09:58
Taryh ylmy we türkmen taryhy

TARYH YLMY WE TÜRKMEN TARYHY

1. Taryh – akyl we ýürek zerurlygy

Gadymy türkmen ruhy ýaşaýşynda kimiýa daşy diýen düşünje bar, kimiýanyň gudraty misi altyna öwrüp bilýänligindedir. Şu nukdaýnazardan alanyňda garaşsyz türkmen ýaşaýşyna altyna öwürýän gudrat çeşmesi onuň beýik taryhydyr we Ruhnamasydyr. Öz aslyny, taryhyny bilýän ruhy kämil milletiň ýaşaýşynda müşgillik bolmaz.
Geçmiş, taryh bilen gyzyklanmak inçe duýguly hem-de bilmäge, düşünmäge höwesek her bir adamyň ömrüniň manysydyr, dünýägaraýşyny, kalbyny baýlaşdyrmagyň, manylaşdyrmagynyň usulyýetidir. Geçmişe höweslilik aňly adamyň ruhy-aň tebigaty bilen baglanyşyklydyr. Men geçmiş bilen gyzyklanmak işini adam ýüreginiň küýsegi bilen baglanyşykly sebäplere hem-de adam akylynyň küýsegi bilen baglanyşykly sebäplere bölýärin. Dogrudanam, näme üçin adam kalby, ýüregi geçmişiň wakalaryny, geň-taňlyklaryny bilmäge, olary özi üçin açmaga ymtylýar?! Birbada seredeniňde, bu ýerde ýörite sorag goýup hem-de oňa jogap gözläp oturara entek açylmadyk, üýtgeşik bir sebäp hem ýok ýaly: bilesigelijilik aslynda adamyň häsiýetine mahsus zat ahyryn diýilmegi mümkin. Bilmek islegi adama ýaradylan wagtynda Alla tarapyn berlen paý ahyryn diýilmegi hem mümkin. Emma näme üçin adam ala-böle geçmiş bilen beýle içgin gyzyklanýar?! Näme üçin adam geçmişe hiç mahal biperwaý garamaýar? Şeýle soraglaryň goýulmagy adamyň ruhy tebigatyna aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Meseläniň ruhy-pelsepewi tebigaty bar. Başga has howaýy zatlar bilen gyzyklanmaýan adamlaryňam üç mesele – geçmiş, geljek hem-de älemiň çäkleri bilen juda gyzyklangyç bolýandygyny men telim sapar gördüm. Onsoň bu täsin ýagdaý meni şeýle jogaba iterdi: adamyň wagtlaýyn jandardygy mälim zat, düşünjeli suratda ýa-da özi aňlamazdan, ýagny aňasty suratda oňa özüne berlen çäklilikden çykmaga, bakylyga öwrülmäge bolan isleg mahsusdyr. Adam wagt hem giňişlik taýdan çäkli ýaradylan. Ine, şol çäklerden çykmak islegi onda öz çäkli giňişliginiň we wagtynyň aňyrsyndaky barlyklary bilmek höwesini döredýär. Wagt taýdan ol diňe şu günde ýaşap bilýär, onsoň ol şu günüň öňündäki geçmişe we şu günüň yzyndaky geljege barmaga, görmäge ymtylýar. Adam giňişlik taýdan diňe gözüniň görüp duran çäklerinde ýaşaýar, onsoň ol şol çäklerden aşakdaky giňişlige – öz kalbynyň jümmüşine we ol çäklerden ýokardaky giňişlige – älemiň giňişliklerine ymtylýar.
Diýmek, geçmişe ymtylmak, geçmişe maýyl bolmak adam ýüreginiň düýpli küýsegidir, onuň beden refleksleriniň özboluşly ruhy dowamydyr. Elbetde, munuň özi adamyň asylbaşky tebigaty bilen baglanyşykly zat.
Ýöne geçmiş taryha höwes adamyň diňe tebigylygy bilen däl-de, eýsem durmuş tebigaty we durmuş zerurlyklary bilen hem baglanyşyklydyr. Toplumlaýyn ýaşaýanlygy esasynda adamzat öz ýaşaýşynda dürli tejribeleri toplaýar, jemgyýetçilik endiklerine eýe bolýar. Ol tejribeler we endikler nesilden nesle geçýär.
Adam ömrüniň çäkliligi zerarly öňki nesiller bilen häzirki nesliň arasyndaky baglanyşyk fiziki taýdan mümkin däl bolýar. Onsoň şeýle üzňelik nesilleriň arasyndaky ruhy we akyl baglanyşygy arkaly dikeldilýär. Galyberse-de, dürli sebäplere görä, geçmişiň aýry-aýry taraplarynyň ýa-da hatda tutuş geçmişiň özüniňem unudylmagy bolýan zatdyr. Şunuň netijesinde adamlar geçmişi öwrenmegiň we bilmegiň, gaýtadan açmagyň guralyna öwürýärler. Munuň özi jemgyýetçilik akylynyň zerurlygydyr. Diýmek, adam akylynyň zerurlygy hökmündäki taryhy geçmiş ýaşaýyş tejribesiniň çeşmesi we adamzat hakydasynyň özi bolup durýar.
Taryhy hakyda wagtdan üstün çykmagyň usulydyr. Çünki, hut hakyda arkaly geçmişden we geljekden üzňe nesil öz ýaşaýyş ukyplaryny we güýç-kuwwatyny ata-babalaryň gazananlarynyň hasabyna artdyryp bilýär. Milletiň şeýle ýaşaýyş ukyplarynyň hatarynda jemgyýet bolup ýaşamak, döwlet gurnamak endiklerini agzamak bolar.
Şeýlelikde, taryhy geçmişi öwrenmek diňe bir ýüregiň däl, eýsem akylyň hem islegidir we zerurlygydyr. Şu höwesiň we zerurlygyň netijesinde adamlar gaty gadymy zamanlardan başlap taryhy ylmyň aýratyn bir görnüşine öwrüpdirler.
Şu ýerde meniň biziň şu günümiziň nukdaýnazaryndan taryhyň anyk nämeler üçin gerekdigini aýdasym gelýär. Ondan ozal bolsa bir zady tekrarlamalydyryn: taryh barada gürrüň edýäris, ýöne milletleriň hemmesiniň taryhy mirasy deň däldir. Çaganyň terjimehalynyň bolmaýşy ýaly, ýaş halklaryň taryhy ujypsyz bolýar. Milletiň taryhy ýaşaýşynyň uzaklygyny kesgitleýji ölçeg onuň hususy taryhynyň barlygydyr ýa-da ýoklugydyr. Türkmen halkynyň diňe şu günlere ýetip gelen ýazuwly taryhynyň müň ýyldan hem geçýändigini aýtmak gerek. Ondan öňki taryhymyz bolsa şol taryhy ýazuwlarda we arheologik ýadygärliklerde saklanyp galypdyr. Diýmek, türkmen milleti taryhy ýaşy gaty uzaga gidýän, arkaly we asylly milletdir. Şonuň üçin hem onuň uzak taryhy-da öwrenmek isleýän üçin köp wagty we aşa köp zähmeti talap edýär.
Taryhyň gerekligi dürli sebäpler bilen baglanyşyklydyr. Men häzir ol dürlüligi üç sany esasy görnüşe geçirýärin.
Birinjiden, türkmeniň milli taryhy bize şu günümize we geljegimize nusgalyk üçin gerek. Hudaýa şükür, türkmende bolsa nusgalyk taryh bar. Baryp, mundan müň ýyl ozal özüne 5 müň ýyllyk taryhly halk diýdiren türkmeniň taryhy baýdyr. Munda dürli-dürli siwilizasiýalar, onlarça döwletler we imperiýalar, ajaýyp hem-de gaýtalanmaz medeniýetler, ummasyz syýasy tejribeler, beýik-beýik şahsyýetler bar. Men bu zatlaryň baryny ýekänme-ýekän ýazyp görkezmekçi, türkmeniň dünýä medeniýetine goşan goşandyny we bu mirasyň şu günki türkmene gönüden-göni dahyllydygyny aýan etmekçi bolýaryn. Munuň özi bahasyna ýetip bolmajak ruhy-ahlak ähmiýetli işdir. Biziň Garaşsyz hem baky Bitarap döwleti berkidýän Altyn asyry gurmagy dowam edýän zamanymyzda her bir türkmeniň ruhy belentligi durmuşy hajatdyr. Beýle ruhubelentlik bolsa, taryhdan güýç-kuwwat almalydyr. Öz ata-babalarynyň beýik bolandygyny bilen adamyň hötdesinden gelmejek işi, müşgili bolmaz. Biziň soňky üç ýüz ýylyň dowamynda pese düşmegimiz türkmende öz asly barada nädogry düşünjäniň döremegine ýa-da asla taryhy hakydanyň juda ýöntemleşmegine getiripdir. 74 ýylyň resmi aňyýeti bolsa halky ruhdan düşürmek üçin taryhy aýylganç ýoýup görkezdi, köp zatlara bolmadyk ýaly göz ýumup geçdi. Indi türkmeni täze belentliklere ruhlandyrmak üçin men bäş müň ýyllyk taryhy ylmy esasda jikme-jik beýan edýärin. Türkmeni ruhy galkynyşa galkyndyrjak «Türkmen taryhy» atly iki tomluk düýpli kitaby ýazmagy men özümiň gaýragoýulmasyz möhüm işlerimiň biri hasaplaýaryn.
Ikinjiden, milli taryhymyz mukaddes miras hökmünde aýawly saklamak üçin gerek. Türkmenler beýik taryhyň mirasdarlarydyr. Gadymy ýazuw ýadygärlikleri, bäş müň ýyldan hem gadymy arheologik medeniýetler, bütin dünýä ähmiýetli arhitektura gözellikleri milli geçmişimiziň janly şaýadydyr. Bu zatlaryň hem ylmy, hem ahlak-ruhy ähmiýeti bar. Olary aýawly saklamak ogluň kakasyndan galan zada mähirli garaýşy ýaly bolmalydyr. Saparmyrat Türkmenbaşy geçmişi 110 ýylda biagyry tutulan taryhy mirasa eýeçilik göz bile garalsyn diýip Türkmenistanyň Milli muzeýini gurdurdy. Halkyň diňe garny däl, eýsem gursagy-da dok bolmalydyr. Diňe şonda adam özüni hakyky adam hökmünde duýup biler. Millet diňe bir maddy baýlyklary bilen däl-de, geçmişden galan taryhy we ruhy baýlyklary bilen baýdyr.
Üçünjiden, taryh milletiň geçmişinde bolup geçen wakalara şu günüň nukdaýnazaryndan dogry baha bermek üçin gerekdir. Aýdyp nätjek, geçmiş diňe ösüşler däl, tesişler hem, diňe guwandyryjy däl, eýsem gynandyryjy wakalardan hem ybadatdyr. Taryh diňe nämelere ymtylmalydygynyň däl-de, eýsem nämelerden gaça durmalydygyň sapaklaryny-da berýän mugallymdyr. Ýalňyşlyklary gaýtalamazlyk üçin ýalňyşyň nämeden ybaratdygyny bilmek gerek. Türkmeniň, ylaýta-da, soňky üç ýüz ýyllyk taryhynda indi gaýtalanmaly däl wakalar we hadysalar hem bolup geçdi. Olardan sapak almak türkmeniň borjudyr. Şu mukaddes borjumyza aňly-düşünjeli düşünip berjaý edenimizde biziň taryh babatdaky akyl hajatlarymyzyň doly kanagatlandyryldygy bolar.

2. Taryh ylym hökmünde

Ylym – adamzat aňynyň bir görnüşidir. Adam pikiriniň bu görnüşi özüniň mazmuny we tebigaty boýunça pelsepeden, sungatdan, mifologiýadan, dinden, edebi-çeper pikirlenmeden tapawutlanýar. Şonuň üçin hem geçmiş baradaky islendik maglumaty, geçmişi suratlandyrýan ýa-da suratlandyrmaga dalaş edýän her bir pikire ylym hökmünde garap bolmaz. Adam aňynyň ähli görnüşleri geçmişiň beýanyny edip biler. Men bu beýana ylym däl-de, bilim diýip at bermek isleýärin. Çünki olar haýsydyr bir zada akyl ýetirmegiň, ýagny bilmegiň netijesinde dörän maglumatlardyr we pikirlerdir. Emma olar öz tebigaty boýunça ylymdan tapawutlanýar. Nähili tapawutlanýar?
Bilim – degişli pikir we maglumat toplumynyň mukdar ýygyndysydyr. Geçmişi pelsepe, sungat, edebiýat, mifologiýa, din, edebiýat özüçe suratlandyrýar. Pelsepe – ählumumy, düýpli kategoriýalary arkaly, sungat hem edebiýat – çeper şekilleri arkaly, mifologiýa – rowaýatlar, mifler, din – bularyň barynyň gatyşmagyndan emele gelen dini gymmatlyklary arkaly geçmişi beýan edýär. Emma bularyň hemmesiniň geçmişe gatnaşyk babatdaky bir umumylygy bar: olar beýan etmek işini geçmiş hakykatynyň özünden alyp gaýdanoklar-da, tersine, öz aňlarynda bar zatlara geçmişi laýyk getirýärler. Çünki, bularyň hemmesi diňe bir paýhas-akyl bilen däl-de, göwün bilen hem gönüden-göni baglanyşykly ruhy pikirlenmelerdir. Elbetde, olarda hem ylym, has dogrusy, ylymlylyk bar, çünki, pikir hem-de maglumat bar. Emma pelsepedäki, mifologiýadaky, dindäki ýa-da sungatdaky ylym bu pikir görnüşleriniň hakykata gatnaşyk usulynyň aýratynlygy, ýagny hil hadysasy däl-de, bilimiň mukdary hadysasydyr. Aýdaly, aňy mifiki tebigata eýe bolan adam hem öz ugrundan juda sowatly, juda köp bilýän adam bolup biler. Sowatlylyk hem bilimlilik bolsa ylymlylykdan tapawutlydyr. Men bilimlini, okumyşy, düşünjelini, akyldary alymdan tapawutlandyrýaryn. Adam dini ugurdanam, pelsepeden ýa-da sungat ugrundan hem bilimli, okumyş bolup biler. Ylym bolsa şol ugurlardan tapawutlanýan özboluşly bir akyl, pikir işidir. Ylym özüniň usulyýeti bilen tapawutlanýar.
Ylym – subutnamalaýyn, mantyg-taglymy (logiki-teoretiki) pikirlenmedir. Ylymda duýgynyň we göwnüň hem, dini gymmatlygyň hem gönümel gatanjy ýokdur. Emma taryh diňe şu dar manydaky ylym tarapyndan öwrenilmän, beýleki aň görnüşleri we usullary tarapyndan hem öwrenilýär. Çünki, taryhy hakykata akyl ýetirmekde olaryň hersiniň öz artykmaçlygy we paýy bar. Şonuň üçin hem men taryh ylmy diýenimde, bu sözi dar däl-de, giň manyda – taryhy umumy akyl işiniň öwrenýän zady manysynda ulanýaryn. Men bu ýerde dar manydaky ylmyň baş aýratynlygyny – subutnamalaýyn, mantyg-taglymy pikirlenmäni esasy orunda goýýaryn we akyl işiniň ähli görnüşleriniň hyzmatlaryny şunuň işinde ulanmakçy bolýaryn. Muňa bir jümlede ylmy bilimler diýip aýtmak bolar.
Ylym we din, pelsepe we sungat, mifologiýa – bular biri-birine gapma-garşy, biri beýlekisini inkär edýän pikir ulgamlary däldir. Bularyň hemmesi hem özüçe we öz ornunda taryhy hakykaty beýan edip bilerler. Akyl ýetirmegiň bulara mahsus «düşünmek», «göz ýetirmek», «aňlamak», «bilmek», «duýmak» ýaly pikir işleri biri-biriniň üstüni ýa-da biri-biriniň öwezini doldurýarlar. Bu ýerde mesele pikir işiniň näderejede oňat ýerine ýetirilenligine, ýagny onuň hakykata nägadar laýyk gelýänligine baglydyr.
Aýdaly, özüni alym hasaplaýan ylymdar ukybynyň, sowadynyň pesligi zerarly hakykaty açmakdan ejiz gelip biler. Emma şol bir wagtda-da rowaýatçy ýa-da şahyr subut etmese-de, hakykaty beýan edip biler.
Gürrüň türkmen taryhynda ylmyň esasy ýörelgesini – görnüp duran ýa aýdylan zatlary şol durşuna kabul etmän, ony subutnamalar arkaly barlamak ýörelgesi barada barýar. Bu işde esasy serişde ynanç, owadan söz, aňk ediji gürrüň däl-de, gözleýji, agtaryjy, deňeşdiriji, ykrar hem inkär ediji, irginsiz akyl-paýhas bolmalydyr.
Ylmyň iki görnüşi bar:
1) deslapky ylym;
2) hakyky ylym.
Deslapky ylym – degişli maglumatlary ýygnaýar, toplaýar we olary belli bir nukdaýnazardan ulgamlaşdyrýar. Özüniň derejesi boýunça bu hili pes ylmy bilimdir. Çünki, diňe eliň astynda bar bolan zatlary – maglumatlary, seneleri we ş.m.-leri beýan etmek işiň deslapky ýarysydyr. Sebäp diýeniňde, bu entek hakykata akyl ýetirmek maksadynyň amala aşandygyny aňlatmaýar.
Hakyky ylym – ýüze çykarylan maglumatlary ylmy pikiriň kömegi bilen kanunalaýyklyklara, baglanyşyklara öwürmekdir we degişli maglumatlardan many çykarmakdyr. Munuň ahyrky netijesi hakykatyň aňdaky keşbiniň we sypatynyň döredilmegidir. Eger deslapky ylym – ylmy bilim bolsa, hakyky ylmyň miwesi – ylmy taglymatdyr.
Meniň taryhy ýazmakdan maksadym – türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhynyň ylmy keşbini we sypatyny döretmek hem-de her bir düşünjeli türkmeniň aňyna ornaşdyrmakdyr. Bu işiň deslapky wezipesi – sanlary, maglumatlary, seneleri, wakalary, garaz, türkmen taryhyna degişli ähli ähmiýetli zatlaryň daşky baglanyşygyny döretmekden ybarat. Milli taryhyň bäş müň ýyla uzaýandygyny ýatlanyňda, şunuň özem asla ýeňil-ýelpaý iş däldir. Emma bu diňe işiň ýarysy ahyryn. Işiň hakyky wezipesi – bäş müň ýyllyk taryhyň ilkinji ýylyndan başlap iň soňkusyna çenli onuň içki baglanyşyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Çünki, diňe şeýdilende, türkmeniň taryhyny özara baglanyşykly bitewi bir hadysa hökmünde beýan etmek mümkindir.
Men bu pikirlerimi diňe öz işimiň aýratynlyklaryny ýaňzytmak üçin däl, eýsem taryh bilen nähili iş salyşmalydygyny nygtamak maksady bilen hem okyja ýetirýärin. Garaşsyz döwlete häzirki zamanyň täze ylmy, durmuşyň goýýan talaplaryna jogap berip bilýän ylym gerek.
Türkmeniň taryh ylmy milletimiziň taryhy aňyýetini kemala getirýän birnäçe ugurlaryň biridir. Taryhy aňyýeti ylymdan başga-da taryhy filosofiýa, milli taryhy sungat, türkmeniň geçmiş mifologiýasy, garaz, taryha dahylly ähli aň işleri hasyl edýärler.

3. Taryhy öwrenmek we bilmek

Nemes akyldary Gýote: «Meniň ruhuma ruh, bedenime kuwwat goşmazdan, meniň bilimimi artdyrýan ylmy ýigrenýärin» diýip aýdypdyr. Bu pikirde biziň üçin derwaýys hem häzire çenli üsti açylmadyk ajaýyp hakykat bar. Bu hakykat, umuman, ylma we onuň janly durmuşa gatnaşygyna degişlidir. Bilmek, akyl ýetirmek meselesinde adamlarda şeýle galyby garaýyş bar: bilýän kişi bar, bilmeýän kişi bar, nadan bar, dana bar. Emma ýokarky pähimiň manysyna has içgin çemeleşip görüň. Onda bilmek bilen bilmezligiň arasynda-da niçeme menzil ýatandygy hakda oýlanarsyňyz. Öwrenmegiň geň-taňlygy: bilim artýar, emma onuň adamyň we durmuşyň kämilleşmegine hiç hili täsiri ýok! Diýmek, hiç zady bilmezligiň ýaramaz zatdygyny gürrüňsiz ykrar etmek bilen, biz bilmekligiňem hil-hil bolýandygyny boýun almalydyrys. Ine, meniň iki aralykdaky menzil diýýänim şuny göz öňünde tutýar.
Biziň milli aňymyzda bilimlilik şu sypatlandyrmalar arkaly aňladylýar: 1) ylymlylyk; 2) ylymdarlyk; 3) bilimseklik; 4) okumyşlyk. Bu aýratynlyklar baradaky gürrüň, birbada seredeniňde, ownuk mesele ýaly bolup görünmegi-de mümkin, ýöne taryh ylmyna täzeçe garaýyşlary has açyk düşündirmek, taryh ylmyna çemeleşmekdäki nukdaýnazarlary aýdyňlaşdyrmak üçin bu aýratynlyklary aýyl-saýyl etmegi zerurlyk hasaplaýaryn. Çünki Altyn asyryň ýolunda kimiň kimdigi, nämäniň nämedigi anyk, aýdyň, düşnükli bolsa öňe gitmek aňsat düşer.
Şu hili sypatlaryň birinjisinden galany ýaramaz häsiýetlerdir. Galan üç kişi beýik akyldar Gorkut ata Türkmeniň ýigrenýän ylmyna eýe bolan adamlardyr. Biziň häzirki döwrümizde şeýle sypatlaryň ýaramaz manysy has hem derwaýys açyklyga geçdi. Şonuň üçin hem men olar barada käbir pikirleri gysgaça aýtmakçy bolýaryn, sebäp olar hakda anyk garaýşyňyzyň bolmagyny isleýärin.
Ilki bilen, düşünjeleriň iň ýönekeýi hakynda. Bilimseklik – görnetin ýaramaz manyly sypat, bilimsek – derekli, oňly zat bilmese-de, bilýänden bolýan adamdyr. Şonuň üçin bu ýerde jikme-jikleşdirip oturara-da zat ýok. Okumyş – köp bilýär, emma onuň bilýäninden hiç kime we durmuşa hiç hili peýda ýok. Şeýle adamlary köne akyldarlarymyz bag ekip, miwesini iýmeýän hem hiç kime iýdirmeýän nadana meňzedipdirler.
Ylymdarlyk – bu bilimli hem ýaly, bilimini ulanýan hem ýaly, emma mundan peýdanyň ýoklugy-ha beýlede dursun, bu bildirmezden jemgyýetiň aň ösüşine zyýan ýetirýär, ony togtadýar. Has dogrusy, öňe äkidýänden bolup, bir ýerde saklaýar we terse alyp gidýär. Munuň özi biziň köne ylmymyzda aňlanylmadyk, entek kesgitlenmedik aň hadysasydyr. Belki, bu täze bir – 74 ýylda ýüze çykan hadysadyr ýa-da juda ýaşyrynlygy sebäpli öň göze ilmedik bir zatdyr. Haýsysy bolanda-da, men şeýle zadyň durmuşda giň ýaýrandygyny magat bilýärin. Geçen ýetmiş dört ýylda käbir üstünlikleriň bolandygyny inkär edemok, ýöne şol döwürden galan aňyýet tykyramalary özüm üçin-hä adam aňyny basýan artykmaç ýük bolup görünýär.
Janly durmuşyň ylma bildirýän öz talaplary bar. Ylym – taryhy ösüşiň mantygynyň we erkiniň aň aýtymynda ýüze çykmasydyr. Şonuň üçin hem hakyky ylym hemişe durmuş bilen aýak goşup, onuň bilen özara täsirleşip gidýär. Şonuň üçin hem şeýle ylym durmuşda tebigy ýagdaýdyr we onuň ýoklugy, aýdaly, adam bedeniniň bir agzasynyň kemterligi ýaly bada-bat göze ilýär. Ýöne bu tebigy guralan durmuşda şeýle.
Emma biziň geçen 74 ýyllyk durmuşymyzyň özi galp aňyýet esaslarda gurlan ýasama hem ýalan durmuşdy. Şonuň üçin oňa hyzmat eden ylym hem islese-islemese, şol ýasamalygy we ýalanlygy özünde saklaýan bir aň hadysasy boldy. Indem şol durmuşyň özi geçmişe gitdi welin, ondan galan ylmyň aýby açyldy duruberdi. Ol indi görnetin görünmeýän halatynda-da sagdyn aňly adamda gerekmezlik, artykmaçlyk täsirini döredýär.
Ylymdaryň ylmy ylymsyzlyk hem däl, ýalňyş, nädogry ylym hem däl, eýsem ýalan ylymdyr. Ýalňyş ylymdan ýalan ylmyň tapawudy uly: ýalan ylym nädogry akyl ýetirmäniň ýa-da dogry akyl ýetirmäniň däl-de, akyl ýetiren kişi bolmagyň netijesidir. Akyl ýetirmek – jemgyýetiň ortaça wekili üçin öň mälim bolmadyk haýsydyr bir täzelikleriň açylmagydyr. Şeýle açylyş netijesinde adamyň akyly we ýüregi manydan dolýar, onuň daşky durmuşa gatnaşygy üýtgeýär. Duýgulary ýitelýär, akylyň öňünden çykýan kynçylyklary aradan aýyrmak ukyby artýar. Adamyň beýnisi öň niçeme ýyllap işledilmän ýatan gural kimin herekete gelip ugraýar. Şeýle üşük taýdan janlanyş onuň bütin şahsy durmuşyna we jemgyýete gatnaşygyna oňyn täsir edýär. Akyl ýetirmekden alnan gujur beýlekilere geçirilýär. Ol öz gezeginde täze akyl ýetirmelere badalga we sebäp bolýar. Ine, men ylmyň durmuşa täsiri diýip şuňa düşünýärin.
Aňyň boş türgenleşiginden we biderek çykdajylardan başga hiç zat bolmadyk ýalan ylmyň erbet zyýany – ol jegyýeti hakyky ylmyň nämediginden bihabar galdyrýar. Ylma ýüzlenýän adamlaryň – mugallymlaryň, talyplaryň, beýlekileriň köpüsi «hakyky ylym şudur-ow» diýen nädogry pikir bilen ýaşaýarlar. Şeýdip, jemgyýetçilik aňynyň, şol sanda ylmyň ösüşi-de hasylsyzlyk, bipeýanlyk ýoluna düşýär.
Ylymdar – adamy güýmeýän kişidir.
Alym – adamy özgerdýän kişidir.
Biziň üçin jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny öndüriji güýç bolup durýan ylym gerek. Taryh – ylmy we ruhy gymmatlyklary dikeldiji we öndüriji güýç bolmalydyr.
Bize taryhy ýöne beýan edýän däl-de, düşündirýän ylym gerek.
Bize taryhy gürrüň berýän däl-de, ony öwredýän we öwrenýän ylym gerek.
Bize özümiziň kämilleşmegimiz üçin biläýmeli zatlarymyzy bildirýän ylym gerek.
Taryh babatda düşünmek, öwrenmek, bilmek nämäni aňladýar?
Türkmen taryhyny bilmek diýmek – türkmen milletiniň häzir nirede duranlygyna, onuň bu ýere nireden we nädip gelendigine, munda nähili menzilleri geçendigine we onuň indi niräk barýandygyna akyl ýetirmek diýmekdir. Munuň özi, bäş müň ýyllyk taryhy maglumaty bir sapaga düzmek, ondan many çykarmak we milletiň taryhy ykbalynyň bitewüligini dikeltmek diýmekdir. Bu taryh boş gürrüňleri köpeltmekden, taryh kitabynyň jiltlerini galňatmakdan başga ähmiýeti bolmadyk öli pikirlerden, «atan oky ürküzen gurbagasyna degmeýän» mejalsyz garaýyşlardan, hiç kime gerekmejek çözgütlerden däl-de, eýsem türkmeniň kimdigini açýan açyşlardan ybarat bolmalydyr. Bu taryh türkmeniň geçmişinde düşündirip bolmaýan ýekeje meseläni hem, ähmiýetini kesgitläp bolmaýan ýekeje senäni we wakany hem gapdalda goýmaly däldir. Ähli gapma-garşylyklar çözülmelidir, ähli nämälimlikler aradan aýrylmalydyr. Diňe şeýle edilende, bizde hakyky janly we bitewi türkmen taryhy bolar. Şeýle hakykata esaslanyp ýazylýan taryh Altyn asyryň ösen talaplaryna laýyk gelýän taryh bolar. Şeýle taryh hakyky ylmyň altyn gapysynyň giňden açylýan zamanynda has derwaýysdyr.
Hakyky taryh – diňe wakalaryň we seneleriň däl-de, eýsem manylaryň baglanyşygydyr. Bäş müň ýyl mundan ozal Altyndepeden galan bir maglumaty şu gün bilen baglanyşdyryp bilmeýän taryhçydan taryhçy bolmaz. Eýsem şeýle baglanyşyk ýokmudyr? Elbetde, bar. Çünki baglanyşyk bolmasa, taryhy wagtyň hereleti mümkin däldir, düýnüň şu güne, şu günüň ertire öwrülmegi mümkin däldir. Eger şol baglanyşyk aşa köp wagtyň geçenligi sebäpli unudylan bolsa – bu başga gürrüň. Bu eýýäm taryhy wagtyň özüniň däl-de, adam hakydasynyň aýbydyr. Taryhyň borjy şol hakydany gaýtadan jana getirmekdir. Men şu ýazmaga girişen taryhymda türkmeniň taryhy wagtyny ýykylyp galan äpet heýkeliň örboýuna galdyrylyşy ýaly edip, okyjynyň göz öňünde dikeltmegi maksat edinýärin.
Bir zady bilýärin: şu wagta çenli taryha ylym hökmünde göwnüýetmezçilikli garalyp gelindi. Onuň iki sebäbi bar: birinjiden, sowet aňyýeti bu ylmy abraýdan gaçyrdy. Ikinjiden, taryhyň ylmylyk derejesi pesde boldy. Taryhçylar üstki, daşky zatlar, oýlanmagy, üşügi, pikirlenmäni gaty bir talap etmeýän ownuklylar bilen meşgullanyp geldiler. «Bir wakajygy gürrüň berseň, bir söweşi aýdyp berseň, taryhdyr-da!» diýen pikir hökmürowan boldy. Men türkmen taryh ylmynyň has uly zatdygyny bilýärin, bu hakykata hem düşünilmegini isleýärin.

4. Taryhy wagt we taryhy aň

Türkmende taryhyň özboluşly kanunalaýyklygy barada ajaýyp nakyl bar: «Är garrar, heňňam garramaz». Öz taryha garaýyş usulymy düşündirmekden ötri, häzir bu nakylyň asyl mazmunyny ylmy dile geçirip, aýdasym gelýär. Heňňam – elbetde, taryhy wagt. Taryhy wagta – heňňama ýönekeý, adaty däl-de, pelsepewi many bereniňde, «är» düşünjesi hem çuňlaşýar we bitewülik häsiýetine eýe bolýar. Aýtjak bolýan zadym, äriň garramagy bu manyda diňe bir beden däl, eýsem ruhy hem hadysadyr. Taryhy wagt täze bir öwrüm edende, adamzadyň öňki pikirleri, aňy hem garraýar we täze bir aňyýet döräp, ösüp ugraýar.
Aňyýet bilen taryhyň özara baglanyşygy – taryhy akyl ýetirmede köp syrlaryň üstüni açyp biljek meseledir.
«Näçe taryhçy bar bolsa, şonça-da taryh bar» diýen gürrüň ýöne ýere döremändir. Şeýle gürrüň aňyýet bilen taryhyň arasyndaky nälaýyklyklaryň aňylmagy we üstüniň açylmagy netijesinde dörändir. Ýöne şeýle gabat gelmezlik biziň köpimiziň pikir edişimizden has çylşyrymly hadysadyr. Meseläniň azyndan üç sany jäheti – ahlak, ruhy-aň we dünýägaraýyş jähetleri bardyr.
Birinjiden, taryhyň we ony şöhlelendirýän aňyň büs-bütin şol bir zat bolmagy aslynda mümkin zat däldir. Çünki wagt, şol sanda taryhy wagt hem daşky tebigy hakykatdyr, aň bolsa adamyň içki ruhy hakykatydyr. Zadyň özi bilen zadyň kölegesiniň ýa-da aňynyň şol bir hadysa bolmagy mümkin däl. Taryhçy taryhyň özi däl-de, onuň yzlary – möhürleri bilen iş salyşýar. Wagtyň özüni tutup, saklap bolanok. Diňe wagt geçip gidenden soň, dürli yzlary, goýan möhürleri boýunça onuň mazmunyna we manysyna akyl ýetirmäge çalyşýarys. Men taryh bile aňyň meňzeş däldigi meselesiniň ruhy-aň jäheti diýenimde şu tapawudy we ony ýeňip geçmegiň mümkin däldigini göz öňünde tutýaryn. Elbetde, adam aňynyň hem öz içki wagty bar, ýöne ol taryhy wagtdan tebigaty boýunça tapawutlanýar. Bu tapawut aňdaky wagtyň gaýdyp gelmek, yzyňa serpikmek mümkinçiliginde, taryhy wagtda bolsa beýle mümkinçiligiň ýokdugynda ýüze çykýar.
Ikinjiden, taryhy wagtyň bir döwrüniň beýleki birinden tapawutly bolşy ýaly, bir zamandaky, bir jemgyýetdäki adamzat aňyýeti hem beýleki bir döwrüň aňyýetinden parhlanýar. Her aňyýet şol bir taryha özüçe çemeleşýär. Netijede-de şol bir taryhyň dürli-dürli teswirleri kemala gelýär. Belli amerikan filosofy Mid adamzat ruhuna diňe häzirki zaman görnüşinde ýaşamak berlendir diýip nygtaýar. Diňe, hamana, şu günki gün bar. Biziň geçmiş diýýänimiz hem şu günüň öten zaman görnüşine geçmegi, biziň geljek diýýänimiz bolsa şu günüň geljek zaman şekiline geçmegimişin. Onsoň adam geçmişi aýdyňlaşdyrýaryn öýdýän wagty ol iş ýüzünde bary-ýogy özüniň geçmiş babatdaky duýgulary bilen iş salyşýarmyşyn. Adam erkiniň – akylyň, şeýle hem paýhasyň, duýgularyň, aňyň, ruhuň başga bir erk bolan taryhy ösüşden tapawutlanýandygyny göz öňünde tutanyňda, bu ýerde belli bir hakykat bar. Emma filosof ol tapawudy aşa durnuklylaşdyrýar. Adam haýsy halatda taryha akyl ýetirip bilýär? Eger-de ol öz erkiniň aýratyn bir görnüşini – akyly tankydy suratda işe girizse, elbetde, geçmişiň nämedigini aňlap bilýär. Çünki, akyl adam erkiniň duýgudan aýrybaşgalaşmaga, duýgynyň habaryna tankydy garamaga ukyply ýeke-täk görnüşidir. Akylyň aýdýanynyň çynlygyny-ýalanlygyny barlamaga mümkinçilik bar – bu mümkinçilik maddy, zatlaýyn we mantyg synaglary arkaly barlamak mümkinçiligidir.
Üçünjiden, aň bilen taryhyň mynasybeti meselesiniň ahlak jäheti bar. Munuň özi öňki jähetlere garanyňda, has görnetin, has düşnükli we has ele getirerlikli hadysadyr. Gürrüň taryhçynyň taryhy hakykaty göz-görtele, aňly-düşünjeli ýoýuşy barada barýar. Elbetde, ýoýujy hökmany suratda taryhy haýsydyr bir maksady göz öňünde tutup ýoýýar. Beýle maksatlar we sebäpler dürli-dürli bolup durýar. Köplenç belli bir syýasy, aňyýet maksatlary esasynda taryh galplaşdyrylýar. Kämahal taryhçy haýsydyr bir özüne hoş ýakýan duýga erkini aldyryp, taryhy inçelik ýa-da gödeklik bilen ýoýýar, gaplaşdyrýar. Nähili sebäpden ugur alyp, näme maksat tutýandygyna garamazdan, taryhy ýoýmak maksada laýyk zat däldir. Çünki galplygyň aýby uzaga gitmeýär.
Şeýlelikde, meniň görkezip geçen gatnaşyklarym bir zady – biziň öňki zamanlarda ýazylan taryha tankydy göz bilen garamalydygymyzy görkezýär. Men bu pikirdäki «tankydy göz bilen» diýen jümlä aýratyn basym we ähmiýet berýärin. Diňe tankydy göz bilen bakylanda, taryhy hakykaty görüp bolar. Akyl – beýniniň gözüdir. Men taryhy açmagyň baş serişdesiniň ylmy paýhas bolmalydygyny nygtaýaryn. Ruhy garaşsyzlygyň biziň öňümizde goýýan wezipeleriniň manysy we möçberi taryhyň düýpli akyl we dünýägaraýyş öwrülişigi esasynda bütinleý täzeçe ýazylmalydygyny nygtaýar. Bu bir düýpli we hemmetaraplaýyn ruhy öwrülişikdir. Öwrülişigiň milli taryh bilen baglanyşykly jäheti şahsyýetiň taryha akyl ýetiriş işiniň onuň öz-özüne akyl ýetirmesi bilen deňdeş gitmelidigine şaýatlyk edýär. Akyl ýetiriş bir bada iki ugur boýunça: daşky – milli taryhy geçmiş ugry we içki – öz-özüňiň ruhy jümmüşiň ugry boýunça gitmeli.
Ýaşaýyşda bir taraplaýyn hereket bolmaýar. Ine, şol birbada iki ugurdaky akyl hereketi netijesinde men öz milletimiziň ajaýyp we gaýtalanmaz – özboluşly taryhyna akyl ýetirdim, indi hem bu akyl ýetirişiň netijelerini we miwelerini düşünjeli okyja hödürleýärin.
Taryhy tankyt we taryha tankyt, umuman, tankyt baradaky gürrüňimi dowam edeýin.
Geçen 74 ýylyň içinde ähli gymmatlyklaryň we düşünjeleriň ýoýulyşy ýaly, tankyt düşünjesiniň mazmuny hem erbet ýoýuldy. Bu düşünje aşa syýasylaşdyryldy. Aslynda, ýagny tebigy halatda bolsa tankyt ylmy paýhasyň esasy akyl ýetiriş düzgünleriniň biridir. Munuň şeýledigine bu gadymy türkmen sözüniň asyl manysy-da şaýatlyk edýär.
Sowet döwri biziň düşünjelerimizi birtaraplaşdyrdy, olary many bitaýlyga getirdi, aňymyzyň işleýşini gödekleşdirdi, şeýle hem ýöntemleşdirdi. Biziň aňymyza giren sowet duýgusy tankyt düşünjesinde şahsy garşydaş, ýepbeklemeli, ýamanlamaly, galmaz ýaly etmeli garşydaş şekilini oýarýar. Munuň ozalky milli ylmy düşünjämiz bolan tankyt bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur.
Diýmek, taryha tankydy garaýyş ýörelgesiniň ylmy manysy öňki taryhy garaýyşlardaky dogry hem nädogry pikirleri aýyl-saýyl etmekden ybaratdyr. Şeýtmegiň esasy serişdesi bolsa ylmy akyl we ylmy düzgünler bolmaly.
Indi men özümiň başda taryh bilen aňyýetiň nämynasyp utgaşygyndan dörän iki hili maksadalaýyk däl taryh baradaky pikirimi jemläýin. Şeýlelikde, bularyň dürli utgaşygyndan şu güne çenli iki hili taryh döredi:
1. Galp taryh;
2. Ýalňyş taryh.
Türkmen milli taryhynyň aňly-düşünjeli suratda bet maksatlar bilen galplaşdyrylmagy asyrlarboýy bolup geçen zat. Ýöne ol sowet döwründe has açyk häsiýete eýe boldy. Türkmeniň gadymy taryhyna göz ýumuldy. Bu milletiň döreýşi giçki orta asyrlar bilen baglanyşdyryldy. Ol döwürde ýazylan taryhyň köp bölegi sowet döwrüne bagyşlanyldy. Munda şeýle many bardy: «sowet döwri diýäýmeseň, ondan ozal türkmende aýdyp oturara taryh barmy näme?» Milletimiziň geçmişine we ruhuna şeýle hyýanatçylykly çemeleşiş hiç bir ylmy garaýşa laýyk gelenokdy. Bu hatda Bartold ýaly taryhçylaryň hem türkmen milli taryhy boýunça gollanan ýörelgelerine hem laýyk gelenokdy. Gadymy döwrüň taryhy juda az beýan edilýänliginden başga-da, ol taryh häzirki türkmen milletine dahylly däl terzde gürrüň edilýärdi. Miladydan öňki taryh babatda şeýle äheňler agdyklyk edýärdi. Ol-a ol welin, hatda irki orta asyrlaryň taryhy-da türkmene rowa görülmedi ahyryn. Bu – başdan geçirilen hakykat ahyryn. Galp taryhyň eýeleri seljuk, osman türkmenleri, hatda garagoýunly, akgoýunly ýaly hanedanlaryň türkmene degişli däldigini syzdyrýardylar. Munuň taryhy-taglymy esasy hökmünde bolsa olar, hamana, oguz bilen türkmeniň aýry-aýry etnoslardygy baradaky şübheli pikiri öňe sürüpdiler. Bu zatlaryň bary bir maksady – öň türkmende taryh bolmady, türkmeni diňe sowet hökümeti millet etdi diýen syýasy ýörelgäni esaslandyrmagy göz öňünde tutýardy. Şonuň üçin hem biziň beýle taryhdan bütinleý ýüz dönderýändigimizi aýdyp oturmagyňam geregi ýok.
Emma şol bir wagtda-da türkmen taryhynyň galplaşdyrylmagynyň ondan öňki döwürler hem ýoň bolandygyny atmak gerek. Beýle galplaşdyrma, esasan hem mongollardan soň möwç aldy. Elbetde, munuň anyk taryhy sebäpleri bardy.
Mongol basybalyşyndan soň, Türkmenistanyň çäklerinde türkmen milleti pese düşdi. Weýran ediji harby urgulardan soň, galp taryh milletimize urlan has güýçli ruhy urgy boldy. Men häzir hususanam, Abulgazy ýaly taryhçylaryň käbir ýörelgelerini göz öňünde tutýaryn.
Elbetde, Abulgazy hanyň «Şejere daragty» eseriniň hakykata laýyk gelýän ýerleri hem bar, şonuň üçin hem ol belli bir derejede gymmatly taryhy çeşme. Emma mongollardan soň türkmeniň gelip çykyşy meselesi göz-görtele ýoýuldy. Hususanam, oguzlaryň türkmen topragynda «gelmişekligi» we Oguz hanyň mongol gelip çykyşly adamdygy baradaky galp taryhy mif şol döwürde döredi. Munuň özi türkmeniň gadymy we irki orta asyr taryhyny ýoga çykarmak we mongollaryň taryhy hakydany öz eline almak islegi bilen baglanyşyklydy.
Öz gelip çykyşy mongoldan daşda bolmadyk Abulgazy han, belki, muňa düşünen däldir, belki, düşünip edendir – gürrüňi onuň ynsabyna goýalyň. Ýöne türkmeniň gününe gan çaýkandygyny Abulgazy han öz dili bilen hezil edip gürrüň berýär – onsoň ol nädip milletimiziň dogry taryhyny ýazsyn!
Men şu meseläni-de bolşundan ýönekeýleşdirmekden daşdadyryn. Jelaleddiniň Çingiz hana ýumrugyny görkezip, Sind derýasyndan geçip gidendigi, beýik türkmen serkerdesine – Jelaleddine ganhor Çingiz hanyň gözi gidendigi we: «Wah, mende şeýle ogul bolan bolsady, onda dünýäni basyp alardym» diýendigi barada türkmen halkynyň arasynda giňden ýaýran tymsal bar. Men bu meşhur tymsaly türkmen bilen mongolyň biri-birinden üzňe halkdygyny nygtamak üçin ýatlaýaryn. Elbetde, mongolyň türkmeniň etniki ösüşine sähelçe täsir edendigine göz ýummak gerek däl. Ýöne bu täsiriň milletiň içki barlygyna hiç hili dahylynyň bolmandygyny, munuň daşky hadysadygyny hem aýtmak gerek. Onsoň bu orta asyryň käbir taryhçylarynyň edişi ýaly, türkmen bilen mongol jynsynyň genetiki, şejere birligini tekrarlamaga asla esas bolup bilmeýär. Birinjiden, bu mongollaryň az wagtlyk agalyk süren zamanynyň aňyýetiniň oýnudyr. Ýagny bu galp taryhdyr. Ikinjiden bolsa, bu onuň üstesine ýalňyş taryhdyr hem. Degişli taryhy aňa mahsus panmongolizm – mongolparazlyk bolup geçen taryhy hadysalara akyl ýetirerden ejizlik sebäpli döräpdi. Ejizlik döwrüň taryhy aňynda boşlugy döretdi. Boşluk hem ara salym bermezden täze aňyýet tarapyndan galp maglumatlar bilen dolduryldy.
Şeýdip, diňe bir Abulgazynyň döwründäki we ondan soňky işler galplyk häsiýetine eýe bolman, eýsem ondan öňki ýazylan işler hem mongolparazlyk ruhunda gaýtadan ýazyldy. Netijede, antropologiýanyň, etnologiýanyň, etnografiýanyň, edebiýatyň, halk döredijiliginiň, ruhy ösüşiň, dil biliminiň, arheologiýanyň we gaýry birnäçe ylymlaryň aýdýanyna ters gelýän taglymat – Oguz hanyň mongola ýakynlygy, şol esasda hem türkmeniň mongol jynsly şejereli milletdigi we öz ýurdunda «gelmişekligi» baradaky, göräýmäge, «dogry» taglymat döredildi. Bu pikir şol we soňky döwürlerde syýasy taýdan türkmene garşydaş bolan döwletler tarapyndan alnyp göterildi. Türkmenden uzakda ýaşaýan «medeniýetli» milletler türkmene ýakyn oturýan «medeniýetli» milletlerden şol pikiri alyp göterdiler. Şeýdip, galp taryh ýüzlerçe ýyllar ýaşap geldi.
Şol galp taryhy kimdir biri ýalana çykarmaly, hakykaty aýan etmeli ahyryn!
Ykbal maňa ençe asyrlap galplaşdyrylyp gelnen taryhyň perdesini sypyrmak mümkinçiligini berdi.
Galplygyň uzaga gitmeýändigi, hakykatyň irde-giçde dabaralanýandygy barada berk ynanç bar. Türkmen: «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýýär. Türkmen köp zady bähbide ýorýar.
Dogrusyny aýdanyňda türkmen taryhyndaky belli döwürlerde bilkastlaýyn galplaşdyrylan taryhy, maglumatlary paş etmäge, hakykaty gorkusyz ýazmaga ýönekeý taryhçynyň gaýratynyň çatmazlygy-da mümkin. Durmuş akabasynda rahatja ýaşamak üçin onuň «namartja olam, sagja olam» diýmegi-de mümkin. Ýöne taryha ýönekeý taryhçynyň nukdaýnazaryndan çemeleşmäge meniň ahlak hukugym ýok. «Türkmen taryhyny» ýazmakdaky esasy wezipelerimiň biriniň türkmen taryhyna atylan gumlary arassalamakdyr, külden çykarmakdyr, zoraýakdan geýdirilen galp eşiklerini aýryp, taryhy hakykatlary ýerli-ýerlerinde goýmakdyr, türkmeniň hakyky taryhyny, buýsançly beýik taryhyny öz eline bitewi edip gaýtaryp bermekdir. Bu işiň kiçi-girim iş däldigine men düşünýärin, seniň hem düşünjekdigiňe ynanýaryn, hormatly okyjy!

5. Taryhyň ylmy usulyýeti

Taryhyň adam aňy tarapyndan öwrenilişiniň kynçylygy şundan ybaratdyr: özüniň asyl tebigaty boýunça taryh gatyşyk barlykdyr, üçünji bir barlykdyr. Hil taýdan täze bir bitewülik bolan bu barlyk birinji – tebigat barlygy bilen, ikinji – ruhy barlygyň utgaşygyndan kemala gelýär. Örän gadymy döwürlerden bäri adamzat aňy birinji hem-de ondan aýry ugur bolan ikinji barlyga werziş boldy. Onsoň bu werzişlik netijesinde olardan baş çykarmaklyk, olaryň ýaşaýyş kanunlaryna akyl ýetirmek, garaz, ýola goýlan iş boldy. Emma üçünji barlygyň çylşyrymlylygyny, öňkülere öwrenişen paýhasyň endiklerini aradan aýyrmakdan we taryha bitewi kanunalaýyk hökmünde seretmekden adam ejiz geldi. Şol sebäpden adam aňy bu ýerde haýsydyr bir kanunlary ýola goýjak bolubam ýörmedi-de, diňe taryhy wakalary beýan etmek bilen çäklenäýdi. Munda baglanyşyklary, kanunlary açdym diýen alymlaryň pikirleri bolsa, öz göwnüniň ýa-da öz döwrüniň hyýalatynyň nusgasy boldy-da galyberdi.
Pelsepewi tarapdan mesele häzir hem şol öňki çözülmedikliginde we açyklygynda galýar. Men dünýä taryh ylmyndaky dürli pikir uşlyplarynyň (konsepsiýalaryň) «ýyndamlygynyň samanhana çenli» bolýandygyny göremsoň, muňa kän bir pisint edibem oturamok. Munda kelebiň ujunyň tapdyrmaýanlygynyň, megerem, umumy hörpde hiç mahalam tapdyrmajagynyň düýp sebäbi biziň taryh diýýän hadysamyzda wagtyň kesgitleýji orun eýeleýänligindedir. Wagtyň nämedigini bolsa biz bilemzok. Bir alymyň deňeşdirip aýdyşy ýaly, balyk üçin suw näme bolsa, wagtam adam üçin şol zatdyr. Suwuň nämedigini biljek bolsa, balyk suwdan çykmalydyr, suwdan çykansoň bolsa nämedir bir zada akyl ýetirerden balyk üçin eýýäm giç bolýar. Adam aňy bilen wagtyň arabaglanyşygam pelsepewi manyda balygyň şol kysmatyny ýatladýar.
Emma meni bu mesele ruhy hem akyl tarapdan özüne çekýär. Men öz milletimiň taryhyny özüm üçin baryp-ha talyp ýyllarym açdym, indem ony taryhy temadan eser ýazýan ýazyjy hökmünde türkmen okyjysyna açasym gelýär. Men häzir ony haýsy tertipde we nähili usullar arkaly amal etjekdigimiň gürrüňini bermekçi bolýaryn.
Adamlara hakyda mahsusdyr. Hakyda arkaly adamzat özüniň geçmişini gaýybana bolsa-da, garaz, hakykatlygyna saklap gelipdir. Dogrudanam, öz häsiýeti boýunça taryhy geçmiş gaýybana barlykdyr. Munuň özi ýokarky deňeşdirmäni dowam edip aýtsak, eger adam balyk bolsa, onda gaýybana hakykat – taryh – suwdan çykýan balyk üçin suw barlygy bilen howa barlygynyň arasyndaky üçünji bir barlykdyr. Ýagny taryhy wagt – eýýäm ýok, emma entek bar hakykatdyr. Bu gaýybanalygyň durmuşy manysy we durmuşy haýyrlylygy – onuň biziň şu günki gün nädip ýaşamalydygyny we nädip güýçlenmelidigini bize öwredýänligindedir. Hut şonuň üçin hem biz taryha akyl, ruhy we ahlak gujuryň çeşmesi hökmünde garaýarys. Çeşmäniň çeşme bolmagy üçin biz belli bir gymmatlyklar we düzgünler esasynda gurnalan we ylmy usullary gollanýan taryhy kemala getirmelidiris.
Taryhyň ylmy usulyýeti – taryhy geçmişi yzygiderli we töwerekleýin barlamagyň we şu barlagyň netijeleri esasynda taryhy aňyýeti kemala getirmegiň, pikirlenme we synag usullarynyň ulgamydyr. Diňe şeýle edilende biz ruhy garaşsyzlygymyza goşant goşup biljek bitewi milli taryhy döredip bileris.
Bitewi milli taryh üç sany düzüjiden kemala gelýär:
1) gaýybana taryhy geçmiş;
2) taryhy dünýägaraýyş;
3) taryhyň ylmy usulyýeti.
Milletimiziň gaýybana taryhy geçmişi bize arheologik we ýazuw ýadygärlikleri hökmünde gelip ýetipdir. Men bu ummasyz tapyndylary we maglumatlary öz täze taryhy dünýägaraýşym esasynda bitewüleşdirýärin. Eger şu wagta çenli taryh biziň üçin bitewi bir zada öwrülmedik bolsa, munuň esasy sebäbi taryh üçin dünýägaraýyş esasynyň bolmanlygyndadyr. Bu ikisini biri-birine utgaşdyryjy iş usuly bolsa, taryhyň ylmy usulyýeti bolar.
Bizden öňküler bu meselede bize nähili miras galdyrypdyrlar?
Baryp akademik W.Bartold «Türkmenler türki halklaryň içinde iň baý taryhly halkdyr» diýip ýazypdy. Alym, elbetde, bu pikirini aýdanda orta asyrlaryň taryhy mirasyny göz öňünde tutýardy.
Orta asyrlar ýazuw çeşmeleriniň baýlygy bilen düýpli tapawutlanýar. Ýokarda ýaňzydyşym ýaly, men olara tankydy akyl gözi bilen garaýaryn. Ýöne orta asyrlardan öň hem müňlerçe ýyllara uzaýan taryhymyz bolupdyr ahyryn.
Wagtyň tebigaty şeýle – taryhy geçmişiň jümmüşine gitdigiňçe, esasy maglumat çeşmesi maddy medeniýetiň zatlary bolup galýar. Gadymy maddy medeniýetimizi XX asyrda amala aşyrylan gazuw-agtaryş açyşlary arkaly kem-käsleýin dikeldip bildik. Men olary milli taryhyň nukdaýnazaryndan tertipleşdirýärin, ulgama salyp, teswirleýärin. Maksadym – taryhy hakykaty ýüze çykarmak we ony halka ýetirmekdir. Taryhy hakykat näme?
Taryhy hakykat – gaýyba öwrülen janly durmuşy akyl arkaly dikeltmekdir.
Taryhy hakykat – geçmişiň boş sahypalaryny anyk taryhy tapyndylaryň şaýatlyk edýän maglumatlary esasynda doldurmakdyr hem-de täze deliller, maglumatlar arkaly ýa-da maglumatlaryň täzeçe gurnalyşy, baglanyşdyrylyşy arkaly galyba dönen köne düşünjeleriň ret edilip, täze düşünjeleriň kemala getirilmegidir. Garaz, sözüň ýönekeý manysynda aýdylanda, munuň özi täze türkmen taryhyny ýazmakdyr.
Taryhyň ýazylmagy ylmy barlygyň miwesidir. Öz ylmy barlaglarymy men şu bäş bäsgançak şekilinde alyp barmakçy bolýaryn:
1) Bilmezlik halaty.
Ilkibaşda adamda nämedir bir zady bilmeýändiginiň duýgusy bolýar. Şu duýgunyň özi barlyga eltýän ilkinji çykalga, kiçijik yşdyr. Bilmeýändigiň baradaky duýgynyň ýok ýerinde herekete itergi ýokdur. Bilmek «bilemok», bilmezlik «bilýän» diýen duýgudan başlanýar. Diňe şu duýgynyň döremegi üçin hem paýhasyň ep-esli işi we käbir tejribesi gerekdir. Men türkmen taryhy bilen talyplyk ýyllarymdan gyzyklanyp başlap, ony bilmeýändigime, ony asyl hiç kimiňem derekli bilmeýändigine göz ýetiripdim. Bu türkmen taryhy, taryh ylmy bilen düýpli meşgullanmagyma itergi bolupdy.
2) Bilmeli zadyň mazmunyny we çäklerini kesgitlemek.
Akyl barlagynda bu kesgitleýji basgançakdyr. Men türkmen taryhynyň çäklerini gutarnykly aňlap bilmän, köp kösenipdim. Muňa öňden gelýän galyp düşünjelere eýermegim, olara tankydy garamazlygym sebäp bolupdy. Men dürli döwürlerde türkmen taryhy ýaşaýşynyň mazmunyny we çäklerini dürlüçe kesgitläpdim.
Aýdaly, oglankam türkmen milletiniň XIV-XV asyrlarda kemala gelendigine ynanýardym. Soňrak, talyp ýyllarym türkmen milletiniň taryhy ýaşaýşy ikinji müňýyllygyň başlaryna uzady. Soň birinji müňýyllyga, soňra-da miladydan öňki müňýyllyklara gitdi. Özleşdiren maglumatlarymyň köpeldigiçe, öňki düşünjeler taryhy hakykaty öz içine alardan ejiz gelýärdiler, şeýdip, milletiň taryhy barha uzaýardy. Iň soňunda-da, meniň taryhy nazarym miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda saklandy. Çünki türkmeniň hut häzirki durmuşynyň mazmunyny düzýän köp zatlaryň köküni diňe şol ýerden tapyp boljakdy.
3) Mümkingadar çözgüdi göz öňüne getirmek.
Eger maglumatlar şeýle diýýän bolsa, onda türkmeniň döreýşini we ösüşini, onuň ösüşli we tesişli, guwançly we gynançly taryhyny azyndan bäş müň ýylyň çäginde göz öňünde getirmelidir.
4) Pikirlenme usullary arkaly bu göz öňüne getirmäni barlagdan geçirmek.
Munuň özi akyl işiniň iň ylmy, iň hysyrdyly we iň uzaga gidýän basgançagydyr. Türkmeniň aýdyşy ýaly, bu ýerde dünýäň ylmyny özleşdirmek gerek bolýar. Şonça wagta uzaýan hadysany bitewi bir zada öwürmek, şonça döwri hemmetaraplaýyn aýyl-saýyl etmek, şonça ýüki akylyň we ýüregiň üstünden geçirmek juda kyn iş, öte kyn iş.
Ine, bir daýanjyň – bitewi taryhy dünýägaraýşyň gerekdigini bildirýän ýeri. Maglumatlary aňyňda ýazmak ýeterlik däl, olary dürli ylymlaryň «sudundan» hem geçirmeli. Ýürek diňe akylyň synagyndan geçen zady kabul edýär. Pikir arkaly taryhyň ýetmezini ýetirmeli, dolmazyny doldurmaly. Akylyň bu ýoly tep-tekiz däl-de, çarkandakly, köp büdredýän ýol. Şeýle kyn-da bolsa, şol bir pikiri dürli tarapdan barlamaly, öňki inkär eden zatlaryňa gaýta-gaýta dolanmaly bolýar. Eždatlarymyzyň aýdyp gidişleri ýaly, «ýedi ölçäp, bir kesmeli» bolýar.
5) Inkäre ýa-da ykrara getirýän soňky umumylaşdyrmalar.
Munuň özi akylyň miwesiniň bişmegidir. Bu özüňe-de garaşylmadyk (duýgyňa garaşylmadyk) netijeleri berýän basgançak. Inkär ýa ykrar etmek bir pursatda bolup geçse, onuň bahasy bir aşykdyr. Inkär ýa-da ykrar agyr düşýär, ýöne miwesi datlydyr, haýyrlydyr. Maňa Oguz hanyň mongol bilen baglanyşygyny inkär etmek ýa-da parlar bilen şu günki türkmeniň baglanyşygyny ykrar etmek ýeňil düşmedi. Ýöne men bu baglanyşygy dikeldenime guwanýaryn, ol indi meniň üçin çaklama däl-de, subut edilen hakykatdyr. Enşalla, ähli türkmen, ähli okyjy üçin hem şeýle bolar.
Indi bolsa taryhy ylmy taýdan barlag etmegiň özüme mahsus bolan bäş sany usulyny gysgaça häsiýetlendirip görkezeýin.

1. Syzmak.

Hemme zat ýürekden başlanýar we akyla barýar. Men taryhy wagty aýratyn bir dünýä – metadünýä hökmünde syzmagy çagalykdan gowy görerdim. Beýle duýgynyň mende örç almagyna taryhy ýadygärlikler bilen ýüzbe-ýüz bolmak has güýçli täsir etdi. Meniň öz ata-babalarymy direldäge-de, olary garsa gujaklasym gelýärdi. Bu syzgy akyl ýetirmek işiniň diňe başlangyjy bolman, eýsem ol şol işiň anyk dowamynda maňa dogry çözgütleri salgy beriji intuitiw bir gural boldy. Syzyşyň guraly – adamyň içki süňňüdir.

2. Beýan etmek.

Taryhyň, beýleki ylymlaryň takyklan dürli maglumatlaryny beýan etmek işi ähli ylymlarda ulanylýan esasy usuldyr. Beýan etmek hem birbada görnüşi ýaly, ýönekeý we ýeňil zat däldir. Meseläniň çözgüdini amatly suratda beýan etmeli, beýan etme doly we ýeterlik bolmaly, munda esasy pikire dahylsyz artykmaç zatlar, boş tykyramalar bolmaly däl. Munuň esasy guraly – maglumatdyr. Maglumaty beýan etmek üçin pikirlenme sagdyn we kämil bolmaly.
Her bir ýazylýan kitabyň mazmunyna görä beýan ediş usulyýeti bolmaly. Kitabyň mazmun bilen sazlaşýan, hörpdeş usulyýeti bolmasa, onda ol kitap kämil bolup bilmez. Kitabyň mazmunyny düzmeli esasy maglumatlary jemlän adam üçin usulyýet baş meseledir. Mazmunyň akgynly, düşnükli, gyzykly bolmagy beýan ediş usulyýetiňe baglydyr. 
Edebiýaty öwreniş ylmynda tas unudaňkyrlanan kitaby uslyby bar. Kitap ýazmak – gadymy beýan ediş uslybydyr. Men gadymy kitaby uslyby döwrüň ösen talaplaryna görä täzeçe oýlanma esasynda peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn.

3. Teswir etmek.

Munuň özi hakykatyň astky gatlaklarynda ýatan, göze görünmeýän zatlary üstki gatlaga getirmekdir. Bu many almakdyr we manyny ýüze çykarmakdyr. Many – hadysanyň pikirdäki bitewi suratydyr. Manylar dürli-dürlüdirler, öwüşginlere we taraplara baýdyrlar. Esasy zat – bir hadysanyň beýleki hadysa bilen baglanyşýan manysyny ýüze çykarmakdyr.

4. Gaýtadan dikeltmek.

Gaýtadan dikeltmegiň guraly – suratdyr. Döwrüň, hadysanyň, wakanyň, jemgyýetiň suratydyr.

5. Düzmek.

Düzmek – bitewi taryhyň özara içki baglanyşyklaryny dikeldip, olaryň janly bitewüligini täzeden düzmekdir. Şeýle edilende gaýybana geçmiş janlylyga eýe bolýar. Taryhy gaýtadan düzmek işi ýykylan binanyň täzeden düşülişi ýaly bir zatdyr. Şeýle iş iň soňky etapy aňladýar we bu ähli çözgütleriň tapylandygyny we hemme zadyň ýerbe-ýer goýlandygyny görkezýär. Ýekeje mesele çözülmän galan bolsa, düzmek işi mümkin däldir.
Meniň görkezen usullaram biri-biri bilen baglanyşykly, biri-biriniň üstüni ýetirýän akyl işleridir. Olaryň manysyna we miweliligine taryhyň dowamynda oňat göz ýetirersiňiz. Akpamygyň doganlarynyň ystyhanlaryny ýerbe-ýer goýup, Akmaýanyň süýdi bilen jana getirişi ýaly, men ylmy usullar arkaly türkmen taryhyny dikeltmäge girişýärin.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 37 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: