00:06
Şeýtel

ŞEÝTEL

Özgelere berşi ýaly kürümläp,
Pany bermese-de bagtdan paýym.
Aldap-ogşap,
Awlap garyp göwnümi
Görsün diýip öz najatyn,
                                                hara:ýyn
Gysymyma dinar gysdyran ýaly
Hernä, seni maña beripdir aklyk.
Ýogsa, meniñ duzy göge göterlip,
Ýyl geldikçe gurap barýan Araly
Ýada salyp duran gury hanama
Mähriñ guýulmazdy Jeýhun mysaly.
Eýse, meniñ kyrk ýamaly synama
Töweregmi gurşap duran ýeterlik
gyz-gelinleñ haýsy bolardy dowa?
Ýap-ýañy gursakda boý alan Wysal
Abşarylyp atasynyñ dulunda
Är üçin etse-de dynuwsyz doga,
Negözel ner ýigitlere at dakyp,
Garrap galşy ýaly bir ulugyzyñ,
Çüýräp galmalymy şo-ol öñki ýerde...
Beýtsek göýdülmezmi pelekde, ýerde
goýman seni apalaýan duýgulam...
Öýdülmezmi näme,
                                   illeñ göwnüne
Ýumruklap dünýämiñ penjiresini
Gapysyny depeleýän gaýgylañ
Atuw permanyny eşidip gara
kysmatyna nälet okap oturan
Bendini südürläp güllä düzensoñ,
Läşin çaýkellere şam edilen deý...
Anyk bu!
Oýlanyp tapylan zat däl,
Öñ ýaşan bolsamam seni tanaman
Häzir ýoklugyñda oñup bilmen teý.
Çünki sen kalbymda dikilen heýkel.
Tagzym, 
                 saña tagzym soñky deme çen
Eý, garyp göwnüme berilen şeýtel!..

Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Has | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 3.5/6

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 9
0
1  
Şeýtel - eliaklyk bolaýmasa

0
2  
goşgyñ ady üýtgeşik bolupdyr. Şeyt-el el aklygy, Goşgy gadymy sôzler bilen utgaşdyrylyp yazylmagynda tapmaça ýaly bolup dur. Yzygider agras duýgularyñ kerweni setirlerden setirlere okyjyny bilesigeljilik bilen yzyna düşürmegi başaryar

0
3  
Okap başlanyñdan tä soñuna çen sõzleriñ akgynyna gõrä täze pikiri açyp õñûñde syrly kitabyñ gaty açylyp duran yaly pikir dõredýär.

0
4  
Şahyryñ dõredijiligini, goşgylaryny okap, dogrysy bilmeýan zatlarmyñ kõpüsini şu şahyryn goşgylaryndan õwrendim. Iñ ýônekey bir mysal getirsem diñe şu goşgyñ adynyñ beryan manysyny tapmak üçinem agşam kitap gatyny agtarmaly boldum. Goşgynyñ manysyna bu sõz aýratyn direg bolmak bilen ykbalyñ beren aklygy diýen alkyşly kelamy keşplendiripdir

0
5  
Eýse,meniñ kyrk ýamaly synama...

Beýle göwne ykbalyñ bagtdan eçilen bir çümmük şeýtelem bagtly bolmaga ýeter elbetde.

0
6  
Baş sahypa mynasyp nama. Ýõrite bellikleri etmek meýlim bar. Muñ üçinem goşgyny azyndan ýene üç okamaly boljak.

0
7  
Aýlawly-öwrümli täze sözlerden emele gelen her bir goşgusy tapmaça şahyryň. Oýuňa-pikiriňe gelmejek meňzetmeler we üýtgeşik sözleri bilen çuňlugyny yzarlap, manysyna ýetmek üçin, köp gaýtalap okamana mežbur edýä.

0
8  
Saýlap alýan temaň baryny näme üçin şolara bagyşlaýaň, özem soňky döwür şeýle sen

0
9  
Indi asyl ozinize menzapsiniz yogsam garlawacdan son bu zeyilli gosgy doretmandiniz

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: