04:08
Söýgi halas eder - 1 / powest
1. TOGAPGÄHIM

«Inede men. Orta ýaşan adam, özümem syrkaw ýatyryn. Sen hakda pikir etýän. Merýem ! Ýaşlygymyzy ýatlamaga howlugýan. Köp zat ýatdan çykypdyr, wagt öz emrini ýöretýär»...

* * *

Biziň hemmämiz, oglanjyklaram, gyzjagazlaram okuwdan soň bile gaýdardyk. Ýolaýrytda bölünerdik. Olar merkezde ýaşaýarlar. Biziň öýümiz köne şäherjikde, galada. Ýöne olar her gezek (olar bilen birlikde akja köwüşlije gyzjagazam) biri-birleriniň ökjesine münip baryşlaryna — ýagyş bolsun, gar bolsun, şol boluşlary — meniň arzuwlarymam, hyýallarymam özleri bilen alyp gidýärler, men bolsa syýa çüýşämdir çörek ysy gelip duran ýanjygym bilen gussamy goltuklap gaýtýaryn.
Indi görýän welin, men ony ilkibaşdan, gaty irden gowy görüpdirin.
Ol nirede doguldyka? Nirede ösdükä? Ýedi ýaşaýança, şonça ýyllap kim bilen oýnadyka? Hamana, başga bir dünýäde ýaşaýan ýaly, onuň bir ýerde bardygyndan habarsyz ýeke özümiň bir ýerde oýnamagym, ösmegim geň ahyry. Gorkunç. Belki, men oglanlykda şony — gülli köýneklije, gültahýalyja, kinniwanja köwüşli, garagolja, kakasynyň göz guwanjy, kiçijik jigisiniň uluja uýasy, meniň durmuşymyň hemrasy bolan gyzjagazy ýüregim küýsäp, köp gezek gussa batandyryn?
Klasdaşlarymyň birinde biziň Hürli mugallym bilen irkiräk düşen suratymyz bar ekeni. Ol surat başga hiç birimizde saklanyp galmandyr. Diňe Döwranda bar. Mende-hä soňky klaslarda düşenlerimizem ýok. Döwran weli saklanypdyr. Hemmämiz aýakýalaň. Mekdebiň işigindäki tuduň kölegesinde düşüpdik. Öňdäki hatarda biz — oglanlar. Çommalyp otyrys. Meniň egnim şol döwürler moda bolan kewerkot kostýumly, kelläm jambörükli. Menin keşbim şol wagtkymdan üýtgemändir diýseňem boljak. Birhili müzzerip otyryn. Ikinji hatarda gyzlar. Olar oturgyçda otyrlar. Hürli mugallym gyzlaryň arasynda otyr. Merýem meniň ýeňsämde! Onuň egninde ýüň jempiri bar. Saçlary egnine dökülip dur. Ol surata gülüp düşüpdir.
Men her gün agşam diýen ýaly kino giderdim. Ýolum bolsa dünýäsini ümsümlik gurşan öwlüýäniň içindäki keramatly mazaryň gapdalyndan geçýär. Garaňkylyk. Soňra asfalt ýola çykýan. Köp mertebeli jaýlar. Gözüm bolsa onuň penjiresiniň gözleginde. Pynhan yşykly penjiresiniň aşagyndan geçip gidýärin. Şol penjiräniň aňyrsynda ýaşaýar. Gyzyl reňkli tutular ony menden gizleýär. Her gezek geçemde tolgunaý-tolgunaý görjek, duýjak bolardym.
Ol oglan jigisi bilen üçünji hatarda otyr. Kinofilmiň žurnaly heniz başlamandy. Meni ýanyna çagyrdy. Baryp gapdallarynda çökdüm. «Oglanjyk» ikimiziň aramyzda. Žurnal gutaransoň, Merýem jigisi bilen ornuny çalyşdy. Beýder öýdüp oslamandym. Meniň özüm-ä şeýdip biljek däldim. Biz ýanaşyk otyrys. Indi meniň gözüme kino ilenok. Ol kem-kemden maňa gysmyljyraýar.
Kino gutardy. Çyralary ýakdylar. Olaryň jigisi ikisi zaldan tirkeşip çykdylar. Menem yzlaryna düşüberdim. Ol bir gezegem yzyna gaňrylyp garamady. Men olaryň yzyna düşüberdim. Ara barha daşlaşýar. Gapdallap ýöräbermäge bognum ysanok. Öýlerine girdiler. Gyzyl tutularyň aňyrsynda çyra ýandy. Men biraz durdum. Soňam mähellesiz köçe bilen täze gary basgylap gaýtdym. Garyň üstüne-de tutularyň gyzyl reňki çaýylýar. Men keramatly mazaryň deňesinden geçdim. Hol öňde garalyp gala, onuň garyň üstüne düşýän kölegesi göründi. Ol döwürler öwlüýäde jyndyr eýe bardyr diýip gorkuzardylar. Ýöne bu wagt men gorkamok. Bu wagt meniň içki tolgunmam jynlardan bolan gorkudan rüstem gelýärdi. Muny duýan ýaly, jynlaryň birem maňa görünip bilmedi.

* * *

Men ony perişde saýardym. Ol ýa-ha howadan iýmitlenýändir, ýa-da diňe şokolad iýip oňýandyr diýip pikir ederdim. Ol biziň barýan ýerlerimize-de barýan däldir. Ol menden has arassa. Özümiň hapalygym, mynasyp däldigim, ejizligim meni ezýär. Eger ol meni şu wagt synlap duran bolsa näme? Men gaty uýaldym. Eger islese ol meni islän mütdetinde görüp bilýändir. Onda şeýle ukyp bolaýmaly. Ýöne onuň meni göresi beri gelýärmikä?
Ýatýan jaýymda ot ýanmansoň, içi ýah ýaly. Ýöne men şonda-da derrew öz otagyma geçýärdim. Uka gitmezden öň — ol hakda köpräk pikirlenmek üçin şeýdýärin. Men sowuk ýorganyň içine kürsäp girýän-de, gözümi petige diräp, sebäpsiz gözýaşlarymyň arygynda ýüzüp başlaýan. Men alysdan onuň köýneginiň etegini, ökjesi sürlip ugran köwşüni, ýaňagyndaky çukanajygy, saçynyň ujuny görýärin. Meniň ölesim gelýärdi. Eger meniň ölenimi eşitse, ol näderkä? Maňa nebsi agyrarmyka? Wagtyň geçmegi bilen, meni unutsa gerek. Ulalardy, okuwa giderdi, menem onuň kim bolup ýetişendigini, oňa näme bolandygyny hiç wagt bilmezdim. Men hemişe özüme bir zat bolup, onuňam ýüreginiň gyýylmagyny, gynanmagyny isleýärdim. Meniň ilki ölüp, soňam ony geň galdyrar ýaly dirilesim gelýärdi. Nähilem bolsa, nädibem bolsa, bir gahrymançylyk görkezesim, güýçli, akylly bolasym gelýärdi. Garaz, nädibem bolsa, şony aňk etmeli-dä.
Men okuwa ökdedim. Bu tarapdan onuň ýanynda ýüzüm gyzaranokdy. Ýöne, ynha, bedenterbiýede men oglanlaryň arasynda iň güýçlileri däldim. Men bedenterbiýäni halamokdym, şonuň üçinem ugruny tapsam baramok. Abdylla mugallym bolsa içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gabadyna gelse, meni masgara edýärdi.
Men, elbetde, klasymyzyň köp oglanlarynyň Merýeme hyrydarlyklaryny duýýardym. Ol häzir klasymyzyň iň owadan gyzydy. Geljekde bolsa onuň tutuş mekdepde, tutuş şäherjikde iň görmekli ulugyz bolaýmagy mümkin. Ol raýon halk magaryf bölüminiň müdiriniň gyzy. Ol beýleki gyzlardan düşünjelidi, okumyşdy. Onuň geýimlerem has täze modada. Mugallymlaram, okuwçylaram ony beýlekilerden artyk hormatlaýarlar. Onuň edýän hereketlerini, garagolluklaryny başga biri etse, gelişjegem däl, bagyşlanjagam däl.
Penji uzyn Merýemi söýýändigini Döwran ikimize duýdurdy. Biziň özümizem şonuň ýesiri, ýöne dostumyzyň şatlygyna goşuldyk.
Biz eýýäm onuň geljekki bagtyna guwanýardyk. Özümizem onuň üçin iň gymmat zadymyzy — söýgimiziň sebäpkärini, togapgähimizi gurban etmäge taýýardyk. Merýemiň ýitirildigi söýginiň ýitirildigi däldi, sebäbi söýgimiz biziň ýüregimizde galjak, ýürekde galan zady bolsa hiç kimiň almaga erki ýetmez. Biziň söýgi ezýetini çekesimiz gelýärdi. Söýgi ezýeti hakynda diňe kitaplarda okaýanam bolsak, biziň ululara öýkünesimiz, egnimiz bilen çekip göresimiz gelýärdi. Penjiniň syryny açmasy üçimiziňem ilkinji çilimi çekip görmegimize, çakyra agzymyzyň degmegine sebäp boldy.
Категория: Powestler | Просмотров: 68 | Добавил: Edebiýatşynas | Теги: Akmyrat Şir | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Günde şeýdip bir bölekden goýarysda, nesip bolsa smile Bolmasa kitapçylar okap ýetişmez wink

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: