11:52
Söýgi - durmuşyñ täji

SÖÝGI – DURMUŞYŇ TÄJI / edebi-filosofik söhbet

(Söýginiň ruhy manysy)

Türkmeniň ruhy medeniýetinde yşk hem-de söýgi belli-belli many halatlarynda bir-biri bilen doly gabat gelýän hem bolsa, olar, umuman, tapawutlandyrylmaly düşünjelerdir. Yşk düşünjesi özünde juda çuňňur duýgy täsirliligini saklaýanlygy bilen tapawutlanýar. Bu aňlatma klassyky edebiýatymyzda, köplenç, ylahy söýgi manysynda ulanylýar. Ylahy söýgi bolsa hudaýa gönügen bolsun, adama bildirilýän bolsun – tapawudy ýok, çuňňur ruhulyga ýugrulan hadysadyr. Söýgi meselesinde ruhulygy meniň özüm pynhanlygyň alternatiwasy, hatda onuň gapma-garşylygy diýip bilýärin. Edil şonuň ýaly intimlikden mahrum söýginiň ýene bir görnüşi – mähirdir. Aýdaly, enäniň söýgüsi ýa enä söýgi intim bolup bilmez, ol arassa mähirdir. Şonuň üçinem ylahy söýgi hem, mähir hem erotiki häsiýetden azat söýgüdir.
Giň manyly söýgi düşünjesine men şol erotiki manydaky söýgi, erkek kişi bilen aýal maşgalanyň arasyndaky söýgi hökmünde düşünýärin. Şeýle söýgä söýüşmeklik, aşyk-magşuklyk diýlipdir. Aňlatmalardan görnüşi ýaly, munuň ýüze çykmagy üçin ikitaraplaýynlyk gerek. Söýginiň esasy aýratynlygy onuň hylwatylygydyr. Iki taraplaýyn duýgy, duýgularyň sataşygy söýginiň hylwat meýdanynda bolup geçýär. Hylwatylyk özgeler üçin, daşky dünýä üçin gizlinligi, ýaşyrynlygy, diňe iki adamyň baryp bilýän ruhy giňişligini göz öňünde tutýar.

Aşyga ne döwrandyr, hylwat ýerde gowuşmak.
                                                (Magtymguly)

Biziň tutan işimiz illerden özge bolsun.
                                                 (Kemine)

Çöl ýerlerde zaryn-zaryn aglaly.
                                              (Zelili)

Dostlar, bu gün görüp, ýadyma düşdi,
«Ýar-ýar» diýip Mežnun bolan ýerlerim.
                                                 (Seýdi)

Danyşsak hylwat ýerde, dilleriň ne ajaýyp.
                                                   (Mätäji)

Elbetde, şahyrlaryň eserleriniň tekstinden düşmän ýa ýokary galman pikir ýöretseň, gürrüň diňe duşuşyk, wysal ýerleri hakynda barýan ýaly. Emma biz tekstiň aňyrsyndaky ruhy anyklygy-da görmäni başarmalydyrys. Şonda atalarymyzyň ruhy bütin çuňňurlygynda hem bitewüliginde bildirer. Biz sözüň, onda-da poetiki forma salnan sözüň, herhal, ruhy doly aňladardan ejizdigini ýatda saklamaly we sözi özümizden nämedir bir zatlary goşup, has çuňlaşdyrmaly, onuň düýbünde ýatan barlygy janlandyrmany başarmaly. Esere düşünmek, eserde aňladylan ýa-da sungatyň her hili şertliligi sebäpli ýarym aňladylan, çala aňladylan ruhy hakykatlara doly düşünmek diýmek, ony özboluşly suratda restawrasiýa etmek diýmekdir.
Hünärmenler bir wagtdan galan suratlary restawrasiýa edýärler. Şonda olar solan, has ýitip giden ownuk ţekilleri täzeden janlandyrýarlar. Geçmişiň edebi eserleri babatda beýtmek öz janly duýgyňdan olara duýgy goşup, şol eseri ýazýarka, şahyryň ýüreginde möwç uran, emma şertlilik zerarly ýatyp galan duýgulara gaýtadan jan bermegi, ony bütin janlylygynda, reňbe-reňliginde dikeltmegi aňladýar.
Şu nukdaýnazardan, ýokarky setirlerdäki hylwat ýer diňe bir çöli, düzi, ýagny real giňişligi däl-de, ruhy giňişligi aňladýar. Hylwatlyk aşyk-magşugyň arasyndaky duýgy birliginiň häsiýetine we ahwalatyna öwrülýär. Bu hylwaty ruhy meýdanda diňe iki adam bar, munda üçünjä orun ýok. Aşyk bile magşugyň sataşygy şol magnit meýdanyny emele getirýär. Onsoň olar bir-birinden aýrylyşaýanlarynda-da, ol meýdan ýokluga öwrülmeýär, gaýta aýralyk näçe uzaga çekse, aradaky duýgy, ruhy arabaglanyşygy şonça-da güýçlenýär. Biri-birini ýürekden söýüp bilýän, biri-biri üçin Hudaý tarapyn ýaradylan aşyk-magşugyň arasyndaky şeýle göze görünmesiz, söýüp görmedikler üçin düşünmesiz şol duýgy arabaglanyşygyna-da, şol inçe ruhy reallyga-da söýgi diýilýär-dä! Şeýle inçeligi üçinem söýgi – bu hylwaty meýdan, bu iki ynsan üçin ýaradylan dünýä akyl bilen däl, ruhuň bilen ýetmeli hakykat bolup durýar. Ruhuň delili bolsa akylyň delilinden güýçli bolýar diýdik. Ruhuň hakykaty bolsa akylyň hakykatlygyndan has hakyky hem düýpli hakykatdyr.
Diýmek, ruh käbirleriniň pikir edişi ýaly, bir akylyň hadysasy däldir, ruhy reallyga dahylly bolmak üçin pikirlenmäni däl, duýmany, syzmany başarmak gerek. Soňkular bolsa öňküden tapawutlylykda, dogabitdi beriläýmese, soň terbiýeläp bolýan zatlar däl. Pikir endiklerini terbiýeläp bolýar, duýgy, syzgy bolsa endik däl-de, tebigylykdyr. Şu ýerdenem özboluşly bir basgançak bolan ynsan söýgüsiniň barlyk merduwanyndaky derejesi aýan bolýar – ol akyl basgançagy bilen ten basgançagynyň arasyndaky bir reallykdyr. Söýgä akyl ýetirip bolmaýanlygy hem şonuň üçindir. Çünki islendik hakykata ýetmek, aralaşmak üçin onuň tebigatyna laýyk tebigatly, usully bolmaly. Söýginiň tebigaty akylyň tebigatyna laýyk gelmeýär. Bu bir. Ikinji bir tarapdan, söýginiň ten hadysasy däldiginden köp adamlaryň çyn söýgi duýgusyndan mahrumlygynyň, oňa ukypsyzlygynyň emmasy görünýär: ten hem akyl ýaly gödek barlykdyr, onsoň adamlaryň köpüsi jynsy aragatnaşyga ukyply bolsalar-da, hakyky manydaky söýginiň duşundan geçip gidýärler. Sebäbi söýgi inçe, näzik barlyk. Söýgi ruhdur, ol bir lowlap ot alansoň, öçmeýär.
Ýöne inçe söýginiň döremegi üçin oňa gatnaşyjylaryň ýöne bir ten göwresi däl, eýsem ruhy göwre, ruhy şahsyýet bolmaklary zerurdyr. Olar ruhy taýdan umumy köpçülikden saýlanan şahsyýetler bolmaly. Haýsydyr bir manyda ten gaýtalanyp, meňzeşlige sezewar hem bolup biler. Emma ruh gaýtalanmazdyr. Elbetde, söýgi aslynda ten duýgularyna esaslanýar. Ýöne söýgi ol duýgularyň belentlige galyp, ruhlanyş derejesidir. Şonuň üçinem öýlenmäge – durmuşa çykmaga, çaga öndürmäge hemmeler ukyply bolsa-da, söýgä ähli adamlar ukyply däldirler.
Söýgi barlyk meýdanydyr. Bu barlyk meýdanynda ýaşaýyş hyjuwy özüniň iň aňrybaş dartgynlylygyna hem mazmunlylygyna ýetýär. Şahsyýet hökmünde adam özüniň barlygyna, hakykatlygyna akyl hem göz ýetirýär. Şahsyýetiň içki dünýäsinde bolup geçýän şu hili üýtgeşikligi bir jümle bilen – türkmençe «Dünýä täzeden gelen ýaly boldum», «Bir ýaşan ýaly boldum» diýen jümleler bilen aňlatmak mümkin. Durmuşyň adaty akymynda duýgular täsirsizligi, gyzyksyzlygy bilen häsiýetlenýär. Duýgular, hamana, öňem birnäçe gezek ulanylan, täzeligini, terligini ýitiren zada, aýdaly, geýlip-geýlip sary çykan eşige meňzeýär. Çyn söýgüde bolsa adam gaýtalanmaz duýgularyň üsti bilen ýaşaýşyň terligini, dünýäniň asylbaşky eldegmedikligini dadyp görýär. Bu ýerde dynnym ýalyjak hem duýgy galplygy, ýasamalygy, göwün kimiri ýokdur.
Şeýle lezzetli ruhy ahwalat, elbetde, her bir adamyň söýgüsine miýesser edip durmaýar. Ondan-da beter, miýesser edäýenliginde-de, ol juda seýrek hem özem garaşylmadyk, öňünden oýlanylmadyk halatynda bolup geçýär. Söýginiň arzysy-da, dady-da, adam erki tarapyndan boýun egdirilýän, deslapdan belli bir maksatlara ugrukdyryp bolýan akyldyr pikir bile bir ýere sygyşmaýanlygy, oňşuksyzlygy, söýginiň akyl serişdesi bolan dil bile düşündirip bolmaýanlygy duýgularyň şol boýnyýogynlygyndan, adam erki babatdaky aýrybaşgalygyndan gelip çykýar. Söýgüde duýgular ilkibaşky päkligini, tebigylygyny, päkizeligini saklaýar. Duýgynyň şu alamatlaryny adam juda seýrek halatda başdan geçirýär. Soňra ol munuň üçin beýle bolýanlygyny-da düşündirmäge ukypsyz bolýar. Duýgularyň bize näbelli bolup galýan haýsydyr bir çylşyrymly sepleşiginden, utgaşygyndan şol seýrek ýaşaýyş hyjuwy, göwün däliligi ýüze çykýar.
Söýgi ylhamy öňünden kesgitläp, ölçäp-biçip bolmaýanlygy bilen döredijilik ylhamyna meňzeşdir. Şahyr näçe çytraşsa-da, näler özelense-de, bir halatda ýeke setir hem ýazyp bilenok. Gaýta ol özüne, zehinine buýurjak, ýazdyrjak bolup agram saldygyça, bu zehin taýdan gysyr kişiniň özüne jebir edişi ýaly hossa öwrülýär. Ýogsam, göräýmäge, nämedir bir zat döretmek üçin ähli gerekli zatlar: pikir hem, döretmek islegi-de, sagdyn hem dynç bedendir kelle-de, boş wagt hem bar. Emma, teý, ýazylanok. Şahyryň öňüne alan kagyzy hem öňki aklygyna galýar. Iň esasy bir zat, onuň erkine asla bagly däl, bu bagly däldigi bilenem ony hem kejikdirýän, şol bir wagtda-da ony juda buýsandyrýan – ol bu ýerden özüniň hemmelere asla-da nesip etmeýän ýokardaky bir beýik güýç bilen dahyllydygyny aňlaýar – bir itergi ýetenok.
Şahyr döretmeýän wagty-da bagtlydyr. Bu zenan üçin göwreliligiň, göwresinde çaga göterip ýörmegiň ýakymlylygy ýaly bir zatdyr. Emma bu adatydakysyndan artykmaç fiziki hossa, şahyr babatynda bolsa artykmaç ruhy hossa bilen baglanyşykly ejirli bagtdyr.
Ine, biz şu soňky jümlede – kesgitlemede ýaşaýyş fenomeniniň manysyna, ruhuň ölçegine salnan manysyna gelýäris: ýaşaýyş – ejir bile bagtyň, hossa bilen lezzetiň, ajy bilen süýjiniň şol bir wagtda, bir demde ýüze çykmasydyr. Bu jübüt ölçegler ýaşaýşy birtaraplaýyn çygyra salyp bolmaýandygyny görkezýär. Ýöne, adam öz tebigatynyň aýratynlygyna görä ol jübütleriň haýsy hem bolsa bir tarapyny oňlaýar, beýlekisini indiki durmuş öwrüminde gabatlaşmak üçin duşundan geçirýär, çünki olaryň ikisini-de birden aňlamaklyk adam üçin ýaşaýşy mümkin däl ederdi.
Ýaşaýyş oňynlyk bile tersinligiň utgaşygy bolsa, söýgi wulkanyň atylyşy kimin şol utgaşygyň aňrybaş dartgynlylyga ýetmegidir. Söýginiň türkmen baharynyň gülälegi kimin ömrigysga many hem lezzet dokmädeligini başdan geçirmek üçin adatylygyň ikindiniň kölegesi ýaly uzyn many hem lezzet garyplygynyň içinde ýaşamaly bolýarys. Asyl duýgularyň joşguny bolan söýginiň adam ömrüniň uzynlygyndaky orny şeýledir. Söýgi duýgular arkaly aňlanylýan ylham, many hem azatlykdyr. Bu ruhy düşünjeleriň üçüsiniňem çeşmesi bolsa gözellikdir.
Gözellik hakynda tymsal gatyşykly hekaýatjygy gürrüň bereýin.
Bir baý kişi gaty owadan gyza aşyk bolupdyr. Baýlygyna buýsanýan, minnetli bir adam eken. Emma gyz hem juda ahlakly, päkize bir maşgala bolupdyr. Onsoň özüne taý däl, öz deňi-duşy däl adamyň özi babatdaky gelşiksiz niýetinden habarly bolan gyzyň kalbynda ýakymsyz duýgy döräpdir. Başga alajy bolmansoň, gyz baýyň hyjuwyny öçürmegiň özüçe çykalgasyny tapypdyr: ol özüni jebire tutup, özüne zor salyp, ýörite horlanypdyr. Öňki gözellikden, ýaňaklardan, meňizden, Kemine aýtmyşlaýyn, üç ak, üç garadan, üç ýogyn hem üç inçeden derek galmandyr diýýär. Olar artyndy, hapa bolup çykypdyr. Gyz bolsa horlanyp, edil çöp bolup galypdyr. Ine, birnäçe wagtdan ýene söz aýtmaga ýanyna gelen baýyň öňünde gyz şol artyndylary goýup:
– Ine, seniň aşyk bolan, duýgularyňy gozgan zatlaryň, al! – diýipdir. Baýyň bolsa ýüregi bulanyp, öýden çykyp gidipdir.
Elbetde, hekaýat gözellik hakynda däl. Munuň nädogrulygy – gözellik bile onuň materialynyň garyşdyrylýandygy. Bu hekaýatyň nukdaýnazaryndan seretseň, palçyk, laý bilen küýze bir zat bolup çykýar. Gözelligiň manysyny formasyz çig mal däl-de, materialyň utgaşygy tutýar. Muňa akylly-başly göz ýetirmek üçin gözellige Eflatunyň pelsepesiniň nazaryndan bakmalymyka diýýärin. Gözellik ruhy hadysadyr. Küýzäniň owadanlygyny ruhy başlangyç – küýzegäriň pikiri kemala getirýär. Ol palçygy forma salýar. Diýmek, gözellik biziň barlyga bolan ruhy gatnaşygymyzdyr. Formasyz mazmun howaýylyklygyň usulydyr. Şol usulyň aýratynlygyny, ýagny gözelligiň kämillik derejesini bolsa adamyň zehin, gözellik düşünjesiniň hili kesgitleýär. Näme üçin asman bize gümmez şekilli bolup görünýär? Sebäbi biziň görejimiziň fiziologik gurluşy şoňa sebäp bolýar. Aslynda bolsa asman beýle formada däl ahyryn.
Gözelligiň öňünde hemmeler deň däl.
Birinjiden, hemmeler gözelligi döretmäge ukyply däldir. Munuň üçin Hudaý beren zehin gerek. Gözelligi döretmek – öz ruhy aýratynlygyndan, «meniň» gaýtalanmazlygyndan gelip çykýan forma-mazmun utgaşygyny tapmakdyr.
Ikinjiden, gözelligi her kim aňlap biler, emma oňa hemmeler mynasyp bolup, onuň yzynda durup bilmez. Zenanyň gözelligine mynasyp jogap bermekde iş bar. Söýgä ukyplylyk gerek. Bu bolsa edil zehin ýaly, tas özüňe, islegiňe bagly däl zatdyr. Çünki ilki bilen, zenanyň hem göwnünden turara özüň hem gözelligiň haýsydyr bir taraplaryna görnüşiň boýunça laýyk gelmeli. Bu bir. Ikinji tarapdan bolsa, içki ruhy barlygyň – göwnüň aýratynlyklaryna görä-de söýgä ukyply bolmaly. Birinji hem, ikinji hem öz eliňdäki, öz islegiňe bagly, bolaýyn diýip bolup bolýan zatlar däldir.
Şeýlelikde, gözellik gaty köp ejirlere hem hatda çykgynsyzlyga getirýär. Gözellik howaýylyk däl, anyklyk. Çünki ol ten bilen baglanyşykly. Adamzat ten duýgularyndan uç alýan gözelligiň ruhy ýüküni çekerden köplenç ejiz gelýär. Gözellige ruh hökmünde baha bermekden, mynasyp bolmakdan ejiz gelýär. Onsoň ol bu meselede gözelligiň anyklyk, ten hakykaty bilen baglydygyna agram berip, ýokary-ruha tarap göterilmän, peslige ýüz urýar – owadanlyk hem edil beýleki barlyklar – iýgi-içgi, egin-eşik ýaly teni kanagatlandyrmagyň serişdesi hökmünde görülýär. Gözellik «men – saňa, sen – maňa» diýilýän alyş-çalşyň serişdesine öwrülýär, haryda öwrülýär. Haryt – maddy ölçegleriň bahasyna salnan gymmatlykdyr. Gözellik bolsa manysy boýunça ruhdur.
– Sen owadan gyz, men hem gelşiksiz ýigit däl. Sen maňa öz gözelligiňi, men saňa gelşikliligimi, howandarlygymy, goragymy bagyş edýärin.
Ine, şu hili prinsipiň, adamzadyň köp bölegi üçin adaty bir geleşigiň gözelligiň ruhy manysy bilen baglanyşykly ylahy söýgä hiç hili dahyly ýokdur. Bu söýgi däl, söwdadyr. Bu adamzat däl, haýwanatdyr. Şeýdip, adam özüne Alla tarapyn berlen puryjadan ät galýar. Gözellik serişde däl, haryt hem däl. Maddy ölçeglere salyp bolýan bolsa, bu gözellik däldir. Türkmen: «Tamakinçilik gursun» diýýär, gözellik bile tamakinçilik bir ýere sygyşýan zatlar däl.
Gözellik zemin diline geçirip bolmaýan asman hakykatydyr.
Söýginiň iň belent derejä ýeten döwri – orta asyrlar. Hut şonuň üçinem şol döwürde iň beýik sungat eserleri döredildi. Soňky asyrlar söýgini erotika öwürdi, aýak astyna taşlady, juda kemsitdi. Söýgi gatnaşyklary howalalykdan, ruhulykdan mahrum boldy. Aşyklaryň döwri geçdi. Indi oglan gyzy gaýtalanmaz ruhy şahsyýet hökmünde görenok, oglan üçin bir gyzyň ýerini islendik başga bir gyz tutup bilýän ýaly. Şeýle ýagdaýda gyz bile bir gezek ýatyp-turmak däl, ömrüň ötinçä bile ýaşamak ýaly çirksiz isleg-de, hakyky söýginiň subutnamasy bolup bilmez. Bu bary-ýogy akýürekli, dogruçyl söwdanyň prinsipidir. Munuň özi XIX-XX asyrlaryň Ýewropa siwilizasiýasynyň ruhudyr. Munuň özi süriniň söýgüsidir. Pul jemgyýetiň Hudaýyna öwrülýär. Hawa, hawa, bu zatlar puluň jemgyýetiň Hudaýyna öwrülendigi üçin şeýle bolýar. Diýmek, şeýle jemgyýetdäki söýginiň hem Hudaýy puldur. Emma söýgi meselesinde pul – söwda prinsipleri gödek ýüze çykman, has inçelik bilen, adam psihikasynyň jümmüşindäki ýerlerde amala aşyrylýar. Gözellik kanunlaryna laýyklykda, söwda owadanlyk bilen edilýär.
Şonuň üçinem milli gözbaţlarymyza dolanmak baradaky pikirler söýginiň ylahylygyna, howalalygyna, adamyň beýik ruhy açyşlary etmäge ukyplylygyna dolanmaga çagyryşdyr.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 17 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: