22:18
Suw perisi / poema

SUW PERISI

Aýa, Güne golaý wag­ty zeminiň,
Perişdeleň ýörjen-ý­örjen mahaly,
Baglaryň gür, dagla­ryň dür eýýamy,
Kenarda daşlaryň me­rjen mahaly,
Ýer ýüzünde iki umm­an bar eken,
Arşdan aşak bakyp, görseň jahany.

Biri Ýuwaş umman, ady deý ümsüm,
Hanasynda dogýan ek­en ümsümlik.
Beýlekisi bolsa, Te­tis ummany,
Özi öz goýnuna balyk deý sümlüp,
Almaz deý arassa su­wuň astynda
Ygşyldapdyr jeňňel ýaly ösümlik.

Gujagynda jennet ýa­ly ýazy jem,
Tetis azm urupdyr asmana sary.
Dünýäň owurdynda ajy meý deýin,
Çaýkanybam bolmandyr oň karary.
Giňäpdir günsaýyn, her tolkunsaýyn,
Suw bilen törpüläp daşly kenary.

Ummanyň düýbünde ty­lla balyklar
bilen suw perisi ha­lk bolýar eken.
Gündogar goýnunda Gün suwdan çykyp,
Günbatara ýetmän ga­rk bolýar eken.
Müň ýyl owal öten benijanlaram
Seredip-seredip aňk bolýar eken.

Göz bilen görmeseň, ynanmak kyndyr,
Delil tapylmasa, ak­yl çapmasa.
«Bir bar eken, bir ýok eken…» diýsin-­de,
Goý, alymlar uruber­sin çaklama.
Bir şahyr ýaşapdyr Tetis boýunda,
Köpetdagyň eteginde çatmada.

Säherler tolkuny bu­rma ummanyň
Golun bulap, çagyrş­yna oýanyp,
Joşup-joşup goşgy ýazypdyr şahyr,
Güneş ýaşyp, ýyldyz ýanyp,
Goýalyp,
iňrigiň ýüregi suwa dönýänçä,
bagry gan gijede tü­me boýalyp.

Durnaň gözi ýaly Te­tis ummanyň
Akwarium deý içi gö­rnüp durupdyr.
Şahyram merjenli ke­nara gelip,
Behişde meňzedip bo­ýnun burupdyr.
…Bir ajaýyp agşam kenara çykan
Suw perisin görüp aşyk bolupdyr.

***
Suw peri!
Suw peri!
Saňa aperin!
Aşyk eýläp doga aşyk şahyry,
Adam akylyndan jyda eýlediň.
Dür-merjeni ýaýrap ýatan kenarda
Samrap ýören telbe, geda eýlediň.
Gylaw berip gomly duýgularyna,
Ýüzgüçsiz arzuwyn pida eýlediň,
Özüňi şahyra huda eýlediň.

Adam söýse aşyk bol­ýar, ikuçsuz,
Aşyk söýse şahyr bo­lýar joş alyp.
Şahyr söýse kim bol­maly, hany, aýt,
Mejnunmy, Mansurmy ýa-da Nesimi?!
Akyl yşka ýetse tük­ge düşýär-de,
Eňräberýär, ejiz ge­lýär hesibi
Döz gelerden ol yla­hy hesere.
Söýgi sosiologyň se­rişdesi däl,
Ony akyl bilen ölçä­p-kesere.

Şahyr söýgüsini ýel­ken edinip,
Oýandygy ýelk ýasap­dyr kenara,
Her sözünem kapyýal­ap sözläpdir.
Surnugýança ýüzüp umman içinde,
Gije-gündiz suw per­isin gözläpdir.

Çatma ony goýmandyr öz erkine,
Ýürek ony çatmasynda goýmandyr.
«Munda suw periniň tagamy bar» diýp,
Şerebe deý şor suwu­ndan doýmandyr.

Tolkunlaryň gujagyna böküpdir,
Geler diýen ynam bi­len ymtylyp.
Maňa biraz ýüreksel­ik umyt ber,
Ýaşar ýaly arzuwyma ymsynyp!
diýip, ol Tetise ýü­zlenen çagy,
Apbasy deý teňňeleri lowurdap,
Suwoty deý ýaşyl sa­çy ýaýylan,
Şahyryň yns arzuwla­ryn ogurlan,
Suw perisi tolkunla­ry tagt eýläp,
Tylla balyklary bil­en gelipdir
Şahyry şa, balyklary bagt eýläp!

Suw peri,
Suw peri,
Ummanyň hüýri,
Çala süzüp janalgyç hüýr gözlerin,
Bir näzijek labyr ýaly, kenara
Goýupdyr tyllaýy gyz ýüzgüçlerin.

Şahyr bolsa şatlygy­na çydaman,
Duýgularna bäs gelm­ändir bedeni.
Özüni goýberip, suwy gujaklap,
Agymy,
gülkim­i,
düşnüksiz ha­lda,
Sesin endiredip goş­gy okapdyr,
Suw perisin goýup ýüz müň ahwalda:
Maňa biraz ýüreksel­ik umyt ber,
Ýaşar ýaly arzuwyma ymsynyp!

Ah, düşün, şahyrym, sen maňa düşün,
Suw meniň ýaşaýşym, durmuşym, howam!
Men suwda ýaşaýyn, sen bolsa bärde,
Ediber kenarda durm­uşyň dowam!
diýipdir-de, tolkun­lara siňipdir.
Şondan soňra şahyr eňräp kenarda,
Ne-hä yşky, ne gözý­aşy diňipdir.

Gije-gündiz ummanyň saý ýerinde
Hünübirýan goşgy ok­ap, agtaryp,
Emaý bilen tolkunla­ry barlapdyr,
Çyrpynýan gomlaryň goýnuna baryp.

Güne bakyp zar-zar haýyş edipdir,
Aýa bakyp aýdypdyr öz azaryn.
Umyt uçgunyny çyrag edinip,
Idäpdir sataşyp ýit­en mydaryn.

Suw perisi,
Owadan suw perisi,
Dözmändir-de ýigdiň düşen halyna,
Tylla balyk kenizle­rin jem eýläp,
Gelipdir ol aşygynyň ýanyna.

– Ine, tylla balyk üç ýüz müň sany,
Hersi seniň üç arzu­wyň bitirer.
Menden özge näme ar­zuwyň bolsa,
Bular seni ählisine ýetirer!

– Üç ýüz müň kenizl­eň üýşüp ählisi,
Bir arzuwym hasyl edip bilmezmi,
Senden özge arzuwy men neýläýin?!
Isleseň bu dagdan bir gämi ýasap,
Özümi şol gämä labyr eýläýin.

Suw peri ses-üýnsiz suwa bakdy-da,
Esli wagtdan gabagy­ny galdyryp,
Tylla balyklara:
Bar, gaýdyberiň,
Ýüzgüjimi çalşyp el­wan baldyra!
diýdi, şahyryna näz­li ýylgyryp.

Ol ýere çalyşdy dury ummany,
Ol ýele çalyşdy bur­ma tolkunyn.
Suwasty behişdi çal­yşdy pana,
Ýalyna çabratdy näz­ik alkymyn.

Şeýdip, ir döwürde Tetis boýunda,
Suw perisi gurdy tä­sin maşgala.
Bir şahyryň söýüp özün, goşgusyn,
Köpetdagyň eteginde çatmada.

***
Asal aýy tamam bolan säheri,
Arzuwyna ýeten arma­nsyz şahyr,
Suw perisin çatmasy­nda galdyryp
Şol köne kenara gel­ipdir, ahyr.

Gelip görse, kenar kaýda, suw kaýda,
Dazzarkeller balyk çöpläp otyrmyş.
Aňňat-aňňat, depe-d­epe çöl bolup,
Umman çala yzgar bo­lup ýatyrmyş.

Şahyr her sekuntda üç ýüz müň gezek
Haýran galyp, ylgap öýüne çensiz,
Çatmasyna gelse…
Görse peri­si
Teňňelerin döküp, ýatanmyş demsiz.

Asal aýy arzymanyn ýitiren
Şahyr muňa neneň ed­ip döz geler.
Ýaňy yşka düşüp, yş­ka düşünip,
Elden gitse bütin ömür gözlenen.

Suw perisin sülmüre­dip çatmada,
Boşadyp jahanyň uly jamyny,
Şahyr yşky bilen hem goşgy bilen
Bu ummanyň alan eken janyny.

Seýitmyrat GELDIÝEW

Категория: Poemalar | Просмотров: 215 | Добавил: Has | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 2.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: