01:56
Söýgi halas eder - 2 / powestiň dowamy
2. ÝYLGYNLYKDA

Penji depderden ýyrtylan bir tagta kagyza iki-üç sany jümle ýazyp, aşagyna gol çekdi. Ol soňra kagyzyň «Merýem men seni söýýärin Penji» diýen ýazgydan başga ýerini ýyrtyp aýyrdy. Men oňa: «Bitin kagyza ýazsana, munyň birhili, gelşiksiz» diýdim. Ýöne ol şeýle bir tolgunýardy welin, meniň maslahatymdan soň gaýta kagyzy has-da kiçeltdi. Öňem gyşaryşyp ýatan harp görgüliler «gulakdan-guýrukdan» jyda düşdüler. Ol şeýtmegi göwnüne jaý gördi, owadan gördi. Döwranam şol pikirde. Biz bu işe bir sagatlap dümtündik. Penjiniň göwnüne, kagyzyň gyralary henizem gyradeň gyrkylmadyk ýalydy. Döwran indiki sapakda haty Merýeme gowşurmaly diýen karara geldi. Ol yzky partada oturýar. Döwranyň alagadan, haty beräýmäge bogny ysanok. Penji bolsa ony gyssap, böwrüne symsyklaýar. Penjiniň öňe çykyp duran aňňy, sap-sary dişleri onuň dodaklarynyň arasyndan syrtaryşyp, ony örän ýaraşyksyz görkezýär. Sapak gutarmaga bäş minut galanda, Döwran näme-de bolsa, eli bilen mynçgalap jugur eden kagyzyny Merýemiň öňüne oklady. Kasym mugallym haty gördi. Ol gürrüňiniň arasynam kesmän, hemişekisi ýaly bir egnini boýnuna garşy gysyp, ýüzüni asyp, Merýemiň ýanyna geldi. Haty eline alyp, gözüniň gytagyny aýlady.
— Nyýazow, tur ! — Penji ýerinden galdy. — Saňa yşga düşerden irräk, agzyňdan emen süýdüň ysy gitmändir weli... Alymowa, bu size-de degişli !
Merýemiň partadaşy Şasy hikirdedi. Merýem tarsa turdy-da, gapa ylgady. Edil şol pursadam jaň kakyldy.
Kasym mugallym kostýumyny çalyşmasa-da, hemişe ütükläp, örän arassa geýýär. Özem şol kostýumyny hemişe işe-de geýýär. Ol bütin ömrüne, nämedir bir zatdan nägile ýalydy.
Penji aljyrady. Merýem aglamyşlap klasa girdi. «Eger meniň erkimde bolsa, seniň gözleriňden bir damja ýaş dammagyna ýol bererdimmi? Men ol damjalary ýeke-ýekeden çöpläp, doga edip boýnuma düzerdim. Men saňa : «Goý, aglama, Merýem, sen aglama, saňa derek men aglaýyn» diýerdim.
Meniň oňa dünýede iň näzik, mähirli sözleri aýdasym gelýer-di, ýöne dilim diýen edenok, dogrusy, bilemokdymam-la. Partanyň üstünde kitaba güýmenen bolup otyryn, ýöne on iki süňňüm elenip, şol näzik sözleri pyşyrdaýardy.
Merýem bölejik kagyza bir zatlar çyrşaşdyryp, Döwrana uzat-dy. Haty üç bolup okadyk. «Döwran, Penjä aýt, gaty görmesin, men başga birini söýýärin. Merýem».
«Diýmek, meni söýýändir !» diýen pikir kelläme geldi.
«Hemişe-de seniň meni söýýändigiňi bilýärdim. Men seniň ştapelden, krepdeşinden tikilen köýnekleriňi gowy görýärdim. Seniň öňüňde dyza çöküp, köýnegiň etegini gözüme sürtesim gelýärdi. Men seniň ýönekeý çüýşeden edilen monjuklaryňam, ýakaň epinlerinem söýýärdim. Seniň ýasy ýagyrnyňam söýýärdim. Atdanlykda elimi degren bolup, seniň bedeniň ýylysyna elimi «bişirmegi» gowy görerdim. Arkaňa oklaňda meniň partamyň üstüne düşüp, ujy jaýtaryp duran saçlaryňy söýýärdim. Hiç kimiň üns bermeýänini bilsem, eglip öpýärdim.
Sen meniňkidiň. Biz biri-birimiz üçin doglupdyk. Megerem, biz ikä bölünen bitewi zatdyk hem hökman birek-birege gowuşmalydyk. Meniň şol wagtky görýän görgülerimem ýarym adam bolanlygym üçindi. Men gara güýçleriň gelip, ikimizi bir ýüpe baglap, joşup duran Jeýhuna zyňmaklaryny arzuw ederdim. Şeýtseler biz bakylyga ýüzüp giderdik, hemişe bile bolardyk. Bile bolsak, bize ölüm ýokdur, biz hiç wagt ölmeris.
«Men seniň ugruňda edil Mejnundym, sen bolsa meniň Leýlim».
Okuwdan soň biz bir çüýşe çakyr, bir gapyrjak tomatly kilka, bir gap sigaret satyn alyp düze çykdyk. Biz şory ýüzüne çykyp, ýyly howry haplap duran şorlukda, gülläp oturan ýylgynlaryň arasynda çökdik.
Döwran haty görkezip, arzuwçyllyk bilen gepledi:
— Bä, men samsyk ekenim-aý. Ol-a meni söýüp ýörüpdir, men bolsa ony duýmandyrynam.
Penji bolsa aglamjyrap:
— Oglanlar, meniňki bolmady, ýöne Döwran men saňa görüplik edemok, şatlygyňa goşulýan — diýdi.
Men içgisizem serhoşdym. Özumiň ony söýýändigime, onuňam meni söýýändigine berk ynanýardym. Çakyr, çilimdir konserw gapyrjagy ýerde pytrap ýatyrdy. Penji:
— Biz üç dost, üçimizem Merýemi söýýäs. Geliň, şonuň üçin, dostlugymyz uçin — sebäbi şondan eziz zat ýok — içeliň ! Ol Döwrany söýýän bolsa, diýmek, biziň hemmämiz ýene bile bolarys, bularyň bagtyna guwanarys — diýip, Penji çakgysy bilen çakyryň dykysyny açyp ugrady.
Biz çakyrsyzam serhoşduk. Çakyr artykmaçdy, ýöne bu ýagdaýy bellemek gerekdi. Ýylgyn gülleriniň dymyljyk ysy burnuňa urýar. Tomzaklar muňedekleşip ýörler. Mör-möjekler jyr-da-jyr. Arassa asmanyň ýüzünde iki sany gara gyrgy pel-pelläp uçup ýör. Uzakda goýun sürüsi görünýär. Sygyrlar molaşýarlar.
«Ezizim Merýem, şu gün men birinji gezek seniň saglygyňa çakyr içdim. çilim çekdim. Eger bizi ykbalymyz aýra salyp, men seniň adyňy dilime sena edip, keşbiňi. ýüregime nagyşlap, mejnun bolup, bişow bolan durmuşyň kötelli ýollaryna rowana bolsam, erte-bir gün sen meniň günämi ötermiň, aýagyň tozuny gözüme sürtmäge ygtyýar berermiň, günämi ötýänligiňi beýan edip, çal sepen başymy sypalarmyň? Durmuş näçe egnimden bassa-da, men onuň zoruna seniň adyňy dilime sena edip, keşbiňi aňymda aýlap döz gelerin. Içinde çabalansamam, maňa hapa ýokmaz. Sebäbi saňa bolan söýgim halas eder. Seniň keşbiň durmuşyň kötel hem hatarly ýollaryndan sag-salamat geçirer. Men ilkinji gezek çakyr içip, günä etdim, Merýem! Meni näçe ýençselerem, men agyry duýmaryn. Sebäbi ýüregimde seniň adyň. Meni näçe kemsitselerem, ýok etselerem, men şonça buýsançly bolaryn, üstün çykaryn, sebäbi ýüregimde saňa bolan söýgim bar ! Diňe sen, diňe sen, ezizim, meni ýykyp bilersiň. Başga hiç zat — çakyram, betbagtlyklaram — hiç bir güýç, gurçuk bolup gemirselerem meniň daragtymy ýykyp bilmezler».
Penjiden soň Döwran özüniň söýgüsini duýdurdy. Merýem oňa-da şol bir jogaby berdi. Meniň bognum ysmady. Men Merýemiň öňünde ejizleýärdim. Ýogsam näme, ol meniň üçin Hudaý, men bolsa hiç kim. Ol bolsa, soň görüp otursam, maňa gedemdir öýdüpdir. Diňe biziň däl, ýokarky klasdan Gurbanyň, Garanyň, Sarynyň, Jumanyň hatda düýe ýaly bolup Körpäniňem Merýemi söýýändigi mälim boldy... Ähli janly zatlar, iki aýaklylaram, agaçlaram, ösümliklerem, güllerem, süýrenijilerem, garynjalaram, mör-möjeklerem, arylaram — bala çozan ýaly şoňa tarap dyzaýardylar, ýöne hiçisem ýetip bilmedi.
Täze klasda men onuň edil öňündäki partada oturdym. Indi men onuň bilen islän wagtym yzyma öwrülip, gürleşibem bilýärdim, degşibem, gülşibem bilýärdim, albomyna goşgam ýazyp berýärdim. Şol döwürde gyzlara albom edinmek ýoň boldy. Oglanlar gyzlaryň albomlaryna ýatlama ýazýardylar. Eger mugallymlaryň biri bize galmagal edýänligimiz üçin käýinse — tutuş klas hyşy-da — wyşy bolsa — menem edepli oturmaly bolaýsam, ol maňa ýakymly garaýar. Onsaň näzikligi bütin bedenime ýaýraýar. Menem ol näzikligi duýup, inim dyglap, özümden gitmän zordan oturýardym. Indi onuň kimi söýýändigi hemmelere mälimdi.
Категория: Powestler | Просмотров: 30 | Добавил: Edebiýatşynas | Теги: Akmyrat Şir | Рейтинг: 1.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Şu eseri okanymda maňa uly täsir etdi. Üýtgeşik eser...

0
2  
Täsir etmezçe eser däl eken. Orslar ýöne ýere Akmyrat Şire "Туркменские Кафкы" diýenoklar.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: