10:51
Şol bir gezek uçan it -2/ erteki-powestiñ dowamy

* * *

Tilki ümürli gün bolanda hemişe çagalaryny äkidip, olara alaka ýa-da bedene awlamagy öwrederdi. Ümre dulanylyp edilen aw diýseň gyzykly hemem şowly bolardy. 
Alaka hakykatda welin tilkiniň eý görýän iýmit¬leriniň, hiç birisi hem däldi. Ony iýse, agzynyň ýuwa çeýnäniň agzy ýaly, iki-üç günläp porsap-aňkap durja¬gyndan hem habarlydy. Bu aw tilki üçin ölmez ödi - kyn günüň «allasy» diýilýänidi. Tilki bolsaň, hany, saňa goýun eti, keýik owlajygy ýa-da towşan eti islän wagtyň ýetdirip durmy näme? Şeýle gurak günlerde ol alaka etini tapsa, bal etjekdi. 
Tilki alaka hinlerinden ýaňa endam-jany eleme-deşik bolup oturan bir baýryň öňüne gelip aýak çekdi. Çagalary gelşip, daşyna üýşüşenlerinden soň bolsa: «Öň öwredişim ýaly, gaty hüşgär hereket etmelisiňiz» diýip, özüni üns bilen diňläp duran çagalaryna ýene-de bir gezek ene ynjalyksyzlygy bilen sargady. Tilkijikler awuň öňüsyra¬synda bolmalysy ýaly bolşup hüşgärlendiler. Soňundan bolsa olaryň hersi bir hini nazarlap, şeýle bir ussatlyk bilen çem gelen zatlara bukul¬dylar welin, Möngözlüje olary soňra boýlanyp-boýlanybam görüp bilmedi. Oňa dünýäden bihabar atyşma gürrüň edişip oturan alakalary diňlemekden özge alaç galmady. 
- Goňşy, öýüňe giräýdiňmi?
- Ýok, bardyryn. 
- Hemişe bolmagyňy ir ertir, giç agşam dileg edip ýörendirin. 
- Sag boluň. Biziňem dilegimiz şol bir zat, il-günüň gowulygy. 
- Çagalar gülüp-oýnaşyp ýörlermi?
- Agşam kiçimiziň-ä biraz endamy ýylady. Düýn täze çykan dadranyň kökünden köpräk iýäýipdir öýdýän... 
- Hä, dadran gaty güýçli zatdyr ol. Ony düýe iýse-de gulagynyň etegi çygjararmyş ahyryn. Ony çakyňy bilip iýmelidir, gardaş... 
- Bu çagalaryň bir zada agyzlary degse, onsoň onuň düýbüni deşmän goýýarlarmy näme?
- Çaga-da. 
- Bizem-ä çaga bolup görüpdik. 
- Ýatlasaň, bizem şulardan öwerlik bolan däldiris. 
- Hä-hä-hä. Seniňkem ugrunda bar, goňşy... Ýöne, göwnüme, ylla şular ýalag-a bolmadygym ýaly. 
- Gün görnenok welin, bu ümür onam togarlap äkiden borly.
- Sabyr edeli, ol hemişekisi ýaly niräk äkidilse-de, öýlän ýene-de geler, onsoň... 
- ... Waý-eý-ý... gaç... 
Möngözlüje bu sözüň yzysüre özüniň on-on bäş ädim gapdalynda howlukmaç tapyrdy eşitdi. Şol tapyrdynyň yzysüre bolsa ol baýryň birki ýerinden tilkijikleriň göçgünli seslerini eşitdi. 
- Tutdum. 
- Menem tutdum, eje!
Aw awlan tilkijikleriň keýpleri kökdi. Olar öz şatlyk¬laryny bölüşmek üçin, agyzlary alakaly eneleriniň ýanyna uçup diýen ýaly geldiler. Agzy boş, lapykeç bolup gelýän tokarja tilki Möngözlüjäniň yzyndan ýeten wagty onuňam boş gelýänini gördi. 
- Senem zat tutmadyňmy?
- Ýok, men... 
- Ýör, häzir bulaň awlan awlaryny bölüşip iýeris. Ejem bizi aç goýmaz. 
Tokarja tilkijik enesiniň ýanyna gele-gelmäne öz doganlaryndan närazy boldy. 
- Eje, bular «tutdum-da-tutdum» bolşup, meniň çemäme getiren awumy gaçyrtdylar. 
- Olar juda begendi, oglum - diýip, ene tilki oňa bu gezeklikçe doganlaryny bagyşlamalydygyny aňdyrdy. - Siz bolsa indikide bu ýalňyşlygy gaýtalamaly dälsiňiz. 
- Wah, ojagaşjany çemäme-de getiripdim-le... - diýip, tokarja tilkijik ýene bir gezek janygdy. 
Tilkijikleriň enesi tokarjanyň nägileligini hasaba alman, aw awlan çagalaryny iş bitiren hökmünde taryplady. 
Alakalar iýmit hökmünde öňe alnansoň, häliden bäri gultunyp duran Möngözlüje hem beýlekilerden kem oturmady. Möngözlüjäniň bir alakany tutuşlygy bilen öňüne çekenini gören tilkijiklerden birisi onuň bilen bu ýumry bölegi paýlaşmagy niýet edinip gapdalyna geldi. 
- Menem iýeýin-le!
- Özüm iýjek. 
- Bir özüň-ä iýdirmerin. 
- Iýerin, gelme ýanyma... 
- Ine, iýseň! - Tilkijik Möngözlüjäni gapdala sowmak üçin itekledi. 
Möngözlüje muňa girre gaharlandy-da, özüniň gara güýjüne buýsanyp, tilkijigi çyňsadyp basdy. 
- Ine, degseň. 
Ene tilki öz çagasynyň düşen gününi görüp, bu ýagdaýy arkaýyn synlap durup bilmedi. Ol çakganlyk bilen gelip, özüni ýeňiji hasap edip, tilkijigi bagyrdadyp basyp ýatan Möngözlüjäniň böwrüne hütletdi. 
- Näme, indi seniň it damaryň işläp, özüňiň kimdigiň ýadyňa düşüp ugradymy? Tur hany, tiz!
Möngözlüjäniň böwri erbet agyrdy. Şundan soň ol çete çekildi-de, tilkiniň bu edenine gahary gelenini mälim edip, närazy halda hyňrandy. 
- Eý, wäg-eý, ýarama näme üçin degýäň?
- Saňa o-da azdyr. 
Möngözlüje sese tarap öwrülen mahaly, baýryň orta bilinde bir tilkiniň bu tomaşany synlap duranyny gördi. 
Bu uzyndan juda owadan guýrukly tilkini Möngöz¬lüje heniz bir gezegem görmändi. Ony görenden ene tilki bada-bat üýtgedi. Boýurgandy, özüne bu duşuşygyň diýseň ýaran¬dygyny mälim edip, guýrugyny bulaýlady, ýalmandy. Ol golaý gelen mahaly bolsa ysyrganyşyp, aýratyn bir mähir bilen onuň endamyna süýkendi. 
Sen nireden çykdyň, meniň begzadam?
- Men Üstýurduň üstünde iki-üç ýyl ygdym. Bu ýere bolsa ýaňyrak geldim. Eşidensiň, men özümiň mylaýym gelinligimden jyda düşdüm. Ony öňki ýazda, çaga garaşyp ýören günlerimiz keýikleriň kastyna çykan lökge maşynly adamlar atyp öldürdiler. 
- Sen ýeke bolsaň, isleseň bize goşulyp bilersiň. Maňa öz golaýymda seniň bardygyňy duýmak diýseň ýakymly. 
- Hawa, men seniňem ýekedigiňi eşitdim. 
- Onda goşul bize, meniň seni şu çagalaryň atasy hökmünde göresim gelýär - diýip, ene tilki owadan guýrukly tilki öz ýanynda galar diýen inçejik tama bilen gysmyljyrap ysgaşdy. 
- Görerin-dä! - Nätanyş tilki gedemlik bilen şeý diýdi-de, äm-säm bolup duran Möngözlüjä tarap öwrülip çytyldy. 
- Munyň näme?
- It. 
- Ýok edip kowup goýberseň bolmadymy? Näme, ony gökden gaçandyr öýtdüňmi?
- Hawa, ol gökden gaçdy - diýip, ene tilki nätanyş begzadany has-da geňirgendirdi. 
- Nädip? - diýip, ol ene tilki özüni oýnajak bolýan¬dyr diýen pikir bilen gazaplanyp, sesine saldam berip sorady. 
Ene tilki oňa Möngözlüje bilen bolan wakany birin-birin gürrüň berdi. Nätanyş tilkiniň öýkesi ýazylyşsa-da, ol özüniň şol bir pikirinden dänmedi: 
- Sen şonda-da mundan dynmaly. Ýaňy onuň çagaňy nädiberenini gördüňmi? Ulaldygyça-da munuň iti çykar. Güýçlener. Ana, onsoň dat günüňe. 
- Men ony öz geregime ulanmak üçin saklap ýörün - diýip, özüne düşüniler diýen maksat bilen ene tilki syryny açdy. - Itiň azgynynyň gyzyl gurt bolýanyny men gowy bilýärin. Olar bolsa möjekden has zalym möjek bolup döreýärler. Möjegiň sürä girse öz awuny alýanyna, gyzyl möjegiň bolsa gören malyny parçalap, gyzyl ýaýyrt edip gaýdýanyna sen beletsiň. 
- Itiň ulalsa, gyzyl gurt çykjagyna sen onda ynanýaň-da?
Onsoň bize muny öňe salyp, awuna şärik bolup ýörmek galýar. 
- Häý, näbileýin - diýip, nätanyş tilki Möngözlüjäniň ýalmanyp, ot-çöpleri ysgaşdyran bolup ýörşüni synlap, müňkürlik etdi. - Bu samsyjak juda bilesigeliji görünýär. Ol ýumagy çözleý-çözleý, bir gün ahyr özüniň itdiginem, it wezipesinem biler. Bizi hem tanar. 
- Ýa şeýle bolaýarmykan? - diýen wagty ene tilkiniň sesinde müýn duýuldy. 
Nätanyş tilki ugramazynyň öň ýanynda ýene-de bir gezek nazaryny Möngözlüjede egledi. 
- Bu saýry ýanymda boljak bolsa, seniň günüňe şärik bolup bilmerin. 
Şu gürrüňden soň ýolda ene tilki ilkinji gezek öz pikirine müňkürlik edip, böwrüni diňledi... 
* * *
Möngözlüje ukudan turup, töweregine sereden mahaly öz gözüne ynanmady. Görüp otursa, tilki ysly sürende onuň bir özi galan ekeni. Onuň alakjap, töweregi aýlanyp eden gözlegi-de netije bermedi. Möngözlüjä it häsiýetini ýatlap, garysyny ýassanyp garaşmadan başga alaç galmady. Ol-da: «Siz öýüňize gelmän oňsaňyz, menem sizi görmän oňaryn» diýdi-de, olaryň bir ýerden gara berjeklerine ynanyp, süreniň agzyny aldy-da ýatyberdi. 
Ýöne tilkijikler ne şol gün gara berdiler, ne-de şol günüň ertesi. Olaryň ähli zatdan geçip, Möngözlüjeden gutulmak üçin gaçyp gidenleri çyn boldy. Öwrenişen ýoldaşlaryndan aýrylyşmak Möngözlüjä aňsat düşmedi, hut şonuň üçinem ol tilkijikleriň hemişelik gidenine wagty bilen ynanmady. Göwnüne, olar ýene bir ýerden ýaltaklaşyp, şatyrym-şallak bolşup geläýjekler ýaly boldy durdy. 
Bir ýola ol süreniň agzynda garaşyp, töweregi diňşir¬genip otyrka, ötüp barýan bir kirpi oňa gabat geldi. 
- Güneşleýäňmi, goňşy?
- Hä, sen kim? - diýip, Möngözlüje heserlenip, öz öňünde agyn tiken bolup duran kirpijikden sorady. 
- Men-ä kirpi... 
- Onda men seni tanamok-la. 
- Men şu töwerekde hemişe bardym, ýöne sen üns beren dälsiň. Onsoňam biz itler bilen, tilkiler bilen şeýle bir gatnaşyp-gatyşyp ýörenem däldiris. 
- Öň gatnaşmadygam bolsaňyz, indi gatnaşmaly borsuňyz. - Möngözlüje özüne oýnara ýoldaş tapylanyna begenjinden ýeňil gopup, ýerinden galdy. 
Kirpiniň öňüne geçip, gulaklaryny selkildedip, guýrugyny bulaý¬lap, özüniň oýnamaga, gatnaşyk açmaga taýyndygyny mälim etdi. 
- Men oýun oýnamagy halamaýaryn. - Kirpi Möngöz¬lüjäniň özüni görüp, boluberşini synlap, onuň bu ýeňles hereketlerini halamaýandygyny aňdyrdy. 
- Oýnaly, oýnaberseň soň halarsyň... 
- Gerek däl. - Kirpi onuň gapdalyndan ötüp gidi¬bermekçi boldy. 
- Jan, kirpi, gel, oýnaly-la, häzir kimdir biri bilen meniň şeýle bir oýnasym gelýär. 
Möngözlüje ýene-de erjellik görkezip, özüniň höwesini mälim etdi. 
- Men oýun bilemok diýdim-ä saňa!
- Men öwrederin. 
- Maňa seniň oýun öwretjek bolan dogan-garyndaş¬laryň öň näme gördi.
- Bilemok. 
- Hany, onda senem maňa oýun öwretjek bol bakaly! - Kirpi öýke bilen ýagyrnysyny tüňňerdip düýrükdi. 
Möngözlüje towsaklap, kirpiniň bir eýlesine, bir beýlesine geçdi. 
- Bol, ine, senem şeýdip bökeläber - diýip, ony tumşugy bilen sähelçe kakdy. Ýöne şol bada-da çyňsap, gapdala çekildi. Ganjaran tumşugyny ýalap, öýkeli hüňür¬dedi. 
- Eý, kirpi, bu näme etdigiň?
- Ine, seniň dogan-garyndaşlaryň hem meni oýna goşjak bolup eden synanyşyklary şeýle gutarypdy - diýip, kirpi oňa ýaňsyly jogap gaýtardy. 
- Hä, sen ýalyny tanap goýmagam bir bähbit - diýip, Möngözlüje awunan tumşugyny ýalap durşuna öýkeli hüňürdedi. 
Kirpi şundan soň sesini çykarmady-da, gyrmyldap öz yzarlap gelýän ýolunyň yzyna düşme bilen boldy. Möngözlüje tumşugynyň awusy ýiten dessine bu duşuşygy unudyp, ýene-de ene tilkini göresi gelip, doganlaryny ýatlady. 
Möngözlüjäniň keýpsiz torsarylyp oturanyny görüp, çagalaryna öz bilýän zatlaryny öwredip ýören serçe oňa habar gatdy. 
- Jik-jik, näme müzzerip otyrsyň?
- Näme diýjek bolýaň? - diýip, Möngözlüje serçäniň sözüni öz üstünden gülünme hasap edip, gözüniň agyny köpeldip düýrükdi. 
- Sen kirpiden gaty görme diýjek bolýan. Ol şeýleräkdir, aňsat özüne degdirmez. Özem başarsa, goňşularyna kömek eder.
- Ol kime kömek edenmiş?
- Olmy, köplere. Meselem, meniň özüme-de, eger ol bolmadyk bolsa... - diýip, serçe özi bilen baglanyşykly bir wakany ýatlady. - Biz onda hol ilerki ýapynyň ýüzünde bir hinde ýaşaýardyk. Bir gün men guşlaryň howsalaly jürküldilerini eşidip, ketegimizden boýnumy çykardym. Görsem, bir ýylan guş höwürtgeleriniň töwereginde ýalpyldap aýlanyp ýör. Ony görüp, menem bada-bat özümi ýitirsem näme. Daş-töwerek bolsa agyn jürküldi... 
- Hiç kim gaçmadymy? - Enesiniň: «Ýylan görseň, sowlup gaçgyn!» diýen akylyny ýatlap, Möngözlüje serçäniň gürrüňiniň soňuna howlukdy. 
- Heý, ol owadan-jadyly gözleriň öňünden gaçyp bolýarmy näme. Hemmeler ol gözleri görenden eräp-akyp özüniň kimdigini unudýar ahyryn. Ine, şol barmana-da ýaňky ýylan birden gazap bilen yzyna - guýrugyna tarap serpildi. Bir görsem, häli-şindi gybyrdyklap, öýümiziň töwereginde görünýän kirpi onuň guýrugyna salypdyr agzy. Şundan soň ýylan iki ýana urnup, janyna jaý tapaýsa nädersiň. Ol kirpiniň tikenine urlup-urlup, birsalymdan endam-janyny gara gan etdi. Bizem ýylan gözleriniň şöhlesi öçerine mähetdel kürseşip ketek¬lerimize girdik. 
- A soň nätdi?
- Kirpi guýruga bir agyz salansoň, ony sypdyrýarmy näme. 
Serçe gürrüňini tamamlansoň, ýene-de çagalarynyň okuwyny dowam etdirdi. 
- Bökmeli, bök!
Çokmaly, çok!
Düşmeli, düş!.. 
Möngözlüje suwsap ugran çagy öz golaýlarynda kak suwundan emele gelen kölüň bardygyny ýatlady. Ol ýere barmak Möngözlüje üçin hemişe ýakymlydy. Möngözlüje bu ýere gelse, heý, bolmanda bir, ýogsa-da, üç-dört sany garaguşuň şol töwerekde uçup ýörenini görerdi. Olar bolsa hemişe Möngözlüjä onuň şol bir gezekdäki uçuşyny ýatladardylar. «Irde-giçde uçmasam, men ejem bilen uýamy tapyp bilmerin» diýen pikire bolsa ol öňräk gelipdi. Hut şonuň üçinem onuň uçýanlara gözi giderdi, özüne-de bu bagty arzuw ederdi. 
Möngözlüje bol otuň arasyndan tapan ýodajygyny yzarlap barýarka, ol ýolda henize - bu güne çenli görmedik äpet bir haýwanyna gabat geldi. Möngözlüje oňa ýetmän, on-on bir ädimlikde saklandy-da, «Bu kim boldugykan?» diýen pikir bilen öz garşysynda duran jandary synlady. 
...Okara gözler, iki ýerden naýza bolup gezelişip duran egri şahlar synladygyça Möngözlüjä gorkunç bolup göründi. 
- Hass... näme ýolumda dursuň? - Nätanyş başyny aşak egip, gaharly haslady. 
- Sen kim? - Möngözlüje ýüzugra geçibermegem birhili görüp, ol haýwandan habar sorady. 
- Men sygyr. 
- Bolaňda näme, ýaryp bilýärmiň?
- Ýok, süsüp bilýärin. Hass... 
- Gaty süsýärmiň?
- Sowul ýoldan, seniň bilen sarmaklaşyp durara mende wagt ýok. 
- Näme, ýol seniňkimi? Özüň aýryl, ony hol otlukdan özüm tapdym. 
Sygryň şahlaryny taýynlap boluberşini görüp, Möngözlüje bir tarapa çekildi-de, oňa ýol berdi. 
- Geç onda. 
- Hass... 
- Häý, bularyň hersiniň bir halta ýeli bar-haw... - diýip, Möngözlüje sygyr şalkyldap gapdalyndan geçensoň öýkeli hüňürdedi. 
Möngözlüje kölüň başyna gelen çagy ýaňky ýolda duşan sygra meňzeş birnäçe haýbatly sygryň kölüň içine girip, suw içişip duranyny, birnäçesiniň bolsa kenarda güberişip ýatanyny gördi. Durup, olary synlansoň heder etme bilen, ýaňky sygra sowlup ýol berenini ýatlap, öz eden hereketini dogry tapdy. «Ýogsam, bular köplenişip, meniň işimi görerdiler» diýip oýlandy. 
Güzere inip, suw içip durka bir tanyş ses onuň gulagyna eşidildi. 
-Wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz, 
Dünýäde iň güýçli biz...  
- Eý, güjüjek, goçak bolýarmyň?
- Saňa näme?
- Sygyrdanam gorkduňmy, ha-ha-ha... 
- Nämä gülýäň?
- Seniň sygyrdan gorkanyňa gülýän. 
- Onuň gorkunç gözleri hem şahy bar ahyry, birden süsäýse nätjek?
- Men barkam gorkmagyn! Ine, seret, men häzir olardan seniň aryňy alyp bereýin. 
- Nädip?
Gögeýin aýdymyna hiňlenip, asmana göterildi. Birsa¬lymdan sygyrlar guýruklaryny bulaýlaşyp, duran ýerlerinde şallaklaşyp, biynjalyk bolşup ugradylar. Ýöne gögeýin munam az gördi. Ol sygyrlary bir ýere üýşürdi-de, soňundanam olary şatyr-şallak edip kowalap, jülgäniň içi bilen öňüne salyp gitdi. Möngözlüje gögeýiniň gidenine begendi. Sebäbi ol gögeýiniň bar ýerinde özüni diýseň oňaýsyz duýýardy. Ony göreninden görmedigini iki ýarym esse dagy gowy görerdi. 
Ol suw içip ganansoň, bir depäniň üstüne çykyp, ýene-de asmany synlamaga oturdy. Bu gün asmanda ýekeje-de bulut ýokdy. Özi-de ýaşyl öwsüp oturan meýdana juda meňzeşdi. Häzir ol ýerde ençeme garaguş üýşüşip-çaşyşyp, uçuşyp ýördi. Olar öz aralarynda haýsydyr bir zadyň dawasyny edýärdiler. 
Garaguşlaryň gaýmalaşyp ýören tarapyndan et ysy gelýäni üçin, Möngözlüje ikirjiňlenmän şol tarapa ugrady. Golaý baran mahaly ol asmandaky garaguşlaryň dawasyny aýyl-saýyl eşitdi. Olar öz aralarynda asmanda nobatçylyk çekmek gezeginiň kimiňkidigini takyk¬laýardylar. 
- Sen nobatçy bolmaly!
- Ýok, sen bolarsyň!
- Men ertir irdenem garawulçylyk çekdim. 
- Sen irden ejeňe derek durduň. Häzir bolsa, özüňe derek durarsyň!
- Men häzir guzy awlap geldim. Bir zat iýmesem durarlygym ýok. 
- Näme-de bolsa, öz deregiňe özüň durmaly bolarsyň. 
Ýokarda dawalaşyp, belli bir netijä gelşip bilmän ýören garaguşlardan, aşakda iki diwar bolup oturan baýyrlaryň oýtumyndaky maslygyň üstündäki gara¬guşlar has-da kän ekeni. Ortada, özünden güýçlä gabat gelen bir gulan güberilip, depe bolup ýatyrdy. Töwerekde etiň, onda-da täzeje, ganlyja etiň akylyňy çaşyryp barýan ýakymly ysy bardy. 
Garaguşlar gulanyň kellesinde, budunyň üstünde, boýnunyň üstünde oturyp, onuň gözlerini, gapy açylan garnyny, boýnunyň ýüzüni özleriniň demir çüňkleri bilen ýerli-ýerden talaýardylar. 
Garynlary dok, gozganmagy kyn görşüp oturan garaguşlar Möngözlüje görnen çagy oňa ulumsylyk bilen seredişdiler. 
- Ýeri, saňa näme gerek?
- Il iýýä, menem azrak iýäýsem diýýän. 
- Ýene birden seniň özüňem şu ýatan gulanyň gününe düşüp durma. Şu-da ölerin öýdenokdy. Agşam welin iki sany möjek duýdansyz gelip, ikisi iki ýerden topulyp, ilki depeden togalap, onuň aýagyny döwdüler. Soňundanam janyny alyp, garynlaryny doýrup gitdiler... 
- Ýok, meniň oňa meňzäsim gelenok. - Möngözlüje rejäň geň däldigini, bularyň arasyna düşse, oňlulygyň bolmajagyny pikir edip, ökje ogurlap, yza tesdi. 
- Ony häzir köpleşip basalyň, ýogsam, ol sammyjak soňra bize hezil bermez. Oňa entek gorkmany öwret¬mändirler. 
Garaguşlaryň arasyndan birisi has-da janygyp gepledi. Emma ses gyryljyk çykany üçin, garaguşlaryň hiç birisi-de ony hasaba almady. 
Möngözlüje bu sesi tanap, biraz ýöränden soň, ýene-de yzyna döndi. Gulanyň boýnunda oturyp, özüne gahar-gazap bolup seredýän, bir ganatyna ýaplanybrak oturan garaguşy ol dessine tanady. Bu şol gezek Möngözlüjäni alyp asmana göterilen, ony şu günlere düşüren gara¬guşdy. Möngözlüje köne tanşyna duşanyna begendi. Ýöne onuň özüni görenden tasanyp boluberşine welin geň galdy. Möngözlüjäniň asla garaguşa ýamanlyk edesi gelenokdy. Sebäbi ol entek nädip ýamanlyk etmelidigini bilenokdy. Tersine, özüni özgelerden saýlap asmana uçurany, guş bagtyny bereni üçin ondan minnetdardy. Uçmagyň hezilligini bolsa ol görüpdi. Şonuň üçinem garaguşy gören mahaly ýene-de onuň juda uçasy geldi. Höwesli dalbynyp garaguşa boýun burup ýalbardy. 
- Gör, nähili gowy gün. Seret, hol-ha Günem uçup aýlanyp ýör. Ýör, bizem şonuň ýanyna uçaly!
- Ýit-ä dikdüşen sebil! - Garaguş onuň sözüne düýrükdi. 
- Garly daga hem indi biz has golaýlandyrys. Ýene bir uçsak oňa-da ýeteris. Möngöz alysdan seleňläp görünýän Garly daga gözügidijilikli seredip, ýene-de garaguşa höwesli ýalbardy. 
- Ýit diýdim-ä men saňa. Uçaly... Uçaly, gary görneni bilenem hany bu ýakynda saňa Garly dag barmy. 
Şu pursatda gysga salymam bolsa Möngözlüjäniň höwesine ylyganyny garaguşuň özem duýman galdy. 
- Başyndaky, egnindäki ak gar ýapynjasy oňa diýseň gowy ýaraşýar. Owadanlygy bolsa gör, men nähili synlamagy gowy görýärin. Gün çykyp bu gün-ä ol has hem owadan bolupdyr. 
- Indi uçup bolandyrys. - Garaguşuň sesi gussaly eşidildi. 
- Näme üçin? 
- Näme üçiniň bormy. Mönsüräp aýag-a owratdyň, deýýus. Badalgaň, döwük aýak bilen uçup bolýarmy?
Möngözlüje özünde hiç hili müýn duýmaýanlygy üçin, ýene garaguşa düşünmedi. Gaýta, garaguş bol etden garnyny doýransoň uçmaga ýaltanýandyr. Garnym doýansoň meniň-ä ukym tutýardy... diýip alasarmyk oýlan¬dy. Möngözlüje garaguşdan möhüminiň bitme¬jegine düşünensoň, ýene-de garnyny otarmagyň ugruna çykdy. Garaguşlaryň arasynda öz tanşy hem bar bolany üçin, üstüne topularly bolup görnen guşlardan indi oňa öňküsi ýaly juda bir howply bolup hem görünmedi. Näme çekinip, köpüň içinde arkaňy alaýjak garaguş ýaly öz guşuň barkan! Möngözlüje şundan soň yzyna öwrülip, gapydan kowlan penjireden geler etdi-de, gelip gara¬guşlaryň arasyndaky bir açygrak ýerden tumşugyny sokdy. Garynlary dok garaguşlar oňa üns hem berme¬diler. Diňe Möngözlüjä belet garaguşuň şundan soň bokurdagyndan zat ötmedi. Ol Möngözlüje ýakynlaşsa, onuň temmisini bermek maksady bilen başyny göterip häzirlendi. Ýöne Möngözlüje welin oňa barmysyňam diýmedi. Tenini gataldyp, gaçarak durup, garnyny doýransoň, ýene-de yzyna dolandy. 
Garaguşlar bilen bu gezekki duşuşyk Möngözlüje üçin diýseň peýdaly boldy. Ol soňra islän çagy asmany synlap, garaguşlaryň gaýmalaşýan ýerinden özüne bir garbanarlyk iýmit tapdy. 
* * *
Möngözlüje garaguşlaryň toýunda bolup garnyny doýransoň, öz tilki doganlary çapawulçylykdan dolanyp gelendir diýen pikir bilen ýene-de sürenine dolandy. Ýolda howlukdy. Ganlyja et iýeninden soň, suwsaýanyny ýatlap, kaka inip suw içdi diýäýmeseň, ol ýolda hem hiç zada güýmenmedi. 
Ýöne näçe islese-de, onuň tamasy çykmady. Süreniň töwereginde onuň göresi gelýän doganjyklary ýene-de ýokdular. Olar ýene birsalymdan, hatda ondan soňragam gara bermediler. Möngözlüjä doganlarynyň gözlegine çykmadan başga alaç galmady. Ol ilki taýyn «aw» bolýan ýerleriň birinjisini, soňundanam aýlanyp, başga-da birki sanagyny barlaşdyrdy. Dymyljyk etiň ysy gelýän ýapy¬nyň depesinden inen wagty ol bir möjegiň porsan goýnuň töwereginde timisgenip ýörenini gördi. Ol bu möjegi öň hem tilki enesidir doganlary bilen gelende şu ýerde birki sapar görüpdi. Her gezegem eneleri olary möjegiň töweregine eltmän, öz töwereginde saklardy: «Sabyr ediň! Ol möjekler kimdir biriniň öz «taýyn aw» edýänini görse utanar. Görmedik boluň ony!» diýerdi. Soňundan bolsa möjegiň jahyl döwrüni ýatlap, onuň islän sürüsine darap, awuny gapyp, mes ýaşandygyny, Gyzyljaryň möjeklerine demini ýöredip gezen serdar bolandygyny öz könelerinden telim gezek eşidendigini ýatlardy. 
Garry möjek dişiniň basan et böleklerini iýişdirip, ýene-de assa-ýuwaş ýöräp yzyna dolandy. Ol özünden güýçli tapylan güni onuň tabynlygynda ýaşamagy özüne peslik bilip Gyzyljary terk edip gaýdypdy. Indi ol ölmek isleýärdi, ýöne ölüp bilenokdy. 
Möngözlüje öz gapdalyndan yraň atyp gelýän garry möjegi geçirensoň, ýene-de yzyna dolandy. Bir baýryň jülgesini syryp seňkildeşip barýan tilkileri görende, Möngözlüje bada-bat özüniň haýsy ýere barýanyny unutdy. Özüniň gözleýän tilkilerini ýatlap: «Şolar, şolar bolaýmasyn» diýip oýlandy. Ýüregi galkyjaklap, begençli gürsüldedi. Ol aýagaldygyna ylgap, tilkileriň yzyndan ýetende, olaryň özüniňkiler däldigini gördi. Şeýle-de bolsa, onuň bulardan galasy gelmedi. 
Ene tilki bilen ata tilki ony duşman saýyp gaýtargy berme niýeti bilen yzlaryna öwrülen wagty: 
- Menem özüňiz bilen äkidiň! - diýip, Möngözlüje olara ýalbaryp özelendi. 
- Seniň biz bilen işiň ýok. 
- Men doganlarymy gözleýän, olaram siz ýaly tilki¬jiklerdi. 
- Ýeri, agzyňy öweldip samahyllaberme. Itden bize dogan bolmaz. 
- Beý diýmäýmelidiň-dä. - Möngözlüje tilkilerden ýakymly söz eşiderin diýen tama bilen ýene-de mylaýym gürledi. 
- Seniň biziň bilen işiň ýok. 
- Nämüçin?
- Üçini sen it. 
- Bolanymda näme?
- Näme diýýämiň? Nämäniň sebäbi şol: it öz itligi bilen bolmaly, tilki hem tilkiligi bilen, düşündiňmi?
- Ýok, düşünmedim. 
- Ine, düşünmeseň - ata tilki güýjüne daýanyp, Möngözlüjäni tumşugy bilen hütletdi. Möngözlüje diňe häzir, awunandan soň, özüniň bulara juda golaý dura¬nyny bildi. Oňa şundan soň «Eý, bular-a biziňkiler däl ekeni» diýip, yzyna dolanmakdan başga çäre galmady. 
Ýatar wagtyň öň ýanlarynda Möngözlüje süreniň öňünde doganlaryna garaşyp, olaryň gaçyp gidenlerine ynanyp bilmän, ýola garap ýatyrdy. Işsizlikden, näbelli bir zada degip biraz agyran çep aýagyny ýalaşdyrýardy. Asmany, ýyldyz¬laryň barha köreýän ýerini synlaýardy. Ýeňsede bir ýerlerden adam sesine meňzeş ses eşidilip ugran mahaly Möngözlüje bada-bat bilesigelijilik bilen heserlendi. «Bu näme bol¬dugykan, ol gygyrýan kimkän, adam bolsa gerek, ýene-de meniň eýäm şol çopan meni gözläp ýören bolmasyn?!»
Möngözlüje tanyş ys bardyr diýen tama bilen howany ysyrgandy. Howada hiç hili tanyş ys ýokdy. Ol ses birsa¬lymdan ikinji gezek, soňundanam üçünji gezek gaýtalandy. 
Telim bir guş sürüsi Möngözlüjäniň üstünden şol ses gelýän tarapa uçup geçdi. Ol ýerde näme-de bolsa, bir zadyň bardygy şundan soň Möngözlüjä-de mälim boldy. Ses gelýän tarapa birsalym seredip duransoň, Möngözlüje ol sesi anyklap görmegi ýüregine düwdi. Ýylgynlygyň baryp çetinden giren mahaly, bassyr-bassyr gaýtalanýan bu ses oňa has-da çasly eşidildi. Tizden ol öz öňünde iki sany lowurdap ýanyp duran gözi gördi. Ol birbada öz gören zadyna ynanyp bilmedi. Onuň öňünde bir ýylgynyň bilinde hüwi yranyp otyrdy. Adam sesinde uwlap gygyr¬ýanam şol ekeni. Onuň öňi bolsa agyn guşdy. Guşlaryň gelim-gidimi henizem dowam edýän ekeni. Hüwi bolsa erteki otarýardy. Möngözlüje hem başga-da bir edere işiniň ýoklugyny ýatlap, öz gizlenip oturan ýerinde çöküp, hüwiniň ertekisini diňlärmen boldy. 
- Bilýäňizmi näme? - diýip, hüwi hut ýaňyja aýdyp gutaran gürrüňine täzeden, hut ilkinji gezek aýdylan¬daky ýaly hyjuw bilen başlady. - Bir wagtlar hemmeler uçup bilýän ekenler. Hatda düýelerem, pillerem, žiraflaram, ähli haýwanlar uçup bilipdirler. Şonuň üçinem gögüň, ýüzi hemişe gara-gura bolup duranmyş. Göz öňüne getiriň şol läheň haýwanlaň arasynda bize uçma¬gyň nähili kyn bolanyny. Hut şonuň üçinem biziň ýaly kiçi guşlaryň her gün telimsi çaknyşyp, heläk bolupdyr. Bu dünýäde kiçi bolana, sada bolana gün barmy näme! Olaryň kimsini krokodiller, kerkler, gippopotamlar öz ganatlarynyň ýelgini bilen heläkläpdirler. Olary tutup, diýmejegini diýmäge mejbur edipdirler. 
Bir günden bir gün kiçi guşlaryň arasynda bir dana guş tapylypdyr. Ol başynyň tüýi düşen, bürgüdiň ýumurt¬gasyndan çykan guş ekeni. Hemmeleriň çydam käsesiniň pürepür bolanyny görüp, bir gün ol kiçi guşlaryň wekillerini maslahata çagyrypdyr. Geljekler gelşensoňlar bolsa: «Doganlar, bize indi bu sütemden dynmaga wagt boldy» diýipdir. Maslahata gelenler ýerli-ýerden: «Nädip-de, nädip?» bolşup, ýene-de dana guşuň özüne sala salanmyşlar. Dana guş şonda olara agzybirlik bilen ýeri öwmegi, şeýdilse, uly guşlaryň göwnüni bölmeginiň mümkindigini aýdypdyr. «Oturan-turan ýeriňizde siziň mesgeniňiz ýer, biziňki bolsa asman» diýip gaýtalamagy maslahat beripdir. Diňe şeýle edilende, asmany eýeläp, ine-gana uçup boljagyny nygtapdyr. 
Olar bize: «Ýit, eý, samsyk guşlar!» diýmezmikä? - diýşip, käbir guşlar birbada üstünligiň boljagyna ynan¬mandyrlar. 
Dana guş: “Birine şol bir zady köp aýtsaň, onsoňam şol bir sözi bir agyzdan däl-de, köp agyzdan eşitse, ol iru-giç böwrüni diňlär. Bolmanam bir günde hiç kimi ynandyryp bolmaz. Yzygider hem erjel hereket etmeli” diýipdir. Şundan soň guşlar «hoş» diýşip, dana guşuň maslaha¬tyny göwünlerine jaý edişip, ýedi yklyma ýaýranmyşlar. 
Oturan-turan ýerlerinde dana guşuň öwreden sözle¬rini gaýtalanlary üçin, ilki munuň hut şeýledigine, öz sözleriniň täsirine berlip, guşlaryň özleri ynanypdyrlar. Özleri öz diýýän zatlaryna ynanansoň, özgeleri muňa ynandyrmak kiçi guşlara şeýle bir kynam bolup durman¬dyr. Kem-kemdenem bolsa uly guşlaryň ýere bolan ýakynlygy artypdyr. Olar ömrüniň köp bölegini ýerde geçiripdirler. Uly guşlaryň soňkurak nesli bolsa uçmagy ýeňlesleriň işi hasap edipdirler. Şundan soň tebigat öz oňaryp beren ganatlarynyň uly guşlara gerekmejegini görüp: «Uçmajak bolsaňyz, size ganat nämä gerek?» diýipdir-de, olary ganatdan mahrum edipdir. Dana guş şeýdibem mamla bolupdyr. 
- Eý, hüwi, aýtsana, meniňem ata-babamyň ganaty bolanmyşmy? - Möngözlüje gürrüňe berlip, özüniň görünmän ýatanyny unudyp, ata-babasynyň ganaty bilen gyzyklandy. 
Duýdansyz sese guşlar alabasgy bolşup asmana göterildiler. Ýüregi sarsyp, iliň biri bolup uçan hüwi asman¬da bu sesiň kimiň sesidigini ýadyna salansoň, hol beýleräkdäki başga bir ýylgynyň üstüne gondy. 
- Şol aldananlaryň arasynda seniňem köneleriň bar ekeni. 
- Gör, nähili gynançly zat. 
- Boljak iş bolansoň, soňundan gynananyň peýdasy bolmazmyş. 
- Eger ata-babam ganatly bolanlygynda, menem ganatly bolardym. Hezillik şonda bolardy. Men islän ýerime uçup ýeterdim. Uçmagyň nähili gowy zatdygyny bolsa indi men bilýän. 
- Hüm-m, seniň biläýşiňi. - Hüwi süýji arzuwa berlip, asmanda uçan pursadyny gowy bir zat hökmünde ýatlan Möngözlüjäni samsyk saýyp ýaňsylady. - Sen bir bagty getiren ekeniň, seniň ýaly güjüjekleriň telim birisi senden soňam garaguşlaryň demine düşdi. Senem indi biraz bolan-goýandan baş çykarmagy oňar. Sen eýýäm tokarja güjük ahyryn. Seniň deň-duşlaryň eýýäm birgiden zat bilýärler. 
- Menem bilýän. 
- Sen bilýänem tanaňok. 
- Ýeri, onda men seniňçe nähili bilmeýämişim?
- Hol garly dag tarapda seniň ejeň bilen uýaň bar, sen heniz şonam bileňok. Ejeň görgüli heniz-henizlerem seni ýatlap, asmana seredip çyňsaýar. A, sen bolsa... iliň gürrüňini diňläp, aýlanyp ýörsüň. Ondan-a dag tarapa git-de eneňi, uýaňy gözle. 
Hüwini diňlänsoň, Möngözlüje lapykeç halda yzyna dolandy. Ol ýolboýy enesini, uýasyny, özüni eý gören çopany ýatlady hemem bularyň ysyny ýatdan çykar¬manyna begendi. 
Onuň gelip sürenine girjek bolanam şoldy welin, kepjebaş ýylan haşlap, onuň öňünde dikeldi. 
- Ýeri, kim gerek saňa?
- Bu ýeri meniň öýüm... 
- Seniň öýüň bolmaz bu ýerde. 
- Bolýar, bolýar, ýalňyşypdyryn, gidäýerin... 
Möngözlüje ökje ogurlap yzyna gaçdy. Ýylan bilen iş salyşmaly däldigi Möngözlüjä ejesiniň ilkinji öwreden zatlarynyň biridi. Ol «Ýamandan boýuny satyn al» diýleni edip, gözüniň gören tarapyna yzyny gözlemän gaçdy. Onuň soňra gaýdyp öz gorkan ýerine dolanasy gelmedi. 
Gijäniň köpüsini haýsy ýerde ýerlejegini bilmän elewräp gezen Möngözlüje ertir irden bir baýryň güneş ýapysynda oýandy. Ibirtde-zibirtlik onuň töwereginde indi bireýýämden bäri dowam edýärdi. Suwulganlar hasanaklaşyp, onuň kä eýlesinden geçýärdiler, käte beýlesinden. Beýleräkde durup, hekgerişip, ony aýratyn bir dymmak bilen synlaýan suwulganlaram bardy. 
Möngözlüje hiç zady hasaba alman, ýene birsalym şol bir ýatyşyny üýtgetmän, asmanyň garaguş ýaly öwrüm edişip ýören bulutlaryny synlady. 
Garaguşa meňzeş bulutlar garaguş bolýan ýerde iýere bir zadyň bolýanyny ýatladyp, ýene-de Möngöz¬lüjäniň agzyny suwartdylar. Şol arada bir suwulgan kürsäp onuň aşagyna dykyldy. Möngözlüje özüniň äsgerilmändigini görüp düýrükdi. 
- Eý, sen ýylanyň nämesi?
- Hiç zadam däl. 
- Özüň-ä meňzeýäň. Ýöne hereketiň bilen gözüň birneme elek-çelegräk. 
- Sen, it, gowusy, agnan bolup ýatma-da, biziň hinimiziň agzyndan tur. Biz indi bir wagtdan bäri oňa girip bilmän durus!
Möngözlüje suwulgany diňläp, «Bäý, meniň baran ýerim gap-çanak bolaýýar-ow» diýdi-de, bir gyra çekilip, olara geçere ýol berdi. 
Şol arada öýüne girip, bir ýerlere gitme maksady bilen çykan çalasyn suwulgan gapdalyndan geçen mahaly bir ýoknasyzyny atdy. 
- Eý, it, senem beýdip ýörmän, gidip, beýleki itler ýaly bir sürini saklasaň bolmaýarmy?
Özünden kiçiniň bilimsek bolan bolup özüne akyl bermegi Möngözlüjä ýaramady. Ol iki bökende suwul¬ganyň yzyndan ýetip, onuň guýrugyny basdy. 
- Hany, ýaňkyja diýeniňi ýene-de bir gaýtala!
Dilinden bela galan suwulgan iki ýana urnup, çar tarapa elewredi. Şol barmana-da suwulgan guýrugyny göwresinden bölüp galdyrdy-da, öz häsiýeti bilen Möngöz¬lüjäni geň galdyryp ara açdy. 
Möngözlüje öz öňünde düýrülip-ýazylyp ýören, kiçiräjik ýylany ýatladýan janly guýrujygy görenden geň galyp, bada-bat öz maksadyny unudyp aýak çekdi. Sebäbi ol suwul¬ganlaryň gaty gyssanan ýerlerinde, guýruk¬laryny taşlap gaçýanlaryndan bihabardy. 
Ol suwulgan guýrugynyň bölünip galanyndan habar¬syzdyr öýdüp onuň yzyndan gygyrdy. 
- Eý, eý, balagyň galdy, dur-eý!
Zähresi ýarylan suwulgan esli gaçansoň hekgerip yzyna gözlese-de, dolanyp guýrugynyň yzyndan gelmedi. 
Möngözlüje şol kürtdürip duran ýerinde butnaman durşuna janly guýrujygy ýene biraz synlansoň, guýruk özüne niýetlenip galdyrylandyr öýtdi-de: 
- Men seniň guýrugyňy başyma ýapaýynmy? - diýip, öýkeli hüňürdedi. 

Категория: Powestler | Просмотров: 28 | Добавил: Has | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: