21:24
Taryh ylmy we türkmen taryhy -2/ dowamy

6. Türkmen taryhynyň eýýamlary

Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen milletiniň taryhyny bäş sany uly eýýama böldi. Munuň özi sap taryhy däl-de, ruhy-taryhy bölünişikdir. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamanyň esasynda türkmen taryhyny ýazanynda, ol bäş eýýamy hem dürli döwürlere böldi. Çünki bäş müň ýyl juda uzak möhlet bolup, ony has kiçi döwürlere bölmeseň, taryhy anyk görkezmek hem-de onuň hil taýdan ösüşini anyk yzarlamak mümkin däldir.
Taryhymyzy döwürleşdirenimde, türkmeniň döreýşini we ösüşini, dürli öwrümleriň biri-birini hil taýdan çalşyşyny esasy ýörelge hökmünde aldym.
Men ýokarda taryhyň öz usullary boýunça ylmy bolup durýandygyny, şol bir wagtda-da onuň öz düýp manysy, maksatlary we netijeleri taýdan filosofiýa bilen meňzeşdigini aýdypdym. Şonuň üçin hem taryh beýan edilende, diňe ylmy däl, eýsem beýleki maglumatlary hem ulandym. Ýöne şol «ylmy däl» maglumatlary ylmy nukdaýnazardan we ylmy jähetden beýan etdim. Taryh diňe bir geçmişden galan durmuş däl, eýsem ol geçmişden galan aňdyr hem – «ylmy» bilen «ylmy däl» zadyň arasynda nähili tapawut ýatýar? Köp alymlar beýle tapawuda «dogry» bilen «ýalanyň» arasyndaky parh hökmünde garaýarlar. Munuň özi düýbünden ýalňyşdyr, günbataryň dünýäge diňe hususy ylym tarapyndan akyl ýetirip bolar diýýän pelsepe akymy bolan pozitiwizm, özem ylmy ylahylaşdyran pozitiwizm diýilýän dünýägaraýşynyň önümidir. Bir döwür boldy, ylmyň kulty döredi. Ylma ähli zadyň çözgüdi, ähli dertleriň emi hökmünde garadylar. Emma bu hili garaýşyň krizisi çak edilişinden ir geldi. Muny nemes filosofy Gusserl (1859–1938 ý.) oňat açyp görkezdi.
Ylmy men paýhasyň tehnikasyndan we tehnologiýasyndan başga hiç zadam hasap edemok. Başgaça aýdanyňda, ylym paýhasyň goýan anyk meselelerini çözmegiň guralydyr. Şu manyda onuň paýhasyň beýleki gurallaryndan – mifologiýadan, filosofiýadan, sungatdan artyk ýeri ýokdur. Çünki onuň hem öz gowşak we güýçli taraplary bar. Ylmyň güýçli tarapy – ol anyk, jikme-jik, «gara» işi oňat ýerine ýetirýär. Emma ol şol bir wagtda-da adamzat ýaşaýşynyň giňişliklerini sungat, filosofiýa, mifologiýa ýaly öz içine alardan, uzak wagt aralygyna giderden ejizdir.
Ylym – gysga aralygy ýyndam geçýän, ýöne uzak aralyga ylgamaga ukypsyz ylgawçydyr. Şonuň üçin hem birgiden barlyk bolan taryhy diňe ylym arkaly düşündirmek mümkin däl. Ýokarda aýdyşym ýaly, taryh – taglymatdyr. Taglymat bolsa bir daragt bolup, bu daragtyň kökleri adamzat aňynyň ähli görnüşleriniň çeşmelerinden suw içmelidir.
Şol zatlary göz öňünde tutup, men türkmen taryhynyň bitewüligini dikeltmek üçin, dürli ylmy maglumatlar bilen bir hatarda «ylmy häsiýeti bolmadyk» rowaýatlary, halk gürrüňlerini, köne kitaplardan galan maglumatlary we beýlekileri giňden ulandym. Kitabyň ylmylygyny onda nämäniň däl-de, nähili ulanylandygy kesgitleýär. Munda esasy iki pursat möhümdir:
birinjiden, hakykaty açmak;
ikinjiden, okyjynyň ruhy isleglerini kanagatlandyrmak.
Eger rowaýat taryhy maglumatlar bilen tassyklanýan bolsa, näme üçin ondan ýüz döndermeli. Aslynda näme üçin rowaýaty taryhy maglumat hasaplamaly däl? Adamzat paýhasynyň önümi bolan «ylmy» we «ylmy däl» diýilýän zatlar biri-birinden «dogrulygy» we «ýalňyşdygy» bilen däl-de, eýsem özleriniň esaslandyryş usuly bilen tapawutlanýarlar. Ylmy hakykatyň tebigaty mantyg pikirlenme arkaly ýaşaýar we ýüze çykarylýar, ylmy däl hakykatyň tebigaty mantyg däl – simwoliki, duýgulaýyn we ş.m. pikirlenme arkaly ýaşaýar we ýüze çykarylýar. Näme esasda bularyň haýsydyr biri beýlekisinden artykmaç bolmaly?
Men bu pikirleri ýöne ýere ýanjamok. Çünki bu meseleler adamzat pelsepesiniň hakykat babatdaky düýpli meseleleridir hem-de meniň taryhy taglymatymyň aýratynlyklaryna göz ýetirmekde möhüm pursatlardyr.
Şeýlelikde, taryhy doly we bitewi görkezmek üçin paýhasyň ähli delilleri zerurdyr. Şol sanda gaty köne, özi eýýäm ýitirilen, emma maglumatlary saklanyp galan kitaplaryň hem zerurlygy soňky açyşlardan kem däldi. Mysal üçin, men türkmeniň Oguz handan öňki, Oguz han döwrüniň taryhyny beýan edenimde, taryhy rowaýatlary giňden ulandym. Hususanam, eždatymyz Nuh pygamber, onuň ogly Ýafesiň rowaýatlary, Oguz han Türkmeniň ogullarynyň we agtyklarynyň gürrüňleri juda köne maglumatlardyr. Emma gyzyl hiç mahal könelmeýär. Ylmyň dar galybyna sygmaýar diýip olary zyňyp bolmaz. Ýöne rowaýatlaryň ajaýyp daragtlaryny ylmy maglumatlaryň topragyna oturdyp, olary mantyg pikirlenmäniň çeşmesinden suwa ýakmak weli hökmandyr.
Türkmen taryhynyň yzygiderli beýan edilmegi, bu taryhdan dürli manylary çykaryp, döwürleriň suratynyň dikeldilmegi we taryhy heňňamyň gaýtadan düzülmegi hysyrdyly iş. Taryhy bitewülikde, özem onuň tebigy bitewüliginde ýüze çykarmak üçin esasy şertleriň biri taryhy döwürleşdirmekdir. Taryhy döwürleşdirmek ony doly we töwerekleýin göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen taryhyny bäş müň ýyllyk taryh diýip kesgitledi. Munuň özi taryhy deliller we maglumatlar esasynda ýüze çykarylan wagt aralygydyr. Şonuň üçin hem bu taýpa hiç hili howaýylyk ýokdur. Edil şonuň ýaly-da, munda hiç hili ýasamalyk hem ýokdur. Bäş müň ýylyň dowamynda bolyp geçen wakalar özara baglanyşykly we biri-birini wagt hem hil taýdan şertlendirip gelýärler. Ýöne taryhy wagtyň şeýle dowamlylygynyň içki baglanyşyklaryny dikeltmek aňsat iş däl.
Türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyny bir sapaga düzmek, bitewüleşdirmek türkmen taryh ylmynda ilkinji synanyşykdyr.
Türkmen taryhyny hil taýdan özboluşly döwürlere bölmek üçin men wagt aralygyny aňladýan türkmen sözlerini özboluşly adalgalar hökmünde aldym. Ylmy adalganyň döremegi özboluşly many hadysasydyr.
Adalganyň manysy anyk we kesgitli, göçme häsiýetden daşda bolmaly. Şol bir wagtda-da ol manylar adamlaryň aňyndaky manylardan üzňe, ýasama zatlar bolmaly däldir. Umuman, dil – adam erkindäki zatlar bilen oňa garaşsyz kanunalaýyklyklaryň häzire çenli doly we ynandyryjylykly açylman gelýän täsin utgaşyklarydyr.
Şeýlelikde, özüniň içine alýan wagt çäklerine laýyklykda men türkmen taryh ylmyna şu aşakdaky düşünje – adalgalary girizýärin:
1. Taryhy heňňam.
Taryhy heňňam – iň uzak, çäksiz wagt ölçegidir. Munuň özi, umuman, wagt – maddanyň ýaşaýyş usuly düşünjesi bilen hem manylaşýar. Ýöne wagta garanda heňňam has anyk we älem däl-de, Ýer ýüzündäki wagt ölçegidir.
2. Taryhy eýýam.
Taryhy eýýam – jemgyýetiň ösüşi, wagtyň jemgyýet içresinde dowam edişi bilen baglanyşykly ýüze çykan wagt aralygy. Eýýam – milletiň ösüşindäki düýpli öwrülişikleriň biri-birine geçişiniň arasyndaky wagtdyr. Her eýýamda millet bütinleý täze durmuşy başdan geçirýär we şol eýýamyň milleti öňküsinden düýpli tapawutlanýandyr. Emma şoňa garamazdan, bu maglumat milletiň başga bir zada, millete öwrülendigini aňlatmaýar.
3. Taryhy zaman.
Taryhy zaman – eýýamyň içindäki dürli basgançaklar. Zaman eýýamyň düýp manysyny üýtgetmeýär, ony hil taýdan täze wagta geçirmeýär. Bir eýýam içindäki zamanlar manysy we ähmiýeti taýdan dogandyrlar. Olar özaralarynda ikinji, gaýry derejeli aýratynlyklary boýunça tapawutlanýarlar. Munuň özi eýýamyň köpdürlüligine, köpöwüşginliligine baglydyr. Eger ol az bolsa, onda eýýamyň içindä zamanlaryň sany-da azdyr.
4. Taryhy döwür.
Bu şol bir hilli taryhy wakalaryň özara sepleşiginden ýüze çykýar.
5. Taryhy wakalar.
Birnäçe taryhy hadysanyň sepleşiginden taryhy waka kemala gelýär.
6. Ýekelikdäki taryhy hadysa.
Şu adalgalaryň ýerlikli we sazlaşykly ulanylmagy türkmen taryhynyň janly suratyny okyjynyň gözüniň alnynda dikeldip goýar. Olaryň özara many baglanyşyklary bolsa okyjynyň beýnisiniň, paýhasynyň gözleglerini kanagatlandyrar.
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň milli taryhyny şu aşakdaky tertipde bäş sany eýýama böldi:

I. Birinji eýýam – Oguz han Türkmen eýýamy

Birinji eýýam miladydan öňki V müňýyllykdan miladynyň 650-nji ýylyna çenli aralyga öz içine alýar.
Bu eýýam öz içine ezeli Oguz-türkmenleri zamany, Ýaňykent zamany, Marguş zamany, Was (Horezm) zamany, Parlar zamany, Abdallar zamany ýaly zamanlary öz içine alýar. Olaryň hersi özbaşyna giňişleýin gürrüňe mynasypdyr.

TÜRKMENLERIŇ BIRINJI EÝÝAMDA
DÖREDEN DÖWLETLERINIŇ
SANAWY

№       Döwletleriň atlary                               wagty

 1     Ezeli oguz-türkmen döwleti                 miladydan öň
                                                                       III müňýyllykda
 2     Türkmenleriň Ýaňykent                        miladydan öň III-
         döwleti                                                  II müňýyllyklarda
 3     Türkmenleriň Marguş                         miladydan öň II müň-
         döwleti                                                ýyllyk - miladynyň
                                                                         I müňýyllygynyň
                                                                                IV asyry
 4     Türkmenleriň Parfiýa döwleti           miladydan öň III asyr-
                                                                         miladynyň II as.
 5     Türkmenleriň gadymy Was                          miladynyň
        (Horezm) döwleti                                          III–VIII as.
 6    Türkmenleriň Abdallar döwleti                   484–560 ý.

Bu eýýamda türkmeniň ynanjy, milli pygamberi Oguz han Türkmendir. Bu eýýamda türkmen halky Oguz han Türkmen bolup ýaşaýar, Oguz han Türkmene ynanýar, göreşýär, söweşýär. Dini-ygtykaty Oguz han Türkmeniň ynanjy, dini-ygtykaty bolýar. Elbetde, men Oguz han Türkmen hakda, türkmen ruhunyň Oguz han Türkmenden gözbaş alyşy hakda has düýpli, giňişleýin gürrüň etmek isleýärin.
Oguz han Türkmen eýýamynda biziň eždatlarymyz öküzi oňon edinipdirler, halal zähmet bilen gün-güzeran görüpdirler.
Öküz öz gara zähmeti, güýji bilen tebigaty özgerdýär. Öküz gara güýji, zähmeti bilen ene ýeriň bol hasyl eçilmegine sebäp bolýar. Öküz ýaşaýşy, şeýle hem jemgyýeti herekete getirýär.

II. Ikinji eýýam – Gorkut ata Türkmen eýýamy

Bu eýýamdaky wakalar VII-X asyrlarda bolup geçdi.
Türkmenleriň yslamy kabul etmegi bilen milli ösüşde täze eýýam başlandy. Bu eýýamda dörän türkmen döwletleri dürli zamanlary alamatlandyrýar.

II. TÜRKMENLERIŇ IKINJI EÝÝAMDA
DÖREDEN DÖWLETLERINIŇ
SANAWY

 №            Döwletleriň atlary                             wagty

 7       Göktürkmenler döwleti                               552 – 630 ý.
 8      Türkmenleriň Gutluk han döwleti               681 – 745 ý.
 9       Türkmen han-hananlyklary                           VI – VIII as.
 10     Türkmenleriň Garahanly
            (Ilhany) döwleti                                         840 – 1212 ý.
 11     Beýik Oguz türkmen döwleti           VIII – IX as.
 12     Türkmenleriň Tulunylar begligi         868 – 905 ý.
 13     Gaznaly türkmenleriň döwleti           916 – 1187 ý.
 14     Türkmenleriň Ihçidiler begligi           935 – 969 ý.

Bu eýýam türkmeniň jahankeşdä öwrülen döwrüdi. Şonuň üçinem munda türkmeniň sapardaky, ýoldaky, aýak üstündäki aýan bolan ruhy häsiýetleri ýüze çykdy. Türkmen Oguz hanyň «Bir ýerde durma!» diýen pendini ýörelge edindi.
Ikinji eýýamda milletiň ruhy pygamberi Gorkut ata boldy. Bu döwrüň ruhy gopuz bilen beýan edilipdir. Yslamy meýletin kabul eden Gorkut türkmen ruhunyň täze bir giňişligini açdy. Özüniň iman, ahyret hakyndaky pelsepeleri bilen Gorkut ahlagyň täze gymmatlyklaryny işläp düzdi. Indi dünýä öňküsi ýaly üç däl-de, ikä geldi. Bu dünýäde eden işleriňe hasap geçmeli ahyretiň bardygyna iman getirildi.
Bu eýýamda türkmeniň ozalky ruhy alamatlary saklanyp galdy. Ýaňykentde öküz bilen birlikde möjegiň şekiliniň bardygyny, Oguz hana möjegiň ýol görkezendigini bilýäris. Munuň özi ikinji eýýamda öküziň deregine böriniň geçmegine sebäp boldy. Çünki birsydyrgyn, parahat hem imi-sala ýaşaýyş tamam boldy. Yslam türkmene täze ýoly geçmäge, ol ýollarda özüňi görkezmäge böriniň kuwwaty, garadan gaýtmazlygy hem böriniň ýyndamlygy gerekdi. Türkmen ruhy öz ozalky kenarlaryndan daşyna agdy-da, yslam dünýäsine ýaýrap gitdi.
Ol ruh çölleriň gurdy bolup giň sähralary gezdi, aw awlady. Ol şeýdip giňlik, uç-gyraksyzlyk häsiýetine eýe boldy. Ol gaýduwsyzlyk, mertlik häsiýetine eýe boldy. Özünden güýçlüleriň, özünden ejizleriň bardygyny gördi. Güýçliniň minnetini çekmedi, ejiziň awuna el gatmady. Sährany ýurt tutundy, nesili örňedi, ýurt mährini duýdy. Öz ýurduna kesekini goýbermedi, özgäň ýurduna dawa etmedi. Onuň tüýleri, ýallary gök asmanyň – bakylygyň hem elýetmezligiň reňkindedi. Hoş gününde eselmedi, hor gününde peselmedi. «Gurt ýüzi – mübärek» diýdirdi. Özüni kapasa saldyrmady, ýolbarsyň giren kapasasyna girmedi, gaplaňyň oýunlaryny etmedi.

III. Üçünji eýýam – Görogly Türkmen eýýamy
(XI – XVI asyrlar)

XI – XVI asyrlary öz içine alyp, türkmeniň milleti hökmünde beýgelişiniň biziň häzirki döwrümizde aç-açan görnüp duran eýýamydyr. Onlarça türkmen döwleti, olardan hem Beýik Seljuk türkmenleriniň, Beýik Osman türkmenleriniň döwletleri dünýä ýaň saldy.

III. TÜRKMENLERIŇ ÜÇÜNJI EÝÝAMDA
DÖREDEN DÖWLETLERINIŇ
SANAWY
 
 №     Döwletlerýň atlary                                      Wagty
 15    Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti             1040 – 1194 ý.
 16     Türkmenleriň Meňgüýçlüler begligi                1072 – 1277 ý.
 17    Türkmenleriň Izmir begligi                              1081 – 1098 ý.
 18.   Türkmenleriň Dilmaçogullary begligi             1085 – 1192 ý.
 19    Türkmenleriň Danyşmentler begligi                1092 – 1178 ý.
 20    Seljuk türkmenleriniň Şamdaky döwleti          1092 – 1117 ý. 
 21    Seljuk türkmenleriniň
          Kermandaky döwleti                                        1092 – 1307 ý.
 22   Rumdaky seljuk türkmenleriniň döwleti            1075 – 1308 ý.
 23   Saltyk türkmenleriniň begligi                            1092 – 1202 ý.
 24   Köneürgenç türkmenleriniň döwleti               1097 – 1231 ý.
 25   Türkmenleriň Ynalogullary begligi                  1098 – 1183 ý.
 26.  Ýazyr türkmenleriniň döwleti                            XI – XIII as.
 27   Türkmenleriň ahlatşalar begligi                        1100 – 1207 ý.
 28   Türkmenleriň artyklylar begligi                        1102 – 1408 ý.
 29   Türkmenleriň Börüler atabegligi                      1117 – 1154 ý.
 30    Yrakdaky seljuk türkmenleriniň
         döwleti                                                                  1118 – 1194 ý.
 31    Mosuldaky atabeg
         türkmenleriniň hökümdarlygy                             1127 – 1259 ý.
 32   Türkmenleriň Beghökümdarlar begligi            1146 – 1232 ý.
 33  Türkmenleriň Ildeňizler atabegligi                   1146 – 1225 ý.
 34  Türkmenleriň salyrlar atabegligi                    1147 – 1284 ý.
 35  Hazarasply türkmen atabegligi                         1148 – 1339 ý.
 36  Gur türkmenleriniň döwleti                              1148 – 1215 ý.
 37  Eýýuby türkmenleriniň döwleti                          1171 – 1249 ý.
 38  Türkmenleriň Ýarlykogullary begligi              XII as.
 39  Türkmenleriň Barçemogullary begligi            XII as.
 40  Halajy türkmenleriniň döwleti                         1202 – 1323 ý.
 41    Deli (Dehli) türkmenleriň soltanlygy         1206 – 1414 ý.
 42    Türkmenleriň Zeňňiler atabegligi               1227 – 1259 ý.
 43   Türkmenleriň Çopanogullary begligi            1227 – 1309 ý.
 44   Türkmenleriň Resulogullary döwleti             1228 – 1455 ý.
 45   Memluk türkmenleriniň döwleti                    1250 – 1527 ý.
 46   Türkmenleriň Garamanogullary begligi           1256 – 1483 ý.
 47   Türkmenleriň Ynançogullary begligi             1261 – 1368 ý.
 48    Türkmenleriň Sahypataogullary
            begligi                                                             1275 – 1341 ý.
 49   Türkmenleriň Perwanogullary begligi            1277 – 1322 ý.
 50   Türkmenleriň Menteşogullary begligi            1290 – 1382 ý.
 51   Türkmenleriň Karesiogullary begligi             1297 – 1360 ý.
 52   Türkmenleriň Jandarogullary begligi             1299 – 1462 ý.
 53   Türkmenleriň Eşrefogullary begligi               XIII as.–1326 ý.
 54   Türkmenleriň Ladyk                                   XIII – XIV asyryň
           (deňizli) begligi                                             ikinji ýarymy
 55   Türkmenleriň Alaiýe begligi                      XIII – XV asyryň
                                                                                 birinji ýarymy
 56   Osman türkmenleriniň döwleti                      1299 – 1922 ý.
 57    Türkmenleriň Germiýanogullary begligi       1300 – 1423 ý.
 58   Türkmenleriň Hamytogullary begligi             1301 – 1423 ý.
 59   Türkmenleriň Saryhanogullary begligi            1302 – 1410 ý.
 60   Türkmenleriň Aýdyňogullary begligi              1308 – 1426 ý.
 61  Türkmenleriň Tekeogullary begligi               1321 – 1390 ý.
 62  Türkmenleriň Remezanogullary
           begligi                                                             1325 – 1508 ý.
 63  Türkmenleriň Eretnaogullary begligi             1335 – 1381 ý.
 64  Türkmenleriň Dülkadyrogullary begligi            1339 – 1521 ý.
 65  Türkmenleriň Täjeddinogullary begligi             1348 – 1428 ý.
 66  Türkmenleriň Erzinjan begligi                         1348 – XVI
                                                                                      asyryň başy
 67  Akgoýunly türkmenleriň döwleti                     1350 – 1502 ý.
 68  Türkmenleriň Doburçatürk begligi                     1354 – 1417 ý.
 69  Garagoýunly türkmenleriň döwleti                  1380 – 1467 ý.
 70  Türkmenleriň Kady
         Burhaneddin Ahmedi begligi                           1381 – 1398 ý.
 71  Türkmenleriň Salyr döwleti                              XIV – XVI as.
 72  Türkmenleriň Emirogullary begligi                 XIV as.
 73  Türkmenleriň Hazar döwleti                             XIV – XVI as.
 74  Türkmenleriň Togalaklar döwleti                   1414 – 1555 ý.
 75  Türkmenleriň Sefewi döwleti                         1501 – 1736 ý.
 76  Türkmenleriň Kutubşa döwleti                       1512 – 1687 ý.    
Türkmen ruhunyň üçünji eýýamy X – XVI asyrlary öz içine aldy. Bu döwür diňe bir türkmen gylyjynyň däl, eýsem türkmen ruhunyň hem dünýä çykan eýýamydy. Bu döwrüň beýik türkmen döwletleriniň dünýä ýaň salan eýýamydygyny dünýä taryhy tassyklaýar. Beýik Seljuk-türkmen döwleti, osman-türkmen döwleti, garagoýunlylar, akgoýunlylar döwletleri – türkmen ruhunyň şu eýýamda nähili belent, syýasy-taryhy taýdan işjeň bolandygynyň taryhy güwäçisidir.
Göroglynyň eline dutar almasy ýöne ýere däl, sebäbi bu döwrüň ruhy dutar bilen beýan edilýärdi. Bu eýýamyň ruhunda daş ýarýan, dagy ýykýan gujur jemlendi. Ol diňe bir Ýeriň ýüzünde haýdaman, eýsem gögüň ýüzüne-de göterildi. Oguz hanyň harby-syýasy tizligi medeni-taryhy tizlige öwrüldi, bu döwrüň ruhy ýolbaşçysy Göroglydyr.
Bu döwürde taryhy sahna ymykly çykan oguzlar-türkmenler şeýle bir uly hem çuňňur döwlet – syýasy tejribesini topladylar. Onsoň Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen nakyl döredi. Çünki sanly asyryň içinde Magrypda we Maşrykda, Müsürde, Hindistanda we gaýry ýurtlarda gurlan türkmen döwletleriniň sany onlarça boldy. Ol türkmen soltanlarynyň köpüsiniň bürgüt atlary bolupdy. Aslynda, Oguz hanyň her agtygynyň öz bürgüt ady bardy. Gaýa-şuňkar, Begdili-bähri, Dodurga-garçgaý, Owşar-laçyn, Çepni-humaý, Salyr-bürgüt, Bükdüz-ütelgi.
Beýik seljuk türkmenleriniň döwletini esaslandyran Dawudyň hem Muhammediň ruhy atlary-da – bürgüt atlary – Togrul we Çagry boldy. Şol döwürde symrug hem humaý guşlary türkmen ruhunyň daýançlary bolupdy.
Bu döwürde türkmen ruhy bürgüt bolup, kertden kert gaýalara çykdy. Şeýdip, türkmen ruhy beýiklik, howalalylyk häsiýetine eýe boldy. Howada, ýeriň ýüzünde öz awuny uçuryp, gaçyryp aldy. Şeýdip hereketlilik, janlylyk häsiýetlerini aldy. Güne ýakyn boldy, günüň mährini özüne siňdirdi. Elýetmez, okýetmez, sesýetmez gaýada oturyp, şol ýerden bu pany dünýäniň bimanylygyna, ötegçiligine, aşakdakylaryň hars uruşlaryna bakdy. Şeýdip, hem belentlik, hem çuňluk häsiýetine eýe boldy.

IV. Dördünji eýýam – Magtymguly eýýamy
(XVII – XX asyr)

Türkmen ruhunyň dördünji eýýamy XVII – XX asyrlary öz içine alýar. Bu eýýam ruhuň taryhy işjeňlik taýdan iň gowşan döwri bolup çykdy. Dyzmaçlygyň ýerine peýwagtlylyk, aýgytlylygyň ýerine oýlanyşyklylyk geldi. Munuň özi türkmeniň birwagtky çykyp giden ojagyna dolanan döwri boldy. Indi türkmen geçen taryhyna nazar aýlap, onuň üstünliklerine guwanmak, kemterine arman çekmek ýagdaýynda boluberdi. Milletiň ruhy sypatynda taryhy döredijilik alamatlary ýiteňkirledi. Taryhy ýadawlykdan egbarlan türkmen özüniň millet hökmündäki aýratynlyklaryny saklap galmagyň gamyny iýdi. Sansyz hem çylşyrymly taryhy gaýtgynlar – daşgynlar sebäpli synasy bölek-bölek bölünen – tire-taýpalara halkyň iň wepaly ogullary milletiň ruhunda bitewülik sypatynyň ýitip gitmezliginiň aladasyny etdiler. Türkmene taryhy tejribäni paýhas eleginden geçirmek üçin, indiki galkynyşyň gözýetimlerini kesgitlemek üçin pursat hem asuda durmuş gerekdi. Şonuň üçin bu eýýamda türkmen kän öýünden çykman, daşaryk seretmän, öz güni bilen boluberdi. Bu döwrüň ruhy ýolbaşçysy Magtymguly Pyragydyr.
Türkmen öz däbi – ýoly üýtgän ýerinde ýeňilýär. Oňa mysal Merw, Maru-şahu-jahan, Mary. 4 müň ýyl mundan ozal gülläp ösen, türkmenleriň ata-baba topragynyň ösen merkezi şäheri bolupdyr. Türkmen hanlyklary döräp, Sanjar soltan bolan döwründe iki milliondan gowrak ilaty bolupdyr. XIII asyryň başynda Çingiz han bu şäheri weýran edipdir. Türkmen halky ony täzeden dikeldýär, XIV asyrda agsak Tamir şäheri ýene weýran edýär. Türkmenler ýene-de dikeldýärler. 1787-nji ýylda Buhara hany tarapyndan bu şäher ýene ýer bilen ýegsan edilýär. Türkmenler ýene-de öz milli döwlet merkezini dikeldýärler. Dünýäde munuň ýaly weýrançylygy gören başga şäher barmyka?! Türkmenleriň beýik ruhy şol şäheri ebedi saklaýar, geljekde-de saklar!
Ýene bir mysal, Astrabat obalarynda ýomut hany Saýyl hanyň tarapdarlary bilen Eýranyň Akat şasynyň tarapdarlarynyň arasynda gazaply uruşda köp adamlar öldürilipdir. Şeýle hem bu uruşda keseki duşmana olja bolmazlygy üçin köp sanly türkmen aýallary öz ärleri tarapyndan öldürilipdir. Muňa garamazdan, 8 müň türkmen aýal-gyzlary, çagalary ýesir düşüpdir. Bu aýal-gyzlaryň köpüsi hem tussaglykda galmazlyklary üçin, namyslaryny goramak üçin öz janlaryna kast edipdirler. Eý, beýik Alla, olaryň jaýyny jennet et, olaryň gaýduwsyz türkmen ruhuny şu günki jynsyna garamazdan, ýaşyna garamazdan, türkmen milletine siňdir!
Ruhuň bu döwürdäki tebigatyny «içeriniň aladalary» kesgitledi. Döwletsizlik, bölek-büçeklik hatda taryhy hakydanyň biraz kütelişmegine sebäp boldy. Gündogaryň özge ýurtlaryna düşen kowumdaşlar bilen aragatnaşyklar selçeňleşdi. Taryhy işjeňlik şol kowumlaryň eline geçdi.
Emma şonda-da halkdan çykan Magtymguly beýik dag bolup döredi, ondan birnäçe derýalar halka tarap akyp başlady. Onuň ýegeni Zelili bütin ömrüne Magtymgulynyň watançylyk, Seýdi gahrymançylyk, Mollanepes, Kemine yşky-söýgi, Mätäji durmuşy pikirlerini ösdürdi. Olar türkmeniň öz milletine guwanmagyny gazanmaga, ruhuny galkyndyrmaga jan edipdiler.
XX asyr bolsa has hem agyr geldi. Taryhda hiç mahal özge döwletiň ýüküni çekmedik türkmen başga döwletiň elgaramalygynda galdy.
1914 – 1918-nji ýllarda bolan birinji jahan urşuna gatnaşyp, wepat bolan türkmenleriň sany 80 müňden geçdi, 1917 – 1930-njy ýyllarda baý-kulak diýip sürgün edilenleriň sany 900 müňden gowrak adamdy, şol ýyllar ýat illerde mesgen gözläp, ýurtdan çykanlaryň sany 4 milliondan geçdi. 1930 – 1937-nji ýyllarda milletçi, halk duşmany, basmaçy atlandyrylyp atylanlaryň, sürgün edilenleriň sanyny anyklamak kyn, her gijede obalardan, şäherlerden adamlar sessiz-sedasyz ýiterdiler, olary hatda soramaga-idemäge hem gorkardylar... Türkmen halky şeýle ruhupeslikde ýaşady...

IV. TÜRKMENLERIŇ DÖRDÜNJI EÝÝAMDA
DÖREDEN DÖWLETLERINIŇ
SANAWY

 №           Döwletleriň atlary                      wagty

 77      Türkmenleriň Awşar döwleti                     1736 – 1796 ý.
 78      Türkmenleriň Gajar döwleti                      1779 – 1924 ý.     79      Türkmenleriň Jüneýit han                1918 – 1920 ý.

V. Bäşinji kämillik eýýamy

Garaşsyzlyk we Baky Bitaraplyk1 eýýamy – 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan başlanýar.
Munuň özi Milli Galkynyş eýýamydyr. Milli Galkynyş, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýaly anyk taryhy wakalar bilen baglanyşyklydyr.
Diňe bu däl, eýsem beýleki eýýamlary hem zamanlara we döwürlere bölmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Aýdaly. Magtymguly eýýamyny a) döwletsizlik, b) baknalyk, ç) tabynlyk ýaly zamanlara bölüp bolar.
Bularyň bary «Türkmen taryhynyň» özünde aýan ediler. Men «Türkmen taryhynyň» her kitabynyň soňunda degişli eýýamyň ýa-da zamanyň wakalarynyň, seneleriniň görkezijilerini (tablisalaryny) bermegi, şeýle hem haýsy döwletiň gürrüňi edilse, şol döwlete degişli suratlary, tapyndylaryň suratlaryny ýerleşdirmegi göz öňünde tutýaryn. Şeýdilende, taryh anyk sypata eýe bolar we ony ýatda saklamak has aňsat bolar, türkmen taryhy üznüksiz bir heňňam bolup, göz öňüne geler durar.

7. Taryh miras hökmünde

1881-nji ýylda Gökdepe galasynyň synmagy gaýduwsyz türkmen halkynyň 110 ýyllap ykbalynyň küle çökmegine sebäp boldy.

1 2001-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Ýaşulularyň XI Ählitürkmen maslahatynyň, Halk maslahatynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki Mejlisiniň agzalarynyň biragyzdan ses bermegi esasynda türkmeniň bäşinji kämillik eýýamyny – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamy diýip atlandyrmak karar edildi (red.). 
110 ýyl! Bu taryh üçin hem az pursat däl. Bu döwürde türkmeniň ruhuna düýpli ýara salyndy. Garaşsyzlyk şol ruhy göýdüklikden, baknalyk keselinden saplanmagyna eşrepi melhem boldy.
Baknalyk milletiň özi üçin däl-de, özge biri üçin ýaşamagydyr. Özüniň düýp manysy boýunça bu erbet hadysadyr. Çünki, munda millet özüçe bary-ýoguň elindäki bir serişdä öwrülýär. Milletiň ähli gujury, güýç-kuwwaty onuň özüne däl-de, gapdala sarp edilýär. Onuň durmuşy özüniň däl-de, özgäňki bolýar.
Emma bu belanyň diňe ýarysydyr. Baknalykda milletiň şu güni bilen birlikde geçmişi-de talaňa düşýär. Milletiň üstünden agalyk edýänler ony öz geçmişinden üzüp aýyrýarlar we onuň geçmişine-de eýe çykýarlar. Bu, ylaýta-da, geçmişi beýik milletiň baknalykda maňlaýyna ýazylan ýazgytdyr. Beýle milleti geçmişsiz diýip yglan etmek häzirki baknalygy mümkingadar uzaga çekdirmek maksadyndan gelip çykýar. Şol maksady amal etmek, esasan, iki usulda bolup geçdi: birinjiden, milleti asla geçmişsiz bir zat hökmünde görkezmek. Ikinjiden, eger şol geçmiş göze dürtülip duraýsa-da, ony bu millete asla dahylsyz zat hökmünde görkezip, geçmişi başga-başga toplumlaryň adyna bermek usuly.
Şeýle edilende, miletiň üstünden agalyk sürmek akyl-ruhy taýdan has amatly bolýar hasap edipdirler. Täze agalar şeýdip bakna milletde täze ýaramaz aňyýeti döredýärler. Bu aňyýetiň düýp manysy şundan ybaratdyr: sen öň hiç kimdiň, seniň taryhy ýaşaýşyň indi başlanýar. Munuň sakasynda bolsa biz durýandyrys, munuň üçin sen bize ömürbaky minnetdar bolmalysyn! Ilkibaşda täsirsiz ýaly bolup görünse-de, şeýle ýörelgäniň täze nesilleriň aňyna ýuwaş-ýuwaşdan siňmegi netijesinde, öz-özüne göwni ýetmeýän toplum kemala gelip ugraýar. Bu ruhy täsire düşen adamlar oňa ynanyp, soňabaka özüni «adam edenlere» minnetdarlyk duýgusy bilen ýaşamaga endik edip gidýärler. Olar hatda şondan soň özüni başgaça göz öňüne getirmek ukybyndan mahrum bolýarlar. Bu köki kesilen jemagatdyr. Ruhy baknalygyň düýp manysy we maksady milleti kiçeltmek, onuň taryhy örüsini daraltmak, ony özüňe meňzeş, ýöne özüň babatda ikinji derejeli halaýyga öwürmekdir.
Milletiň buýsanjyny elinden alman, baýlygyny almak mümkin däl.
Milleti ruhy taýdan çökermän, ony maddy taýdan talamak uzaga gidýän talaňçylyk däl. Muňa Lenin hem-de bolşewikler örän oňat düşünipdirler we talaňçylygyň birinji, gödek usulyny ýöreden patyşa hökümetini ýykyp, baknalygyň täze görnüşine geçipdirler. Şu manyda Sowet Soýuzy diýilýän döwlet Russiýa imperiýasynyň gönüden-göni dowamy bolup durýardy.
Siz, bir müddet okamagyňyzy goýuň-da, sowet ýyllary içinde söz ussatlarymyzyň döreden çeper eserler ummanyny göz öňüne getirmäge çalşyň! Döredilen eserlerem, şol eserleri döredendigi üçin abraýly atlara, derejelere mynasyp bolan döredijilik ussatlaram az däldir, ýöne tas bir asyrlap diýen ýaly döwür içinde döredilen kitap dagynyň içinden pähim-parasady, mertligi, tüýs türkmen-dä diýdirýän edim-gylymlary, gahrymançylyklary bilen özlerine imrindirýän, kalbyňy dokundyrýan, beýikligi, mähremligi bilen ýüreginde baky orun alýan Oguz han Türkmen, Gorkut ata Türkmen, Görogly beg Türkmen, Jelaleddin Meňburny, Ärtogrul gazy, Osman beg, Alp Arslan, Mälik şa, Uzyn Hasan ýaly merdana gahrymanlara gabat gelen dälsiňiz. Sowet döwrüniň çeper eserlerindäki gahrymanlar ownukçyl, maýdaçyl, gybatkeş, içi kitüwli ýarym gahrymanlar boldy, beýle gahrymanlaryň halkyň kalbynda ruhubelentlik döretmejekdigi, ruhy galkynyşa, gahrymançylyga hyjuwlandyrmajakdygy düşnüklidir. Çeper eserlerde türkmen halkynyň nadan, çarwa edilip görkezilmegine halk öwrenişip ugrapdy. Halk bu töhmeti hakykat hökmünde kabul edipdi, bu gaty gynançly hadysadyr. Ýolbarsa «sen towşan» diýip ynandyrmagy başarmak aňsat däl. Geçmişde beýik-beýik döwletleri gurup, köşki-eýwanlarda dünýäniň 72 dilini bilip ýaşan, ylmyň, dünýäniň ençeme açyşlarynyň gözbaşynda bolan türkmen halkyna sen sowatsyz, sen çarwa, seniň taryhyň ýok diýmek üçin nähili derejede ynsapsyz bolmalydygy hakda oýlananymda gyzyl imperiýanyň içki mazmuny has-da aýdyňlaşýar.
Türkmen halky syýasy taýdan azat boldy. Onuň aňynyň azatlygynyň serişdelerini we usullaryny Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada berdi. 
Taryhy ýazmak – geçmişi dikeltmekdir, geçmişi janlandyrmakdyr. Meniň bir göräýmäge adaty bir pikir bolup görünýän şu pikirimiň düýp manysyna düşünmek gaty bir aňsatdyr hem öýdemok. Hawa, onuň birbada ýoň bolan «manyly» bimanylyk, barypýatan dogry, ýöne hiç hili täzeligi bolmadyk pikir azatlygy bolup görünmegi mümkin. Biz dogry, şol «dogrulygy» bilenem hiç bir täzeligi açmaýan pikir adatylygyndan bez bolupdyrys. Janlylyk ýaşaýyş barlygynyň möhüm bir häsiýetidir.
Janlylyk – daş-töwerek bilen arabaglanyşygyň saklanmagydyr, ölüm hem, degişlilikde, şol arabaglanyşygyň kesilmegidir.
Janlylyk hadysasynyň şeýle kesgitlemesi ýaşaýşyň ähli manylarynda-da – biologiki, jemgyýetçilik, tebigy we ruhy manylarynyň barysynda-da dogrudyr. Aýdaly, sözüň biologiki manysynda janlylyk islendik bedeniň daşky gurşaw bilen madda hem güýç-kuwwat çalşygynyň üznüksizligidir. Haçan-da şeýle üznüksizlik kesilende, beden ölüm diýilýän şum hadysa sezewar bolýar. Diýmek, bu ýerden adamzadyň örän gadymy döwürlerden bäri iş edinip gelen haly-hakykaty bolan «jan» düşünjesine biz täzeçe kesgitleme berip bilýäris: jan – munuň özi organizmiň daş-töwerek bilen aragatnaşyk etmek ukybydyr. Ölüm bu ukybyň kesilip, kimdir biriniň biologik ýaşaýyş ulgamyndan çykandygyny alamatlandyrýar.
Fiziki janlylyk hem islendik maddanyň fiziki kanunalaýyklyklar içinde ýaşamasydyr. Aslynda «Fiziki janlylyk» jümlesiniň bir tarapdan, bimanylyk bolup görünmegi mümkin. Çünki hiç bir maddanyň ýa-da jisimiň fiziki ýaşaýyş ulgamyndan daşarda dowam etmegi mümkin däl, hiç bir zadyň tebigy kanunlara boýun egmezligi mümkin däl. Şu nukdaýnazardan, fiziki janlylygy biologik janlylyk düzgüninden kesgitlemek nädogrudyr. Sebäbi ählumumy barlygyň – fiziki barlyk, biologiki barlyk, jemgyýetçilik barlyk, ruhy barlyk ýaly giňişlikleri tebigaty boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Onsoň janlylyk häsiýeti bularyň hersinde şol tebigata laýyklykda üýtgeşik ýüze çykýar. Aýdaly, jandar biologik janlylykdan mahrum bolup biler, emma ol hiç mahal fiziki manyda ýok bolup, «ölüp» bilmez, ýaşaýyş diňe bir görnüşden beýlekisine – biologik usuldan fiziki usula geçip biler.
Ýok bolmak mümkin däl, diňe öwrülmek mümkin.
Taryhy ýaşaýşyň janlylygyny dikeltmek – munuň özi gaýybana geçmiş bilen şu günüň arabaglanyşyklaryny ýola goýmakdyr. Men bu ýerde taryhy ýaşaýyş babatynda iki sany jümläni girizmekçidirin: taryhy wagtyň çäginde hemişelik ölüm hem-de wagtlaýyn ölüm bolup biler. Eger geçmişden galan närseler bilen hiç hili arabaglanyşyga girip bolmaýan bolsa, onda bu ýerde hemişelik, gutarnykly ölüm bardyr. Bu geçmiş biziň aňymyz, ruhumyz üçin öňli-soňly ýapyk barlykdyr. Ol biziň üçin durmuşy-jemgyýetçilik – ruhy manydan mahrum, onuň diňe tebigy manysy galypdyr.
Eger geçmişden galan närse, biziň akyl ýetirmegimiz üçin, ýagny biziň özümiz bilen onuň arasynda ruhy baglanyşyklary dikeltmek üçin açyk bolsa, onda bu wagtlaýyn ölen geçmişdir. Arabaglanyşyklary dikeltmek arkaly biz geçmişiň biologiki we jemgyýetçilik-durmuşy wagt taýdan öten barlygyny häzir hem dowam edýän şu günüň hadysasyna öwrüp bilýäris. Munuň özi gaýtadan dirilikdir. Çünki, geçmiş biziň şu günümize goşulýar. Ol gaýtadan göz açan çeşme kimin biziň şu günki ýaşaýşymyzyň hiline täsir edip, ýaşaýşyň täze bir mümkinçiligini döredýär. Geçmiş şu günüň düzümine girýär. Şu günüň bolsa dirilikdigini kim inkär edip biler?!
Geçmiş taryhyň aňlanylmadyk, janlanmadyk, häzirki ýaşaýyş tarapyndan hasaba alynmadyk halatynda şu günüň mazmuny bir hili bolýar, geçmişiň janlanan halatynda bolsa ol mazmun başga hili bolar. Şu manyda şu gün geçmişe, geljek hem şu güne doly we bütinleý baglydyr.
Baglydyr, emma garaşly däldir. Çünki dürli barlyklaryň erkinlik, azatlyk häsiýeti deň däldir: fiziki barlykda hiç hili erkinlik ýok, biologiki barlykda belli bir derejedäki erkinlik; jemgyýetçilik-ruhy barlykda has uly derejedäki erkinlik bar. Geçmiş bile baglanyşyp-baglanyşmazlyk şu günüň öz erkine baglydyr. Eger ol öz erkindäki bu mümkinçiligi ulanyp bilse, onda ýaşaýyş has dokmanyly we dokmäde bolýar.
Men indi bu kanunalaýyklyklary milli taryhyň jähetine geçirip, gürrüňimi dowam edeýin. Geçmiş bilen baglanyşmak, janlylyk nukdaýnazaryndan, nähili geçmiş türkmeniň geçmişi, nähili miras türkmeniň mirasy hasap edilip bilner? Türkmeniň şu günki barlygyndan ugur alyp, janlandyryp bolýan, özara baglanyşyga we gatnaşyga girip bilýän geçmiş türkmeniň mirasydyr. Janlandyrmak üçin iki tarapyň özara meňzeşligi, umumylygy gerek. Milli taryh meselesinde munuň özi gan-beden, süňňi, medeni, dil, ruhy we gaýry umumylyklar hem-de birlikler, ýakynlyklar manysynda göz öňüne gelýär. Men bu umumylyklary umumylaşdyryp, bir jümlede – taryhy ýaşaýyş umumylygy şekilinde bermek isleýärin. 
Miras manysy – eýe çykmakdyr. Meniň mirasym diýmek – meniň şu zatlara eýe çykmaga doly hakym bar diýmekdir. Emma bu diňe hukuk meselesi däldir. Janlylyk babatda ýaňky aýdylanlardan çen tutsaň, miras meselesi ukyp meselesidir. Şonuň üçinem «meniň mirasym» diýen ýörelge «meniň düşünýän, meniň janlandyryp bilýän zadym» diýen manyny berýär. Ata bilen ogly biologik taýdan atanyň ogluň damarynda akýan gany birleşdirýär. Türkmeniň bäş müň ýyl mundan ozalky geçmiş ýaşaýşy bile şu gününi bu iki tarapyň taryhy ýaşaýyş birligi birleşdirýär. Aýdaly, Altyndepe – gadymy oguz türkmen döwleti bilen özümiziň gönümel hem wagtyň irginsiz iş netijesinde gyýtaklaýyn häsiýete geçen baglanyşyklarymyzyň bardygy üçin, biz ol beýik medeniýeti öz taryhy mirasymyz hasaplaýarys.

8. Mirasdüşerlik ýörelgesi

Akyl ýaşaýşyň hyzmatkäridir.
Ýaşaýşa dahylsyz, ýaşaýşa hyzmat etmeýän akyl bimanylykdyr, howaýylykdyr. Beýle akyl howaýylygynyň üstesine zyýanlydyr hem. Bu zyýanyň sebäbi-de, ilki bilen, onuň howaýylygy bilen baglanyşyklydyr. Men bu hili zyýana ruhy zyýan diýýärin. Çünki, janly durmuş bilen dahylsyzlygy zerarly beýle akyl durmuşa täsir etmek ukybyndan mahrum bolýar. Ol adamlary haýsydyr bir howaýy zatlara we meselelere güýmäp, olaryň aňyny gerekmejek güýmenjelere baglap goýýar hem-de aňyň durmuşy aňlamak başarnygyny küteldýär. Şeýdip, durmuş bir tarapa, akyl başga bir tarapa gidýär we olaryň arasynda nälaýyklyk döreýär. Beýle nälaýyklykdan gutulaýmak soň hyllalladyr. Howaýy akyl jemgyýet üçin öz bikemallygy sebäpli dert tapynan adam pisint bir zatdyr.
Howaýy akyl durmuşyň synasynda altynjy barmak ýaly artykmaç bir närsedir.
Zyýanyň ikinji tarapy howaýy akylyň jemgyýeti maddy çykdajylara getirýänligi bilen baglanyşykly.
Biziň taryh ylmymyz howaýylykdan halas bolmak üçin täze bir ylmy ýörelgäni – mirasdüşerlik ýörelgesini özüniň baş ýörelgesi hökmünde yglan etmeli we ony mydama berjaý edip durmaly.
Mirasdüşerlik ýörelgesiniň düýp manysy şundan ybarat: bäş ýa-da ondan hem köp müňýyllyk taryhyň mazmunyny diňe türkmeniň häzirki durmuşy bilen baglanyşykly närseler tutmaly. Başgaça aýdanyňda, taryh ylmy bütin milli geçmişi şu günki milli ýaşaýyş bilen baglanyşykly bitewi hem-de tebigy taryhy proses hökmünde düşündirmegi başarmalydyr.
Mirasdüşerlik diýen ylmy ýörelgäniň birnäçe jähetlerini görkezip geçeýin.
Birinjiden, munuň sap ahlak jäheti bar. Bize iliň zady gerek däl, çünki, türkmen ozaldan «iliň zady bilen zatly bolup bolmaz» diýen akyla gulluk eden milletdir. Emma biz öz zadymyzyň hem eýesiz goýulmagy ýa-da başganyň adyna berilmegi bilen ylalaşyp bilmeris. Bilşiňiz ýaly, sowet döwründe, hamana, türkmeniň öz topragyna başga bir ýerden gelendigi baradaky pikirler hem öňe sürlüpdi. Milli buýsançdan mahrum käbir ýöwsel alymlarymyz hem muňa goşulypdy. Hususanam, türkmeniň uzak Gündogardan gelip çykan halkdygy baradaky pikirler ýoň boldy. Sowet döwründe ony inkär etmäge bogny ysan adam tapylmady. Sebäbi ol taglymaty resmi aňyýet alyp göterdi. Çünki, oňa geregi hem şoldy. Eger şeýle edilse, bu halky assyrynlyk bile dürtgeläp durmaga, oňa «nämäniň nämedigini» ýatladyp durmaga puryja bolýardy. Munuň özi türkmeni ruhy ynamsyzlykda, ruhy gowuşgynsyzlykda, ruhy ikirjiňlenmede saklamagyň bir görnüşidi, kapasasydy.
Göz öňüne getirip görüň, niredendir bir ýerden göçüp gelen adamyň ýüzi aşak bolar ýaly, oňa «nireden gelendigini» ýatladyp dursaň, adamyň ruhy-ahlak ýagdaýyna nähili täsir edýär?! Hatda SSSR-iň dargap ugraýan döwürlerinde türkmene muny ýatladan – açyk hem gödeňsi hereket eden käbir kişiler hem bolupdy. Olar özleriniň «gelmişekdigini» gizlemek, has dogrusy, aklamak üçin şeýle peslige ýüz urdular. Eýse näme, degişli taryhy «taglymat» hut şeýle pursatlara peýlenip hem döredilipdi ahyryn!
Elbetde, hiç bir, hatda iň bolgusyz pikir hem boş ýerden döremeýär. Türkmeniň aslynyň başga ýerdendigi baradaky «taglymatyň» hem öz gowuşgynsyzja «esaslary» bardy. Ol gowuşgynsyzlyk resmi aňyýet tarapyndan hossarlyk edilensoň-a, hasam döşüni gaýşardypdy. Türkmeniň orta asyrlarda döräp, ondan ozal başga ýerden gelenligi baradaky assyrynlyk bile goldanýan «taglymaty» şol döwürde iki sany netijä getirdi: Türkmenistan we türkmenler diýilýän düşünjeler, taryhy geografiýa bilen häzirki geografiýa biri-birinden aýrybaşgalaşdyryldy. 30-njy ýyllarda çap edilen iki kitapdan ybarat bolan bir taryhy işiň ady muňa şaýatlyk edýär. «Türkmenleriň we Türkmenistanyň taryhyndan maglumatlar». Bu söz düzümi häzir gaty geň görünýär. Mundan türkmeniň ýaşaýan ýurdy haçandyr bir mahal özüniňki däldi diýen many gelip çykýar. Şonuň üçinem Türkmenistanyň yslamdan öňki taryhy türkmenler bilen baglanyşdyrylmandy. Gadymy taryh hakynda gürrüň edilende, ol döwür başgalara degişli ýaly manyda ýa-da eýesiz döwür ýaly manyda gürrüň edilýärdi. Bu pikir türkmeniň öz beýnisine-de guýulýardy.
Şonuň üçin hem bu nädogry ýörelgäni ýalana çykarmak üçin türkmeniň gadymy taryhyny hem, ondan öňki taryhyny hem mirasdüşerlik jähetinde beýan etmek gerek. Diňe şeýdip, biz käbirlerimizde göýdük galan milli buýsanç, taryh babatda ruhubelentlik duýgusyny janlandyryp bileris.
Ikinjiden, mirasdüşerlik ýörelgesiniň ylmy-gollanma ähmiýeti bar. Meniň başda taryhy miras barada aýdan pikirlerimiň hemmesi meseläniň hut şu ylmy-gollanma tarapyny kemala getirýär. Akyl-paýhas arkaly islendik nämälim barlygy açmagyň özi onuň janly durmuş bilen arabaglanyşygyny dikeltmekden ybaratdyr. Türkmende «Okadym diýme, bildim diý» diýen ajaýyp pähim bar. Şonuň äheňine eýerip, men şeýle diýýärin: öwrendim diýme, açdym diý! Hakyky ylmy usulyýet – açyp bilýän, düşündirip bilýän ylmy usulyýetdir.
Türkmeniň iň irki medeni taryhy bolan ezeli oguz türkmen döwletini – Ýaňykendi alyp göreliň. Baryp, bäş müň ýyl ozal ýaşan ata-babalarymyz üýtgeşik binagärlik, heýkeltaraşlyk, nakgaşlyk sungatyny döredipdirler. Olaryň özboluşly dini ynançlary, öz seždegähleri, dessurlary duýgy-düşünjeleri bolupdyr.
Ýaňykent ýaşaýşy barada ýazylan işleriň bir täsinligi bar: olarda san, maglumat kän-de, olaryň açary we açylyşy ýok. Elbetde, beýik eždatlarymyzyň maddy durmuşy barada takyklanylan, göz ýetirilen açyşlar bar. Sebäp diýeniňde, bular ýaşaýşyň diňe daşky ýüze çykmasy ahyryn. Şonuň üçin hem bu meselede islendik «ýüňi ýeten» arheolog öndümli pikirleri orta atyp biler. Emma bu döwrüň bitewi taryhyny dikeltmegiň hötdesinden gelindigi däl. Arheologlar ruhy ýaşaýyş, ruhuň täsinlikleri meselesine gelende, gümmi-sümmä uraýýarlar. Olaryň bar edip bilýäni: ezeli oguz-türkmen döwletiniň – Ýaňykendiň ruhy durmuşy umumyadamzat jähetini takmynyrak ýüze çykaryp bilýär. Şonuň üçinem olaryň pikir ýöretmesine bu taryhy beýleki ýurtlaryň taryhy bilen deňeşdirmek häsiýetlidir. Bu aňsadyna bakmak bolýar.
Men munda deňeşdirme arkaly umumylaşdyrmakdan hem beter aýratynlyklary düşündirerden ejiz gelmek ýagdaýyny görýärin. Näme üçin beýle bolýar? Sebäbi dürli sebäplere görä, Ýaňykendiň ruhuny şu günki ýa düýnki türkmen ruhy bilen baglanyşdyrmak arheologlaryň, beýlekileriň küýüne-de gelenok, hawa, hawa, olaryň küýüne-de gelenok. Sebäbi olaryň islendiginiň aňynyň jümmüşinde aňlanylmadyk pikir-duýgy ýatyr: «Bu zatlar küje, türkmen küje!» Emma netijäniň sebäp arkaly düşündirip bolşy ýaly, sebäbiň manysy-da netijäni hasaba alanyňda, aýan bolýar. Çünki, sebäp bilen netijäniň arasynda birtaraplaýyn däl-de, ikitaraplaýyn baglanyşyk bolýar. Ezeli oguz türkmen döwletini – Ýaňykendi şu günki türkmen bilen açyp bolar, şu günüň türkmeniniň hem köküni Ýaňykentden tapyp bolar!
Şeýlelikde, mirasdüşerlik ýörelgesiniň ylmy-gollanma manysy taryha düşünmek we taryhy düşündirmek üçin baglanyşyklary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bu baglanyşyklaryň baş ugry hem geçmiş bilen şu günüň diahron baglanyşygynyň tekizliginde ýatýar.
Üçünjiden, mirasdüşerlik ýörelgesini taryhy düşündirmegiň baş usulyna öwürmegiň ruhy-amaly jäheti bardyr.
Biz XX asyryň dowamynda türkmeniň gadymy taryhyny, esasan hem, arheologiýasyny öwrenen gaýry ýerli alymlara minnetdardyrys. Olar öz döwürdeş türkmen alymlaryndan hünärmenlik derejesi ep-esli ýokarda duran adamlardyr. Şonuň üçin hem türkmeniň häzirki dünýä belli arheologik ýadygärliklerini olarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol ýadygärlikleri açmagyň özi hem ylmyň şondan soňky ösüşiniň esasydyr we badalgasydyr. Emma taryh ylmy indi başlanýar.
Meşhur arheologlar arheologiýa medeniýetlerini açdylar, ulgamlaşdyrdylar, belli-belli ylmy netijelere geldiler. Bu zatlaryň barynyň kim üçin, näme üçin we nähili rumy-amaly ähmiýeti bar? Ylmyň netijesini näme bilen baglanyşdyrmaly diýen sowal bar. Aslynda munça zady näme üçin öwrenmeli diýen mesele bar. Şu meseläniň goýulmadyk ýagdaýynda ylym we onuň netijeleri düşnüksizligi döredýär. Edilen işleriň şol wagtky aýan bolan ruhy-amaly ähmiýeti barada şuny aýdyp bolar: degişli alymlar ýadygärliklere kämahal umumyadamzat mirasy, köplenç hem şol wagtky SSSR-iň umumy mirasy hökmünde garaýarlar. Şonuň üçin hem olaryň dilinde «SSSR-de iň ilkinji», «SSSR-de iň gadymy» ýaly netijeleýin umumylaşdyryjy jümleler kän gabat gelýär. Bu günki gün bu jümleleriň manysyndan nähili derek galandygyny hemmämiz bilýäris. Taryhy şeýle öwrenişde türkmen milli aňynyň hiç hili dahyly we gymmatlyk erki ýokdy. Şonuň üçin hem ol işler biziň üçin taryh däl-de, taryha badalga, ylmy maglumat itergisidir. Türkmeniň taryhy, ilki bilen, türkmeniň özüne gerek.
Taryhyň ruhy-amaly ähmiýetiniň bolmagy üçin mirasdüşerlik ýörelgesi ony öwrenmegiň esasynda goýulmaly. Munuň özi türkmen taryhy türkmen aňy tarapyndan öwrenilmeli diýildigidir. Oňa türkmen bolup seredeniňde, onuň içki manylary açylar. Häzire çenli bolsa degişli mirasyň türkmen bilen baglanyşygy, birinjiden-ä, mesele hökmünde hem goýulmady (sebäbi arheologlar Merkezden türkmeniň däl-de, «SSSR-iň mirasyny» öwrenmek üçin iberilýärdi – ylmy işiň maksady onuň açyşlarynyň mazmunyny, ylmyň usullaryny we netijelerini deslapdan kesgitleýär. Çünki aňa gözleýän zadyny tapmak mahsusdyr). Ikinjiden, göze dürtülip duran zatlar biygtyýar deňeşdirmelere iteräýende-de, meňzeşlikler daşky baglanyşyga syrykdyrylýardy: «Türkmenler şu arheologik medeniýetleriň ýerleşýän çäklerinde ýaşaýarlar, diýmek, olar munuň mirasdarlary» ýa-da «ýadygärliklerde tapylan tapyndylaryň käbirleri häzirki türkmen durmuşyndaky zatlara çalym edýär, diýmek, mirasdüşerlik bar». Biz duýgynyň däl-de, akylyň adamlary, şonuň üçin hem biziň milli mertebe we buýsanç duýgymyz daşky çalymdaşlyga däl-de, içki baglanyşyklara esaslanyp biler.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 40 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 12
0
1  
Gajar çyndanam türkmenleriň döwletimikä gy. Ýaman şoňa kän ynanyp bilemokda. Gajarlar nädip türkmen bolýandygyna. Bilýäniňiz bar bolsa anyk düşündirip beräýseňiz

0
2  
Gajarlar türkmenligine türkmen welin, tire-taýpa çylyk pikiri bilendir belki, belki-de Türkmenistanyñ çäginde ýaşan kowumdaşlaryna duşmançylykly syýasat ýöredenligindendir, garaz halanyp barlanok, şaýy-sünni mezhep aýralygynyñ barlygyna hem göz ýummasak, onda siziñ näme üçin olaryñ aslynyñ türkmenden gelip çykandygyna ynanmak islemeýändigiñ sebäplerini düşündirse bolar...

0
3  
Hem yene bir zat bar: Sefewi döwletini guran türkmen taýpalary (soñra gyzylbaşlar) döwlet guransoñ tä guran döwletleri synýança (Owşarlara çenli) eýranlaşdy. Hernäme-de bolsa taryhçylar türkmeniñ döreden imperiýalarynyñ içinde Sefewileri türkmen milliligine ýakyny hasap edýärler. Hatda Osman imperiýasy hem öz milliligini Sefewiler ýaly saklap bilmändir. Mysal üçin Osmanly soltany Ýawuz Selim bilen Sefewi döwletini guran Şa Ysmaýyl Hataýy garşylyklaýyn hat alşanda, Ýawuz Selim parsça, Ysmaýyl Hataýy arassa türkmençe ýazypdyr.

Gajarlaryñky bolsa Sefewilere görä-de däl, olar eýýäm häkimiýetiñ başyna geçýänçä belli bir derejede millilikden daşlaşyp, eýranlylaşyp başlan türkmen taýpasy.

0
4  
Imperial bähbitlere esaslanyp gurlan döwletleriñ hiç biri-de milliligi saklap bilmeýär. Çünki imperiýa döwletlerinde millilik ikinji we hatda üçünji plana düşýär. Muña türkmenleriñ guran Tulunylar, Simjuriler, Ihşidiler, Gaznawylar, Seljuklylar, Akgoýunlylar, Garagoýunlylar, Mamlýuklar, Teýmirliler (Teýmirleñiñ guran imperiýasy), Babyrlylar (yewropalylaryñ atlandyryşy ýaly beyik Mogollar dowleti dal), Osmanlylar, Sefewiler, Owşarlar, Gajarlar döwletleri hem doly degişlidir.

0
5  
Onsoñam türkmeniñki hemişe şo bir türkmen häsiýeti-dä, özünkiden gaçypdyr, kesekinem goldapdyr, ösdüripdir. Seljuklylardan mysal alsak, olaryñ köşgünde işlän wezir-wekilleriñ ählisi araplar, parslar, deýlemliler we ş.m.. Olañam gaçgyny türkmen, ýigreneni özüniñki, ýadyñda bolsa Alparslany-da Garahanly türkmen begi Ýusup Horezmi öldürýändir.
Osmanly türkmenleriniñ guran döwletinde-hä bu hasam şeýle, eýelenen ýurtlaryñ kiçijik çagalaryny (köplenç ene-atasy ölüp yesir düşen ya-da yetim hristian çagalary) yorite mekdep gurup okadypdypdyrlar, köşk emeldarlaryny taýýarlapdyrlar (Enderun we ş.m mekdepler) Olardan ýokary dowlet işgarlerini tayyarlap olara gyzlaryny beripdirler, ozleri heley alanda türkmenden dal-de yewropa ýurtlaryndan yesir duşen durli milletlerden bolan gyrnaklardan alypdyrlar we ş.m...
A öz türkmenlerine bolsa Osmanly oligarhiýasy ýigrenç bilen "Etraki-bidrak!" (akmak türk[men]ler) diýipdirler...

0
6  
Nedir şada-da şeýle. Hatda Nedir şanyñ kakasynyñ ogluna "Türkmene ýagşylyk edäýmegin, ili bir ursañ öz türkmeniñi iki ur" diyip wesyet edenmiş diyen rowaýatam bar... ))

0
7  
Alp Arslany öldüren Ýusup Narzemi bolmaly. Narzem galasynyň häkimi. Türkmenmi dälmi bilemok. Sefewinem gowy ýatlatdyň-la, şo Ysmaýyl şanyň ejesi Akgoýunly hökümdarynyň gyzy eken, olam türkmen diýýär welin, diňe şol eje tarapy türkmen bolany üçin Şa Ysmaýyly türkmen edýärmikäler. Köp ýerde okamda kakasy türkmen diýip ýazylan ýerine dälde ejesi türkmen diýen ýerine gabat gelýän.

0
8  
Ine gajarlar köpçilikleýin Mara göçürlip, şo ýerde 1-2 asyr ýaşaýan bolmaly. Soňra häzirki biziň türkmenşerimiz bilen oňuşman 19njy asyryň başlarynda öýdýän ýalňyşmasam Eýran şasy gajarlary marydan alyp gaýdýar. Gajarlary döredeniňem kakasy gajar, ejesi ýomut türkmenlerinden diýip berýär. Gajaryň nädip türkmen bolýanynam bilýän bolsaňyz ýazaýyň

0
9  
Elbetde, Şa Ysmaýylyñ özi türkmenem bolsa, şejeresini On iki ymamlardan Musa Käzime daýandyrypdyr. Muña şo döwrüñ syýasy şertleri bilen baha bermek gerek. Şaýylaşan we Eýranda gurlan döwlet yerli halkyñ goldawyny almak üçin gelip çykyşyndan ýûz donderipdi. Şeýle-de sünni döwlet bolan Osmanlylar bilen yslam dunyasinde iñ tasirli dowlete owrulmek yaly syýasy bahbitleri hem bolupdyr. Hut şo sebaplem taryhy falşiwileşdirýän kabir toparlar, esasanam taryhy bulaşyklyk doretmek maksady bilen ulanyan taraplar ony kürt, arap, pars, azerbayjan etjek bolşup durlar. Muña garamazdan rus alymlary Bartold, Petruşewskiý, fransuz alymy Massinion onuñ azerbayjanly türkmendigini açykdan açyk subut etdiler. Şol döwûr Yspyhanda yaşap giden fransuz syýahatçysy Jean Şarden hem Sefewilerde pars diliniñ şygyr we edebiyat dilidigini, arap diliniñ Gurhan dilidigi u.n mukaddes saýylýandygyny, gepleşik dilinde welin türkmen diliniñ azeri şiwesinde geplenilyandigini yatlamalarynda yazyar. Hatda XVII asyrda Sefewileri syyahat eden nemes alymy Engelbert Kempfel hem Sefewi köşgünde türkmen dilini bilmezligiñ uly aýyp hasaplandygyny yazypdyr. Muňa meñzeş yatlamalar italyan syyahatçysy Petra de Walleniň, Žowanni Frensesko Žemmelliniñ yatlamalarynda-da duş gelýär. Hataýynyñ türkmen dilinde yazylan permanlarynyñ asyl nusgalary hazirki wagta çenli saklanylyp gelinyar. Şu yerde bir zady ayratyn bellemek gerek: Hataýynyñ diliniñ azeri şiwesine golaýlygy üçin azerbayjanlar ony turkmen dal-de azerbayjan hasaplayarlar. Yone şu yerde bir zat yatdan çykarylyar. Yslamyýetiñ Orta Aziya ýaýylyp başlanan dowrunden tä Osmanlylar we Sefewileriñ ymykly dõwletleşen döwrüne çenli Günbatara yzygiderli göçlerde bolan oguz-türkmen taýpalary iki şaha bölündi: Birinji şahasy Anadoly türkmenleri (hazirki türkler), ikinji şahasy Azerbayjan turkmenleri (hazirki azerbayjanlar).
Şeýle-de hazirkizaman türk sefewişynasy Ysmaýyl Onarlynyñ "Şa Ysmaýyl" atly kitabynda Hataýynyñ asly yokardaky yaly Musa Käzime dayandyrylýanam bolsa, onuñ hakyky türkmendigi, Anadolynyñ alawy tûrkmenleriniñ Hajy Bekdaş, Pir Soltan Abdal, Ýunus Emre ýaly türkmen pirlerindendigi, onuñ aýaly Gülzar hanymyñ hem Jelaleddin Meñburnynyñ neslindendigi, hatda Jelaleddin Horezmşadan galan kabir gymmatly goş-golamlaryñ Şa Ysmaýyla gowşurlandygy aýdylýar. Şa Ysmaýylyñ özüniñ türkmenligini aýdýan şygyrlary-da bar. Gelejekde olardan nusgalar goyarys saýtda. Öz türkmen alymlarymyzyñ Şa Ysmaýyl barada giñişleýin ylmy makala yazanlar az dal. Olardan Abdyrahman Mülkamanowyñ, Jumadurdy Annaorazowyñ makalalary saýtda bardyr.

0
10  
Siziñ Maryda ýaşady diyen gajarlaryñyz aslynda gajarlaryñ diňe bir bölegidir we Sefewi hokumdary Şa Apbas I olary kopçulikleyn yaşayan yerleri bolan Azerbayjandan çykaryp bir bolegini Astrabada, bir bolegini Mara göçüripdir. Gajarlar Anadolynyñ gyzylbaşlary emele getiren alawy türkmenlerindendir we olar Sefewi turkmen döwletini guran yedi turkmen taýpasyndandyr (yagny: baharly, begdili, owşar, ustaçly (üstitäçli), şamly).
Gajarlar Şa Apbas dowrune çenli Garabag we Yerewan sebitlerinde yaşapdyrlar.

0
11  
Diňe gajarlar däl, ähli oguz-türkmen taypalarynyñ gelip çykyşy, taypama-taypa, tireme-tire, urugma-urug, oýmakma-oýmak www.turkmensani.net saýtynda jikme-jik gorkezilyar. Gaty gyzyklansañ şoña giräý. )

0
12  
Bolýa, minnetdar

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: