18:51
Sungata serhet ýok

SUNGATA SERHET ÝOK

■ ýa-da hindi tansçylary hakynda rowaýat

–Hindi halkynyñ-da, türkmen halkynyñ-da taryhynda dürli wakalar bolup geçdi, olaryñ ykballary Х-ХП asyrlarda hem, Orta asyrlarda hem, şu asyrda hem ýakyndan baglanyşykly boldy.
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

*  *  *

Hindistanyň mes topragy, owadan tebigaty, täsin haýwanat dünýäsi adamzat neslini hemişe özüňe bendi edip gelipdir. O1 ýurduň gadymy medeniýeti we ajaýyp saz sungaty, edebiýaty, gözel arhitekturasy hem dünýä ýüžünebellidir. Hindistanda doglan we ýaşap geçen meşhur sazandalaryň, tansçylaryň müňlerçesi hindi jemgyýetiniň gadymy medeňiýetini, sungatyny dünýä ýüzüne ýaýmakda gymmatly eserleri döredipdirler.
Hindiwe türkmen halky özleriniň saz sungaty, meňzeş däp-dessurlary bilen Gündogaryň medeni we ruhy baýlygynyň saldamly bölegini tutupdyrlar. Bu syrly Gündogaryň ikihalky öz täsin düňýäsi bilen gadymy çeper medeniýetiň, sungatyň üsti bilen ýakyn gatnaşyk saklap, biri-birine öz ylham käsesinden dadyrypdyrlar. Olaryň arasyndaky baky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň düwünçegi owaldan berk düwlüpdir.
Gündogar pelsepelerinde, rowaýatlarynda «Durmuşdaky her bir zadyň öz piri bolarmyş» diýilýär. Myşal üçin, türkmenlerde aýdym-sazyň pirine Aşyk-Aýdyň diýýärler, hindilerde sungatyň, sazyň piri Seraswajy hasaplanylýar.
Hindi tans sungatynyň esasyny bu gadymy halkyň mifologiýasý, rowaýatlary, edebiýaty düzýär. Hindi klassyky tanslary ýerine ýetinlende berk tertip-düzgünlere eýermekden uguralýar.
Mälim bolşyýaly, Hindistanda XVI-XVII asyriarda 180 ýyllap dowam eden Mogollar döwründe hindi halkynyň medeniýeti, şol sandaaýdym-saz, tans sungaty hem uly ösüşlere eýe bolupdyr. Hindi, parsy, türki halklarynyň saz, tans sungatynyň däpleriniň goşulyşmagynda täze röwüşli, özboluşly ortalyk sungat kemala gelip, ol has-da baýlaşypdyr.
Garagoýunly türkmen Muhammetguly Kutb şarnyň hökümdarlyk eden ýyllary Golkonda şalygynda medeniýete, sungata aýratyn sarpa goýlupdyr. Hut Muhammetgulynyň aýratyn üns bermeginde Haýdarabatatansçylaryň 20 müňden gowragy ýaşapdyr. Olar döwletiň dini we resmi baýramçylyklarynda çykyş edip, türkmen şalarynyň hormatyna mynasyp bolupdyrlar.
Käbir taryhy maglumatlarda Orta asyr türkmen saz gurallary hindi, owgan, parsy halklaryňky bilen birleşip umumy birlige öwrülipdir. Hindilerde ulanylýan rubab kakylyp çalynyan deprek, gyjak türkmen senetkärleriniňki hasap edilýär.
Mogol patyşalarynyň tagallasy bilenParsdan, Horasandan, Türküstandan ýörite tansçýlar hakyna tutulyp Hindistana getirilipdir. Iň ussat, saýlama tansçylarMogol Hindistanynyň köşgi-eýwanlarynda çykyş edipdirler. Olar öz baý tejribesini halk arasynda ornaşdyryp, sungatyň bu görnüşini ýokary derejä göteripdirler. Ezbertansçylara, bilbil sesli aýdymçylara jemgyýetde esasy orun berlipdir. Hökümdarlygyň patyşalary, şazadalary, ýokary gatlagyň wekilleri sungat adamlaryna aýratyn sylag-hormat goýup, olar bilen tanyşlyk, garyndaşlyk, söýgi gatnaşyklaryny ýola goýupdyrlar.
Näzik bedenli, guw ýörişli tansçy gyzlaraiň güýçli hökümdarlar aşyk bolupdyr. Mogol hökümdary Ekber sungatyň howandary bolupdyr. Onuň döwründe tansçylaryňýokary gatlagyna «kançani» (gyzyl çaýylanlar) diýlip at berlipdir.
Malwa welaýatynyň Rumpati atly tansçy gyzy tutuş Demirgazyk Hindistanda meşhurlyga eýe bolupdyr. Rumpatini öz köşgüniň törüne geçirmegi ýüregine düwen Ekberşa Malwa welaýatynyň häkimi Baz Bahadyr han bilen uruş yglan edipdir. Owadan tansçy Rumpaty güýçli goşunly Ekbere ýesir düşüpdir. O1 Ekberiň gyrnagy bolandan, özüni heläkläp, zäherläp öldürenini makul bilipdir. Rumpaty öz niýetiniň gurbany bolupdyr.
Mogol imperiýasynyň soňky hökümdarlarynyň biri Şa Jahan öz döwründe tansçylar üçin ýörite sahnalary gurup, olaryň çykyşlaryny gurnapdyr. Tanşçylaryňiňsaýlama gözellerini, usşatlaryny bolsaözköşgünde, haremhanasynda çykyş etdiripdir.
Taryhçy Manuççiniň ýazmagyna görä, Şa Jahan özüniň wepadar aýaly Mumtaz Mahaldan başga-da köşk tansçylarynyňbirineaşyk bolupdyr we ony öz haremhanasyna alypdyr.
Şa Jahanyň yşkbaz şazada ogly Dara Şiko Rano Dilatly tansçy gyza aşyk bolup, oňa öýlenipdir. Dara Şiko tansçygelni Rano «şazadanyň aýaly» diýen hormatlyderejäni beripdir.Şa Jahanyň beýleki ogly şazadaAurengzeb ýüpek lybasly, aýjemally Zeýnebadyatly aýdymçywe tansçy gyza aşyk bolupdyr. Ýöne gözel gyzlar, keýpi-sapa üçin dünýä malyny harçetmägetaýýarşazada Aurengzeb Zeýnebadydan ýüzöwrüp, Baý Udaýpuri Mahal atly gyz bilen yşk söwdasyny gurup, oňa öýlenipdir.
Mogol imperiýasynyň soňky döwürleri ýurtda ýerine ýetirijilik sungaty aýdym-saz has-da gülläp ösüpdir. Ussat tansçylar, mahmal sesli aýdymçylar, sazandalar barada edebi eserler ýazylypdyr. Şol çepereserleriň arasynda mogol imperiýasynyň iň soňky hökümdarlarynyň biri Jahandarşa (Aurengzebiň agtygy)bilen tansçy gyz Lal Kunwaryň arasyndaky yşk derdiniň dawasy haýran galdyryjy eserleriň biridir. Ýurduň şasy bilen ýönekeý tansçy gyzyň arasyndaky söýgi, sapaly çag, aýşy-eşretli gijeler bu eseriň süňňüni düzüpdir.
Lal Kunwar öz döwrüniň iň meşhur tansçylarynyň biri bolup, onuň ýylan ýaly towlanjyrap oýnaýan näzli, şowhunly tanslary köpleriň göwnüni awlapdyr. Oňa «Hindistanyň tansçy şazadazenany» diýip at beripdirler. Lal Kunwar gelip çykyşy boýunça, ol Ekberiň döwründe ýaşan «köşgüň dokuz sany gymmatbaha daşlarynyň» biri hasaplanan beýik sazanda Tanseniň maşgalasyndan bolupdyr.
Lal Kunwär özüniňAlla tarapyn-ýiti zehini, bilbil owazy, tawus kimin tans ukyplary bilen Jahandar patyşany özüne bendi edipdir Zenanyň owadan, gül keşbini synlan pars dilli bir döwürdeş ýazyjysy ony «Süýji dilli, kümüş deý ak bedenli, adyna mynasyp Lal Kunwar» diýip şahyrana setirler bilen wasp edipdir.
Mahy-taban, lagly-merjenli, gyzylýakutly, boýny düzüm-düzüm ak hünjüli Lal Kunwar öz gezeginde Jahandary şeýle bir söýüpdir, hat-da ol ony şöweş meýdanyna çenli aýdym aýdyp, tans edip ugradypdyr. Jahandar tagt, şalyk ugrunda dogan-dogany çapýan uruşda ýeňiş gazanyp, ýene-de Delä dolanyp barypdyr. O1 öz söýgüli aýalyna «şa, zenanyň» derejesini beripdir we mundan beýläk Lal Kunwaryň adyna «Imtiaz Mahal» («Köşgüň aşygy») diýip atlandyrýandygyny yglan edipdir.
Hökümdaryň permany bilen onuň tansçy aýalynyň hormatyna ýörite gerb we nyşanlar döredilipdir. Onuň öý hojalyk çykdaýjylary, haşamly eşikleri, şaý-sepleri üçin herýylda döwletiň gaznasyndan 20 million rupiýa bölünüp berlipdir. Lal Kunwaryň gözegçiligine, jan penalyk eder ýaly, onuň ýeke özüne 500 esger ýöritegoragçy edilip bellenilipdir. Onuň maşgala agzalary hökümdarlygyň hormatly «jagyrlary» bolupdyr.
Lal Kunwaryň ýolbaşçylygyndatutuş hökümdarlygyň köşgi-eýwany aýdym-sazdan, jadyly tansdan, al şerapdan arman-ýadamanlezzet alypdyr. Ýurduň ähli künjeginde täze meýhanalar,tans mekdepleri açylypdyr. Ol ýerlerde gije-gündiz saz sesleri, şirin mukamlarýaňlanýp, tansçylaryň şaňňyrdaýan jaňjagazlarynyň sesleri ýatmandyr.
Jahandarşaöz köşgünde Lal Kunwaryň gymmatbaha şaý-seplerbilen özüne imrindiriji tansyna, mahmal owazynaaşyk bolup, meýsüzüp,şercp içip şöýgüden şerhoş bolupdyr. Başyna geýen şa jygasyny lowurdadyp, ýüpekparçasyny pasyrdadyp towlanyp tans edýän Lal Kunwar hökümdar äriniň göwnüni tapjak, awlajak bolüp saz-söhbetiň içinde ýaşapdyr. Iki ýaş çatynjalar biri-birlerini ýürekden söýüpdirler.
Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, olaryň ikisikeramatly ýerlere, metjide, hatda derwüşleriň huzuryna-da bileje barypdyrlar. Aç-ýalaňaçlara haýyr-yhsan, goldaw edipdirler. Ýöne bu iki çatynjanyň söýgüsi hasyl bermändir. Jahandarşa özüniň wepal tansçy aýalyndan çaga bolmagyny isläp, tebip çagyryp alada edjpdir. Hatda är-aýal köp keramatly ýerlere, öwlüýälere ýykylyp Alladan nesil diläpdirler.
Şol wagtda şeýlebir gürrüň döräpdir, eger-de kimde-kim Şyh Nasruddin Ödäniň «Çyragy Deli» («Deliňiň ýagtysy») diýen suwuna düşünseler, şonuň çagasy bolýarmyş, haýyr tapýarmyş diýip. Jahandarşa herýekşenbe güni LalKunwar bilen Alladan ogul diläp, şol howuza suwa düşünipdirler. Emma olaryň arzuwy hasyl bolmandyr.
Şol wagtda Jahandarşanyň janyna kastetmek, döwletini ýykmak üçin dildüwüşikler möwjäp, önuň süýjidöwran sürmek meýline böwet basypdyr. O1 özüniň gysga wagtlyk hökümdarlygyny elinden aldyrypdyr. Mogol hökümdaryna bäsdeş FarukSiýar Jahandarşany Agraşäherindewagtytötänlikdegabawasalypdyr.
Bu ajy habary eşiden Lal Kunwar gizlinlikde gabawda ýatan Jahandary öz piline mündürüp Delä alyp gaçypdyr. Olar duşmanlaryndan gaçyp, gizlinlikde bäş günlük agyrýoly geçipdirler. Emma Jahandarşanyň aýagynyň aşagyndan çykan duşmany, onuň weziri Zülfükar han bolup çykýar. Dönük wezir Jahandaryň niredegizlenýändigini Faruk Siýara şugullapdyr.
Günlerde birgün Faruk Siýaryň hökümi bilen Jahandarşany dardan asyp öldürmek jezasyna höküm edilipdir. Haçan-da jellatlar Jahandary ölüm aýasyna tabşyrjak wagty Lal Kunwar dady-perýat edip, söýgülisiniň boýnundan asylypdyr. Onuňejiz göwresini jellatlaryň penjesi honda zyňypdyr. Agyr höküm Hindistanyň öňki hökümdarlarynyň we ýurduň baş tansçy aýalynyň söýgüsine palta urup, soňky nokadyny goýupdyr.
Lal Kunwar ömrüniň soňky pursatlaryny nesilsiz, söýgüsiz, maşgalasyz Suhagpuru diýen şäherde ahy-nala bilen geçiripdir. Jahandar şanyň jesedini öz hökümdar maşgalasynyň agzalalarynyň guburlarynyň arasynda Humaýunyň mazarynyň golaýynda jaýlapdyriar. Jahandaryň gubrunyň ýanynda onuň söýgüli we wepaly aýalynyň Hindistanyň parlak ýyldyzy bolan Lal Kunwaryň mazary peýda bolupdyr. Süýjidurmuşdaýaýnap, armanly öten goşa pudagyň mazarlarynyň başujuna ýadygärlik tagtasy dikeldilipdir. Ýadygärligiň etegine düşelýän ter güller bolsa, ajy ajalyň pidagärleriniň söýgi hekaýatynyň baky ýaşajakdygyndan habar beripdir. Hindi halky Lal Kunwaryň hormatyna ýadygärlik guburhanasyny gurup, parz işleri edipdirier.
Biz söhbetimizi Hindistanda ýaşap geçen ajaýyp tans sungatynyň ýene-de bir wekili, arap gyzy Farzana barada dowam etdirýäris. Farzananyň ykbaly hem ýokarda agzap geçen Lal Kunwaryňka çalymdaş.
Farzana 1750-nji ýylda Deliniň golaýynda Sardhana diýen obada doglupdyr. Ol Mogol imperiýasynyň synmazyndan öň şol hökümdarlygyň ýokary gatlagynyň abraýly wekili, arap LatifAly Han atly bir adamyň gyzy eken. Bu owadan arap gyzynyň ýiti zehini, gözelligi tansa ussatlygy dogrusyndaky gürrüňler dag, deňiz üstünden aşyp, ýurt gezipdir.
Adygan tansçy gyzyň tutuş Hindistany baglan zehinine, gül meňzine şalar, han-begler aşyk bolupdyr. Şan-şöhraty äleme dolan Farzana özünň tans hereketleriniň üsti bilen dünýäde päk söýgini, şatlygy, adalatlylygy wasop edipdir. Öz zehini, owadanlygy bilen Hindistanyň şa köşklerini bezäp ýören Farzananyň gözel keşbini ýakyndan synlamak, onyöz törüne geçirip, gelin edinmek herbir kişiniň arzuwy bolupdyr. Ýöne bu arzuw hiç bir musulman ýa-da Hindi adamsyna ýetdirmändir.
Farzananyň busup ýatan bagtynyň ýewropaly, başga dinli oglan bilen tapyşjakdygyny onuň özem bilmändir.
Mogol imperiýasynyň dargamagynyň öňüsyrasynda Deli şäheri ugrunda göreş alyp barýan raja Bharatpuranyň esgeri, ýewropaly Uolter Reýnhardt diýen ýaş oglan Farzananyň aşygy bolupdyr. Uolter Delide bir köşkede geljekki gelinligi Farzananyň köle gonan ak guw ýaly pyrlanyp-pyrlanyp oýnaýan tansynatomaşa edipdir. Ýewropaly esgerarap gyzyna bolan söýgüsini bir araçynyň üsti bilen ýetiripdir. Reňbe-reňter güllerden bolan çemenler, ýakyn duşuşyklar bu iki ýaş juwanlaryň söýgüsini birleşdiripdir. Ýaş, owadan Farzana Uoltere göwün berip, oňa durmuşaçykmagarazy bolupdyr.
Söýgä araçäk goýmadyk bu iki ýäş juwanlaryň geljekki durmuşy aldym-berdimli söweşlere, ganly çaknyşyklara gabat gelipdir. Farzana şowhunly sahnadan, sungat muşdaklaryndan daşlaşyp ykbal gämisi ony döwriň gyzgyn wakalaryna tarap alyp gidipdir.
Farzana öz harby adamsyndan söweşiň gizlin syrlaryny, syýasaty öwränipdir. Ol özüniň iriçe aň-ruhy endikleri bilen Uolteri her bir işde herbir ädimde goldapdyr. Ýöne Farzananyň ýakyn syrdaşy, esgerýoldaşy Uolter 1778-nji ýylda Hindistanda tutaşan raýat urşunda wepat bolupdyr. Farzana durmuşyň bu ýowuz synagyna hötde gelip, yza gaýtmandyr. Ol esger ýarynyň harby donuny geýip, at üstüne münüp özüni jeňe urupdyr.
Farzana köpharbyýörişleregatnaşyp,söwerýarynyňornuny tutup, öz söýgüsine wepalydygyný subut edipdir. Ol bu dünýä bilen hoşlaşan äriniň ruhuny hormatlap, onuň dininegiripdir. Belki, Fazananyň bu ädimi ätmäge onuň güýçli özdiýenliligi üstün çykandyr.
Ykbal Farzanany söýgi sallançagynda üwräp, datly çarpygyny çalyp, ýowuz ýollarynda synapdyr. Ol haşamly köşkleriňtansçysy bolmaklykdan Deliniň hökümdarynyň iň ýokary, ynamdar wezipesine çenlizähmet ýoluny geçipdir.
Begim hökümdar Şa Alamyň permany bilen Farzana «Zebunasy» (Zenanlaryň arasyndaky gymmatbaha daş) diýen hormatly at dakylypdyr. Hökümdaryň ynamyna berk giren Farzana döwlet işgäri, söweşjeň serkerde aýal hökmünde köp söweşlere baştutanlyk edipdir. Onuň söweşlerde gazanan üstünligi üçin ýurduň iň abraýly «Iň-söýgüli zenan» derejesi berlipdir.
Farzana soň uruş-söweşden daşjaşyp, раrahatçylygyň şanyna diplomatiki işler bilen meşgullanypdyr. Ol 1836-njy ýylda 86 ýaşynda aradan çykypdyr. Onuň Uolter bilen guran durmuşynda nesil galmandyr.
Hindi sungatynyň parlak ýyldyzy, tansçy Farzananyň hormatyna onuňdoglan şäheri Sardhanada ybadathana köşgi,guburhana gurlupdyr. Onuň öçmejek şan-şöhratyna bagyşlanylypgurlan buthananyň taslamasyny Antoni Reglini atly binagär oýlap tapypdyr. Rim biçüwinde gurlan buthananyň boýy51 metreýetirilip,onuňiçi,daşyakmermerwe gymmatbaha daşlarbilen haşamlanypdyr.
Buthananyň golaýynda gerşiň üstünde musulman geýimli, käşmir ýaglykly, hindi ruhly, hristian ýürekli edilip ýasalan Farzananyň beýik heýkeli öz mährem dogduk obasyna bakyp dur. Onuň heýkeliniň keşbinde geljege azat duýgy, synmaz ynam bar.
Hindi medeniýetini, sungatyny ganatlandyran meşhur şahsyýetleriň manyly ömri, durmuşy baradaky söhbetimize nokat goýmankak, bir zady ýaňzydasym gelýär. Bu beýik ynsanlaryň,näzeninzenanlaryňçynybilendünýä gelşi,owadan döredijiligi baradaky söhbetimizihas uzaldybam bilerdik. Ýöne we biz söhbetimiziň esasy edip, Gündogaryň maýyl, sahawatly tebigatynda boý alan gaýduwsyz zenanlaryň öz ýarlaryna wepalylygyny, mertligini, arassa ahlagyny, başarjaňlygyny wasp etmegi makul bildik.

Baýramgeldi ÇARYÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 26.01.2001 ý. 
№5 (3286)

Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 13 | Добавил: Has | Теги: Baýramgeldi Çaryýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: