10:01
Sensiz setirler...
Sensiz setirler ...»

Ýene tenha gijeleñ tagamsyz çaýy bilen,
Tümlügiñ täk buýsanjy - ýaşmaksyz aýy bilen,
Wepadar ýalñyzlygyñ ylham serpaýy bilen,
Dümtünip keşde çekýän hakyda sapagyndan;
Ýene tenha gijeleñ tagamsyz çaýy bilen ...

Göýä gapymy kakýa şemalyñ aýak sesi,
Ýa haýp tolgunýamyka kalbyñ goja höwesi? ..
Bilmen, gyzdy: rmy eli umydyñ boş kisesi?
Elim sowuk kisede, dişşirgenýän ýene-de,
Gapymy kakyp gaçýa, şemalyñ aýak sesi ...

Saña aýan ýyldyzym! Köpe geñsi ahwalym:
Tiken basan armanym, düýş deñzinde hyýalym,
Diwanda kyrkdan aşan - nobatdaky wysalym.
Ak bulutdan öýkeli nazarym saña düşýä;
Saña aýan ýyldyzym! Köpe geñsi ahwalym ...

Bir görsediñ aýnada sensizligiñ mor ýükün ..
Ýsir aldy ýapraklar gara gözümiñ kökün ..
Wagt bolsa, çapyksuwar, ýöredýä öz
hökümin ..
Gaşyn çytýa gijeler..şemalam hüñür-hüñür ..
Bir görsediñ aýnada sensizligiñ mor ýükün! ..

Taýmaz SEÝIDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 122 | Добавил: Has | Теги: Taýmaz Seýidow | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: