypdyr.
Mata Hari 1917-nji ýylyñ 15-nji oktýabrynda fransuzlar tarapyndan atylyp öldürilýär.

■ Huan Pužol: 

Taryhyñ ikitaraplaýyn jansyzlaryndan bolan Huan Pužol 1912-nji ýylda Barselonada doguldy. Pužol Ikinji jahan urşy ýyllarynda hem Faşistik Germaniýanyñ hasabyna, hem Angliýanyñ hasabyna jansyzlyk edipdir. Iñlisleriñ hasabynda onuñ agent lakamy "Garbo", nemeslerde bolsa "Alarik Arabel" bolup gidipdir.
Pužol 1988-nji ýylda Wenesuelanyñ paýtagty Karakasda aradan çykypdyr.

■ Oldriç Heýzen Eýms

1941-nji ýylda doglan we ABŞ tarapyndan 1994-nji ýylda ömürlik tussaglyga höküm edilensoñ häzirem türme tussaglygynda oturan Eýms hem ABŞ-nyñ gizlin razwedka gullugy MRU-nyñ, hem SSSR-iñ hasabyna jansyzlyk edipdir.
MRU-nyñ ofiseri bolup işe başlandan soñ 1969-njy ýylda Türkiýäniñ paýtagty Ankara şäherine ugradylan Eýmse berlen tabşyryk sowet konrrazwedkasynyñ işgärleriniñ ABŞ-nyñ tarapyna çekmek bolupdyr.
Aýaly bilen aýrylyşansoñ maddy kynçylyklara uçran Eýms 1985-nji ýylda SSSR-iñ Waşingtondaky ilçihanasyna gidip, olara amerikan döwlet syrlaryny satyp, sowetleriñ hasabyna jansyzlyk edip başlapdyr. Şol bir wagtyñ özünde MRU-daky wezipesinde hem işlän Eýms KGB-niñ we Gyzyl Goşunyñ içine siñen amerikan jansyzlaryny sowetlere aýan edýär. Aýan edilen jansyzlaryñ 10-y öldürilýär. Eýmsiñ birden bol-elin durmuşda ýaşap ugramagy FBI-niñ ünsüni özüne çekýär we yzarlanyp başlan Eýms kän wagt geçmänkä ABŞ tarapyndan ilki SSSR-iñ, Russiýa Federasiýasynyñ hasabyna jansyzlyk etmekde aýyplanyp tussag astyna alynýar. 
Eýms taryhyñ iñ gymmatbahaly jansyzydyr. Onuñ durmuşy hakynda 1998-nji ýylda "Aramyzdaky dönük" («Aldrich Ames: Traitor Within» - «Олдрич Эймс: предатель внутри», в другом переводе «Шпион») ady bilen kinofilm hem döredildi. Şeýle-de 2013-2014-nji ýyllarda "ABC" amerikan teleýaýlymynda berlen sekiz bölümlik "Işeññir" («Активы» англ. "The Assets" — американский мини-сериал, основанный на книге «Отчет об Олдриче Эймсе и людях, которых он предал») teleserialynda hem Eýmsiñ obrazy janlandyryldy.
Iñlis jansyzy we ýazyjy Frederik Forsaýtyñ "Ikona" romanynda hem Eýmsiñ çeper obrazy işlenipdir.


■ Isser Harel

Ýewreý jansyzy Isser Harel (ýewr.: ‏איסר הראל‏‎, hakyky ady Izrail Natanowiç Galperin) Buenos-Aýrese gaçan nemes nasisti Adolf Eýhmanyñ 1960-njy ýylda ele salynmagy boýunça geçirilen operasiýanyñ baş gahrymanydy.
Ol Ysraýylyñ Kontrrazwedka gullugyna birnäçe ýyllap (1948-1963) başlyklyk etdi.
Russiýadan Ysraýyla göçen Harel 1963-nji ýylda öz arzasy bilen wezipesinden gidip MOSSAD-yñ hataryndan çykdy. 
"Howpsuzlyk we demokratiýa", "Jihad", "Sowet jansyzy", "Dogan doganyñ garşysyna", "Kasterniñ ölümi boýunça hakykat", "Uly aldaw", "Ýossel operasiýasy"... birnäçe kitabyñ awtory Harel 2003-nji ýylda Tel-Awiwde aradan çykdy.

■ Markus Wolf

Ýazyjy Fridrih Wolfuñ ogly we belli kinorežissýor Konrad Wolfuñ dogany Markus Iogannes Wolf Adolf Gitleriñ häkimiýet başyna gelmegi bilen aslynyñ ýewreýdigi sebäpli SSSR-e gaçypdyr. Ol  Germaniýa Demokratik respublikasynyñ merkezi hökümetine we kontrrazwedkasyna birnäçe ýyllap ýolbaşçylyk edipdir. Wolf tegelek 34 ýyllap kontrrazwedkanyñ 2-nji belgili adamy bolup "Sowuk urşuñ" gidişinde möhüm rol oýnapdyr.
1950-1980-nji ýyllar aralykda Günbatar Ýewropa ýurtlaryna dört müñden gowrak jansyz ýerleşdiren Wolf jansyzlary saýlap-seçip alanda görmegeý we syratly bolmagyna üns beripdir. Munuñ düýp sebäbi bolsa döwlet işlerindäki sekretarlaryñ gowşaklygyndan peýdalanmakdy. Şonuñ üçin Wolfuñ elinden çykan jansyzlara "Romeo jansyzlar" diýip at berlipdir. 
Markus Wolf 2006-njy ýylda segsen üç ýaşynda Berlinde aradan çykdy.

■ Rihard Zorge

1985-nji ýylda Bakuda nemes maşgalasynda doglan Rihard Zorge SSSR taryhynyñ iñ tanymal jansyzlarynyñ biridir. "Ramzaý", "Inson" lakamly Zorge Ikinji jahan urşundan öñ Ýaponiýada SSSR-iñ hasabyna işläpdir. 
Rihard Zorgeniñ ýetmedik ýeri ýokdur. Türkmen taryhçylary tarapyndan heniz takyklanmadyk bir maglumata görä, Zorge geçen asyryñ 20-30-njy ýyllarynda türkmen intelligensiýasynyñ we möhüm döwlet işgärleriniñ Staliniñ adam kerçeýji çarhynyñ aşagyna düşmeginde-de uly roly bolupdyr. Aýtmaklaryna görä Zorge Orta Aziýadaky türki respublikalaryñ millileşmegi ugrunda özara hyzmatdaşlyk etjek belli şahsyýetleriñ Ankarada gizlin saklanýan sanawynyñ fotokopiýasyny Staline ugradypdyr. Fotokopiýasy alnan şol sanawdan diñe Garaja Burunow we Berdi Kerbabaýew aman galypdyr.
Zorge Germaniýada we Ýaponiýada žurnalist donuna bürenen jansyz bolup işläpdir. Ol 1941-nji ýylda Tokioda ele düşýär we 1944-nji ýylda ölüme höküm edilýär.
Ölmeziniñ öñüsyrasy SSSR bilen gatnaşygynyñ barlygyny inkär etdi. Emma aradan çykan wagtyndan ýigrimi ýyl geçensoñ (1964) SSSR Zorgä "Sowet Soýuzynyñ Gahrymany" diýen hormatly ady dakdy.

■ Kim Filbi

1912-nji ýylda Angliýanyñ tabynlygyndaky Hindistanda iñlis çinowniginiñ maşgalasynda doglan "Kim lakamly Garold Adrian Rassel Filbi jansyz we syýahatçy Jon Filbiniñ ogludyr. Ol "Sowuk uruş" ýyllarynyñ ikitaraplaýyn işlän jansyzlaryñ biridir. Ilkibaşda britan kontrrazwedkasynyñ ýokary wezipeli jansyzlaryndan bolan Filbi, soñra SSSR-iñ hasabyna KGB üçin jansyzlyk edipdir. 
Kim Filbi 1988-nji ýylyñ 11-nji maýynda aradan çykdy.

■ Mihail Kolsow

Asyl käri žurnalist bolan Mihail Ýefimowiç Kolsow 1898-nji ýylda Kiýewde doguldy. Onuñ doglandaky ady Moiseý Haimowiç Fridlýanddyr. Şol bir wagtyñ özünde ýazyjy, publisist we jemgyýetçilik işgäri bolan Kolsow Ispaniýada Graždanlyk urşy turanda Kremliñ hasabyna jansyzlyk edýän eken. 
Kolsow Ispaniýanyñ Graždanluk urşy hakynda ýazan kitaplary bilen giñden tanalýar. 
1940-njy ýylyñ 2-nji fewralynda atylyp öldürilýär. 
Dünýä belli amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiñ "Jañ kim üçin kakylýar?" («По ком звонит колокол» - "For Whom the Bell Tolls") romanynda M.Kolsowyñ obrazy Karkow ady bilen hereket edýär.

■ Sidneý Reýli 

1873-nji ýylda Odessada doglan Sidneý Reýli Jeýms Bonduñ çeper obrazynyñ döremeginde esas bolup hyzmat edipdir. Reýli iñlisleriñ hasabyna jansyzlyk edenem bolsa, bir wagtyñ özünd alty ýurduñ hasabyna jansyzlyk edip bilipdir. 
XX asyryñ ilkinji superagenti hasap edilýän Reýli 1925-nji ýylda Moskwada aradan çykýar.

■ Gaý Býorjess

1911-nji ýylda doglan Gaý Frensis de Monsi Býorjess iñlisleriñ gizlin gullugynda işlemek bilen SSSR-iñ hasabyna jansyzluk eden ikitaraplaýyn agentdir. Ol "Sowuk uruş" ýyllarynyñ taryhynda uly rol oýnan şahsyýetleriñ biridir. Radio gepleşiklerini alypbaryjy Býorjess, "Kembriž bäşligi" diýip tanalan jansyzlaryñ biri hasaplanypdyr. 
Gaý Býorjess 1963-nji ýylda Moskwada aradan çykypdyr.

■ Entoni Blant

1907-nji ýylda Angliýanyñ Bornmut şäherinde doglan Entoni Frederik Blant "Kembriž bäşligine" giren jansyzlaryñ biridir. 
Sungatynyñ taryhyny öwreniji Blant iñlis gizlin gullugynda işlemek bilen bir wagtyñ özünde SSSR-iñ hasabyna jansyzlyk edipdir.
Entoni Blant 1983-nji ýylda Londonda aradan çykypdyr.

■ Duşan Popow 

1912-nji ýylda şol wagt Awstro-Wengriýa imperiýasynyñ çägindäki Serbiýada doglan Duşan Popow Ikinji jahan urşunda iñlisleriñ gizlin gullugynyñ hasabyna işläp nemek kontrrazwedkasyna nädogry maglumatlary beren ikitaraplaýyn jansyzdyr. 
Ol ABŞ-ny ýaponlaryñ Pýorl Harbora hüjüm etjekdigini öñünden habar beripdir. Emma FBR oña ynanmazçylyk edipdir. Popowyñam edil Sidneý Reýli ýaly Jeýms Bonduñ obrazyna esas bolandygy aýdylýar. Onuñ geçen jansyzlyk ýoly "Jansyzlaryñ jansyzy" ("Casuslar Casusu") ady bilen türk dilinde hem neşir edildi.
D.Popow 1981-nji ýylda Fransiýada aradan çykdy.

■ Jorj Bleýk (G.I.Behter)

1922-nji ýylda doglan Jorj Bleýk (sowet kontrazwedkasyndaky ady Georgiý Iwanowiç Behter) Demirgazyk Koreýada tussag astyna alynmagy bilen dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüni özüne çekdi. Üç ýyl Koreýada bolandan soñra Angliýa dolanan Bleýk ikitaraplaýyn jansyza öwrüldi. Kommunizm taglymatyndan täsirlenen Bleýk Demirgazyk Koreýanyñ hasabyna jansyzlyk edip başlapdyr.
Iñlis hökümeti Bleýki tussag astyna alyp ony 42 ýyl azatlykdan mahrum edipdir. Türmeden gaçmagy başaran Bleýk ömrüniñ galan ýyllaryny SSSR-de geçirmek üçin Moskwa gaçyp geldi.
KGB-niñ otstawkadaky polkownigi 97 ýaşly G.I.Behter häzirem Moskwada ýaşaýar.

■ Kristina Skarbek

1908-nji ýylda doglan polýak jansyzy Kristina Skarbek Ikinji jahan urşunda iñlisleriñ hasabyna jansyzlyk edipdir. Onuñ nemes basybalyjylarynyñ golastyna düşen Polşadan we Fransiýadan edinen gizlin maglumatlary bilen ünsi özüne çekdi.
K.Skarbek 1952-nji ýylyñ 15-nji iýunynda Londonyñ myhmanhanalarynyñ birinde pyçaklanyp öldürildi.

■ Är-aýal Rozenbergler

ABŞ-ly är-aýal Etel we Ýulius Rozenberg 1953-nji ýylda atom bombasy we ýadro boýunça gizlin syrlary SSSR-e satmak bilen aýyplanyp sud edildiler we olaryñ ikisi-de elektrik oturgyçda oturdylyp öldürildi. Bu ýowuz jeza şol wagt dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Rozenbergler ABŞ-nyñ Kommunistik partiýasynyñ agzasydy. Şeýle-de bolsa sowet hökümeti Rozenbergleriñ garşysyna bildirilen aýyplamalaryñ töhmetdigini aýdyp, protest bildirensoñ aýyplamalaryñ näderejede dogrulygy hakynda uzak wagtlap jedel gitdi. Birnäçe ýyl geçensoñ sowet tarapynyñ Rozenbergler bilen gizlin gatnaşyk saklandygy subut edildi. Ýulius Rozenberg hakykatdanam agent bolup çykdy. Emma onuñ adamsy Etel Rozenbergiñ jansyzlygyna welin, hiç hili delil tapylmady.

■ Oleg Wladimirowiç Penkowskiý

1919-njy ýylda doglan "Agent Geroý" lakamly Oleg Wladimirowiç Penkowskiý SSSR-iñ Baş kontrrazwedka uprawleniýesi GRU-nyñ polkownigidi. 
O.W.Penkowskiý 1950-1960-njy ýyllarda Britan korollygyna we ABŞ-na SSSR-iñ Kubada raketa ýerleşdirjekdigini we Kuba raketa krizisiniñ döremek ähtimallygyny habar beripdir. 
1955-nji ýylda Ankarada harby ataşşe bolup işlän Penkowskiý 1963-nji ýylda ABŞ-na we Angliýa döwlet syrlaryny satandygy üçin ölüm jezasyna höküm edilipdir. 

■ Mark Felt

1913-nji ýylda doglan "Düýpsüz bokurdak" lakamly Wilýam Mark Felt FBR-iñ 2-nji belgili jansyzydyr. 
1974-nji ýylda turan "Watergeýt" dawasynda ABŞ-nyñ 37-nji Prezidenti Riçard Niksony öz arzasyny ýazyp işden gitmäge iteren iki žurnalist Bob Wudwart we Karl Bernşteýn maglumatlary Mark Feltden alandygyny aýdypdyr. Bu maglumatlaryñ hakykatdanam Felt tarapyndan syzdyrylandygyna kän bir ynanylmasa-da, aýdylýanlar otuz ýyldan gowrak wagt geçensoñ 2005-nji ýylda hut özüniñ boýun almagynda tassygyny tapdy.
Mark Felt 2008-nji ýylda aradan çykdy.

■ Ramon Merkader

1913-nji ýylda Ispaniýanyñ Barselona şäherinde doglan Haýmo Ramon Merkader del Rio sowet hökümetiniñ hasabyna jansyzlyk eden ispan agentidir.
Merkader 1940-njy ýylda Staliniñ ýörite görkezmesi boýunça Lew Troskiniñ garşysyna Meksikada amala aşyrlan kast edilşik bilen giñden tanalýar. Troskiniñ ganyna galmagy başaran Merkader bu ganhorçulykly etmişi üçin "Sowet Soýuzynyñ Gahrymany" diýen ada mynasyp boldy.
SSSR-iñ häzirem gizlinligi goralyp saklanýan arhiwlerinde kommunist Merkaderiñ NKWD-iñ hasabyna jansyzlyk edendigi anyk subut edilen hakykatdyr. Ýigrimi ýyllap türmede oturan Merkader 1978-nji ýylda Kubanyñ paýtagty Gawanada aradan çykdy.

■ Klaus Fuks

1911-nji ýylda Germaniýanyñ Rýusselhaým şäherinde doglan Emil Ýulius Klaus Fuks sowetleriñ hasabyna jansyzlyk eden nemes agentidir. Atom bombasynyñ öndürilmeginde möhüm rol oýnan fizik Fuks Germaniýanyñ Kommunistik partiýasy bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr. 
Fuks amerikanlaryñ "Manhetten meýilnamasy" boýunça toplan maglumatlaryny SSSR-e syzdyrmakda aýyplanyp tussag astyna alyndy. 1950-nji ýylyñ ýanwar aýynda ol jansyzdygyny boýun alypdyr. Angliýanyñ raýatlygyndan çykarylan Fuks dokuz ýyl türmede ýatyp çykansoñ Gündogar Germaniýa ýerleşipdir.
Fuks 1988-nji ýylyñ 28-nji ýanwarynda Berlin diwary ýykylmazynyñ öñüsyrasy aradan çykdy.

■ Daniel Ellsberg

1931-nji ýylda doglan Daniel Ellsberg Wýetnam urşunda amerikan hökümetiniñ harby syrlaryny aýan eden adam hökmünde tanalýar. Amerikan aktiwisti we harby analitigi Ellsberg 1971-nji ýylda Pentagonyñ iññän gizlin resminamalaryny "Nýu-Ýork Taýms" ("New York Times") we beýleki gazetlerde çap etdirdi.
2009-njy ýylda Ellsbergiñ durmuşyndan söz açýan "Amerikanyñ iñ howply adamy: Daniel Ellsberg we Pentagonyñ resminamalary" («Самый опасный человек в Америке: Даниэль Эллсберг и документы Пентагона») atly "Oskar" baýragyna hem hödürlenen dokumental film surata düşürildi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 70 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.7/6

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: