09:47
Taryhyñ iñ gorkunç wakalary

TARYHYÑ IÑ GORKUNÇ WAKALARY

Dünýä jemgyýetçiliginde häli-şindi ýüze çykyp durýan ýaramaz wakalar häzirki wagta mahsus zatlar däl. Ýaramazlyklar dünýä döräli bäri hemişe bolup geldi we gelejekde ýene-de bolar... Adamkärçilige sygmaýan wagşçylykly wakalar hemişe bar. Hatda biz, hemmämiz bilelikde onuñ depe saçyñy düýrükdirjek mysallaryna göz aýlalyñ.

■ Atasynyñ hamyndan tikilen kürsüde oturan kazy

Gadym-gadym zamanlarda, Pers patyşalygynda Sisamnes atly kazyýetiñ başlygynyñ para alandygy ýüze çykýar. Pers patyşasy Kambis oña beriljek temmi çäresiniñ başgalara-da uzak wagtlap sapak bolmagyny isläpdir. Ol pers kazyýetinden aýyplanýan kazynyñ gelejekde ýerine geçjek işgärleriñ şular ýaly etmişi gaýtalamazlygy üçin entek görlüp-eşdilmedik jeza berilmegini talap edipdir. Patyşanyñ görkezmesi haýal etmän berjaý edilýär. Sisamnes ölüm jezasyna höküm edilýär, ýöne bu ölüm oña berilen jezanyñ entek diñe başlangyjy eken. Kambisiñ permany bilen Sisamnesiñ iç goşlary birin-birin goparylýar, derisi soýulýar we eýlenýär. Sisamnesiñ derisi bir kürsä gaýyş ýerine tikilýär. Adamyñ derisi bilen gaýyşlanan kürsüde Sisamnesiñ wezipesine bellenjek kişiler oturmaly bolupdyr. Wakanyñ soñy hasam dramatiki ýagdaýa gelipdir. Sebäbi soñ-soñlar Sisamnesiñ eýelän wezipesine onuñ ogly bellenipdir. Ol uzak ýyllap atasynyñ hamyndan tikilen kürsüde oturyp kazyýete başlyklyk edipdir. Patyşa Kambis bolsa uzak wagtlap hakydalarda galan bu üýtgeşik jeza çäresi bilen taryha giripdir.

■ Küllere bogup öldürmek

Içi külden doldurylan minarany göz öñüne getiriñ. Minaranyñ boýy 23 metr, içinde bolsa kül sowurýan howalandyryjy çarhlar bar. Bu aýylganç jeza bilen dönüklikde aýyplanýan ýa-da hudaýlara garşy edepsizlik eden günäkärler jezalandyrylypdyr. Bokurdagyna çenli kül bilen doldurylan minaranyñ içine iñ ýokardan zyñylan günäkäriñ badyny ýere düşýänçä küller ýuwaşadypdyr. Ölmese-de süñkleri döwülen günäkär minaranyñ düýbünde, külleriñ ortasynda, garañkylyga bürenen iñ soñky minutlarynda urunyp ýatyrka külleri howalandyrmak üçin işleýän çarhlar saga-sola kül sowrup, onuñ kem-kemden we azap çekip ölmesini üpjün edipdir.
"Injilde-de" şuña meñzeş bir waka agzalýar. Bozgaklyk eden ýewreý ruhanylarynyñ biri şeýdip öldürilipdir. Hatda hossarlaryna ony gömmäge-de idin berilmändir. "Bolmanda-da ol bu jeza añryýany bilen mynasyp" diýip "Injil" söhbetiniñ soñuna nokat goýýar.

■ Goşunyñ öñünde it ýerine ulanylan imperator

Rimiñ garamañlaý imperatory Walerian ykbaly ters gelip pers goşunyna ýesir düşende, onuñ başyna gelmedik gün galmandyr. Walerian "Game of Thrones" ("Игра престолов") teleserialyndaky wagşyçylykly epizoda meñzeş, hatdan şondanam has beteri bilen ölmeli bolupdyr.
Rim imperiýasynyñ başyna musallat bolup dörän "Şalaryñ şasy" lakamly pers patyşasy Şapur üç gezek dişine çenli ýaraglanan uly rim goşunyny derbi-dagyn etmegi we pers imperiýasyny dünýäniñ iñ uly agalyk ediji güýjüne öwürmegi başarypdyr. Şapur uruşlaryñ birinde Rim imperatory Waleriany ýesir alypdyr we hut öz ýanynda saklap, gul deregine-de ulanypdyr. Walerianyñ el-aýagyna zynjyr uran hökümdar ony it ýaly boýnuna salnan ýüpden idip goşunyñ öñünden ýöredýän eken. Atyna münjek wagty bolsa ýere egilen Walerianyñ gerşine münüp ata atlanypdyr. Biraz wagt geçensoñ bu pişesinden iren Şapur onuñ bogazyna eredilen altyn guýduryp öldüripdir. Soñra mumyýaçylara Walerianyñ meýdini taksidermit (mumyýalatmak) etdiripdir we içini samandan dolduryp pers ybadathanasynyñ diwaryna germäp goýdurypdyr.
Şapur patyşanyñ ýedi metrlik heýkeli häzir Eýranyñ Fars welaýatynyñ Kazerun şäheriniñ golaýyndaky Şapur gowagynda ýerleşýär. Ol gowak Şapuryñ hem jaýlanan ýeridir diýip çaklanylýar.

■ Çaty aýrylan ogrular

Biziñ döwrümizde ogrulyk giñden ýaýran ýaramaz pişe. Gadym zamanlarda-da şeýle boldumyka? Megerem ogurlyk az bolan bolan bolsa gerek. Sebäbi ogurlyk bilen tutulanlardan ýöne bir azatlykdan mahrum edip ýa-da kellesi kesip dynaýmandyrlar.
Köpüñ geçýän ýolunyñ gyrasynda iki sany tagtany dikeldipdirler we tagtanyñ ujuny ýokarsyna berkidilen ýüpler bilen ýere degrip goýupdyrlar. Soñam ýüpüñ beýleki ujuny günäkäriñ aýaklaryna dañypdyrlar. Ýüpüñ herekete geçmegi netijesinde hallan atan tagtalar çaltlyk bilen dogrulanyp, her aýagy bir tagta dañylan ogry görgüliniñ çatyny ikä bölüpdir. Ikä bölünen jeset ýedi ýoluñ ortasynda geçene göz bolsun diýip, tagtada şol durşuna galdyrylypdyr.
Ýeri, şundan soñam gaýratyñ çatsa ogurlyk et, gözüñ nämäni görýär...

■ "Alynyñ aryny Ahmetden çykarsañam bolýan eken..."

Eger siz ýokary gatlakdan çykan aristokrat bolubam, haýsydyr bir etmiş etseñiz, siziñ ýeriñize eýeçiligiñizdäki gullary "alamana bir daş" edip öldürtse bolýan eken.
B.e.öñ V asyrda ýaşan patyşa Artakserksiñ ejesi Parisatida gelni bilen hiç jyny jyñkyryşmandyr. Olaryñ ikisi-de biri-birini öldürmek üçin wagt peýläpdirler.
Artakserks ejesi bilen aýalyny oñuşdyryp bilmejegine gözi ýetip duranam bolsa, ýagdaýdan özüçe çykalga gözläpdir we olaryñ biri-birini zäherlemeginden ätiýaç edip, ähli iýip-içýän zatlaryny paýlaşyp iýmeklerini emir edipdir. Gaýyn-gelin ikisi hatda bir almany hem ikä bölüp iýmäge mejbur bolupdyr. Ýöne bu gezegem patyşanyñ ejesiniñ hilegärligi üstün çykypdyr. Ol aş pyçagynyñ diñe bir tarapyna awy sürtüpdir we iýip-içilende ortadaky naz-nygmatlarynyñ barsyny gelni bilen paýlaşyp iýipdir. Netije nähili bolandyr öýdýäñiz? Elbetde, patyşanyñ betbagt aýaly zäherlenip ölmeli bolupdyr.
Günäkäriñ kimdigi her kese belli - patyşanyñ ejesi! Patyşanyñ buýrugy bilen ejesi Paritasidanyñ onlarça guly onuñ deregine sütemkärlik bilen kelleleri daşa mynjyradylyp öldürilipdir.

■ Otparaz jadygöýleri öldürmek çäresi

Zoroastrizm dininiñ ruhanylary sylagy pers imperiýasy döwründe diýseñ uly bolupdyr. Garamaýak halk olaryñ jadygöýdigine ynanypdyr. Desmerd atly bir jadygöý halka özüniñ Kir patyşanyñ ogludygyna ynandyrypdyr. Hatda tarapdarlary bilen birlikde hereket edip, tagta hem geçipdir. Şeýle-de bolsa onuñ hökmürowanlygy uzaga çekmändir we görlüp-eşdilmedik jeza bilen jezalandyrylyp öldürilipdir. Gahar-gazaba atlanan adamlara munuñ bilenem çäklenmändir. Waka garaşylyşyndanam beter bolýar. Adamlara köçelere dökülip, öñlerinden çykan ruhany-jadygöýleri wagşylyk bilen öldürmäge başlaýar. Hatda bulam az bolýan ýaly hadygöýleriñ aýal-ebtatlaryny, çaga-çugalaryny hem toplap, her ýylyñ belli gününde bu pişelerini gaýtaladylar. Ýurtda ýylyñ belli bir wagty "jadygöý öldürmek" festiwalyna öwrülip gitdi...

■ Skafizm

Gadymy perslerde skafizm atly giñden ýaýran gorkunç jeza çäresi bolupdyr.
Günäkär biri-birine baglanan iki gaýygyñ arasynda çuw-ýalanaç ýagdaýda mäkäm dañylyp goýulypdyr. Onuñ diñe eli-aýagy we kellesi dañylmandyr. Soñra oña zor bilen yzygiderli süýtdür bal berlipdir. Birnäçe günläp süýtdür baldan ýaña bez-bez bolan adam öz täretine bulaşyp galypdyr, soñabaka endamynda iriñli ýaralar çykyp başlapdyr. Üstesine-de eline-aýagyna bal çalnyp, öz pohuna bulaşyp ýatan görgüliniñ üstüne mör-möjekdir siñekler çozar ýaly edilipdir. Mör-möjekler ony diriligine kem-kemden iýip gutarypdyr.

■ Öz oglunyñ etini iýen serkerde

Ahameni patyşasy Astiag günlerde bir gün düýşünde öz agtygynyñ zor bilen tagta geçendigini görýär. Ol serkerdesi Garpaga heniz gundagda ýatan bäbegi daga äkidip öldürmegi buýurýar. Garpag muny etmäge bogny ysmaýar we bäbejigi dagda gezip ýören bir çopana tabşyrýar. Bu wakanyñ üstünden on ýyl geçensoñ patyşa özüniñ aldanylandygyny bilip galýar. Şonuñ ol Garpagyñ ogluny öldürip, etini gowurdyp Garpagy nahara çagyrýar we oña hödürleýär. Edil şol pursat Garpag öz perzendiniñ etini iýip durandygyndan habarsyz. Emma patyşanyñ buýrugy bilen esgerler Garpagyñ oglunyñ kellesini getirip saçagyñ ortasynda goýýarlar. Birden şowhun-şagalañ durýar, tansçy gyzlar säginýär, aýdym-sazyñ sesi tapba kesilýär...
Astiag Garpagyñ gözüniñ içine dikanlap "Garpag! Haýsy haýwanyñ etini iýip oturandygyñdan habaryñ bir barmy?" diýýär. Sähel sözde ýa hereketde şol duran ýerinde kellesiniñ uçjakdygyna gözi ýetip duransoñ, Garpagyñ gözünden ýeke damja gözýaş, agzyndanam garşylyklaýyn ýeke söz çykmaýar. Gaýtam "Hawa, bilýärin, patyşahym. Biziñ patyşamyz hemişe iñ dogrusyny bilýändir we iñ dogrusyny edýändir" diýip jogap berýär. Garpag ondan nahardan galanyny hem bermegi haýyş edýär we öýüne gaýdyp, oglunyñ etidir süñkünden galanlary, dogrusy, nahary jaýlaýar...

Taýýarlan: Suraý ATAÝEWA.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 79 | Добавил: Medinilla | Теги: Suraý Ataýewa | Рейтинг: 4.0/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Garpagyñ öldürmäge dözmedik çagasy Kir soñra tagta çykýar. Bu baradaky hekaýat "Türkmenistanyñ taryhyndan materiallar" atly kitapda-da gabat gelýär.

0
2  
Garpag baradaky maglumatyň iň ygtybarlysy Gerodotyň ,,Taryh'' eserinde bar. Inim tikenekläp gitdi ony okanymda. Hemmelere okamagy maslahat berýän!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: