22:50
Taryhyñ iñ geñsi ölüm sebäpleri

TARYHYÑ IÑ GEÑSI ÖLÜM SEBÄPLERI

Ezraýyl her kimiñ janyny birhili alýar. Adamlaryñ dürli-dürli bolşy, olaryñ ölüm sebäpleri-de dürli-dürli. Taryhyñ dürli döwürlerinde ynanyp bolmajak ýagdaýda aradan çykan adamlar bar.

■ Bombaly kalýe

2003-nji ýylyñ 28-nji awgustynda boýny kalýeli pizza satyjysy hasa görnüşini berýän tüpeñ bilen bank ýarmaga synanyşýar. Polisiýa işgärleri tarapyndan ogurlygnyñ üstünde tutulan Braýn Wells bank ýarmazdan öñ pizza tabşyrmasyny buýran salga baranynda, şol ýerdäkileriñ zoruna galyp jenaýaty etmäge mejbur bolandygyny aýdýar. Wellsiñ boýnuna dakylan kalýeniñ ujunda partlaýjy madda bardy. Partlaýjy maddalary howpsuzlandyrmak boýunça hünärmenler kalýeni howpsuzlandyrmaga ýetişmänkä kalýe ýaryldy we Braýn Wells hem o dünýä ýola rowana boldy. Birnäçe ýyllap anyklanman galan bu jenaýatyñ üsti 2007-nji ýylyñ iýul aýynda açyldy we jenaýata şärikdeşlik eden üç adamyñ şahsyýeti anyklandy. Olaryñ ikisi jenaýat jogapkärçiligine çekilse-de, beýleki üçünjisi bigünä hasaplandy.
Wells boýnuna dakylan bombany hakykydyr öýtmändir. Suw señrikden agansoñ ol hakyky bombanyñ boýnuna dakylandygyny añşyrypdyr, emma jenaýata iterijiler kalýeni zor bilen onuñ boýnuna dakypdyr we özleri ele düşmejek bolubam oturan ýerlerinden düwmä basyp kalýeni partladypdyrlar.

■ "Bagtyñ ýatsa, düýäñ üstünde it ýarar" diýleni...

1985-nji ýylda Nýu Orleanly suwa gark bolanlary halas edijiler hiç kimiñ gark bolmadyk möwsümini dabaraly ýagdaýda bellemek üçin oturşyk gurnaýar. Oturşyk tamamlanandan soñ suwly howuzyñ düýbünden dabara gatnaşan myhmanlardan 31 ýaşly Žeromi Mudiniñ jansyz bedeni tapylýar. Bu täsin ýagdaýa "bagtyñ ýatjak bolsa, düýäñ üstünde it ýarar" diýip goýaýmasañ, başga diýer ýaly söz ýok. Sebäbi Mudiniñ gark bolan meýlisinde her ýagdaýa taýýar edilip goýlan dört sany halas edijiden başga, oturşygy belleýänleriñ arasynda 100-den gowrak suwda halas ediji bar eken.

■ Gandary robot

Robert Williams "robot tarapyndan öldürilen ilkinji adam" diýen adyñ eýesi.
Williams 1979-njy ýylyñ 25-nji ýanwarynda "Ford" zawodynda işläp durka tehniki näsazlyk tapynan robotyñ goluny oñarmaga synanşanda, gaýtadan işlemäge başlan goluñ onuñ kellesine uran batly urgusy bilen aradan çykypdyr.
Robotlar tarapyndan öldürilen ikinji adam bolsa Kenži Urada atly ýapon inženeridir. Kenži "Kawasaki" zawodunda bejermäge çalşan robotynyñ mehaniki goly tarapyndan üweýji maşyna itilip öldi.

■ Kitap tekjäniñ arkasynda başaşak sallanan jeset

2006-njy ýylda Mariesa Weberiñ ene-atasy gyzynyñ dereksiz ýitendigi zerarly polisiýa edarasyna ýüz tutýar. Iki hepde geçensoñ Weberiñ jesedi ýaşaýan öýündäki kitap tekjäniñ arkasynda başaşak gysylan ýagdaýda tapylýar. Mariesanyñ telewizor kabelini dakjak bolanynda ýykylyp ölendigi çak edilýär.

■ "Suw küýzesi suwda synar..."

2006-njy ýylda awstraliýaly ýabany tebigat boýunça ýörite hünärmen "krokodil awçysy Stiw Irwin watoz balygynyñ (морская лисица) iññesi bilen onuñ ýüreginden sokmagy netijesinde aradan çykdy.

■ Aç goýunlaryñ oýny

Angliýaly 67 ýaşly Betti Stobbs 1999-njy ýylda goýunlaryna bermek maksady bilen motosikliniñ yzyna bir desse ot ýükleýär. Ýöne onuñ goýunlary gaty ajygan bolarly. Goýunlar motosikliñ yzyndaky ota birden topulyp, Stobbsyñ 30 metrlik çukura düşmegine sebäp boldular. Stobbs mundan ölmän galanam bolsa, üstüne gaçan motosikl sebäpli aradan çykypdyr.

■ Sygyr pohuna basandan...

Taýwanly 57 ýaşly Ýuket Paen 1991-nji ýylda melleginde ýöräp barýarka sygyr pohunyñ üstünden basyp aýagy taýýar, ol ýykylmajak bolup tokly simden tutýar we şol ýerde-de aradan çykýar. Bolan pajygaly ýagdaýy goñşularyna görkezjek bolup, Ýuket Paeniñ 52 ýaşly dogany hem edil agasynyñ ýykylşy ýaly ýykylyp, tokly simden tutandan, olam aradan çykýar.

Taýýarlan: Kalbanur.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 65 | Добавил: Nur | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.0/8

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
"Sygyr tezegi" diýseň gowy ýaly

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: