15:57
Suratkeş bolan bolsadym...
***
Suratkeş bolan bolsadym,
Şeýle bir surat çekerdim,
Dünýäniň bar ýagşylygny,
Şol suratda görkezerdim.

Çekerdim kän ynsan keşbin,
Mähirden goly gözlerin,
Asman Ýeriň tapyşygyn,
Çekerdim tämiz gözýetim.

Çekerdim gyzlaryň näzin,
Alňasaýan jahyllary,
Baharda bilbil nagmasyn,
Kän çekerdim şahyrlary.

At toýnak sesin çekerdim,
Ýaý okunyň şuwwuldysyn,
Başy garly dag çekerdim,
Şaglawugyň güwwüldisin.

Toprakdan gögerip delýän,
Ýap-ýaşyl maýsa çekerdim.
Törden asylgy dutary,
Hem täsin sübse çekerdim.

Çekerdim Güne meňzedip,
Türkmen tamdyr çöregini,
Suratymy synlan ynsan,
Görer ýaly geregini.

Garaz, dünýäni çekerdim,
Ýöne men suratkeş däl-dä.
Ýürek diýýär "Şahyr bolsaň,
su zatlary şygra sal-da"
Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Ýazyjylygam bir suratkeşlik, surat çekmegem bir ýazyjylyk, Allanazar aga smile

0
2  
Hakyky şahyr hem suratkeş,hem sazanda bolýar.Ol ajaýyp suratlary, gerekli ritmde sözleri taraşlap,rifmalar bilen kebşirläp, aýdym edip aýtmagy başarýar. Allanazar aga, siz HAKYKY ŞAHYR!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: