07:21
Serwi agajy ýa-da sentimental poema

SERWI AGAJY ÝA-DA SENTIMENTAL POEMA

Ondan bäri geçdi nijema ýyllar,
Ýadarça wagt geçdi bolsady ekseň.
Şäherdäki şöhlebaldyr gözeller
Boý alan çaga deý çykdy köýnekden.
Ýeller geçdi ýalňaryp dört pasyly,
Ýyllar geçdi jykyr kimin aýlanyp,
Meniň seň dünýäňden gidesim geldi,
Ýöne... nirä, nirä gitsem aýralyk.
Hatda ýaşlygymdan gidesim geldi,
Netijesiz gözleglerden el çekdim.
Gülen zadyň gelýän bolsa alnyňa
Islendik adama gülüp biljekdim.

Gunler iňrige däl,
Gama batdylar,
Ýaşlyk geçdi gam-gussasy egsilmän.
Garrady gyzlaryň tutuş tapgyry,
Ezizim, bir seni gaýtalap bilmän.

* * *
Ýadyňdamy?..
Ýadyňdadyr, elbetde,
Bahary ir gelen şol ygally ýyl.
«Dünýä göruüeniň» ýaşyl jülgesi,
Maýsalar dyzyňdan,
Howa-da maýyl.
Ýadyňdamy?
«Erikliniň» ýanynda
Ýas-ýaňy çatmasy dikilen bakja,
Ýaňy gola ýörän ýaşyl biýara.
Tüýs joş urup ýören çagy ýazyň-da,
Tüýs düýş görüp ýören çagy ýaşyň-da,
Gark bolup bahar deý dyňzan hyýala,
Tutýardyk bileje bakjanyň suwun,
Entek sen hüýr kimin owadan däldiň,
Entek göwün lowlamandy ataşda.
Entek aramyzda hiç bir zat ýokdy,
Pynhan-pynhan syrly bakyşdan başga,
Hemem reýhan bolan bahardan başga.

Birdenem...
Hol gözýetimi garalap,
Gara serpignni büräp jahanyň,
Gylyç syryp alaman deý harasat
Depesinden indi ýaşyl baharyň,
Şuw...
Şuww...
Şuwww....
Akýar sary sil deý çaňjarýan ýeller,
Ýerden maýsa akýar,
Asmandan bulut.
Ýapyryp, ýatyryp ýaşyl bossany
Öz oýnuna göwni göterlen Burkut
Ýyldyrym gylyjyn her ýana salyp,
Garpyz kimin parçalaýar asmany.
Şuw...
Şuww...
Şuwww...
Para-para asman dartdy-da nagra
Möňňürip goýberdi, meňzäp zeminiň
Üstünden seçilýän göwhere-lagla
Şapyrdap, şabyrdap guýuldy çagba.
...Aslynda-da aşygy men tupanyň,
Gaýda-harasatda ýüregiň gopýar.
Gorkunç töwekgellik küýseýän kalbyň
Özüniň gödeňsi ruhdaşyn tapýar.
Oglantaň döwürlem harasat tursa,
Ýelken kimin faner dakyp tigrime,
Ganat baglap öz göwnümiň yzyndan
Giderdim men gara ýeliň ugruna.

—Ylga, Selbi! Ezilersiň jalada,
Erigin düýbüne!
Piliňi taşlap! —
Şuw...
Şuww...
Şuwww...
Ýaňlanýar ýeliň däl, ýazyň perýady
Ylgadyň sen goňur ýeli gulaçlap,
Ylla boýlap barýan ýaly derýany
—Ylga, senem!
Ýylgyrýarsyň edaly,
Seriň çigniň üste bir ýana burup.
Ýaşyl deňizdäki ýalňyz ada deý
Erige çolaşyp ýazyň şemaly
Näler urunýardy boşanjak bolup.

Ýyldyrym!
Ot alyp köne pagta deý
Ýanýar ýyldyrymyň iki degresi.
Bogun-bogun söküp onurgasyny
Asmanda uzaýar gögüň nagrasy.
Yranyp, yňranyp gojaman erik
Gitjek bolýar bulut bilen göterlip.
Kökleri müňňüldäp aýak astynda
Çaýkanýar çal asman,
Endireýer Ýer.
Şabrap degýär ýagyş nowça erik deý.
Paýrap ýagýar ýagyş ýaly erikler.

Şindem göz öňümde hünjüli kirpik,
Çyg basan gara gaş,
Ünjüli dide.
Ter ýaňaga daman damjalar tyrpyp
Al yzyn galdyryp syrygýar bada.
Tirpildeýär sarç gaşlaryň üýşenip.
Üşerýäň jeren dek.
Çakýar ýyldyrym.
Gülap ýaly çagbasyna baharyň
Ýuwlan ýaňak... ýuwlan syrly ýylgyryş...
Howply eken golaýdan gyza seretmek...
Orap uçjak bolýan saçyň boýnuňa,
Ýüzüň sylýaň, ýylgyrýarsyň çalaja.

Ýyldyrym!
Sen gysmyljyrap goýnuma
Ejap edýäň,
Çapak çalýar jala-da.
Sen şindem sojaýaň başagaý halda
Özüni güjeňläp dem alýar göwsüň.
Bagyşla!
Şonda men göz gyýgym bile
Gümmezlän mämeleň şeklini gördüm,
Gördüm hem utandym.
Ezlen köýnegi
Ýel ýelmäpdir beýgi-pesine synaň.
Gördüm.
Tümmerip dur enaýy ujy
Maňa hem şemala gezelen mämäň.

Şindem göz öňümde heserli dide,
Bulduran garaýyş,
Jadyly keşbiň.
Nazarym gark bolýar düýbüne ýetmän
Duýgudan ümurläp süzülen çeşmiň.
Zordan nazarymy bir ýana sowýan,
Göreçde görejim eräpdi tasdan.
Garagym gapylýar,
Tisginýär gowräm
Gursagym ýumruklap urulýan sesden.
Aşak baksam ýene-de şol dideler,
Otly gözler gabagymy galdyrsam.
Nazarlar tapyşýar hem aýlanýar ser
Rogwaty ýok sandyraýan baldyrlaň.
«Selbi» diýdim, «Selbim» diýdim pyşyrdap,
Gözlerimi süzüp «ezizim» diýdim.
Soň nätanyş, wagşy galpyldy bilen
Bir ajap pursata diledim idin.
Soň gözümiň öňi dumanlap gitdi,
Ses-üýn ýitdi,
Jigläp-jigläp gitdi in.
Towlandy goýnumda eýjejik peri
Arzuwym, yhlasym, inçe bil Selbim.

Ter göwüsler özün maňa urdular,
Gursagymda goşa döş yzyn goýdy.
Baş bermedi dyňzap gelen duýgular
Näzijek leblerde diş yzyn goýdy.
Şuw...
Şuww...
Şuwww...
Ýyldyrym!
Garantga alysda heşelle kakýar.
Ýyldyrym asmanda gögerdi birdem...
Hatda ganat baglap göterlen çatma
Pel-pelledi,
üzdi örküni ýerden.
Şuw...
Şuww...
Şuwww...
Ýyldyrym!
Gujagym ýanýar ot ýaly.
Ýüregim jigleýär,
barýarys uçup,
Goja erik ylla paraşýut ýaly...

* * *
Men nireden gelýän?!
Barýaryn niräk?!
Şol düýpsüz ummana gitmelimi zut!
Heý, hähim almanmy aýagym diräp,
Heý, biz ýere düşmerismi, paraşýut?!
Bu ukusyz gijeleriň içinden,
Bikarar gündizleň içinden parran
Geçip, erksiz-ygtyýarsyz nirädir,
Nirädir bir ýaňa şuwwuldap barýan.
Zeminde gudrat ýok söýgüden gaýry.
Eý gudraty guýçli, Allam, sen kaýda?
Häzir ýyrtyp gök atlazyn asmanyň,
Aýdaýyn:
— Eý, Taňry, taňryýalkasyn!
Deň-duşlaryň hem biperwaý ýaşlaryň
Ýaşlygyň duşundan badymyza biz
Geçip, nirä, nirä barýas, paraşýut,
Söýgämi biz?
Ýa-da bakylyga biz?

* * *
Soňra okuw.
Oka tä äýnege çen
Hem geçir aýralyk günlerin sanap.
Ha gije, ha gündiz galsam ýeke men
Studentiň soňsuz işleri sabap,
Hyýalymda giderdim seň ýanyňa
Ukymy arzuwa bererdim gurban.
Irkildigim, gelip meniň düýşüme
Girerdiň sen hiç bir kese duýdurman.
Çözlenen saçlaryň üstüme döküp,
Gandyryp ruhumy mähir meýinden
Ýumşajyk lebiňi meniň dodagma
Ykbalyma basyp möhür deýin sen.
Söýgä posa bilen geçerdiň güwä,
Posa bagtymyza kepildi kepil.
Ýürekleri biraz köşeşdirmäge
Awiahatlar aralykda ser-sepil.
Bagtyýar bolmaga ýetikdi hyýal,
Düýşler bolsa ýalňyzlyga teselli.
Günlerin bir güni...
9-njy wal...
Senden hat geldi...
* * *
Soň ikinji geldi...
Aýyldy essim.
Dünýäm ters aýlandy,
Titredi zemin.
Suratyň öňünde mynajat etdim
Ölüme buýrulan hudaýhon kimin.
Üçünji gelmedi...
Garaşdym şeýle,
Üçünji, üçunji gelmedik hatyň
Ýazdyňmy Selbim ýa meniň täleýme?

Dogrudanam, şol haty sen ýazdyňmy?
Şol yzgytsyz haty?
Elhenç jümläni?
«Sen meni bagyşla, hag ýazma gaýdyp».
Ýeri, şeýdip üzäýjekmi düňlämi,
Ýa-da sen dünýämi ýykjakmy şeýdip?

Meniň gyzgyn gujagymda towlanyp,
Ýaňagymdan emaý bilen iteklän,
«Söýýän» diýsem,
«Utan» diýip eljiräp,
Dört barmagyň bilen dodagmy beklän,
Şol üzüm barmaklaň ýazdymy haty,
Jogap ber, jogap ber, jogap ber hany?
Stoluň başynda gara syýaly,
Gar ýaly kagyza ýazaňda, Selbim,
Her harpyňy, her sözüňi yzarlp,
Ýanmadymy seniň ýalanňa, Selbim,
Özelenmedimi ýarym-ýaş bozlap
Garaçygy söýgi bilen buldurap
Duran dideleň wah,
Jeren dideleň.

Syrly ýylgyraňda naryň çigdi deý
Dişleriň ýalkymyn oýnan lebleriň,
Ertir boýnumdaky yza gülmäge
Gijeler «ýaprak» yz goýýan leblerin,
Heý, pyşyrdap gaýtalap bir gördümi
Söýgä ýazan ajal permanyň seniň?

* * *
Aýna deý söýgümi,
Aý deý söýgümi
Neçün kül-pagş etdiň?
Sebäbi näme?
Çilim tüssesine saçym agardyp,
Oňa jogap agtardym men dünýäde.
Baryp jeýhun derýa sowal berdim men.
Jogap ýok.
Ses-üýnsüz süzüberdi ol.
Soň keremli daga berdim soragym,
Soragym özüme gaýdyp berdi ol.
Daşa çyksam sowal berdi ýedigen
Öýe girsem sorag çykdy öňümden.
Ýa-da köýüp şahyr ýaly söýgi hem
Özün halas edýärmikä ölümden?!
Bu nähili beýle bolýar?
Gygyrýan!
Döşümi ýyrtan deý ýarýaryn ýakam.
Eý, çagbaly öýlän, meni oýaraý,
Neneň elhenç basyrgansaň oýakaň!

Meni barmagynda aýlady ykbal,
Nirä barýan?
Neçün?
Nädersiň bilseň!
Barýan taýak degen ýaly kelläme...
Selbim, Selbim, saňa duşmajak bolsam,
Ýeri, onsoň nirä gidemde näme?!

Ýumruklarym duwýän, gözlerim ýumup,
Gazaba çydaman çatlaýar dişim,
Şumat gök ýuzünde görunsedi Aý
Ýekeje ýumrukda görerdim işin.
(Aýda seniň keşbiň görünýär çünki).
Saçym penjeleýän, ýanýar gözýaşym,
Damarlar dartylyp ýetipdir çäge.
Şu mahal ýeterlik bir jynssyz gülki,
Bir jynssyz gykylyk — däliremäge!

Boýnuma kerep deý oraşýar şemal,
Demigýän, darygýan tütün deý tümden.
Müňde bir ýerinden ot berlen asman
Ýanyp gelýär,
Inip gelýär üstümden...
Ýanyp, ýakyp gelýär ot berlen asman,
Ol meniň kalbym deý eleme-deşik.
...Men bir ýola aglap gördüm ýurekden
Hem bir ýola bilmedim men köşeşip.

* * *
(Söýgüsi köýen ýaşlyk,
Syrçasy giden dişdir.
Ýaşlygyň ömri söýgiň
Soňlanarna deňiçdir.

Örtenme sen, ýüregim,
Çekdirme maňa gussa.
Men ol gyza deregem
Söýýän seni iki esse.

Demikseň-de köňülde
Çyda mümkinkä häli.
Biz bir gyzyň öňünde
 Beýdip ejizlemäli.

Sen gursagma sygmasaň,
Sygmasaň öz çygryňa,
Gir durmuşda utulan
Gözelleriň buthana
Girişi deý şygryma!)

* * *
Sen nämä çalyşdyň ýelli öýläni,
Ýeri, ol nämemiş söýgüden beýik?!
Söýgi mydam gurban edýär söýýäni
Seniň pidaň boldum men seni söýup.
Sen nämä çalyşdyň yşkyň, dilberim?
Telim ýyllap seň derdiňden kösene
Söýgiň ýatlamasyn çalşyp bilmedim,
Men sendenem has owadan gözele.
Yşkyň hasratyny çalşyp bilmedim
Posasyna meni söýen gyzlaryň.
Telim göwse oýkap aýryp bilmedim
Gursagymda goýan oýuk yzlaryň...
Men seni gan ýuwdup unutjak boldum.
Selbiň «S» harpynam almadym dile.
Sen diýip ýetim deý bozlaýan kalbym
Gark edip taşladym ajy meý bile.
Ýöne nädeýin men älemgoşarly
Fontanlar «Selbi» diýp suwun saçsalar.
Ýagyşlar sen bolup pyşyrdaşsalar,
Ýapraklar sen bolup pyşyrdaşsalar...

* * *
Ýolda-yzda ogryn-dogryn sereden
Owadan gyzlarym günämi geçsin:
Olaryň säher deý päkize hem ter
Ýüzünden gözledim men seniň keşbiň.
Meni söýen gyzlar günämi geçsin:
Sarkýarka ýaradar ýüregmiň gany
Şol gyzlaryň otly kesindi deýin
Yşky bilen dagladym men ýaramy.
Bagyşlasyn söýüp bilmediklerim:
Gursakda ýürek däl, köýük galypdyr.
Dilimde ilkinji posaň tagamy,
Kalbymda gaşlardan gyýyk galypdyr...

Ah, seň söýgiň ot bolaýan bolsady
Otparaz bolardym şol günden başlap.
Ýa ony söndirdi gözýaşym meniň.
Derýa bolan bolsa urardym başşak
Hem gaýnar durardy meň çumen ýerim.
Seniň söýgiň göwher bolan bolsady,
Tapardym men ony düýbünden deňziň,
Ýa ebedi galardym men şol ýerde.
Seniň söýgiň altyn bolsa çöllerde
Deşim-deşim bagrym elek deý eläp
Ýuwardym çägäni, tapardym, ýogsa
Jöwzada salgym deý giderdim eräp...
Deňziň gaýy, çölün tüweleýi men
Idedim delmurup,
Her ýana bakyp.
Ah, şu mahal duşsaň — alardym janyň
Gunça deý lebiňe dodagym basyp...

* * *
Köne dert gozgarmyş wagty gelende.
Dermany bar, lukmany ýok keselim
Suňňüm sökup, jepa berip ýazyna
Şol ýelli öýläni salýar ýadyma.
Ýadymda meň söýýän diýjek boluşym,
Ýöne ony diýjek-diýjek bolamda
Söýýäni-de ejiz görüp ýüregmiň
Özi gelip direlerdi bogazma.
Şol mahallar geljekmidi kellä heý
Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýdüp men
Çagasyn aýyrdýan loly gelin deý
Şygyr ýasamaly borun öýdüp men.
Söýgi — okuň jamy.
Seniň güýjüňe
Okgunyňa, hyjuwyňa ot berip
Göçdügi—öňünde döw dursun onuň.
Ýöne nädeýin men jamym ýaryldy,
Ýöne nädeýin men göçmedi okum.
Aý, jähennem, oňa agranok nebsim,
Ýürek ýitgisine kemsiz düşünýä.
Ýagyş ýagýar – beterleýär keselim,
Ýagyş şol öýläni ýada düşürýä...

* * *
Ýene men obada,
Ýene-de şemal
Ýaraty deý hasrat çekýär daşarda.
Meniň pälwan dostum, ýalňyz syrdaşym
Zol maňa iýdirip, içirjek bolýar
Göwnüm näler açjak bolýar başarsa,
Doldurýar bulgury yzly-yzyna
Hem garagol çagalygmyz ýatlaýar.
Meni bolsa daşky şemal köredip,
Kül içinden közüm tapyp otlaýar.
Uwlaýar daşarda yzgytsyz şemal,
Kalbym zaryn iňňildiden gyrmalap.
Güwläp-güwläp pejiň turbasyny däl,
Meniň simlän ýararlarmy dyrmalap,
—Belkem, men giderin...—
Oňlamaýar ol.
—Sen meni ýazgarma,
Göwnüm ýykmaýyn...
Daşa çykýas, garşylaýar gara ýel
Naýynsap ýel, meniň gödek ykbalym.
Ýene yranýandyr şol ýalňyz erik,
Yňranýandyr ýele, bize garaşyp
(Oňa Selbim «serwi agajy» diýerdi,
Men diýerdim oňa «Selbi agajym»)
Belkem, gidip...
Basyp ony bagryma
Soňky gezek çekip söýgimiň zaryn,
«Selbi agajym» diýip...
Gara bagtyma
Şol ýaşajyk oglan bolup aglaryn.

Kül reňk dünýä.
Tupan kakyp heşelle
Iç-daşymda şatyr ýaly pyrlanýar.
Gözüm çal kirşenden, göwnüm şemalyň
Agyr hasratyndan püre-pürlenýär.
Ynha şol tam,
Ynha şol eziz howly,
Penjirede ýele urunýar yşyk.
Serde serhoşlukdan galmandyr nyşan
Güýjeýär dem saýyn ýüregiň dowly,
Köne galpyldysy on ýedi ýaşyň
Gyzamyk deý örýär.
Galpyldaýaryn.
Seni söýüpdirin halys ýürekden
Hem söýýänim üçin alaryn arym.
Ar alasym gelýär
Basgylap birdem
Maňa biwepalyk eden duýgyňy.
Agladasym gelýär,
Aldadasym gelýär,
Ar alasym gelýär...
Ýeri, men nämeler samraýan, serwim,
Senden başga kimim bar meň dünýäde.
Men edeýin tagzym, senin adyňy
Pyşyrdaman aýdyp bolýamy näme?!
Sen otyrmyň, serwim, otyrmyň tenha,
Otyrmyň şol ýelli öýläni ýatlap.
Nälet okaýarmyň ykbala sen ýa
Gama batyp,
Gamgyn gözleriň ýaşlap?
Içerden çalaja çykýar hümurdi,
Juda tanyş äheň, juda tanyş ses.
Girmelimi? Dälmi? Ysanok bognum.
Girjek men...
Nirde sen tüýlejik gürji
Bahanalyk üçin jöw-jöwleseň bes.
Ýüregimi mynçgalaýar tanyş ses
Tisginýär, üşerýär gabanjaňlygym.
Düşnüksiz hümürdi eşdilýär çala
Gelýän ýaly aňyrsyndan kän ýylyň.
Daşaryk bat bilen serpýän gabsany.
Mahmaldan tutyny syrýan bir ýana.
Maňa jebir beren gamdyr gussanyň,
Aýralygyň perdesi deý hamana.
Doňup galdyň,
Doňup galdy dodakda
«Hih» diýip tisginen näzijek sesiň.
Egniňde tolkunýan bir desse gije,
Gylyç deý göterlen gaşlaryň seniň.
Görsem, magnitofon zaryndan zaryn
Bir sydyrgyn günler ýaly aýlanyp,
Meniň sesim bile okaýar goşgy...
Meni tanap durlanýar seň nepesiň
Gorkudan hem geň galmadan aýňalyp,
Agýar owasyndan balkyldan ýaşyň
Ýadyrgaýaň, basýan seni bagryma.
Tolkun atyp ýatan şar gara saçyň
Saňa derek horkuldaýar sagryda.
— Aglama, ezizim, geldim men ynha,
Men şol ýaş şahyryň,
Şol köne şeýdaň.
Ynha gursagymda seniň söýgiňden,
Seniň gözleriňden sanjylan peýkam.
Men ýaradar gezdim ençe ýyl bäri,
Aýlandym kän ýeri sarkdyryp ganym.
Hiç bir gyz bolmady derdime däri
Hem dözmedi gözelleriň hiç biri
Şol peýkamy sogrup, almaga janym...
Bilýämiň, men sensiz bölündim ikä,
Des-deň ikä böldüm ähli zadymy:
Maňa huşum bile gam-gussa ýetdi.
Saňa berdim düýşüm bilen ýadymy.

Gijäniň bir wagty, bilemok ýatyp,
Ýüregim agyrýar. Ýok zerre keýpim.
Ses-sedasyz gije çyrasyn ýakyp
Başly-barat egne ilteýän geýmim.
Bu nähili beýle boldy? Düşemok!
Kemmagalmy? Mydam tersine meňki.
Meni bir bakyşda otlap goýberen
Dodakdan meý beren,
Jadyly Selbi
Pynhan syrly Selbi,
Gel, gel şu senmi?
Ysganymda garpyz kimin burk uran,
Telim ýyl dilimde eremän duran,
Ajy ykbalyma süýjüsin beren
Hany şol göreç
Hany şol posa,
Hany şol Selbi?
Hany gözlerdäki jadyly oduň
Eredip goýberýän täsin şöhlesi.
Ynandym men: eger söýgi bolmasa
Meňzeş bolýar zenanlaryň ählisi.

Men durmuşda gaty kän zat ýitirdim,
Ýitirdim ýaşlygym—ömür ýazymy.
Ýöne seni göterdim men kalbymda
A sen weli ýitiripsiň özüňi...
A sen ynha ýitiripsiň özüňi
Maňa öýlänçi deý duşmarsyň gaýdyp.
(Şu güne çen bagtly ekenim ýansam-da.
Çünki ynanýardym, ýoluksam saňa
Ýene-de jadylap goýbärsiň öýdüp)
Aýna deý söýgimi,
Aý deý söýgimi
Neçün kül-pagş etdiň?
Köne sowaly
Telim ýyldan soňra saňa berdim men.
Başyň egip sorag belgisi ýaly
Aglaberdin sen...

Hoş gal ýaşlyk.
Hoş gal,
Men aýna ýaly,
Men Aý ýaly yşkyň döwgüni çöpläp,
Ýitirlen ýerine doňan gözýaşym
Päkize düýşüm hem ýatlama sepläp,
Keşbin synlamaga meni ýakanyň
Ýasaryn söýgimiň mozaikasyn.

...Seni emaý bile yza iterýän,
Hopugýaryn,
Dünýäm barha darykýar.
Pyýala gözleriň sürmesi däl-de,
Al ýaňakdan gara gözýaş syrykýar.
Daşa çykýan,
Çykýan adaty dünýä
Syrylypdyr gara ýeliň perdesi.
Serimde duman ýok, kalbymda heser,
Uçubam baramok önkim ýaly zut.
Hanha kempir, hanha köne kerseni,
Tamam tylla balyk hakda erteki,
Meni aýlap-öwrüp öňki dünýäme
Taşlap, nirä gaýyp bolduň, paraşýut?!
Ýeri duýýan dabanymyň astynda,
Geçipdir çagbaly güýzüň şemaly.
Ýüzüni ýuwupdyr ýyldyzly asman,
Şeýle bir durudy,
Aýdyňdy dünýä,
Hiç mahal harasat gopmadyk ýaly
Ýagyşam ýagmadyk ýaly aslynda
Ýaganam däldir ol...
Ahmal..

Категория: Poemalar | Просмотров: 197 | Добавил: Has | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Turkmen edebiyatyna gazandyrylan ajayyp eserleriñ biri

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: