18:35
Sesleriň adam organizmine edýän täsiri

SESLERIÑ ADAM ORGANIZMINE EDÝÄN TÄSIRI

Biz nirede bolsagam elmydama, dürli sesler bizi gurşap alýar: öýüň ýanyndaky guşlaryň sesleri, geçip barýan maşynyň sesleri, aýdyp duran aýdymyň sesi,günde bäş wagtynda ýaňlanýan Azanyň sesi... Bu sesleri her gün eşitsegem olaryň bize edýän täsiri barada hiç haçan pikir etmeýäris. Hakykatda bolsa, sesleriň adam organizmine edýän täsirleri örän uludyr.
Biziň organizmimiz sesleriň wibrasion ýygylyklaryna derrew seslenýär, sebäbi olar adamyň emosional ýagdaýyna täsir edýän gormonlaryň bölünip çykmagyna getirýär we netijede begenç ýa-da tolgunma, bagtyýarlyk ýa-da gorky ýaly duýgulary ýüze çykarýar. Käbir sesleriň adamlaryň sussupesligini, göwnüçökgünligini hat-da käbir agyrylary hem bejermegi başarýandygyna öňden üns beripdirler. Sazyň jadylaýjy täsirleri hakynda taryha belli wakalar bar. Meselem, XIV asyrda günbatar Ýewropany basyp alan "Hz. Wittyň tansy" atly epidemiýa ýaýrady. Bu kesel aýylganç sesleri çykaryp, agyzlaryny köpürjikledip, ýerde çabalanmak ýa-da bir-birine topulmak ýaly hereketler bilen häsiýetlendirilýärdi. Epidemiýa, diňe haýal, köşeşdiriji sazlaryň üznüksiz ýaňlanýan ýerlerine baryp bilmeýändigine üns beripdirler. Şu görnüşdäki sazlar bilen Ýewropa bu keselden halas bolýar. Türkmeniň milli saz guraly bolan dutaryň ajaýyp mukamlarynyň gyzamyk keselini bejerýändigi hemmämize mälimdir. Sesler adama oňaýsyz täsir hem edip biler. Muňa mysal edip, 70-nji ýyllarda geçirilen rok festiwalynda çykyş eden topar üýtgeşik täsir üçin saz gidip durka 6, 8 Gs ýygylykdaky sesi goşýarlar. Netijede bolsa, konsertdaky adamlar düşnüksiz peýda bolan gorkudan ýaňa ähli gapylary, penjireleri döwüp zaldan gaçyp gidýärler. Dürli ýygylykdaky sesleriň adama dürli täsir edýändigini alymlar tarapyndan subut edildi.

■ Nädip dürli sesler adam organizmine täsir edip bilýär?

Muny ylmy-döredijilik taslama bäsleşigine hödürlenen "Sesleriň adam organizmine edýän täsirleri" atly işinde görkezilen tejribäniň üsti bilen düşündirmek isleýän. Dissosirlenen suwy 3 sany ýalpak probirkalaryň hersine bir azrak guýup, olary aýratyn otagda dürli sesleriň ýanynda (I-probika Azanyň sesi, II-probirka paýyş sözli aýdymyň sesi, III-probirka A.Mosartyň "Perişdeleriň owazy" atly kompozisiýasy) 3 sagatlap goýulýar. Soňra olary sowadyjyda mäkäm doňduryp, elektron mikroskop arkaly synlanýar. Şonda Azan sesini diňlän suwuň buz ýagdaýdaky görnüşi ortasyndan başlap ýiti ýagtylyk ýaýrap gidýän, şöhlelenýän şekili, II-probirkadaky buz tekiz hiç hili şekilsiz, III-probirkadaky buz owadan kristaldyr gözenekler görnüşini alandygy görünýär.
Adam organizminiň 75% -ni suw tutýar. Dürli sesleri eşideniňde, organizmdäki suw şol seslere görä strukturasyny üýdgedýär. Ine şuda dil ýarasynyň bitmeýändiginiň, ýagşy sözüň adamy ganatlanyrýandygynyň, halaýan sazyň köşeşdiriji häsiýete eýediginiň, Azan sesiniň kalbyňy giňeldýändiginiň sebäpleriniň biridir.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 52 | Добавил: jumagylyjovao | Теги: Ogulaman Jumagylyjowa | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
1
1  
Yenede seyle maglumatlary yetirseniz hoşal bolardyk smile yzy gur bolsun temalarnyzyn flower

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: