10:51
Serhet goragynda / hekaýa
…”Bäh, gurbany boldugymyň gözi açylana döndi. Guýaýşyny!” diýip Merdan oýlandy-da, ýygryldy. Baharyň ilkinji günlerinden heniz gyşyň sowugy aýrylmandy. Eginlerinde öllük geçirmeýän ýapynja bolsa-da, üşedýärdi.
Sowuk ýagyş, göýä Burkut atanyň meşiginiň düýbi deşilen ýaly, dünýäni suw-sil edip, dynman guýýardy. Merdan ýapynjasynyň aşagyndaky tizataryny ykjamlady-da, esli yzyndan gelýän, serhet saklawynyň kiçisi, esger Annaöwezowe seretdi. Ol misli ýagşy, sowugy duýmaýan ýaly, ýylgyrjaklap gelýärdi. Onuň edähetidi. Hemişe gülümsiräp ýördi. “alçak oglan! Göwnaçyk.” diýip, Merdan ol barada ýakymly pikir etdi. Ýapynjasyndan joralanyp akyp, eteginiň epinine üýşýän ýagyş suwuny silkdi. Dessine-de özleriniň gijeki serhet saklawydyklary hakydasyna geldi. Aşak çommaldy-da, yzyna yşarat etdi. Onuň yşaratyna düşüş Annaöwezow haýdap ýanyna geldi.
--Esger, Annaöwezow, daş-töweregiňe gülki paýlap gelme-de, eserdeň bol! Garaňky gatlyşyp gelýär. Yz Gözegçilik Zolagyny suw basypdyr. Şonuň üçin hem hüşgärligi artdyrmaly!-diýip, Merdan saklawyň ulusy hökmünde bellik etdi.
Annaöwezowyň ýüzünden ýylgyryşyň sumat bolandygyny görübem, birhili oňa dözmedi. Ýüzüni alandygyna ökündi. Emma göwnüniň jümmüşinde talapkär kazy deýin, sak oturan ynsaby onuň dözümli hereketini makullady: “Dogry etdiň. Sepgide biz seýil etmäge, tebigatdan lezzet almaga çykmadyk. Serhede gulluga çykanyňda edil dartylyp duran kemanyň kirşine dönmeli. Çünki jogapkärçilik uly”
Birsellem ýoränlerinden soň, olar goramaly şahamçalaryna ýetdiler. Oňa çenli iňrigem mazaly garaldy. Merdan elçyrasyny ýakdy. Öňleri gündizlik ýaly ýagtylyp gitdi. Ýöne öňe ýöredikleriçe ýöremek çetinleşip barýardy. 36-37-nji serhet şahamçalaryna baranlarynda göwünlerine bolmasa, ýagşyň ähli suwy syrygyp, şu ýere üýşýän ýaly göründi. Suw barha köpelýärdi. Emma şonda-da olar bellenilen nokada baryp, serhet galasyna ýagdaýy habar bermelidiler. 36-njy şahamçadan geçip, 37-nji şahamça girip ugranlarynda, gulaklaryna nähilidir birhili, düşnüksiz ses eşidilip ugrady. Bu ses “şaggyldap” şemalyň akymyna görä aşyrymlaýyn gelýärdi. Özem barha golaýlaýardy. Merdan näme üçindir howsala düşüp başlady.
--Ýoldaş seržant, eşidýärsiňizmi?
Ol Annaöwezowyň sowalyny eşidip, ýeňsesine bakdy. Onuň gözlerinde hem howsala bardy.
--Eşidýärin!
--Serediň, ýoldaş seržant, suwam eýýäm dyzymyza ýetdi.
Merdan sägindi. Çar ýanyna çyrasyny aýlady. Şol pille-de suwuň ýüzi tolkunyp gitdi. “Şaggyldy” has ýakyna geldi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde-de suw olaryň dyzçanagyndan geçdi. Merdan bada-bat düşündi.
--Annaöwezow! Güýjüňden baryny edip, 33-nji şahamçadaky gözegçilik belentligine ylga! Tiz bol! Sil gelýär. Çaltrak 37-36-nyň oýundan çykmasak, ol bizi düýrlär.
Merdanyň howlukmaç buýrugyny tassyklaýan dek, kiçeňräk ýylgyn töňňesi gapdallaryndan akyp geçdi. Olar “pažžyldap” ylgap başladylar. Olaryň öz holtumyndan sypjak bolýandyklaryny aňan dek, sil suwy ýeke demde billerinden geçdi. Suwuň ýüzünden daraklap geçýän tolkunlaryň zarbasy-da güýçlendi. Läbikli suwda ýöremek hupbatdy. Birki gezek dagy ýykylyp, sil suwundan gerk-gäbe hem boldular.
Türgenleşigi ýetik bolandygy sebäpli Merdanyň Annaöwezowdan gaty bahym arany açyp, sil suwundan çaltlyk bilen çykmaga mümkinçiligi köpdi. Ýöne ol bilgeşleýin yza galyp, ýoldaşyny göz aýtymyndan sypdyrman gelýärdi. Ýykylsa galdyrýardy. Büdrese söýget bolup, pursatsaýyn hem gyssaýardy.
--Annaöwezow, aragatnaşyk serişdesini, tizataryňy bilelikde daşyna kemeriňi ora-da, depäňe göter!
Merdanyň özi hem şeýtdi-de, “ýanaýmasyn” diýen ätiýaçlyk bilen elçyrasyny öçürdi. Çar-töwerek tümlüge beslendi. Garaňkylyk, suw, öl-myžžyk eşikleri bir ýyl mundane ozal Murgapdan geçişlerini Merdanyň ýadyna saldy. Ol öňe garşy okgunly hereket etmäge päsgel berýän bu ýatlamany hyýalyndan kowdy. Şol mahal Merdanyň arkasyndan oslagsyz “pažžyldy” eşidildi. Allaniçigsi bolup, yzyna gaňrylanynda, özüne garşy batly akyp gelýän tagaşyksyz, tokga töňňäni saýgardy. Töňňe gös-göni oňa tarap gelýärdi. Merdan aljyramady. Uzak oýlanman, kükregini dolduryp, uludan dem aldy-da, aşak çümdi. Töňňe suwy bulandyryp, goh turzup depesinden geçip gitdi. Merdan ýerinden turdy welin, ýakynjagyndan agzyna çagajygyny gysan tilki ýüzüp, gecip gitdi. Başagaý bolsa-da Merdan ol janawere gynanyny duýman galdy: “Janawer ir guzlapdyr-ow! Heläk bolmasalar-da biridir!”
Tilkiniň geçip giden ugruna seredende ol garaňkylygyna garamazdan “36-njy şahamça” diýen ýazgyly sütüni saýgardy. “Ýene-de iki şahamça galdy” diýip, ol içinden belledi. Şol pursatda dört-bäş ädim öňünden barýan Annaöwezow erbet buruldy-da, “ymm” edip, suwuň astyna gitdi. Merdan öňe okduryldy. Gözüni ýumup, çökdi-de, sermeläp, Annaöwezowy tapdy. Ezeneginden ebşitläp, çekip galdyrdy.
--Üh-he, üh-e…
Öýkeni suwdan dolan Annaöwezow üsgürdi. Agyrydan ýaňa ýüzüni çytyp, ynjyly sojady.
--Wah, aýagym gaňryldy öýdýän!
--Ýüzmegiň hötdesinden gelersiňmi?
--Bilmedim-dä, ýoldaş seržant.
Merdan haýal-ýagallyga ýol berip biljek däldi. Suw eýýäm eňeklerine ýetip, aýaklaryny ýerden üzüp ugrady. Ol Annaöwezowyň goltugyna girdi. Goly bilen bilinden tutdy. Beýleki eli bilen ýaragyny saklap, öňe tarap süýşüp başlady.
--Annaöwezow, ýaragyňy…üh-he, üh-he… gaçyraýma!
Suw agzyna gidip Merdany gepletmedi. Daýawdygy zerarly Annaöwezowyň bedeni onuň hortap göwresini aşak basýardy. Beyle ýagdaý uzak dowam edip biljek däldi. Suw burnuna girip ugranyndan soňra, Merdan ýüzmeseler bolmajagyny bildi.
--Annaöwezow!-diýip, Merdan oňa tarap öwrülende, onuň ejirli eňşäp duran ýüzüne gözi düşüp haýykdy. Halyna gyýlyp, sesini ýumşadanyny hem duýmady:
--Ýüzüp bilermiň, inijik?
Merdan özünden bary-ýogy birje ýaş uly bolsa-da, Annaöwezow onuň äheňine hossar tapynan ýaly boldy.
--Ýüzerin, ýoldaş seržant!
--Getir ýaragyňy, enjamlaryňy maňa ber. Bir eliň bilen ýapynjamyň ujundan ýapyş! Birden akyp gidäýme! Gitdik!
Bir haýukdan soň, Merdanyň ýapynjasy dartylyp başlady. “Ýadady!” diýip, Merdan Annaöwezow hakynda tukat oýlandy. Bahym bir çykalga tapmasa Annaöwezowyň ýüzmäge mejaly galjak däldi. Ol esli wagt bäri gapdallary bilen akyp barýan sütün bölegine ýapyşdy-da, Annaöwezowy hem ýanyna dartdy. Niredediklerini bilmek üçin, üşemekden ýaňa titräp, diýen etmeýän eli bilen elçyrasyny ýakdy. Ýalpyldap çykan şöhle gözüni gapdy. Ol öwrenişmek üçin, azajyk gözüni ýumdy-da, elçyrany öňlerine tutdy. Şol bada hem şatlykdan ýaňa demi tutuldy. Belentlige çenli ýüz ädimden kän galmandy.
--Gideli, inijik! Ýetipdiris ahyry.
Merdan äňi-äňine degmän gagşaýan Annaöwezowy süýräp diýen ýaly, ýüzüp ugrady. Onuň haly teňdi. “Pažžyldap” öňe dyzap barşyna Merdan: “Buýmasa-da ýagşydyr!” diýip, basga galýardy.
Ýöne hernä ýigrimi-otuz ädim çemesi geçenden soň aýagy ýere galtaşdy. Ol ysgynsyzlykdan ýaňa entäp dursa-da, ýoldaşyny hopba edip, belende çykardy. Suwdan saýlanan ýerinde-de, gymyldara gurbaty galman, ýüzin süýndi. Biraz demini dürsäninden soňra ilkinji meýli serhet galasyndan kömek soramak boldy. Emma aragatnaşyk serişdesiniň burmasyny towlap-gaňryp, enter-pelegini çöwürse-de, ondan dem-düýt çykmady. Merdan: “Tamaň tala daňlyp, umydyň otdan towsan ýaly bolaýsyn” diýip, umytsyz oýlandy. Duýduryş sapançasyna garşy bolsa gözüniň gyýtagyny hem aýlamady. Sapançanyň oklarynyň myžžyk bolandygy köre hasady. Diňe könlünde dörän umyt uçgunjygy zerarly: “Serhet galasynyň garawuly görmezmikä?” diýen niýet bilen, elçyrasyny gala tarap öwürdi-de, birküç ýola öçürip-ýakmak isledi. Emma bu niýetinden hem bahym dändi.
“Beýle alysdan ýöne wagt görünmeýär. Bu mahal-a ýagyşdan ýaňa garaňkylygam gözedürtme tümlüge öwrülip, goýaldy.”
--...Gara dagdan iner sili türkmeniň…,…Bent tutdurmaz gelse sili türkmeniň…-diýip, ol goýy läbikli suwa seredip oturşyna duýdansyz huşuna gelen setirleri pyşyrdady. Ony lapykeçlik basmarlady. Sütüni süýnüpdi. Argynlykdan ýaňa eginleri sallandy. Kalbynyň törüni eýelän göwnüçökgünlik üşeýändigini hem onuň ýadyndan çykardy. Alla bilsin, ol beýdip müzzerilip ýene-de näçe wagt oturjakdy, birdenkä biri goltugyndan gop beren ýäly boldy.
“A serhet näme?
Näme bärde beýdip, ýüzüňi sallan bolup otyrsyň?! Serhedi kime taşladyň ahyry?! Seniň ýagşa ezileniňe, üşäniňe nebsi agyryp, betpäl bet pälinden dänermi?! Haý, günüňe ýanaýyn!”
Ol syçrap turdy-da, aýagyny daňmak bilen meşgul bolup, sesini çykarman oturan ýoldaşyna ýüzlendi:
--Esger Annaöwezow!
Merdanyň zarňyldap duran sesi ikilenç tümlügi böwsende Annaöwezow esger endigi bilen dim-dik boldy.
--Men ýoldaş seržant!
--Serhet galasyna garşy alňasa! Ýagdaýy aýdarsyň…
Annaöwezow düşünmedi:
--A sen… sen näme, ýoldaş seržant?!
--Esger Annaöwezow, buýruk diýilýän zadyň seljerilmäge däl-de ýerine ýetirilmäge degişlidigini saňa öwretmedilermi?
--Öwretdiler, ýoldaş seržant!
--Onda… Yzyňa dön!
Annaöwezow aýlandy.
--Serhet galasyna tarap, ýöre!
Annaöwezow birküç ädim ätdi-de, birdenem ýüpünden çekilen ýaly, togtady. Dolandy.
--Ýoldaş seržant, men gitjek däl!
--Näme, näme?!!
Gahar-gazapdan ýaňa Merdanyň dili tutuldy. Ol Annaöwezowyň alkymyna dykyldy. Birdenem onuň ýyldyrap duran gözlerine nazary sataşyp, bady gaýtdy. Annaöwezowyň näme etse-de özüni ýeke taşlap gitmejekdigini duýdy.
--Otur, Kerwen!-diýip, Merdan ilkinji gezek Annaöwezowyň adyny tutdy:--Serhedi goragsyz goýup bolmaz, şu ýerden gözegçilik ederis.
Merdanyň sözleri pessaý ýöne, aýgytly çykdy. Ol göz gezdirip çykmak maksady bilen bir-iki sapar elçyrasyny serhet şahamçalaryna garşy ýakyp-öçürip, sil suwunyň ýüzünden şöhlesini tyrpdyryp goýberdi. Şol wagt bir-iki menzil daşlykda, goňşy serhet galasynyň gorag zolagynda hem yşyk ýylpyldap gitdi. Gözlerine ynanmadyk Merdan barlap görmekden ötri, ýene-de elçyrasyny şol ugra gönükdirip, gyrpdyrdy. Ýaňky yşyk oňa jogap berdi. Soňra has aňyrrakda hem bir täze yşyk gyrpyldady. Soň ondanam aňyrda ýanyp-sönýän yşyklaryň bir-iki sanysy göründi. Ýeňselerinden hem birküç sany yşyk olaryň “gepleşigine” goşuldy. Buýsanjyna bäs gelip bilmedik Merdan ýoldaşyny garsa gujaklaýanyny duýman, begençli gepledi:
--Görýäňmi? Kerwen, görýäňmi? Muny bir görsene, ýekeje serhet saklawy hem serhedi terk etmändir! Görsene muny, bütin serhet yşyklary bilen gepleşýär.
Aýagynyň injigini owkalaýan Annaöwezow ýylgyrdy.
--Görýän, ýoldaş seržant! Hiç kim gitmändir.-diýip, ol sägindi-de, buýsanç bilen üstüni ýetirdi:-…Bizem gitmedik!
Serhet zolagynyň tutuş uzynlygynda gyrpyldaýan yşyklar bolsa, göýä: “Doganlar, barmysyňyz?! Ýurt abatmy?! Bizd-ä hemme zat gülala-güllük!” diýip, biri-biriniň halyndan habar alýan ýalydy…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 30 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Watana wepalylyk we çäksiz söýgi, tutanýerlilik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk, harby duýgurlyk barada terbiýeleýji ähmiýetli, täsirli hekaýa.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: