19:30
Soltan bilen gyrnak

SOLTAN WE GYRNAK / Möwlanadan tymsallar

Gadym zamanlarda bir soltan bar eken. Hem baýlygy köp eken, hem köňli baý eken. Bir gün dostlary bilen awa çykypdyr. Ýoldan barýarkalar onuň bir gyrnaga gözi düşenmiş. Gyrnagyň jemaly şeýle bir owadan eken welin, soltan gören badyna oňa aşyk bolupdyr. Bir guşjagaz öz kiçijik kapasasynda nähili urunýan bolsa, soltanyň ýüregi hem edil öz kükreginde şolar ýaly urunýarmyş. Şonuň üçin, muzdy näçe bolsa tölap, ol gyrnagy satyn alypdyr.
...Soltan bagtyýardy. Aý ýüzli söýgülisine gowşupdy. Ýöne bagtyýarlygy uzaga çekmedi. Sebäbi owadan gyrnagy keselläpdi. Özem agyr keselläpdi.
Ýurduň çar künjünden hekimler çagyrtdy. Soltan olara ýalbardy:
– Ikimiziňem janymyz size bagly. Meň janymyň gymmaty ýok. Meniň janymyň jany – onuň jany. Kim ony sagaltsa, ähli zadymy – lagly-merjenden doly hazynalarymy şoňa berjek!
Hekimler oňa:
– Eý, soltan! Biz elimizden gelenini etjek. Ähli zehinimizi, maglumatymyzy we tejribämizi birleşdirip, ony bejerjek – diýdiler.
Hekimler özlerinden şeýle bir arkaýyndy welin, aralaryndan ýekejesi çykyp: “Biz elimizden gelenini ederis, ýöne şipany diňe Alla berýändir. Hassaňyz gowulaşsa, diňe Onuň islegi bilen gowulaşar, inşalla!” diýmedi.
Günler geçdi. Hekimler owadan gyrnaga nähili em edenem bolsalar, hiç bir nepi degmedi. Görgülijik gün-günden saralyp soldy, horlanyp, iňňä sapaýmaly bolup galdy.
Soltan bolsa aglaýardy, gözünden boýur-boýur ýaş dökýärdi. Gyrnagyň keseli-de gün-günden beterleýärdi.
Soltan bir gün oturyp oýlandy, bu hekimleriň hekimliklerinden peýda ýokdy. Ylgap diýen ýaly mesjide gitdi. Mährabyň öňünde dyza çöküp, seždä gitdi. Ýüregindäki iň päk duýgular bilen Ýaradana ýalbarmaga başlady.
– Eý, jan Allam! Seň maňa yhsan eden nygmatlaryň iň kiçisi şu jahanyň hökümdarlygy. Men Saňa näme aýdaýyn?! Şonsuzam meň kalbymyň çuňlugyndaky arzuwlar Saňa aýan!
Soltan ýene köp-köp dileg etdi.
Şomahal ony agyr uky basyp, gyşaranyny duýman galdy.
Düýşünde bir nur ýüzli garra duşdy we ol oňa şeýle diýdi:
– Eý, soltan, buşluk! Dilegleriň kabul boldy. Ertir gapyňdan daş sypaty geňräk bir keseki geler. Ony zynhar yzyna gaýtaraýma. Ol bizdendir, ony biz iberendiris. Gaty ökde hekimdir. Hakyky hekimde bolmaly häsiýetleriň ählijesi onda artykmajy bilen jemlenendir. Oňa ynan, oňa bil bagla, ondan arkaýyn bol. Sebäbi ol bil baglap boljak ynamdar biridir.
Soltan düýşden oýanyp, daň atýança garaşdy. Gün şöhlesi ýokary galyp, ýyldyzlar ýekän-ýekän sönüp ugranda, turup, penjiräniň öňüne geçdi we daş keşbiniň nähilidigi aýdylan kişiniň gelerine garaşyp ugrady.
Şol oturşyna, birsellem soňrak köşgüne ýetip gelýän birine gözi düşdi. Ylgap ähli gapygullaryndan, hyzmatkärlerinden, kömekçilerinden öňürti onuň öňünden çykdy. Gollaryny giňden açyp gujaklady, maňlaýyndan, elinden öpdi. Oturdylar, nahar başynda uzak-uzak gürrüň etdiler. Soňra soltan ýaňkyny alyp, harem jaýyna – ýatylýan otaga alyp bardy. Owadan, emma hassa gyrnagyň başujyna birlikde bardylar.
Hekim hassanyň gan basyşyny, gyzgynyny, teniniň solgun reňkini barlady.
– Beýleki hekimleriň beren dermanlary bu görgülini hasam hassa edipdir, şipa bermek ýerine onuň bar ysgyn-mydaryny alypdyr.
Hekim owadan gyrnagyň derdine şobada düşünipdi. Onuň bedeni sagatdy, diňe köňli ýaralydy. Onuň keseliniň köňül keselidigi belli bolup durdy.
Hekim soltana garap şeýle diýdi:
– Bu ýerdäki hemme kişi daş çyksyn, siziň özüňizem çykyň, soltan. Töwerekde hiç kim galmasyn. Men syrkawymyza sorag berjek, ýöne onuň berýän jogaplaryny hiç kim eşitmeli däl.
Harem jaýy boşap galdy, hemmeler daş çykdy. Hekim bilen kesel gyrnakdan gaýry hiç kim galmady.
Hekim barmagyny gyrnagyň goşaryndaky damarynyň üstünde goýup, sorag soramaga başlady.
– Seň özüň nireden? Her ýurduň dermany başga-başga bolýar. Gürrüň ber hany, garyndaşyň, dostuň kim seniň?
Gyrnak öýünden-öwzaryndan, öňki hojaýynlaryndan, ilinden-ýurdundan, gürrüň edip başlady. Hekim bir tarapdan onuň gürrüňlerine üns berýärdi, beýle tarapdan bolsa, onuň ýüreginiň urşuna diň salýardy. Kimiň adyny aýdanda ýürek urşy batlansa, onuň köňlüniň şypasy şo kişi bolmalydy.
Gyrnak ýaşan şäherleri, bolan öýleri, öňki hojaýynlary barada gürledi durdy. Ýöne ne ýüzüniň reňkinde, ne-de ýüreginiň urşunda bir üýtgeşiklik boldy. Bu tä gözeller gözeli Samarkant şäheriniň adyny agzaýança dowam edip durdy.
Samarkantyň ady geçen badyna gyrnagyň bilegindäki gowşak damaryň gan basyşy artyp ugrady. Ýüzüniň reňki üýtgedi. Görlüp otursa, ol Samarkanly bir zergär ýigide aşykmyş. Köňli haçandan bäri şol zergäriň hesreti bilen gyýym-gyýym eken.
Şeýdip hekim gyrnagy düşege salan derdiň nämedigini bildi. Ondan zergäriň nirede, haýsy syrgynda ýaşaýandygyny sorady. Soňra onuň başujyndan aýrylyp, soltanyň ýanyna gitdi. Oňa bolan zatlary birin-birin gürrüň berip, şeýle diýdi:
– Häzirlikçe, bu derdiň dermany şol adamy tapyp getirmek. Sowgat taýýarla, iki sany ynamdar adamyňy ýolla. Zergäri köşgüňe çagyr.
Soltan iki sany ynamdar adamyny onuň yzyndan ýollady. Olar az ýöräp-uz ýöräp, ahyry şol zergäriň dükanyny tapdylar. Oňa şeýle diýdiler:
– Buşluk saňa, eý, zergär! Soltan köşgüň esasy şaý-sepçisi edip seni belledi.
Zergär ol iki adamyň getiren bir-birinden gymmatly sowgatlarynyň ýalpyldysyna göwün berip, olaryň yzyna düşdi. Ýol tükenip, köşge baranlarynda bolsa, hekim ony soltanyň huzuryna alyp bardy. Soltanam oňa köp hoşamaý sözler aýdyp, halat-serpaý ýapdy, köşgüň hazynalarynyň açaryny tabşyrdy. Üstesine-de jandan eý görýän aý ýüzli gyrnagyny hem oňa berdi.
Olar alty aýa ýakyn maksat-myratlaryna ýetip ýaşadylar. Gyrnagyň derdinden nam-nyşan galmady, bütinleý gowulaşdy.
Ine bir günem soltan zäherli şerbet taýýarlap, zergäre içirdi. Şerbeti içen zergär gün-günden saralyp soldy, horlandy, bedroýlaşdy. Gyrnagyň gözüniň öňünde owadanlygy bütinleý ýitirdi. Ol bedroýlaşansoň, gyrnagyň oňa bolan söýgüsindenem nam-nyşan galmady.
Görgüsiýaman zergäriň gözünden boýur-boýur ganly ýaş akdy. Kän wagt geçmänkä-de:
– Bu dünýä daga meňzeşdir. Edýän işlerimizem, hamana, daga seslenen ýaly bir zatdyr. Sesimiz hala owadan bolsun, hala zorruk, dagdan yzyna serpigip, bize gaýdyp geljekdir – diýägede, amanadyny tabşyrdy.
Ol ölenden soň gyrnak yşkdan, keselden bütinleý açylyp gitdi.

***
Bu hekaýadaky soltan adamyň iň gymmatly barlygy bolan ruhudyr. Owadan gyrnak bolsa, adamyň nebsiniň keşbidir. Nebis gowusyny, erbedini saýgarman bar zady arzuw edýän tarapymyzdyr. Uzaklardan gelen ol hekim bolsa, adamlara dogry ýoly salgy berýän Ýaradanyň arzyly gullarydyr. Zergär bolsa, şu ötegçi dünýädäki durmuşymyzdyr, nebis ony arzuw eder we ol arzuwlaň yzynda kesellär. Nebsiň arzuwlarynyň yzyna düşen ruh bolsa, onuň keselleriniň agyrysyny özi çeker. Nebsiň arzuw edýän zatlary bolsa, owadanlygyny barha ýitirip barýan şu pany zatlardyr. Şu nebsiň hakyky häsiýetini açyp görkezjek ýalawaçlaryň, beýik adamlaryň barlygam bir gowy zat!

***
Hezreti Möwlana bu hekaýanyň başynda şeýle bir zat ýazypdyr:
“Aslynda, bu hekaýa biziň öz halymyzyň hekaýasydyr".

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 58 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Jelaleddin Rumy | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Gurban,sag bol jigim ýetireniñ üçin.Gyzykly hem manyly eken.

0
2  
Biziň öz halymyzy şeýle beýan edip biljek diňe Jelaleddin Rumydyr. Ýetireniňiz üçin sag boluň!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: