09:31
Sözüñ agzyñda / hekaýa
SÖZÜŇ AGZYŇDA

– Kertik aga, aý, Kertik aga! – diýip, mellegiň ortaçilinde duran Astan çekinjeňlik bilen gygyrdy.
– Geliber ahyryn, goňşy. – Ýaşy birçene baran goja içerden penjegini ýelbegeý alyp çykdy.
– Men geçip oturmaýyn, Kertik aga. Öýe myhman çagyrdym. Sizem barsaňyz, ýaşululyk etseňiz, gowy boljak.
– Bolubilýär, Astan jan. «Bar!» diýseň, baraýmaly bolar. – Kertik aga gapydan boýnuny uzadyp, aýalyna nirä gitjegini aýtdy-da, gaty-gaty ýöräp Astanyň öňüne düşdi. Köp ýöremänem yzyna öwrülip, goňşusyna ýüzlendi: – «Myhman çagyrdym» diýdiňmi? Men olary tanaýarynmy?
– Tanaýaňyz, Kertik aga. Olar öz obamyzdan. Bir-ä Öwez magazinçi, býlekisi Mätürkmen taksiçi.
– Hä, tanadym, tanadym. Mäti-hä hoşglaw, gülerýüz ýigit. Öwezi welin onçakly tanamok. Şäherde işlänsoň, oňa känbir işimizem düşüp duranok. Işiň düşmese, adam tanap bolýarmy näme?! – Kertik aga ýene ýöräp ugrady. – Hä, üçüňizem deňi-duş ekeniňiz. Size aýdara zat kän mende. Ýöne, goňşy, bu zamanda sebäpsiz çöp başy gymyldaýan däldir. Olary keýpine çagyrýaňmy ýa işlijemi? Menem bilip goýaýyn, soňundan gepe gyzygyp, esasy gürrüňe gezek bermän durmaýyn. Gelnejeň üçin-ä dünýäde menden köp gepleýän adam ýok. Soň senem: «Kertik aga gürrüňini gutarmady, aýdylmaly gürrüňe gezek bermedi» diýip ýörme. Ýaşyň ömür atly syrygyň soňuna baryberende, eliňden iş gelmesi galanda, barja gujuryň diliňe geçer eken. Men-ä çaga wagtym hem köp gürlär ekenim. Ejem pahyr-a: «Sen dünýä ineňde-de aglamaga derek, nämedir bir zatlar samrap indiň» diýerdi. Kakam pahyr bolsa: «Kim köp gürleýän bolsa, edýän işi azdyr» diýip, maňa gyjalat bererdi. Meniň çopanlara nebsim agyrýar. Olaryň ýanynda adam ýok. Içiňi hümledip ýörmeli.
– Kertik aga – diýip, Astan onuň sözüni böldi. – Kiçeňräk toý edäýsem diýýärin. Bu gün şonuň geňeş çakylygy.
– Hä, bolubilýär, inim, oňarýaň. Toý – gowy zat! Hernä, toý köp bolsun! Seniň ýaşyňda biz-ä toýa zar bolup geçdik. Indi günde-günaşa toý bolup dur.
Myhmanlar geleli diýen wagtlary gelmedi. Astan Kertik aganyň öňünde bir çäýnek çaý goýup, üç-dört gezek olaryň ýoluna seredip geldi.
Myhmanlar garaňky gatlyşansoň geldi. «Astan, senem garaşdyraýdyk. Aýyplaşmawerin. Ýolda tanyş oglan duşup: «Duzumy dadyp gidiň» diýip, teý goýmady. Baran ýeriňden bir käse çaý içmän gaýdybam bolanok» diýip, gelenleriň biriniň sesi eşidildi.
Iki ýigit salam berip içeri girdi. Kertik aga bilen elleşip salamlaşdy. Kertik aganyň olara syny oturdy. Içinden: «Edep gören adamlardygy bes-belli» diýdi. Olaryň hal-ahwalyny sorady.
– Kertik aga, öz ýagdaýyňyz gowumy? – diýip, Öwez magazinçi goşa per ýassygy tirsekledi. – Dogrymy aýtsam, bizden ýaşulular sagat. Bir ýere barsam, tirseklemän oturyp bilemok. Halys öwrenişipdirin. Saglygam ýetirip duranok. Birnäçe keselim bar. O keselleň bary illeň hezzet-hormatynyň hasabyna boldy. Her gün çakylyk. Baran ýerinde hem iýmeli-içmeli. Baý, içildi. Içene şah çykýan bolsa, maňa artyk çykmaly. Şo zährimar bir gün sarylama degrip, gübürdedip ýykdy. Kertik aga, ynanmarsyňyz, şondan soň käbir dostlammyň bolşy üýtgedi, meni gören deňimden ýylgyryp geçdi. Başyny ýaýkap, maňa nebsi agyran kişi boldy. Öýüme barýanam, öýüne çagyrýanam azaldy. Men her gün oglanlar bilen ümmüldeşip oturmaga halys öwrenişen ekenim. Ýeke naharlanmaly bolsam, aňryma zat geçmedi. Her gün öýde bolamsoň, aýalymyň hem iňirdisi köpeldi.
– Biz ýaş wagtymyz: «Pylany arak içipdir» diýseler, geň galardyk. Indi tersine – içmeýäniňi bilseler, juda geň görýärler. Bir gezek...
– Kertik aga, sözüňiz agzyňyzda, o gün jan ýaly agam bäş-alty sany myhman çagyrypdyr. Menem mellegimde işlän bolup ýörün. Agam deňimden eýläk-beýläk bäş-alty gezek geçse-de, göwnüm üçin çagyrmady. Geldi muňa gaharym. Kätmenimi zyňyp, bardym onuň ýanyna. «Aga jan, çagyrmasaň çagyrma. Çagyrjagam tapylar» diýdim. Ol: «Men erkek adamlary çagyrdym» diýip, degşen bolýar.
– Suwmeýilli gurbaga... – diýip, Mäti taksiçi gürlemek üçin garysyna galanda, Öwez onuň sözüni bölüp, geplemäge başlady. Mäti oňa birsalym mölerilip seredip durdy-da, gyşardy.
– Men-ä her ýyl kurorta gidip gelýärin. Janym hezil edýär. Geçen aý ýigrimi dört günläp ynjyk göwnüme hyzmat edip geldim. Puluň bolsa, köp işleri edip boljak. Hemmeleň gözi sende. Hemmeleň seniň bilen dost bolasy gelýär. Puluň bolsa, hemme zat öňüňe gelip dur. Puluň güýji ýaly güýç başga hiç bir zatda-da ýok!
Sözi bölünen Mäti oturyp bilmedi. Ol öýke bilen Öweze seretdi. Garysyna galyp, Öweziň sözüni eşitmeýän ýaly, Astanyň ýüzüne bakyp, gürläp ugrady:
– Geçen ýyl kurorta ýanym bilen dört sany gülaby gawun alyp gitdim. Suhumä aşyp bilmedim. Bilet ýok. Uzynly gün aeroportda boldum. Gülabyň ysy aldy kassaň töweregini. Bilet satýan aýal zor eken. Kassaň agzynda duranlara göni aýtdy: «Adamlar, aýyplaşmaň, şol ýigide bilet berip, bir gawunyny aljak» diýdi. Zor eken! Menem bir gawuny göterip eltdim...
– Mäti, sözüň agzyňda, gawun diýseň, bir zat ýadyma düşýär. Her kimiň gowy görýän zady bar. Men-ä waharman gawuny gowy görýärin. Pyçagyňy degrersiň welin, «tark-tark» edip ýarylybiýr. Iýseň, agzyňda eräp barýandyr. Käbir adam ýaly, mellekde hyýar ekip satjak bolman, her ýyl iki-üç joýa waharman ekýärin. Şu ýyl-a waharmandan doýup bilmedim. «Şuny ertir iýerin» diýen gawunlarym ertesi görsem ýok. Her günki bişenje gawunlarymy agamyň alýanyny aňdym-da, bardym öýüne. Barsam, ol üç-dört sany adama düýnki «Iýerin» diýip belläp goýanja gawunymy dilip berip otyr. «Daýhançylygymdan dadyp gör» diýip, ol maňa-da hödür etdi. Başga alaç tapman, iýip başladym. Oturanlaryň hemmesinden köp iýdim. Soňabaka agam alarylyp serediberdi. Ana, şonda bir gezek doýup iýdim. Bir ýylyň içinde.
Iki adamyň başy birikse, gürläp göwün solpusyndan çykýan Kertik aganyň «Sözüň agzyňda» diýlip sözi bölünensoň, näme üçindir, hasam gürläsi geldi. «Sözüň agzyňda» diýen sözi ýigrendi. Başda aýdyp başlan gürrüňini ýatlady. Ol hakdaky gürrüň gutardy. Indi ony aýdyp oturmagyň hajaty ýok . Kertik aga goşa ýassygy tirsekläp ýatan, özi ýaly kelte boýluja, deşli Öweze gözügidijilik bilen seretdi.
– Öň nädip üç-dört maşgala bir öýden girip-çykdyka? Ata ogullaryny öýerensoňam rysgyny aýyrmandyr. Häzir-ä bir gün oňuşmagam kyn. Ilki, aýalyň bilen ejeň oňşanok...
Kertik aga gürlemäge bahana tapylanyna begendi. Öňki döwürde nähili ýaşalandygy barada aýdasy geldi. Aýdara zat kän ahyryn. Kertik aga biraz öňe omzady.
– Hä, köne döwürmi?..
– O döwür hakda, Kertik aga, siz köp zat bilýänsiňiz-le. Men köne döwrüň bir zadyna geň galýaryn. Adamlar o döwürde maşynsyz nädip oňdukalar? At bilenmi? Hemmede at bolmandyr-a. Meniň elimden maşynymy alsalar, elsiz-aýaksyz bir adam. Bozulaýdygy, derrew eňýän Mätiniň ýanyna.
– Mäti zor! – diýip, Astan ýylgyrjaklady.
– Maşyny özi ýasan ýaly. Maşynyň sesinden niresiniň bozukdygyny bilip dur. Geçen aý, ýadyňdamy, Mäti, maşynymyň sesini uzakdan eşidip, onuň niresiniň bozukdygyny gelip aýdypdyň! Niresidigi eýýäm ýadymdan çykypdyr. Huş galmandyr mende. Ýöne, ýatkeş adamlar-a kän.
– Ýessentukide bir oglan öňümden ýylgyrjaklap çykdy. Zor eken...
– Mäti, sözüň agzyňda...
– Nätdiň-aý, gelemden bäri seni diňläp otyryn. Bir gezek gürlejek bolýan welin, ony-da aýtdyraňok. Jan dogan, bize-de gezek ber. Onsoň, ýaňky oglan: «Salam, Mäti!» – diýdi. «Tanamadyňmy?» diýdi. «Ýadyňdamy, ikimiz uniwersitete giriş ekzamenini tabşyrmaga barypdyk. Sen meniň öňümde durupdyň» diýdi. «Ikimizem ýykylypdyk» diýdi. Zor eken.
– «Diýdi-diýdi»-läp ýürege düşdi – diýip, Öwez öwhüldedi. – Astan, Mätiniň agzy gyzan bolsa, indi gürrüňini häli-bärde gutarmaz. Sen naharyňy getiriber. Ýa men kömekleşeýinmi? Ýör, kömekleşeýin.
Kertik aga Öweziň yzyndan seredip galdy. Başyny ýaýkady. «Äl, inim, ökde ekeniň» diýip, oňa içinden habar gatdy.
Astan bilen Öwez uzak eglenmän, hersi bir çanak palaw göterip içeri girdi.
– Mäti, gürrüňiňi gutar indi. Nahar başynda köp gürlemek günä bor. Kertik aga, ýa men nädogry aýdýarynmy? – diýip, Öwez çanagy Kertik aganyň öňüne getirip goýdy.
– Dogry aýdýaň, inim, dogry aýdýaň.
– Kertik aga, dogrusyny dogry aýtmaly. Bolçulyk zamanda ýaşaýarys. Görüň-ä çanak doly nahar. Öň bir kesemen gaty nan tapmandyrlar. Uruş ýyllarynyň açlygynam biz-ä kitaplardan, kinolardan bilýäris.
Kertik aga, baş atyp, Öweze saklan diýýän äheňde elini hereketlendirdi.
– Dogry, dogry. Uruş nä günlere saldy adamlary?! Dünýäniň gyzygy ýokdy. Dogrusy, şol ýyllar güllerdenem ok-däriniň ysy gelýärdi. Men başdan geçirdim...
– Kertik aga, sözüňiz agzyňyzda, arada men baýra çykdym. Hemme ýer al-elwan. «Dynç alaýyn» diýip gülüň içinde ýatdym. Uzak ýatmankam, ýüregim bulanyp, başym aýlanmaga başlady. Gülüň içinde bolmak däl-de, keseden aşyk bolup ýörmek gowy eken. – Öwez Kertik aganyň dommarylyp oturanyny üçinmi ýa hakykatdan hem hälki uruş hakdaky gürrüňiň yzyny eşidesi geldimi-nämemi, ýaşula ýüzlendi: – Kertik aga, ýaňy bir zat aýtjak bolaýdyňyz öýdýärin, aýdyberiň.
Kertik aga Öweziň sözüne wagty bilen jogap bermedi. Dodagyny müňküldetdi, hyrçyny dişledi. Onuň bolup oturşy: «Ýerinde aýtmasaň, soň aýtdyň-aýtmadyň, tapawudy ýok, gürrüň indi uruş hakynda däl-de, gül hakynda» diýýän ýalydy.
– Özüň arkaýyn aýdyber, inim – diýip, Kertik aga güňleç seslendi.
– Käbir adam dymma bolýar. Haýsy tarapyndan barsaňam, ony gürledip bolanok. Şeýle bolanda içiň gysar eken. Geçen ýyl kurortda bolamda bir ýaşuly adam bilen bir otagda ýaşadym. Ol juda dymma adam eken. Ýigrimi dört günüň içinde «hä-him»-den başga söz eşidip bilmedim.
– Lal bolaýmasyn?
– Lal däldir ol, Astan – diýip, Mäti taksiçi ýylgyrjaklady. – Gürleşip görseň, gül ýaly adamdyr. Ýöne ýigrimi dört günüň içinde gürlemäge gezek ýeten däldir. Biziň Öwezimiz zor...
– Çynym, dymma eken. Oňa: «Sizem gürrüň beriň ahyryn» diýsem, ýüzüme seredip ýylgyraýýar. Onuň ýylgyrmasam üýtgeşik. Beýle ýylgyryşlar aýallara gelişýär. Owadan ýylgyryşly zenanlar-a kän. Olary göreniňde, hezil edýäň. Biziň edaramyzda bir owadan gelin işleýär. Käte onuň ýanyna barýaryn. Ondan-mundan gürleşip oturýarys. Ýöne onuň äri gabanjaň. Ärinde görk-görmegem ýok. Burny aňňal ýaly, arryk bir kişi. Gelin onuň nämesini haladyka?
Kertik aga nahardan oňly iýmän Öweziň agzyna öweldi oturdy. «Tüweleme, tüweleme! – diýip, içinden gaýtalady. – Diňe işden galan garrylar köp gürleýändir öýdüp ýalňyşypdyryn-ow...» Bu ýigide, heý, gaharlanar ýalymy? Derläp, nahar iýip oturşy birenaýy. Mähirli. Ol käbir adamyň ahlak taýdan göz-gülban bolup ýörşi hakda aýtdy. Soň adamlaryň dokçulykda zeýrenmäge ökdeländiklerini aýtdy. Kertik aga öz ýanyndan onuň sözüni makullady. Agyr, açlyk ýyllary gününden zeýrenýän adam ýokdy. Bu gün welin, beýle däl. Adamlar sähel bir zat üçinem peşeden pil ýasap zeýrenmäge başlaýarlar. Olar açlykda däl-de, dok günde zeýrenmegi öwrendiler. Bu pikiri serinde aýlan Kertik aga Öweziň sözüne dyngy bererine garaşdy.
– Inim, bi, neme, sözüň agzyňda... – diýip, ol elini Öweze bakan uzadyp, howlukmaç gürledi.
– Kertik aga, meniň janymyň ýanýan zady näme diýseňizläň? – diýip, Öwez sowan çaýyny hopurdadyp içdi. Gaşlaryny çytdy. – Aý, näme diýseňizem, çaýyň içerligi galmady. «Çaý» diýip satýanlary durşuna gum. Togsan bäşlikdeni başgasyny içseň ýüregiň bulanýar. Läbik suw içendenem beter.
Öwez Kertik aga bir zat aýtjak bolduňyzmy diýýän äheňde seretdi. Goja aýdara söz tapman, nämedir bir düşnüksiz zatlar mydyrdady.
– Öň käbir adamyň ýanynda ýüregaryry derman görsem, geň galardym. «Heý, ýüregem agyrarmy?» diýerdim. Indi özümem göterýän...
Kertik aga Öweziň sözüne ýuwdunyp baş atdy. Astanyň ýüzüne meni näme üçin çagyrdyň diýýän ýaly, öýkeli seretdi.
Gürrüň uzaga çekdi. Köp adamlaryň gulaklary şaňladyldy. Çöl, mal, pagta, syçan, aý, garaz köp-köp zatlar hakda gürrüň edildi. Gürläp bilmejegine göz ýetiren bolarly, Kertik aga soňabaka gürlejegem bolman, ýöne baş atyp otyrdy.
Gije birçene bardy.
Mäti taksiçi uklady.
Kertik aga gözlerini ýaşardyp pallady. Ol bu wagta çenli ýatýardy ahyryn. Gabaklary ýellenen Astana onuň nebsi agyrdy. Herhal, ol oturmasa bolmaz. Öz çagyran myhmany. Ýöne bu ikiarada meniň horlanyp oturmam näme? Kertik aga sen-men ýok turup gidibermegi gelşiksiz gördi. «Meni, heý, beýdäýmek bormy, goňşy?» diýýän ýaly, ol ýene Astany gözleri bilen dalady.
– Ol aýdýanyň dogry... – Kertik aga: «Indi bir çen boldy. Men turaýyn» diýmekçidi. Ýetişmedi.
– Kertik aga, bu zatlary çekip görmeseň bilmez ekeniň.
– Dogry...
– O wagtlar men ýaşrakdym. Gije tüm garaňky. Goňşy obadan kino görüp gelýärin. Bir gara zat üstüme sürnüp gelýär. Özem eýmenç. Menem ony görmedikden bolýaryn...
Kertik aga alasarmyk halda başyny galdyrdy.
– Wah-ýeý, Kertik aga, oýanaýdyňyzmy? Kelläňiziň aşagyna ýassyk goýmakçy boldum.
– Ýatdymmy men?
– Gümansyratmasaňyzlaň, Kertik aga! Iki sagatdan gowrak ukladyňyz. Meniň käbir adamyň ukusyna gözüm gidýär. Başyny ýassyga goýdugy bes, «myr-myrlap» uka batýar.
– Sözüň agzyňda, Öwez jan, men öýe gidip ýataýyn. Siz arkaýyn gürleşip oturyberiň.
– Bolýar, Kertik aga. Biz-ä entek oturmakçy. Geňeş etmekçi.
Kertik aga gapa bakan ýumlukdy. Gapynyň tutawajyny berk gysyp, yzyna gorky bilen seretdi. Daşaryk çykyp, uludan demini aldy. Ýylgyrjaklady. Ol hemme zatdan beter «Sözüň agzyňda» diýip söz alanyna begendi.
Öýüne ugrady. Näme hakda gürrüň edilenini ýatlajak boldy. Göräýmäge, edilen gürrüň kän ýaly bolsa-da, ýekeje gürrüňem ýadyna düşmedi. Geň, ol gözüni Öwezden aýyrman oturan-da bolsa, Öweziň ýüz-keşbini hem göz öňüne getirip bilmedi. Mäti taksiçini-de, Astan goňşusyny-da göz öňüne getirip bilmedi. Bir oturan adamyň eger-eger ýadyňdan çykmaly däl ahyryn! Ýa huş galmandyr, ýa başga bir zat bolupdyr...
Kertik aga öýüne ýetiberende toýuň geňeşine çagyrylandygyny ýatlady. «Ol nämäniň toýyka? Huşum gursun. Şony hem soramandyryn. Büý-ä bolmady... Aý, «Geňeş çakylygy» diýip degişendir-le. Oturmak üçin çagyrandyr. Geňeş obanyň ýaşulularyna salynmaly ahyryn. Näme, ýaşuly gytmy? Herhal, anyklaýyn». Kertik aga şu pikir bilen yzyna öwrüldi.
– Eý, Hudaý jan-eý, indi nirä hyýallandyňyz, kakasy? Şunça wagtlap oturanyňyzy az görýäňizmi? Daň atyp gelýär. Gaýdyň yzyňyza, gaýdyň.
– Keýwany, sözüň agzyňda...
– Gepläp başlasaňyz, hiç gutaraňzok. Sakyrdap oturansyňyz. Astanam ýuwaş ýigit. Uklasynyň gelenini, ertirem ir bilen işe gitmelidigini aýdyp bilmän oturandyr.
– Sen beri meni diňle, keýwany. Içeri gir entek.
Içerden tä daň atýança hümürdi eşidildi durdy.

1986 ý.

Osman ÖDE
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 145 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: