15:03
Taryh ylmy we türkmen taryhy -4/ dowamy

Merkezi Aziýada aşel döwri irki (mikulin) buzluk döwrüniň ahyrynda, takmynan, 80–75 müňýyllyklaryň sepgidinde tamamlanýar. Şondan soň irki daş asyrynyň orta ýa-da mustýe döwri başlanýar. Ol döwür neandertal tipli adamlar bilen baglanyşyklydyr.
Merkezi Aziýada, şol sanda, Türkmenistanda-da mustýe ýadygärlikleri köp tapyldy. Olar aşel döwrüne degişli ýadygärlikleriň tapylan ýerlerinde – Şagadam daglarynda, Uzboýda, Etrek derýasynyň boýunda, Merkezi we Gündogar Köpetdagda, Balkan töwereginde, Köýtendagyň günbatar ýapgydynda we başga ýerlerde tapyldy. Olaryň esasy ýaraglary ýiti burçly gyýçak we gazaw görnüşli ýasy gurallar bolupdyr. Olaryň gonalgalary tebigy baýlyklara we ýakyn töwerekdäki awlanylýan awyň derejesine bagly bolupdyr. Awçylygyň esasy görnüşleri ýabany ýylky, soň-soňlar pil, dag geçisi, gulan hem-de sugun bolupdyr.
Takmynan, 70 müň ýyl mundan ozal, Garagumuň çäginden akan gadymy Amyderýanyň suwy dargaýar. Ol öňki akýan hanasyny üýtgedip, demirgazyga – Horezm çöketligine akypdyr.
Neandertal döwrüniň soňy 40–30-njy müňýyllyklaryň sepgidine gabat gelýär. Şol döwürden bolsa häzirki adamlar-homo sopiýens-akylly-paýhasly adam ýa-da kromanýonlar ýaşap başlaýarlar. Şondanam irki daş asyrynyň – paleolitiň giçki döwri başlanýar. Ol zamanda adamlar ýer ýüzüniň ähli ýerine, hatda polýar deňizlerine, Awstraliýa, Demirgazyk Amerika çenli baryp ýetýär.
Kromanýonlar soňky buzluk döwrüniň iň agyr kynçylyklaryny, gazaply sowugy başdan geçirmeli bolupdyrlar. Biziň giňişligimizde bolsa, örän uzak gurakçylyk döwri başlanýar. Ýaşaýyş şeýle bir agyr bolupdyr, hatda Aziýanyň giň zonasy – Hindistandan Ortaýer deňzine çenli diýen ýaly, ilatsyz boşap galypdyr. Derýalaryň kenarlarynda we daglarda az sanly adam galypdyr. Şonuň üçinem mustýeden tapawutlylykda, hatda aşel döwrüne garanyňda-da, irki daş asyrynyň (paleolitiň) soňky döwrüniň ýadygärlikleri diýseň az sanly. Olaryň arasynda Şagadamdan 40 km-e golaý gündogarda ýerleşýän Ýangaja-2 duralgasy tapawutlanýar. Ol ýerde çakmak daşyndan gural ýasalýan ussahana bolupdyr. Takmynan, kromanýon döwrüniň başlarynda Amyderýa Sarygamyş bilen Uzboý arkaly Hazar deňzine akypdyr.
13–12-nji müňýyllyklarda howa şertleri ýene-de mylaýymlaşýar, buzluklar çekilýär, biziň giňişliklerimize ygal düşüp başlaýar. Hazaryň günorta we günorta-gündogar sebitinde, Balkanda, Uzboýuň golaýynda, Jebel we Damdamçeşme gowaklarynda-da adamlar ýaşapdyr.
XII–VIII müňýyllyklarda daş asyrynyň täze medeniýeti döreýär. Şol aralykdaky döwre ortaky daş asyry, ýagny mezolit diýilýär. Şol wagtlarda tebigatda uly özgerişlikler bolup geçýär. Iň soňky buzluk çekilip başlaýar, pleýstosen buzluk döwri aýaklaýar. Howa yssy bolup, gurakçylyk ýüze çykýar. Bar bolan agaçlar we otlar bütinleý gurap ýok bolýar. Pleýstoseniň iri haýwanlary ölüp gutarýar, aw awlamak kynlaşýar, ilatam azalýar. Bu özgerişlige adamlar az sanly we seýrek duş gelýän haýwanlary awlamak üçin ýaragyň täze görnüşini döretmäge mejbur bolýarlar.
Elbetde, zerurlyk açyşlary döredýär. Adam ösüşi zerurlyklara esaslanýar.
Ýaraglar öňki döwürlerdäki ýaly, çakmak daşyndan bolmagynda galsa-da, olar has kämilleşdirilýär. Esasy oýlap tapmalaryň biri-de – ok-ýaý bolupdyr. Ol uzak aralykdan atmaga mümkinçilik beripdir.
Türkmeniň taryhyny okasaň ok-ýaý bilen baglanyşykly atlara köp gabat gelýärsiň. Bu biziň aslymyzyň gaty ezelidiginden bir alamatdyr. Men oguz, şumer we başga türkmen atlarynyň ok-ýaý bilen baglanyşykly dörändigi barada ýörite gürrüň edýändigim üçin olary bu ýerde gaýtalap oturmakdan saklanýaryn.
Ikinji bir möhüm täzelik – iti eldekileşdirip başlapdyrlar. Men şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçmek isleýärin: dünýäde ilkinji bolup ýabany haýwanlary eldekileşdirmek işiniň başynyň Türkmenistanda, aýratyn hem Amyderýanyň boýlarynda, Jebelde, Änewde bolandygy hakda ýazylan kitaplary «Albaý» powestim üçin material gözlänimde kän okadym. Süleýman pygamberiň Amyderýanyň boýunda Hazarysda ahalteke bedewlerini ele salyşy we eldekileşdirişi hakdaky rowaýat bolsa türkmen halkynyň arasynda giňden meşhurdyr. Şeýle hem düýeleriň, sygyrlaryň, düýeguşlaryň, towuklaryň, itleriň eldekileşdirilişi hakda hem köp gyzykly maglumatlar saklanyp galypdyr. Suw guşlaryny awlamak we balyk tutmak giň gerim alypdyr. Muny Jebel we Damdamçeşme gowaklaryndan tapylan tapyndylar tassyklaýar.
Täze ýaraglaryň ýüze çykmagy ilaty iýmit bilen üpjün edip bilmändir. Adamlar öňküleri ýaly, ähli ýaramly ýabany zatlary, ir-iýmişleri ulanypdyrlar. Emma bu hem olary halas etmändir. Iýmitiň mydamalyk ýetmezçilik etmegi gadymy jemgyýete özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär. Köp synanyşyklardan we şowsuzlyklardan soň, adamlar mümkin bolan ýeke-täk çykalga, ýagny iýmiti özleri döretmek, ýagny maldarçylyk we ekerançylyk üsti bilen önüm öndürmek ýoluna düşüpdirler. Biziň eždatlarymyz özleriniň bu zerurlyklaryna Jeýtunda, Änewde ýetipdir. Ahal topragy dünýäde ilkinji gezek ekilen, döredilen ak bugdaýyň Watany hasap edilýär.
Jeýtun maldarçylyk babatda hem dünýä ylmynda ilkinji açyşlaryň mekany hasaplanýar.
Günorta, megerem, Günorta-Gündogar Hazar kenary önüm öndüriji hojalygyň ilkinji dörän ýerleriniň hataryna girýär. Miladydan öňki IX müňýyllyga degişli gowak ýadygärliklerinde ownuk we iri şahly mallaryň hem-de doňzuň alamatlary aýan edilendir.
Täze daş asyry – neolit zamanynda, tebigatyň has amatly ýyly hem-de ygally – goloseniň iň oňat klimat şertleriniň döwrüne gabat gelýär. Şol döwürde çöller gyrymsy otlara bürelýär, sähralyklar bolsa has ileri (günorta) süýşýär. Ösümligiň bolmagy haýwanat dünýäsiniň artmagyna, adamlaryň giň ýaýramagyna getirýär. Indi adamlar gury sähralyga öwrülen çöllügi täzeden özleşdirýärler. Täze daş asyry döwrüne degişli ýadygärlikleriň Türkmenistanda köp ýerde üsti açyldy.
Täze daş asyrynyň başlangyjy, taryhy ösüşiň endigan döwri bolmandy. Käbir jemgyýet öňdebaryjy ykdysadyýete – ekerançylyga, maldarçylyga, oturymlylyga öňürti geçip, tehniki we medeni babatda ýokary göterilişe ýetýär. Başgalar bolsa entek köp wagtlap öňki däpleriň esasynda aw awlamak, balyk tutmak we ýabany ir-iýmişleri ýygnamak bilen meşgullanyp, öňki durmuş gurluşyny saklaýarlar.
Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda G.Çaýld daş asyry (neolit) döwründe ekerançylyga we maldarçylyga geçiliş bilen bagly özgerişlige neolit rewolýusiýasy diýipdi. Dogrudanam, täze daş asyr döwri bilen baglanyşykly hut Türkmenistanyň çäginde-de wajyp täzelikler duýulýar. Miladydan öňki 7–6-njy müňýyllyklaryň sepgidinde, Merkezi Aziýada ilkinji oturymly, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolnup ugralandygynyň alamaty Aşgabadyň 28 km demirgazyk-günbatarynda, Jeýtun obasynyň ýanynda ýüze çykaryldy. Ol ýadygärlik Jeýtun medeniýeti ady bilen dünýä meşhur boldy.
Jeýtunly eždatlarymyz palçykdan salnan inedördül görnüşli, giň otagdan ybarat jaýlarda ýaşapdyrlar. Gapdallarynda hojalyk jaýlary-da bolupdyr. Ol medeniýetiň häsiýetli alamatlarynyň biri-de adamlar ilkinji sapar palçykdan gap-çanak ýasamagy öwrenipdirler. Emma täze daş asyrynyň has irki döwürlerinde, entek palçykdan ýasalan çanak bolandygyny Jebel we Damdamçeşme gowaklarynyň aşaky medeni gatlaklary subut edýär. Olar ýuka, ýasy ýylmalan çakmak daşlaryny dişäp, agaja baglap orak ýasamagy başarypdyrlar.
Täze daş asyrynda ekerançylyk bilen birlikde hojalygyň maldarçylyk pudagy-da öz ornuny tapypdyr. Ony arheologik tapyndylar tassyklaýar. Şonuň bilen birlikde, aw awlamak hem dowam edipdir.
Jeýtun medeniýeti günbatarda Badyman, gündogarda bolsa Mänä we Çäçä çenli aralykda ýerleşýär. Serdar etrabyndan eždatlarymyzyň käbir ýasan zatlary tapyldy. Olaryň galdyran ýadygärligi häzirki wagon remont edýän zawodyň meýdanyndan belli. Türkmenistanyň galan ýerlerinde, hatda jeýtunlylardan uzak bolmadyk aralyklarda-da, Kelteminar medeniýeti adyny alan ýabany ösümlikleri ýygnamak, aw awlamak bilen meşgul bolan eždatlarymyz ýaşapdyr. Aslynda, Kelteminar bilen baglanyşykly medeniýet örän köp ýere, şol sanda Merkezi Aziýanyň çäklerinden has giň ýurtlara-da ýaýrapdyr. Olaryň her biri ýerli ady bilen bellidir.
Merkezi Aziýanyň demirgazyk bölegine degişli, häzirlikçe ýeke-täk, ajaýyp Kelteminar ýadygärlikleriniň biri Tümmekkiçijik (Daşlyburun) gonamçylygydyr. Ýadygärlik Şasenem galasyndan 13 km günbatarda ýerleşýär we miladydan öňki V – IV müňýyllyklar bilen senelenýär.
Änew I A medeniýetli taýpalaryň emele gelmegi bilen mis asyry döwri başlanýar. Onuň başlangyç döwri metal-daş, ýagny eneolit asyry diýlip hasap edilýär. Ol eýýamda zähmet gurallarynyň arasynda metal esasy orny eýeleýär. Emma ol entek daşdan ýasalan gurallary doly gysyp çykaryp bilmändir. Şeýle-de bolsa, soňky daş gurallarynyň ulanylyşy has kemelýär. Muňa garamazdan, bürünç asyrynyň ahyryna, ýagny miladydan öňki 2-nji müňýyllygyň ahyryna çenli dowam edipdir.
Änew I A medeniýeti döwründe eždatlarymyz metal işläp bejermek tärlerini ele alypdyrlar. Olar metaly guýup, taplap ulanypdyrlar, misi bolsa arassa görnüşinde däl-de, myşýakly ulanypdyrlar. Myşýakly mis Orta Aziýanyň gadymy ekerançylyk medeniýetinde esasy metal bolupdyr. Ol miladydan öňki bäşinji müňýyllykdan ikinji müňýyllyga çenli ulanylyp, soňra öz ornuny ýuwaş-ýuwaşdan galaýyly bürünje beripdir.
Änew I A medeniýeti miladydan öňki bäşinji müňýyllyk bilen kesgitlenilýär. Olaryň Jeýtun medeniýetiniň ortaky döwrüniň ilaty bilen bilelikde ýaşan bolmaklary-da ähtimal hasaplanylýar. Käbir ýadygärliklerde bolsa olaryň obalary Jeýtun medeniýetli gatlagyň üstünde ýerleşipdir.
Taryhy ösüşiň deň derejede bolmadyk alamatlary mis asyry döwründe has-da göze ilýär. Merkezi Aziýanyň günorta-günbatarynda, Köpetdag eteklerinde metaly ulanyp, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolan eždatlarymyz üstünlikli ösýärler.
Irki mis asyrynyň indiki döwri Namazga I (Änew I B) medeniýetiniň ýadygärlikleri bilen bellidir. Medeniýetiň ady bütin Merkezi Aziýada iň uly, gadymy şäher bolup, ol Kakadan günbatarda ýerleşýän Namazgadepäniň ady bilen baglanyşyklydyr. Onuň tutýan meýdany 50 gektar, köp gatlakly medeniýetiň galyňlygy 30 metrden-de geçýär we alty sany medeniýetli gatlaga, ýagny Namazga I – VI bölünýär.
Mis-daş asyrynyň öňki basgançagy bilen deňeşdirilende, Namazga I medeniýeti has ýönekeý, Änew I A ýeten üstünlikleriniň täsiri astynda, ýerli taýpalaryň hojalygyň täze görnüşlerine geçendiklerine şaýatlyk edýär. Emma iň wajyp tehniki öňe giňişlik – öküze goşulýan azaly oýlap tapmak bilen baglanyşykly ekerançylygyň özleşdirilendigi welin hakykatdyr. Ol bolsa öz gezeginde zähmet öndürijiligini has ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredipdir. Serdar etrabyndan Göksüýri aralygynda ilatyň has artandygyna, ýaşaýyş meýdanlarynyň giňändigine ýadygärlikler şaýatlyk edýär. Giçki Namazga I medeniýeti döwründe Aşgabadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Akdepäniň düýbi tutulypdyr. Şol döwürlerde ekerançylyk Murgaba-da aralaşypdyr.
Galla önümlerinden başga-da, ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň arasynda nohut, ýagny kösükli ösümligem peýda bolýar. Eldekileşdirilen haýwanlaryň arasynda doňuz hem bolupdyr. Hojalyklaryň umumy öňe gidişligi tebigatyň ikinji atlantik çyglylygynyň emele gelmegi bilen baglanyşykly bolupdyr.
Namazga I medeniýetiniň anyk senesi miladydan öňki dördünji müňýyllygyň birinji ýarymy bilen senelenýär.
Namazga II (Änew II) medeniýeti mis asyrynyň ösen döwrüne degişli hasaplanýar. Namazga II başlangyç döwrüniň gaplary Namazga I gaplarynyň dowamy bolupdyr. Gaplarda gara we gyzyl, ýagny iki reňkde çekilen şekiller peýda bolup ugraýar. Demirgazyk-günbatarda (Arkaçda) düzümi gara reňkli nagyşly gaplar bilen çalşyrylýar. Bu hadysa, öz gezeginde, Girkan (Etrek – Gürgen) eždatlarymyzyň aralaşmagy bilen düşündirilýär. Düzümi gara reňkli Girkan gaplary hemme ýerde düzümi gyzylymtyl reňkli daşy ýylmanak ýalpyldaýan pes gyzgynlykda bişirilenligi sebäpli, düzüminde gara tegmilli gaplar bilen bile duş gelýär.
Gaplaryň biri-birinden tapawutly bolmagy her bir ýeriň özüniň özboluşly bolmagy Änew eždatlarymyzyň etniki düzüminiň çylşyrymlydygyny görkezýär. Indi awçylyk bilen meşgullanýan käbir taýpalar-da maldarçylyga geçip ugraýarlar.
Namazga II döwrüniň gurluşygynda pagsadan we kerpiçden bir otagly, töweregi hojalyk bilen gurşalan ýaşaýyş jaýlarynyň ojakly we ojaksyz görnüşi bolupdyr. Diwarlary tegelenip gurlan jaýlar-da giň gerim alypdyr. Namazga I soňky döwründe, Daşlyjadepe we Göksüýri I ady bilen belli ýadygärlikleriň düýbi tutulyp, Göksüýrüde ýene-de ýedi sany oba emele gelipdir.
Gazuw-agtaryş işleri geçirilende, çuňlukda gömülen ýaplaryň üsti açyldy. Ol bolsa gadymy suwaryş ulgamynyň hakyky tassyklanylan alamatydyr. Namazga II medeni gatlaklaryndan toýundan ýasalan tigirleriň ilkinji görnüşleri tapyldy. Bu açyş tigirli ulagyň başlangyjy bolandygyny aňladýar. Arabanyň döreýiş taryhyny «Oguznamalary» okan okyjylar bilýändirler. Oguz hanyň uzak ýörişleriniň birinde bir üşükli nöker ýükleri çekmek üçin araba oýlap tapýar. Araba goşunyň işini gaty köp derejede ýeňilleşdirýär. Araba kaň-kaň edip ýöräpdir. Oguz han kaň-kaň edip ýöreýän araba bilen gyzyklanypdyr. Oňa bir nökeriň araba oýlap tapandygyny, ol arabanyň hem ses edip ýöreýändigini aýdypdyrlar. Şonda Oguz han Türkmen araba oýlap tapyp, leşgeriň ýüküni çekmek işini gaty köp derejede ýeňilleşdiren nökere minnetdarlyk bildiripdir, ol nökeri hem «kaňly» diýip atlandyrypdyr, şondan başlap hem türkmenleriň Kaňlylar neberesi örňäp gidipdir.
Ol döwürde arabalar düýelere goşulypdyr. Ekerançylykda öküz we düýe iş maly hökmünde ulanylyp ugralýar.
Murgapda şol zamanlarda ýaşaýşyň bolandygyny topragyň düzümini öwrenýän alymlar belleýärler. Baýramalydan 12 kilometr demirgazykda, çuňlugy 5-9 metr bolan çukuryň 320 ýylyň dowamynda üznüksiz suwaryşyň netijesinde dörän 32 sm suwaryş gatlagynyň üsti açyldy.
Namazga III döwründäki gap önümleriniň görnüşinde-de üýtgeşiklik bolupdyr. Ahalda taýýarlanylan gaplaryň ýüzünde geometrik nagyşlar peýda bolýar. Döwrüň adaty aýratynlygy hökmünde gaplarda barsyň, tegmilli-menekli ýyrtyjynyň şekili peýda bolýar. Şondan soň basym günorta-günbatardan gara, ýylmanyp ýalpyldadylan we oýulyp çekilen nagyşly gaplar peýda bolýar. Ahalda we Etekde özboluşly köp reňkli gaplary ýasamak dowam etdirilipdir. Arkaçda bolsa öňküsi ýaly nagyşsyz, düzümi gara, Girkan gaplary bolupdyr.
Şol zamanyň obalygynyň alamaty bolan, Şahdepäniň we Akdepäniň gaplaryna meňzeş gaplar Şagadamyň Çopandepe gonamçylygynyň meýdanynda-da aýan edildi.
Göksüýri uslybynda ýasalan gaplar Gadymy Marguşyň demirgazyk-günbatar böleginden, Kelleli takyryndan tapyldy. Bu bolsa ol döwürde şol ýerlerde-de ýaşaýşyň bolandygyndan habar berýär.
Bürünç asyry gadymy ekerançylyk medeniýetiniň iň ýokary ösen döwri bolup, onda gündogar biçiwindäki maddy medeniýetli ösen şäherler döräpdir. Bürünç asyrynda adamlar gowy eýlenen palçykdan düzümi bir meňzeş, bişirilen gaplary, hili boýunça ýukajyk çeper görnüşli nagyşly we bezegli gap-gaçlary öndüripdirler. Olara salnan nagyşlar nepisligi, çylşyrymly ýerleşdirilişi boýunça haly gölli adyny alypdyr. Ol döwrüň başlangyjy tebigatyň üçünji atlantik çyglylygyna gabat gelýär. Ol bolsa öz gezeginde gadymy ekerançylygyň hem-de maldarçylygyň gülläp ösmegine ýardam edýär. Kelteminarlylaryň ýene-de öňki boşap galan düzlüklerine aralaşmagyna mümkinçilik döreýär.
Balkanda, Garagumda, Lebapda we Wasda enteklerem şol giçki kelteminarlylaryň duralgalary dowam edipdir. Günorta Türkmenistanda ekerançylyk üstünlikli ösüpdir. Howanyň ygally bolmagy düzlüklerdäki suwarymly ekin meýdanlarynda hem-de daglaryň pesliklerinde we baýyrlyklarda düme ekin ekmäge mümkinçilik beripdir. Künji we dary ekinleri hem ornaşdyrylyp başlanýar. Murgabyň aşaky akymynda bolsa şaly ekilipdir.
Köpetdagyň eteginde üzümçilik, ownuk miweli agaçlar hem ösdürilip ýetişdirilipdir, çakyr taýýarlanypdyr.
Men şu ýerde, eziz okyjy, türkmen ata-babalarymyzyň gadymyýetde nähili önümler öndürendigi, gadymyýetde türkmen tebigatynyň nähili bolandygy baradaky anyk taryhy maglumatlar esasynda ýazan setirlerimi saňa ýetirmek isleýärin.
Taryhy maglumatlar ak bugdaýyň ilkinji watanynyň Türkmenistandadygyny düşündirýär. Bäş müň ýyl mundan ozal Änewiň düzlüginde ýetişdirilen ak bugdaýyň tohumy tapylan bolsa, biz «Türkmenistan – ak bugdaýyň Watany!» diýip, arkaýyn aýdyp bileris.
Bu barada Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama kitabynda ýazdy. Şu ýerde şol kitapdan mysal getirmek isleýärin:
Oguz han türkmen topragynyň bagy-bossanlyk bolmagyny isläpdir. Ol her esgere söweşden öň nahal ekdiripdir. Nahal ekmedik esger ýörişe äkidilmändir. Oguz han döwründe biziň ata-babalarymyz dag eteklerine, Bäherden taraplaryna, Durun taraplaryna ýazlamaga geler ekenler, ol ýerleri biziň halkymyzyň oturymly ýerleridir. Dagdaky arçalary çapmak günä hasaplanypdyr. Ýöne geçen asyrda bu ýere demir ýoluny çekjek bolanlarynda sypaly uzak ýerden getirjek bolup durmandyrlar. Käbir ýerli hannaslaryň pul bilen gözlerini güýdüşdirip, dagdan sypallyk agaç getirdipdirler. Şondan soňam Köpetdagyň äpet-äpet arçalary satuwa düşüp, towsa göterilipdir.
Türkmeniň tebigat, ýaşaýan tebigy giňişligi bilen arabaglanyşygynyň täsin aýratynlyklary bar. Türkmeniň ruhy hem maddy medeniýeti onuň ýaşan tebigat giňişliginden reňk alypdyr. Türkmen hemişe tebigatyň goýnunda, öz ruhy hem maddy medeniýetiniň jümmüşinde ýaşapdyr. Türkmen taryhynyň durnuklylygyny, türkmen ýaşaýşynyň taryhy gözelligini bir zatda görýärin: biziň milletimize öz ýaşaýşyny tebigata garşylyk görkezmek, onuň garşysyna çykmak usulynda däl-de, tebigat bilen sazlaşyk esasynda gurnapdyr. Tebigat bilen garşydaş däl-de, hyzmatdaş bolup ýaşaýan milletiň taryhy ömri bolsa edil tebigatyň özi ýaly uzak hem hasylly bolýar. «Oguznamalary» alyp görüň, ýa bolmasa, «Gorkut atany» ýa-da «Göroglyny» okap görüň: tebigat bilen şeýle näzik, mährem gatnaşyklary görersiňiz. Bu ataly ogluň gatnaşyklaryny ýada salýar. Megerem, şonuň üçin türkmen milleti watanyna «ata Watan» diýip ýüzlenýändir. Şeýle gatnaşyk türkmen ruhuna özge ýerde duş gelmeýän tebigylygy hem sagdynlygy, ruhubelentligi hem gözelligi çaýýar. Şu ýerde «Gorkut atanyň» gahrymanlarynyň çaýlara, sähralara gatnaşygy, Göroglynyň daglara bolan üýtgeşik sarpasy hem mähri ýadyňa düşýär. Türkmeniň milli aýratynlygynyň mähek daşy bolan tebigylyk, ýüz görmezlik, gönümellik hem şundan gelip çykýar.
Namazga IV zamanynda medeniýetiň ösüşinde şäherleriň gadymy döwlet gurluşyna mahsus bolan alamatlary, biziň topragymyzda bürünç eýýamynda duş gelýär. Dünýä meşhur Namazga, Ýaňykent, Ulug medeniýetiň umumy derejesiniň ýokarydygyny aýtmaga esas berýän ýadygärlikler bolupdyr. Olaryň ösüş derejeleri, şäherleriň tutýan meýdanlarynyň ululygy (Namazga – 50 gektar; Ýaňykent – 24 gektar; Ulug – 8,5 gektar) bürünç zamanynyň ösen Namazga IV döwründe özboluşly şäher-döwletler bolupdyr diýip aýtmaga mümkinçilik berýär.
Namazga V bürünç asyrynyň gülläp ösen, ýagny ezeli ekerançylyk medeniýetiniň iň ýokary galan döwri bolupdyr. Şol döwrüň medeniýeti suwarymly ekerançylygyň, maldarçylygyň, hünärmentçiligiň we söwdanyň oňat ýola goýlandygy bilen tapawutlanýar. Ol döwürde irki gulçulyk synpy jemgyýet bolupdyr diýmäge esas bar. Başgaça aýdanynda, Günorta Türkmenistan ezeli Gündogar medeniýetiniň ýaýran welaýatlaryna girmek bilen, ykdysadyýetiň, umuman, durmuşyň ösüşi boýunça olar bilen deň hatarda bolupdyr.
Ýaňykentden tapylan arheologik maglumatlar, jemgyýetiň synpy bölünişigini äşgär edýär. Barly toparlaryň gonamçylyklarynyň we ýönekeý raýatlaryň mazarlarynyň, ruhanylaryň jaýlarynyň we senetkärleriň bolýan ýerleriniň arasyndaky uly tapawut jemgyýetiň sosial gatlaklara bölünendigi arheologik nukdaýnazardan subut edildi.
Ýaňykent uly şäher bolupdyr. Ýöne ol ýerde esasan oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanylypdyr. Esasy öndürilýän önüm Ýakyn Gündogaryň hemme ýerinde bolşy ýaly, ýalaňaç däneli arpa, ýumşak we gysga boýly bugdaý ekilipdir. Üzümçilik üstünlikli alnyp barlypdyr, ondan çakyr ýasalypdyr. Ýaňykentde üzüm sykylýan meýdançanyň üsti açyldy. Maldarçylygyň esasy görnüşi dowarçylyk bolupdyr. Namazga IV döwründen tapawutlylykda, gara mallar azlyk edipdir.
Miladydan öňki dördünji müňýyllykda Murgabyň aşaky akymynda özleşdirilen ýerler, ygallylygyň artmagy bilen täzeden güýç alyp ugrapdyr. Ol ýerde ýüzden gowrak ösen we giçki bürünç asyry döwrüne degişli ýadygärlikler belli edildi. Olardan iň ulusy Goňurdepedir (27,8 gektar). Murgabyň aşaky akymynda soňky ýyllardaky sürümlere çenli Orta Aziýada iň gadymy suwaryş ulgamlarynyň saklanyp galandygyny uçar bilen alnan suratlar aýyl-saýyl etdi.
Ösen we giçki bürünç asyrynyň Baktriýa, ýagny Demirgazyk Owganystan we Günorta Özbegistan bilen Margiananyň medeniýetleri diýseň meňzeş. Olaryň arasynda ýakyn aragatnaşyk ýola goýlupdyr. Bürünç asyrynyň ösen döwründe Margiana esasy metaly Baktriýadan alypdyr. Murgabyň we Serhetabadyň üstünden Hindistana esasy kerwen ýollary gidipdir. Margianadan-da Ýaňykentde bolşy ýaly, köp sanly daşary ýurt harytlary, pil süňkünden ýasalan her hili bezegler we möhürler tapylýar.
Namazga V soňky döwründe medeniýete uly howp abanypdyr. Uly merkezi şäherler ýumrulypdyr. Täze Namazga VI öňki döwür bilen hiç hili deňeşdirer ýaly däl. Ol betbagtçylygyň sebäbi barada ylymda ir wagtlardan bäri gapma-garşylykly pikirler orta atylýar. Baryp 1904-nji ýylda R.Pomponelliden bäri ösen bürünç medeniýetiniň ornuna gelen «wagşylaryň basyp alan döwri» barada düşünje bar. Ol düşünjäni, ýagny hindiýewropaly maldarlaryň köpçülikleýin aralaşandyklaryny köp sanly arheologik maglumatlar tassyklaýar. Şol mesele bilen iş salyşýanlaryň köpüsi olary Günorta Rus we Uralyň aňyrsyndaky sähralyklardan gaýdyp, birnäçe akym bilen Orta Aziýa, Hindistana, Eýrana we Sibire aralaşypdyrlar diýip hasap edýärler. Ol maldarlaryň ýörişi esasan miladydan öňki XVII – XII asyrlarda bolup geçipdir. Demirgazykdan gelen ol halk hindi-eýran taýpalary eken.
Maldarlaryň bir bölegi, aman galan öňki oturymly ilatyň tejribesini ulanyp, olaryň gönüden-göni gatnaşmagy esasynda ýuwaş-ýuwaşdan ekerançylyk bilen meşgul bolup ugraýarlar. Olar hindi-eýran dilinde gepleýän ilat bolupdyr. Hojalygyň öňki gurluşy – ekerançylyk, maldarçylyk we hünärmentçilik dikeldilýär. Indi şäherleriň ýerine obalar döräpdir. Demirgazyk Etrek sähralygynda Madaw (irki Dehistan) medeniýeti döreýär. Arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde Namazgada we Tekkemde köşkleriň bardygy ýüze çykarylýar.
Köpetdagyň günorta-günbatar çeti, ýagny Sumbar jülgesi uzak wagtlap, Namazga II-den bürünç asyrynyň ahyryna çenli özleşdirilipdir. Ol geografik etrap irki döwürlerden bäri Gürgen, Etrek welaýatynyň bölegi bolupdyr, onuň medeniýeti irki döwürlerde dörän Astrabat (Şahdepe) medeniýetine degişli düzümi gara reňkli gaplar bilen kesgitlenilýär. Ähli Günorta – Günbatar Türkmenistanda, demirgazyk Etrek (Dehistan – Misrian) sähralarynda çetden gelen çarwalaryň ýykgynçylyklary duýulmaýar.
Namazga VI-nyň başlangyç döwri ekerançylyga we maldarçylyga köp zyýan ýetiren güýçli gurakçylyga gabat gelýär. Şeýle-de bolsa, Köpetdagyň eteklerindäki obalarda ýaşaýyş dowam edýär. Murgapda bolsa şol döwrüň medeni gatlaklary diýseň ýuka. Bu hakykaty, belkem, diňe gurakçylyk bilen däl-de, eýsem esasan daşky ýaramsyz ýagdaýlar, ýagny maldarlaryň köpçülikleýin aralaşmagy bilen düşündirmek bolar. Murgaplylar sähraly maldarlaryň sütemine has-da köp döz gelendirler diýlip çaklanylýar.
Miladydan öň ikinji müňýyllygyň ahyrlarynda murgaply eždatlarymyz suwaryş ulgamynyň täze görnüşini – howuzly suwaryş usulyny ulanypdyrlar. Ol bolsa öz gezeginde täze taýpalaryň gelmegi bilen baglanyşykly bolmaly. Namazga miladydan öňki XVII–XII asyrlar bilen senelenýär.
Namazga VI zamanynyň ahyrynda Ýelkendepede täze merkez döreýär. Şeýlelikde-de, Ýaşylly medeniýeti – «Wagşylaryň basyp alan döwri» başlaýar. Ol waka miladydan öňki XIII–XII asyrlar bilen senelenýär. Şol döwrüň maldarlary iki tigirli arabany peýdalanypdyrlar. Maldarçylyk çarwaçylyk usulynda hem alnyp barylýar. Ulag hökmünde ýylky ulanylypdyr we atly söweşlerde ulanylýan ýaraglar bolupdyr. Şol döwürlerden başlap Merkezi Aziýada diňe ezeli eždatlarymyzyň dilinde gepleýän halklaryň – parfiýalylaryň, girkanlylaryň, margianalylaryň, horezmlileriň, baktriýalylaryň, sogdularyň, massagetleriň, saklaryň we başgalaryň ata-babalary ýaşapdyrlar. «Wagşylaryň basyp alan döwri» – EWO medeniýeti mahaly,Zaratustranyň ýaşan döwrüne gabat gelýändir, ýagny zoroastrizm dininiň pygamberi, iki müň ýyla golaý, araplar gelýänçä ezeli eždatlarymyzyň dilinde geplän halkyň dini düşünjesi bolup hyzmat eden dindir.
Takmynan, miladydan öňki II–I müňýyllyklaryň sepgidinden irki demir asyry başlanýar. Adamlar demirden ýasalan gurallary yzygiderli ulanyp ugraýarlar. Demir metallurgiýasy bürünç metallurgiýasyna garanynda has kyn, ýokary temperaturany we çylşyrymly usullary talap edipdir. Ol kynçylyklar gara metallurgiýanyň giňişleýin ýaýramagyny köp wagtlap bökdäpdir. Demir önümleri seýrek hem-de gymmat bolupdyr. Esasy metal bolup ýene-de köp wagtyň dowamynda bürünç ulanylypdyr. Günorta Türkmenistanyň irki demir asyryna degişli ýadygärlikleriň has irki gatlarynda entek demir önümleri aýan edilenok, ýokary gatlaklarynda bolsa oňa az gabat gelinýär. Diňe kem-kemden demir pyçaklar we gylyçlar bürünji gysyp çykarypdyr.
«Awestada» aýdylyşyna görä, eýran dilinde geplän ähli ilatyň kowum atasy bolan Ýima öz ilatyny çendenaşa köpelenligi, öňki ýurduna sygmaýanlygy hem-de sowugyň has gazaplylygy zerarly günorta göçürýär. «Awestada» aýdylyşyna görä, eýran dilinde geplän ähli ilat biri-birine garyndaş bolupdyr.
«Wagşylaryň basyp alan döwri» – EWO Ýaz I medeniýeti Ýaşylly görnüşli oturymly ekerançylaryň obalygy bilen görkezilýär. Olar pagsadan we kerpiçden salnan jaýlarda ýaşapdyrlar.
Giçki bürünç we irki demir asyrlarynyň sepgidinde Merw medeniýeti ösüşini dowam edýär. Oňa maldarlaryň soňky akymy-da täsir etmändir. Köp sanly uly gurluşykly ýaşaýyş ýerlerinde adaty durmuş dowam edipdir.
Miladydan öňki müýyllygyň başlaryna Amyderýanyň Sarygamyş gollary suwlulanypdyr. Çep kenardaky Was ýene-de özleşdirilip ugralýar. Irki demir asyryna degişli iň irki ýadygärlikleriň biri – Gaňňa-II ýadygärligidir. Gaňňa-II Gaňňagyryň gündogarky burunlarynyň biriniň üstünde ýerleşip, ol goranyş galasy bolupdyr. Oňa diňe gyr tarapdan baryp bolýan ýeke-täk ötelgäni-de 12 metr galyňlykdaky gum we balykgulak daşyndan edilen diwar hem-de 9 metr giňlikdäki garym bilen berkläpdirler. Ýadygärlikde miladydan öňki IX – VI asyrlarda ýaşaýyş bolupdyr.
Amyderýanyň Sarygamyş gollarynyň suwlulanmagy Sarygamşy dolduryp, miladydan öňki müňýyllygyň başlaryna Uzboýdan suwuň akmagyna getirýär.
Wagtyň geçmegi bilen ilatyň dini ynançlarynyň düzgünleri öz gezeginde dini düzgünnama bolan «Awesta» öwrülýär. «Awestanyň» taryh ylmy üçin ähmiýeti örän uly, sebäbi ol ezeli eždatlarymyz barada, olaryň gözýetimi, ekerançylyk we maldarçylyk hojalygy, ýaşaýşy, jemgyýetiň gurluşy, gadymy dünýäniň geografiýasy barada baý maglumatlary berýär.
Murgap derýasynyň aşak akymynda ýerleşýän ýurda Awestada Mouru ýa-da Mourw diýilýär we iň gowy ýurtlaryň arasynda Ahuramazda hudaýy tarapyndan iň oňat ýurtlaryň hatarynda üçünji orunda ady tutulýar. Şolaryň içinde Haraýwa (soňra Ariýa), ýagny Gerirud Tejende ýerleşýän ýurt hem ýatlanylýar. Awestanyň bölümi bolan Mihr Ýaştida Hwaýrizem – Horezm hem ýatlanylýar.
Ýaz II döwri tebigatyň nobatdaky ygallylygy wagtyna gabat gelýär. Derýalaryň suwy köpelýär. Bu bolsa öz gezeginde suwarymly ekerançylygyň ösmegine, ekin meýdanlarynyň giňelmegine, täze ýerleriň özleşdirilmegine getirýär. Ikinji bir tarapdan, ekerançylygy suw basmak howpy abanýar. Onuň üçin-de Köpetdag eteklerinde öňki oturymly ýerlerden Ulug, Ýelken bolaýmasa, köplenç täze, ýagny, bürünç asyry döwründäki ulanylan ýerler bilen bagly bolmadyk ýerler özleşdirilýär.
Ýaz II döwründe hojalygyň esasy bölegini ösen oba hojalyk önümçiligi tutupdyr. Ekerançylygy esasan howuzly görnüşde suwarmak ýola goýlupdyr. Ygally howa dag eteklerinde we baýyrlarda düme ekinlerini ekmäge mümkinçilik beripdir. Düme ekinleri Köpetdagda we Uly Balkanda-da ekilipdir. Garabil guýularynyň töwereginden tapylan gaplaryň bölekleri bolsa şol zamanlarda çöl meýdanlarynda-da mal bakylandygyna şaýatlyk edýär. Hünärmentçilik, esasan-da külalçylyk ýokary derejede ösüpdir. Bürünç metallurgiýasy dowam edipdir. Onuň bilen bir hatarda demir öndürmek işi hem ösýär. Onuň yzy Ýelkendepede ýüze çykaryldy. Ýaz II medeniýeti miladydan öňki 650-450-nji ýyllar bilen senelenipdi. Indi ony miladydan öňki IX – VIII asyrlar bilen senelemäge paleografik maglumatlar esas berýär. Günorta-Günbatar Türkmenistanda öňki Madaw medeniýeti (miladydan öňki XIII – VII – VI asyra çenli) dowam edýär. Etnik düzümi boýunça madawlylar gadymy girkanlar, midiýalylar diýlip hasaplanylýar.
Ýaz III döwri tebigy geografik jähetden-de, taryhy durmuş ösüşinde-de, daşky syýasat babatynda-da uly özgerişlikler bilen tapawutlanýar. Ýaz III döwri paleografik nukdaýnazardan tebigatyň ygally döwrüniň soňky uly bölegini öz içine alýar. Tebigy sebäpler we jemgyýetiň oňa bolan gaýtargysy zerarly Murgabyň aşaky akymy düýpli özgerişlere sezewar bolýar. Suw ýetmezçiligi döreýär. Bu bolsa Ýaz III ösüşiniň esasy aýratynlyklarydyr. Şol özgerişlikler derýanyň aýagyndaky ýaşalýan ýerleriň taşlanmagyna getirýär. Şol bir watyň özünde Murgabyň sag kenarynda täze Merw etraby döreýär we ol gülläp ösüp başlaýar.
Miladydan öňki VIII – VII asyrlarda taryhda uly özgerişlikler – iri syýasy birleşmelere geçmek döwri bolupdyr. Şolar ýaly döwlet gurluşynyň alamatlary bolan uly syýasy birleşik Horezmde-de döräpdir.
Sarahsyň we Ýelkeniň aşaky medeniýetli gatlaklaryndan «wagşylaryň basyp alan döwri» – EWO (Ýaz I) degişli gaplaryň bölekleri tapyldy. Şeýlelikde, Sarahsda ýaşaýşyň başlananyna üç müň ýyl bolandygyny we onuň Merkezi Aziýada iň gadymy şäherleriň biridigine göz ýetirmek mümkin. Ýelkendepede bolsa diňe alty ýüz ýyl, ýagny Ahemeniler döwrüniň soňuna çenli ýaşalypdyr.
Miladydan öňki VIII asyryň ahyrlarynda Wasda Emirabat medeniýeti tamamlanýar, onuň ornuna Guýsaý medeniýeti gelýär. Ol medeniýetiň esasy ýaýran ýeri Amyderýanyň Sarygamyş goly – Daşoguz welaýatynyň çäkleri hasaplanýar. Guýsaýlylaryň ýaşaýyş jaýlary karkasdan bolupdyr. Esasy hojalygy maldarçylyk – dowar we gara mal bolupdyr. Guýsaý – II oturymly obalarynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri wagtynda galla saklanýan humlar we uly küýzeler hem-de daş owuçlary tapylypdyr.
Gadymy Horezmiň özboluşly üýtgeşikligi barada diňe meşhur horezmli alym Abu Reýhan Biruniniň işlerinde görkezilen halk däpleri bolaýmasa, gadymy taryhy çeşmelerde artykmaç häsiýetnama ýok.
Miladydan öňki müňýyllygyň başlarynda Amyderýanyň esasy akymy Sarygamyş gollaryndan akýar. Horezmde Merkezi Aziýanyň günorta bölegine seredeniňde, şäherler gijräk gurlup başlanýar. Külli Horezmiň iň uly we irki şäheri Küýzeligyr ýadygärligi häzirki Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň çäginde ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 20 gektar. Küýzeligyr Horezmiň şäher gurluşyk medeniýetiniň başlangyjy hasaplanyp, miladydan öňki VII – VI asyrlar bilen senelenýär. Ol gadymy döwre degişli taryhy çeşmelerde ýatlanylýan Horasmiýa şäheridir. Miladydan öňki V – IV asyrlara Gallalygyr I we 2, gadymy Ürgenç, Döwkesen (Wezir), Gaňagala I we başga-da birnäçe ýadygärlikler degişlidir.
Häzirki zamanda Täjigistan döwletiniň we Päkistan döwletiniň gündogar-günortasynda gadymy döwürde Penjap diýen welaýat bolupdyr. Şol welaýatyň bir çeti dünýäde iň beýik dag toplumy Gimalaý daglyklaryna baryp diräpdir. Şol sebitiň demirgazyk-gündogar tarapynda Pamir, Týanşan, Hytaý, Tibet daglarynyň toplumlary bar. Şolar bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň gündogar sebitindäki daglyklar toplumlary-da goşulýar. Bu atlary agzalan daglyklar toplumlaryndan tutuş Merkezi Aziýadaky derýalar özleriniň gözbaşlaryny alyp gaýdýarlar. Edil şonuň ýaly, ýokarda ady tutulan gadymy Penjap welaýatynyň dag toplumyna direýän müdimi buzluk bolup ýatan ýerinden Üňüz derýasy özüniň gözbaşyny alyp gaýdypdyr. Ol Üňüz derýasy gadymy döwürde Garagum çölüni iki bölüp geçipdir. Ol şol barşyna häzirki Garabogaz kölüniň gündogar tarapyndan geçip Gürgen (Hazar) deňzine guýupdyr. Wagtyň geçmegi bilen bolsa bu derýa gurap galypdyr. Ýöne onuň akan ugry gowy saklanypdyr.
Derýalaryň geçen ugry ýaşaýyş çeşmesi bolupdyr. Şu güne deňiç alymlar Oguz derýasynyň, Üňüz derýasynyň ugrundan iki ýüzden gowrak şäheriň yzlaryny tapdylar. Taryhçylaryň, arheologlaryň öňünde gaty uly wezipeler durýar. Türkmen topragy entek doly açylmadyk hazyna. Bu hazyna bize ilkinji adamzat ýaşaýşyndan başlap, şu güne çenli çäksiz kän taryhy wakalaryň bolandygyna şaýatlyk edýär.

13. Türkmenistanda bolup geçýän düýpli
ygallaşmalar we taryh

Allatagala bendesiniň gumuny Ýerden, tebigatdan alyp, bendesini gumuny alan ýerinde ýerde, tebigatyň goýnunda hem ýaşadýar. Adamzadyň ýaşaýşy döräli bäri tebigata bagly. Adamzat taryhynda hem tebigatyň orny ägirt uly bolupdyr. Taryhyň örän köp syrlary adamzat taryhy tebigatyň täsiri nukdaýnazaryndan öwrenilip başlandan soň, aýan bolup ugrady. Ylym şu nukdaýnazara diňe XX asyryň ikinji ýarymynda geldi we indi bu nukdaýnazar birgiden taryhy taglymatlara öwrülip gitdi.
Mysal üçin, 2000-nji ýylda nemes alymlary Ýeriň howasyny kompýuter arkaly dikeltmek usulyny ulanyp, Afrikadaky Saharanyň bary-ýogy 4000 ýyl mundan ozal çöle öwrülendigini açdylar.
On müň ýyl mundan ozal Sahara otlar we gyrymsy agaçlar bilen örtülen sähralyk eken. Soň birden howa gyzyp, ygal kesilip, çöllük emele gelipdir. Elbetde, Saharanyň goýnundaky uly-uly medeniýetler ýok bolup gidipdir.
Howanyň şeýle üýtgäp-özgerip durmagynyň sebäbi nämede?
Ýeriň okunyň Gün babatdaky ýapgydy hemişelik däl-de, üýtgäp durýar. Mundan 9 müň ýyl ozal bu ýapgyt 24,140 bolupdyr, häzir bolsa ol 23,450 derejesindedir. Netijede, Ýeriň Günüň daşyna edýän aýlawynyň örüsi üýtgeýär. Häzirki wagtda Ýer Güne ýanwar aýynda golaý barýar, on müň ýyl mundan öň bolsa olaryň iň golaý durýan wagty iýul aýy eken. Aýlawyň şu hili üýtgemesi Ýeriň howasynyň, ummanyň we guryýeriň özara baglanyşygyna inçeden täsir edip, tebigy şertleri tanalmaz derejede özgertmäge ukyplydyr.
Diýmek, Allatagala adamzat ýaşaýşyna we taryhyna gönümel hem, tebigatyň üsti bilen üstaşyry hem täsir edip bilýär.
Miladydan öňki VI–III müňýyllyklarda howanyň çyglylygy we ygallyk artypdyr. Bu hem arheologik delilnamalar bilen subut edilýär. Garagumuň jümmüşinden şol döwre degişli müňlerçe obajyklaryň üsti açyldy. Beýle obalar diňe suwuň kenarynda – derýajygyň ýa-da kölüň kenarynda döräp we ýaşap biler. Süýji suwly köller, kölçeler köp bolupdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýylda 75-150 mm. ygal düşýän bolsa, degişli döwürlerde ygalyň düşýän mukdary 250-450 mm. bolupdyr. Ýylyň şol aýyndaky howa temperaturasy bolsa häzirkisinden 8-90 maýyl bolupdyr. Şeýle ýagdaý – howanyň ygallylygy diňe biziň Watanymyzda däl, eýsem uzak Afrikada – Saharada hem ýokary bolupdyr.
Baryp täze daş asyry döwründe atlantiki möwsüm başlanypdy. Howa maýlady we şol bir wagtda ygal artdy. Türkmen sähralary gür ösümlikler bilen örtüldi. Çöllügiň ýerine sähralyk geldi. Ösümlikleriň köpelmegi we köpdürli bolmagy öz gezeginde haýwanat dünýäsini baýlaşdyrdy. Şol ikisiniň esasynda bolsa adamlaryň bol-elin ýaşamagynyň şertleri emele gelýärdi. Munuň özi türkmen topragyna bereketiň we rysgalyň inmegidi.
Paleogeografiýa – howanyň uzak geçmişde nähili bolandygyny öwrenýän ylmyň maglumatlary adamyň rysgalynyň tebigy we howa şertleriniň üýtgemegine bagly bolandygyny tekrarlaýar. Men bu ýerde saldamly hem agramly, manyly türkmen sözi – rysgaly giň medeni-pelsepewi manyda – adamyň ýaşaýyş medeniýetiniň ösmegi manysynda ulanýaryn. Türkmen topragyndaky medeni-ýaşaýyş ösüşleri hökmany suratda atlantiki ygallaşma bilen aýakdaş gidýär.
Birinji gezek – miladydan öňki VI müňýyllykda ygallaşma Jeýtun medeniýetini döretdi. Bu medeniýet V müňýyllykda hem gurakçylyk sebäpli syndy.
Ikinji ygallaşma miladydan öňki IV müňýyllygyň başlarynda ata-babalarymyzyň beýik Änew medeniýetini döretmegine tebigy esas bolupdy.
Üçünji gezekki ygallaşma bolsa şol wagta çenli döredilen iň beýik medeniýeti – ezeli oguz-türkmen döwletiniň beýik Ýaňykent medeniýetini – döwletini döretmäge mümkinçilik berdi.
Allanyň bereketi – ygal ekinleriň hemdesti hem-de ýeriň-topragyň ýaranydyr. Bu hojalygyň ösmegne – rysgala, ilatyň köpelmegine – döwletlilige hem-de täze ýer-ýurduň – adam mülkleriniň açylmagyna getirýär. Eger-de, ygalyň-ýagmyryň kesilmegi netijesinde howa guraklaşyp, ýerler gyzyp ugrasa, adamyň ýagdaýy – güni kynlaşýar. Biziň Watanymyzyň irki taryhynda miladydan öňki V müňýyllygy we IV – III müňýyllyklaryň sepgidini, şeýle hem II müňýyllygy şeýle döwürler hökmünde görkezip bolar.
Ygallyk döwürlerinde Köpetdagyň eteklerinde, Murgabyň we Tejeniň, beýik Oguz derýasynyň boýlarynda – Uzboýda ýaşaýyş IV-III müňýyllyklaryň sepgidine çenli üznüksiz dowam etdi. Emma degişli döwürde Amyderýanyň suwy beýleki akymlara sowlup, Uzboýdan suw akmasy wagtlaýynça kesilipdi. Adamlar hem Amyderýanyň sag kenarlaryna göçüp gidipdiler.
Miladydan öňki II müňýyllygyň ikinji ýarymynda iň gurak döwür başlanypdy. Munuň özi diňe Köpetdagyň eteklerinde ýaşaýşyň saklanyp galmagyna sebäp bolupdy. Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň üýtgemeginiň öwrenilmegi, onuň Aral deňzi bilen deňeşdirilmegi bir kanunalaýyklygy ýüze çykardy: Hazaryň suwunyň ýokary galmagy Aralyň guramagy bilen gabat gelýär we Aralyň suwunyň ýokary galmagy Hazaryň suwunyň pese düşmegi bilen gabat gelýär. Sebäbi Hazaryň suwunyň ýüzde 81-i Wolgadan gelýär. Wolganyň gözbaşlary bolsa gumid zolagy diýilýän Ortarus düzlüginde ýerleşýär.
Diýmek, şol zolagyň çäklerinde ygalyň köp düşmegi Hazara täsir edýär. Ygalyň köp düşmegi bolsa ol ýerlere siklonyň barmagy bilen baglanyşyklydyr. Emma haçan-da siklon bärik – Orta Aziýa ýa-da arid – guraksy zolaga gaýdanda, ygal bize köp düşýär. Netijede Aralyň suwy köpelýär, Hazaryňky bolsa siklonyň bärik gaýdandygy sebäpli ep-esli azalýar.
Miladydan öňki II müňýyllykda Orta Aziýa arylaryň täsiriniň artmagy we ýerli medeniýetiň synmagy hem şu howa gezekleşigi bilen baglanyşyklydyr. Günorta Russiýada siklonyň ep-esli wagt saklanmagy arylaryň çarwa hojalygynyň güýçlenmegine we olaryň täze ýer-ýurt açmak üçin Türkmenistana gaýtmagyna sebäp bolupdy. Türkmenistanda bolsa şol döwürde ezeli medeniýet pese düşüpdi. «Ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýen ýaly arylaryň güýçlenip gelmegi we täze ýerde şonsuzam pese düşen taýpalaryň ejizligi basybalyjylykly hereketi tizleşdirdi we aňsatlaşdyrdy. Munuň özi türkmen halkynyň etniki düşegine ýazylan ikinji gatlak boldy.
I müňýyllygyň başlarynda çarwa taýpalaryň ikinji tolkuny gaýtdy. Bu gezek olaryň hereketi mejbury häsiýetdedi. Sibirde howa guraklaşdy, Orta Aziýada bolsa ygal köpeldi. Howanyň guraklaşmagy şol bir wagtda onuň sowamagyny aňladýardy.
Türkmen taryhynyň birinji Oguz han Türkmen eýýamynda türkmeniň etniki esasy doly kemala geldi.
Ilki ortaýerdeňzi ýewropeid jynsy, soňra munuň üstüne ary – protoýewropeid gatlagy türkmeniň millet hökmündäki süňňüni tutdy.
Indi bolsa Köpetdagyň eteklerine we VI müňýyllyga gaýdyp baraly. Häzirki wagtda Köpetdaga Türkmenistanyň beýleki ýerleri bilen deňeşdirilende has köp ygal – ýylda ortaça 300-500 mm möçberde düşýär. Köpetdagyň ýokarsyna galdygyňça ösümlik dünýäsi has baýlaşýar.
Köpetdagyň guwanjy arçadyr. Arçanyň boýy 20 metre çenli ýetip bilýär. Köpetdagyň jülgeleri we dereleri, çaýlaryň we çeşmeleriň boýlary has gözeldir. Bu ýerlerde zirk we böwürslen, itburun we alça, injir we nar, hoz we üzüm, alma, çynar, armyt bitýär.
Köpetdagyň etekleriniň topragy mesdir. Baryp örän gadymy döwürlerde hem bu toprakda dürli ösümlikler ösüpdir. Bugdaý, arpa adaty medeni ösümlikler bolupdyr.
Şol döwürde Köpetdagyň ähli gerişleri we ondan aşaklary gür arçalyga bürenip oturan eken. Muňa ata-babalarymyzyň galdyryp giden ýadygärlikleri şaýatlyk edýär. Namazgada we beýleki medeni merkezlerde arçadan ýasalan kömrüň galyndylary juda köp duş gelýär. Iň esasy zat hem ata-babalarymyz arçany gap-çanaklaryň ýüzlerindäki nagyşlaryň esasy mowzugyna öwrüpdirler. Sebäbi arça arly ýyl ýaşyl öwsüp oturan agaçdyr. Arçanyň şeýle häsiýetiniň barlygy ähli zady, onda-da töweregindäkilerden düýpgöter saýlanyp oturan ähli zatlary ylahylaşdyrýan eždatlarymyzyň bu agaja gudratly agaç hökmünde seretmeklerine sebäp bolupdyr. Arheologik ýadygärlikler hem, gadymy ýunanlylaryň ýazgylary hem degişli döwürde Köpetdagyň tebigatynyň juda gözel bolandygyny aýdýarlar.
Gür arça tokaýlary Köpetdagda ygalyň köp düşmegine we saklanmagyna sebäp bolupdyr. Köpetdagdan inýän çaýlaryň suwy köp bolupdyr. Şonuň üçin hem olaryň akymy Garagumuň jümmüşine baryp ýetipdir. Ol çaýlaryň kenarlaryny gür jeňňellikler tutupdyr. Garagaç we tal, beýleki agaçlar bu jeňňellikleriň bezegi bolupdyr. Biziň döwrümize diňe şol çaýlaryň känbir göze ilmeýän, gömlüp giden hanalary we owadan agaçlaryň kömrüniň galyndysy gelip ýetipdir.
Şeýlelikde, bu ajaýyp toprakda abadan ýaşaýyş üçin ähli zerur zatlar bolupdyr. Şonuň üçin hem bu ýerde adamzat taryhynda iň gadymy medeniýet kemala gelipdir. Ýaňykent şäheri – munuň özi Ýer ýüzündäki iň gadymy şäherleriň biridir. Baryp bäş müň ýyl mundan ozal bu ajaýyp şäherdi. Oguz türkmen döwletiniň ösen ykdysadyýeti, gaýtalanmaz sungaty, beýik şäher binagärligi hem-de kämil durmuş gurluşy bardy. Şeýle şäher türkmen topragynda birden döremedi. Bu netije tas üç müň ýyllyk ösüşiň netijesidir.

Osman ÖDE.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 24 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: