09:29
Siz türkmençe bilýäñizmi?

SIZ TÜRKMENÇE BILÝÄÑIZMI?

Bu sowalyñ sizi geñirgendirmegi hem ähtimal. "Elbetde, aýtjak bolýan pikirimizi başga dilde däl-de, türkmençe beýan edýäs ahyryn" diýip, bada-bat jogap bermegiñiz hem mümkin. Ýöne bu entek dili kämil bildigiñ däl ahbetin. Ata-babalarymyzyñ asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelen "Ýigidi gep urşundan tana" diýen pähimi bar. Hut şu pähimde jaýdar nygtalşy kimin, adamy gepleýşinden, ulanýan sözlerinden çen tutup, onuñ neneñsi adamdygyny, öz ene dilini niçiksi bilýändigini anyklamak mümkin diýsek biz bilen ylalaşsañyz gerek.
Öñräk awtobusda barýarkak gapdalymyzda duran iki sany kişi öz aralarynda durmuş aladalary barada gürrüñ edýärler. Olaryñ biriniñ "Men-ä howlumyzdaky goş-golam goýýan jaýymyzy döwüp, indi onuñ ýerine hammam gurjak bolýaryn" diýip, beren gürrüñi bizi biparh goýmady. Eýsem "jaý döwülýär" diýilmän "ýykylýar" diýilýär ahbetin. Käbir adamlaryñ şeýle hörpli söhbetlerini diñläniñde olaryñ gaýry dillerde pikirlenip, şol pikirlerini hem şo bada türkmenç beýan etjek bolup, göz-gülban ýagdaýa düşüşlerine haýpyñ gelýär. Haýpyñ gelmez ýaly hem däl. Gynansagam, şeýle hadysalara köp gabat gelinýär.
Harby bölümlerde bolanyñyzda "Ýaş esgerleriñ kasam kabul edişligi bolýar" diýilýänine belki, özümizem duş gelen bolmagyñyz ähtimal, hormatly okyjylar. Hatda käbir galamgärler hem metbugat sahypalarynda çykyş edenlerinde "N-nji harby bölümde ýaş esgerler kasam kabul etdiler" diýip ýazýarlar. Eýsem kasam kabul edilmän kasam edilýändigini, ýagny ant içilýändigini aýratyn ýanjap oturmanymyzda hem düşnüklidir.
Elbetde, şeýle sözleriñ sanawyny uzaltsañ uzaldyp oturmaly. Ýöne biz türkmen dilimiziñ örän baý hem kämil dildigini aýratyn nygtamak bilen öz ene dilimize parhsyz garalmagy bolsa ötülmejek hata diýip düşünýäris. Öz ene diliñi kämil bilmek, ony ýeterlik derejede ulanmak babatda gürrüñ açylanda ýurdumyzdaky edaralaryñ, kärhanalaryñ, guramalaryñ, harby bölümleriñ iş dolandyryşynda resminamalaryñ we iş kagyzlarynyñ doldurylyşyna hem ünsi çekesimiz gelýär. Dogrusy, totalitat imperiýanyñ höküm süren ýyllarynyñ dowamynda türkmen diline ünsüñ peselendigini boýun alalyñ. 1990-njy ýyluñ 24-nji maýynda "Türkmenistanyñ Dil hakyndaky" Kanuny kabul edilenden soñra ruhy hem milli baýlygymyz bolan ene dilimize uly üns berlop başlanandygy guwandyryjy ýagdaý. Hut şol taryhy kanun çykandan soñra ýurdumyzyñ çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, guramalarda we harby edaralarda resminamalary we iş kagyzlaryny doldurmakda döwlet dilimiz bolan türkmen dili has giñ ulanylyp başlandy.
Elbetde, bilşiñiz ýaly, resminamalarda ýa-da iş kagyzlarynda hakykat ýüzündäki ýagdaý doly suratlandyrylyp, köpsözlülikden gaça durlup, aýdyljak bolunýan pikir gysgadan manyly ýazylmaly. Iñ esasy-da beýan edilýän pikir aýdyñ bolup, getirilýän deliller takyk bolmaly. Emma, gynansagam, resminamalaryñ we gazetlerde çykýan makalalaryñ köpüsinde gereginden artykmaç sözleriñ ulanylýandygyny belläp geçesimiz gelýär. Meselem, arza ýazylanda ony ýazýan adamlaryñ käbiri: "Ýagny şu arzany ýazmak bilen men sizden haýyş edýärin" diýip, ondan soñra öz diýmek isleýän pikirini getirip başlaýar. Elbetde, bu sözleriñ arza dahylly ýeri hem ýok. Eýsem by gerekmejek jümleler diñe ony ýazýan adamyñ dil medeniýetiniñ ýabygorludygyny görkezmeýärmi näme?!
Edaralaryñ, kärhanalaryñ, guramalaryñ we harby bölümleriñ öz işgärlerine berýän kepilnamalaryna hem ünsi çekesimiz gelýär. Şol kepilnamalaryñ käbirinde sözlemiñ başyndan "Berildi şu kepilnama" diýip, soñra onuñ kime berlendigini we onuñ hakykatdan hem şol edarada işleýändigi ýazylýar. Bu gaýry dilde ýazylan resminamalaryñ we iş kagyzlarynyñ türkmençe gönümel terjimesidir.
Ýeri gelende aýtsak, Polisiýanyñ ýol gözegçiligi gullugynyñ işgärleriniñ hem resminamalary doldurmakda örän sowatly bolmalydygyny nygtasymyz gelýär. Sebäbi olar gulluk borçlaryny ýerine ýetirýärkäler her gün köçe-ýol hereketiniñ kadalaryny bozan onlarça sürüjini saklaýar. Olaryñ hersine hem jerime tölemek üçin resminama dolduryp bermeli bolýar. Köpçülik bilen işleşmeli adamlaryñ bolsa sowatly, medeniýetli bolmagy ilkinji zerurlyk. Edaralaryñ, kärhanalaryñ we harby bölümleriñ işgärleri bilen resminamalary we iş kagyzlaryny sowatly doldurmak boýunça ýörite okwlar geçirilip durulsa, ol oñyn netijesini bererdi diýip pikir edýäris.
Ene dilimiz - biziñ baýlygymyz. Öz ene dilimizi talabalaýyk öwrenmek we ony kämilleşdirmek bolsa her bir türkmen üçin parzdyr.

Soltanýaz ŞAÝYMOW.

Категория: Türkmen dili | Просмотров: 82 | Добавил: Has | Теги: Soltanýaz Şaýymow | Рейтинг: 4.0/10

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 6
1
1  
Awtor gowy gürrüñ gozgapdyr. Gozgamasyna-aa gozgapdyr welin, dogry söz düzmäge özem ökde o diýen ökde däl eken. Teke şiwesi bilen edebi diliñ tapawudyny bilmezden bular ýaly meselede dogry gürrüñleru orta atmak mümkin däl. Ýalñyşlyk makalanyñ adynda-da bar.
"Bilýäñizmi" däl - bilýärsiñizmi bolmaly,
"Beýan edýäs" däl - beýan edýäris bolmaly we ş.m.

1
2  
Öňräk mugallymlaryň birini GAI saklapdyr. Jerime kagyzyny berende mugallymyň adymy familiýasy ýalňyş ýazylypdyr welin, mugallymam "köşek, bar gowusy, eliňe "Harplyk" kitap alda, gaýtala şony täzeden" diýenmişin :-).

1
3  
Gozgalyan meselä ýerliksiz diyib-a bolmaz, şol sanda diñe şu makalada-da üýtgedip ýerli ýerine geçirmeli sõzler ýok däl.
Iñ bir ýõnekeýje mysal: "Ýigdi gep urşundan tana" diýip uzaldyp aýdanyñdan "ýigdi sõzünden tana" diyip aytsañ hem gysgaça hem sõzlemde büdreme peselýãr.

1
4  
"Iş kagyzlary" diyen sozi haysy rus sozunden terjime etdika? Meñçe yerliksiz terjime. Sebabi "iş kagyzy"diyen sozi rusça geçirseñ "деловой бумага" bolýar. Rus dilinde bolsa resminamalara delowoy bumaga diylenok. Onsoñam men makalany öñ "Esger" gazetinde okapdym öydýän. Ýalñyşmasam makala az-owlak redaktirlenipdir. Sebabi makalada "kepilnama" sözi "delilnama" diyp gidýärdi. ( yagny sprawka). Aydylyan dowür her edara oz leksikonyny döretdi. Mysal u.n bir edara delilnama diyse, başga biri kepilnama, yene biri güwänama. Sprawkanyñ iñ dogry terjimesi kepilnama bolmaly. Diyjek bolyanym her edara ozuçe terjime etmeli dal. Onsoñam terjime etmeli sozler bar, etmeli dal sozler bar. Kabir sozleri terjime etjek bolup gaty gulkunç yagdaya düşyaris. Bu gaytam oz dilimizi-de ýoýýar.

1
5  
4ýyldyz,resminama - dokument. Iş kagyzy "деловая бумага" - bu haýsy hem bolsa bir fakty ýa-da bir zada hukugy tassyklaýan dokument. Men türkmen dilini bilýän diýip biljek däl,ýöne islendik dilde-de sözi isleseň eýläk,isleseň beýläk öwrüp bolýar. Niýetiň ýalňyş tapmak bolsa islän adamyňdan tapyp bolar.

2
6  
Dogrusy, käbir adalgalaryñ (sözleriñ däl) terjime edilmegini bizem dogry hasaplamzok. Bu barada öñem birki teswirde agzapdym, şoñ ü.n ýanjap oturmagyñ hajaty ýok. Ýöne sözlem düzülende ýalñyş ulanylyşyna ünsi çekesim gelýär. Mysal üçin her halkyñ özüne mahsus we başga dile terjime edilende manysyny ýitirýän sözler bar. Meselem Gündogar halklaryna mahsus halyf, soltan, şa, patyşa, ahun, molla, pir.. sozlerini alyp Günbatar halklaryna mahsus korol, papa, graf, gersog, knýaz, kardinal, dworýan, pomeşik, ýepiskop, monah sözleri bilen garşylaşdyryp göreliñ.

Rimiñ halyfy, Angliýanyñ soltany, Niderlandiýanyñ şasy, Şwesiýanyñ emiri, St.Pýotr ybadathanasynyñ ahuny, Fransiýanyñ müftüsi we ş.m.. ýa-da Abbasylaryñ Papasy, Gaznawylar döwletiniñ koroly, Mekgäniñ gersogy, Ahalyñ monahy we ş.m.. görnüşde ýerini çalşyp yazsañ nähili görner?

Mysal getirişim ýaly ýok diýmegiñiz ahmal. Bar! Meselem Saud Arabystan patyşalygynyñ ady kä ýerde Saud Arabystan korollygy diýip gidýär. Bolmalysy welin "Saud Arabystan patyşalygy. Niderlandiýa korollygy, Ispaniýa, Angliýa, Portugaliýa, Şwesiýa ýaly käbir korollyk döwletleriñ ady köplenç patyşalyk diýip gidýär. Bolmalysy welin korollyk: (Niderlandiýa korollygy, Ispaniýa korollygy we ş.m.)
Çeper eserlerde-de şeýle yalñyşlyklar az däl. Mysal üçin Sergeý Ýeseniniñ "Gara adam" poemasynyñ Ahmet Gurbannepesow tarapyndan türkmen diline edilen terjimesinde "Nowruz geldi" diyen ýaly söz duş gelýär (edil hazir setiri yadyma düşmedi). Ruslarda Nowruz güni yok ahyryn. Şeýle-de ussat şahyrlarymyz A.Atabayewiñ, N.Rejebowyñ... Puşkinden, Lermontowdan edilen terjimelerinde musulman halklara mahsus "Alla", "Jelil", "molla" sözleri köp duş gelýär. Hudaý sözi parslara mahsus söz, Tañry sözi bolsa türki sözdür. ALLA sözi arassa yslam sözi. Şeýle-de ruslarda molla ýok, monahdyr pop bolmagy mümkin.
Döwlet gurluşyna görä ulanylmaly sözleriñ hem terjime etmegiñ hatyrasyna ýalñyş ulanylýan yerleri az däl. Meselem kazyýet we kazy yslam döwlet gurluşynda bolýar. Prezident formaly demokratik döwlet gurluşynda bolsa sud we sudýa bolýar. Biz Prezident sözüni terjime etjek bolup alaga-da, "Soltan", "Patyşa" diyemzok ahyryn. Sud - sud bolar-da. Name u.n bizde kazy diyilýänine düşünmekde kynçylyk çekýärin...

Soltanýaz aganyñ aydyşy ýaly awtobusda we ş.m yerlerde yonekey adamlardan turkmen diliniñ yazuw we gepleşik kadalaryny dogry berjay etmegi her kesden talap etmek mümkin däl. Yone dowlet gullukçylarynyñ bu talaby berjaý etmelidigi welin hak. Ýörite okuwlary gurnamaly diyen sözüne-de goşulamok. Sebäbi GAI diyip ýola çykarlan işgär eyyam bildirilen talaplaryñ we synaglaryñ ahlisinden geçen, ýokary bilimli, giñ gozyetimli we rayatlar b.n nahili gürleşmelidigini bilýän işgärler. Eger @Edebiyatşynas agzanyñ teswirinde aydyşy ýaly olaryñ arasynda çalasowatlary bar bolsa (barlygyna bar) onda günäni sowadyñy yokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlaryñ gurnalmayanlygyndan däl-de, şol çalasowat işgäri wajyp wezipede goyan degişli pudagyñ Kadrlar bolüminiñ işgärleri saylap-seçip almak boýunça işleriniñ peslginden ýa-da oña göz-görtele sowuk-sala garalýanlygyndan gözlemeli.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: