11:12
Şo gün / hekaýa

ŞO GÜN

Baýry žurnalist Keşik ANNAÝEWE bagyşlaýaryn.

Bu onuň şo gürrüňini beren baýry bolmaly. Men muny şeýleräkdirem öýdýärdim. Bu ýerden seretseň, ha-ana, oba-da eliň aýasynda ýaly. Ho aşakda birtopar çaga oýnap ýör. Olaryň arasynda Nikolaýyň agtyklary hem bar.
Onuň bu sähra ýaşlygy siňipdir. Şu göm-gök öwüsýän baýyrlykda obany synlap ýatyşyny, agnaýşyny gürrüň berşi şu pille aýdylýan ýaly hakydamda galypdyr. Ýatda galmaz ýaly hem bolmady-la. Ol bu hakda bir däl, iki däl, juda köp gezek gürrüň beripdi. Hakydamda könelmeýänligi, megerem, şonuň üçindir? Käte men onuň şo bir lenji çykan gürrüňlerini diňlemezlik üçin müň bir bahana agtaryp, gürrüňi başga ýodajyga sowmaga çalşardym. Peýdasy ýokdur, şol başga ýoda sowlan gürrüňiň uşlybyny ol ýene öz baýyrly gürrüňli ýodasyna sowardy. Soň ýene men ony diňläp oturandyryn. Üns berip diňlemeseň hem ol gaty görerdi.
Görüp otursam, ondan bäri kyrk ýyl geçipdir. Ýyllar geçdigisaýy meniň bu ýerleri göresim geldi. Teýahyr ýüregimi bire bagladym.
Nikolaýlaryň öýüni sorap ahyr tapdym. Nina adamsy bilen bile söweşendigimi eşidip, begenjine, saklanyp bilmän, meni garsa gujaklady, sojap-sojap aglady. Näme diýeýin?! Men oňa ýagşydan-ýamandan hiç zat aýdyp bilmedim. Onuň köşeşerine garaşdym.
Oturdyk, gürleşdik. Nikolaýy ýatladyk. Nina Nikolaýyň hatlaryny getirdi. Ondan men barada ýazylan ýerlerini okap berdi. Ol Nikolaý bilen düşen suratymyzy ulaltdyryp, diwardan asyp goýupdyr. Hana, juwanlygymyz – uruş ýyllary bize ýylgyryp seredip dur.
Nina bilen baýyrlyga gaýtdyk. Onuň ýany bilen gaýdan agtyklary garabaşlaryna gaý oýnaşyp ýörler. Ninanyň welin şol öňki galagoplylygy. Ol Nikolaý barada, onuň gezen ýerleri barada maňa gürrüň berýär. Ol bu ýerleri mukaddes hasaplaýar. Bu mümkin, adamsynyň gezen ýerleri, onuň bu ýeri gowy görenligi üçindir?! Muňa öz ýanymdan begendim. Ol maňa Nikolaýyň urşa gitmezinden bir gün öňki oturan ýerini, kimiň nirede oturandygyny gürrüň berdi. Onuň gürrüňini diňledigimçe, meniň göz öňüme Nikolaý bilen baglanyşykly iň soňky waka geldi.
...Ýeri, ukladyňmy? – Awtomatyny gujaklap ýatan Nikolaýy yraladym.
– Dogrymy aýtsam... – diýip, Nikolaý çalaja ýylgyrdy. – Häzir arzuw edýän.
– «Nemisleri ýeňsek!» diýipmi?
– Başga zat barada – diýip, Nikolaý omuzgandy. Jübüsinden temmäki haltasyny çykaryp maňa uzatdy. – Meniň ýaşaýan ýerimi göreňok-da sen! Zeleli ýok. Ynha, tiz uruş gutarar. Şonda seni hökman myhmançylyga çagyrjak. Ýolharjyndan gaçman bargyn. Eger aýalyň ýol harjy bermese, maňa: «Guk!» diýäý. Men Ninany yraryn. Aýalym erbet däl, myhman gelse, gysylyp duranok. «Frontdaş dostum, urşuň başyndan tä ahyryna çenli bile bolduk» diýsem-ä, ol seni hasam gowy görer. Gerek bolsa, ýol harjyňa-da kömek ederis. Aýalyňa sowgadam ibereris. Barsaň, aýalym ikimizi çakyr bilen hezzetlär. Biziň ýasaýan çakyrymyz obamyzda iň gowy çakyr hasaplanýar. Içseň bilersiň! Öýümiz obanyň çetinde. Gapdalymyz baýyrlyk. Ýazyna biçak gowy bolýar ol. Her ýekşenbede Nina bilen çagalarymyzy alyp baýra çykýas. Iýlip-içiljek zat laram ýanymyzda. Ýanym bilen çakyr alsam, aýalym garşy bolup duranok. Açyk howada biraz içseň gowy-da. Ninanyň özem şonda bir bulgurjyk goýberýär. Soň çagalar bilen otuň üstünde basalaşyp oýnaýas.
Nikolaý çilimini keýpihon sorup, joşgunly gürrüň berýär. Bu meniň indi üçünji ýyl bäri şolbir eşidip ýören gürrüňlerim. Sähel imisalalyk bolsa, ogly Ýura, gyzy Lena barada gürrüň bermäge başlar. Ýöne onuň bu günki gürrüň berşi judabir ýürege düşenokdy. Sebäbi güýmenere başga bir zat hem ýokdy.
Adam özüne bir zat boljagyny öňünden duýýar diýýärler. Şol dogry bolsa-da ahmal. Nikolaý ir bilen hat ýazmaga başlady. Ol ebedi hoşlaşýan ýaly aýalyna, dost-ýarlaryna hat ýazyp çykdy. «Elim gurşup gitdi. Alty hat ýazdym» diýip, ol barmaklaryny şokurdatdy. Onuň günorta hem, geň galaýmaly, öňkülerinden işdäsi açyk boldy. Soňam okopa geldi-de, esli ýatdy. Gürrüňe ýol açylanyna begenýän ýaly, ol ýylgyryp gürrüňini dowam etdi:
– Şo zatlar göz öňüme gelýär, Kertik. Ine, şeýdip ýaşamagy arzuw edýärin! Bir gezek näme boldy diýsene?! Uly oglum Ýura ýaňy üç ýaşyndady. Ony alyp baýra gitdik. Birdenem ýagyş guýup başlady...
Duşman toplarynyň sesleri Nikolaýyň gürrüňini soňlatmady. Ýene söweş başlandy.
Şol gürrüň onuň bilen eden iň soňky gürrüňim eken...
– Biz Nikolaý bilen baharyň her ýekşenbe gününde şu ýere gelerdik. Göwnüm ýene şony isleýär. Elbetde, men munuň beýle bolmajagyny bilýän-le. Bu ýöne bir hyýal... – diýip, Nina adaja gürledi. – Bir gezek näme bolupdy diýseňizläň?! O wagt Ýuramyz üç ýaşlaryndaky çagady. Baýra geldik. Ýaňy oturyp-oturmankak ýagyş ýagmaga başlady. Bir zatlarymyzy ýygnaşdyryp ugradyk. Ýura penjegini çykardy-da, ony kakasynyň kellesine ýapdy. Men: «Bu näme etdigiň? Buýasyň gelýärmi?!» diýip azgyryldym. Ýura bolsa gara çyny bilen jogap berdi: «Kakamyň kellesinde başgaby ýok. Ol üşär». Muňa Kolýa ikimizem geň galdyk. Kakasy oglunyň aladasyna monça bolup, ony bagryna basdy. Olara seredip, begenjime aglapdyryn.
Ýura, göwnüme, şo gün ata mährinden ganyp bilmejegini aňyp, kakasynyň gujagyndan aýrylmadyk ýaly bolup dur. Men bolsa onuň beýle kakaçyllygy üçin käýärdim. Indi welin muňa ökünýärin. Ýura delräk kökemidir süýji berseň, ol hökman şondan kakasynyň paýyny aýryp goýardy. Ony enaýyja edip kagyza dolardy-da: «Bu kakamyňky, gelse iýer» diýerdi. Kakasy üçin goýlan zatlary bolsa garynja iýer giderdi ýa olar zaýalanardy. Muňa Ýura gyýlyp sojap-sojap aglardy. – Nina çiňerildi: – Hana, Ýuranyň özem gelýär.
Men ýerimden galdym. Bize tarap gelýän ylla Nikolaýdy. Hut şoldy! Men birsalym onuň elini gysyp durdum-da, garsa bagryma basdym. Göýä Nikolaýy gujaklan dek boldum.
– Hany, onda sag-aman geleniňiz üçin! – diýip, Ýura bulgurlara çakyr guýuşdyrdy. – Munuň ýaly gün, onda-da baýyrda içsek, ejem hiç zat diýmez-le?!
– Içiň, içiň, noş bolsun!
– Biziň ýasaýan çakyrymyz obamyzda iň gowy çakyr. Içiň, şonda bilersiňiz! Ýeri, haladyňyzmy?
– Haladym.
– Eje, hany, senem munuň ýaly günde boş oturma. Bir bulgurjyk goýber.
– Içiň siz – diýip, Nina, birhili, gama batdy. Özüne näçe erk etjek bolsa-da başarmady: gözleri nemlendi.
– Ýeri, eje, näme bolýar? Bu gün begenmeli ahyryn! Senem, sähel bolsa, gözüňe ýapyşyberýäň.
– Kakaň ýadyma düşýär, oglum...
Ara ümsümlik aralaşdy. Ýuranyň hem göçgünliligi gaçdy. Ol näme diýjegini bilmän, kimdir biriniň dillenerine garaşdy.
Nina bilen gürleşip, Ýuranyň hereketlerini synlap, frontdaş dostumy görençe boldum. Göwnüme, ol ölmedik ýaly. Onuň aýalynyň, oglunyň aňynda şindizem ýaşap ýörşüne monça boldum.
Ýura biraz salymdan soň, maňa ýüzlendi:
– Kakam meni juda gowy görýär eken. Ejem gürrüň berýär, bir gezek baýra gelipdiris. Ýaňy oturyp-oturmankak, ýagyş ýagyp başlapdyr...
Ýuranyň welin gürrüňiniň arasy bölünmedi.
Şo-ol ençe gezek eşiden gürrüňimi ýene hezil edip diňledim...

1983 ý.

Osman ÖDE

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 207 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 1.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: