06:49
Senli dünýe / oýlanma

Senli dünýe... (oýlanma)

Senli dünýe... Bu dünýe hakda näçe aýdyp otursaň hem az ýaly. Bu gün ýene täze güniň başlangyjynda durun. Emma, näme edip, näme goýjagyma hiç hili kelläm işlänok. Sensiz bu täze güniň manysy hem gyzygy ýok. Öňler ýagny, sen meniň dünýämde ýaşaýarkaň, daň säher bilen turyp, hemme etjek işlerime, okuwyma höwesli bolardym. Bu gün bolsa sen meniň dünýämden edil, serçäniň öz höwürtgesini terk edip gitse asla gelmeýşi ýaly, senem menden uzaklara gitdiň. Kä-käwägtlar pikirler ummanynyň girdabyna köp wagtlyk gadam basardym we jogapsyz soraglary kellämde aýlardym: “Näme üçin men beýle? Hemişe Aýsona barada pikir edip ýörün? A ol men barada şeýle pikirler edýärmikä? Haýsy gyza seretsemem, elmydama onuň keşbi janlar durar... Onda hem şolar ýaly bolýarmyka? Hoş habar ýa-da begendiriji üstinliklerimi ilki bilen Aýsona aýdardym. Adam ogly durmuşda hiç hem ilkinji söýgüsini ýadyndan çykarmaýar. Sebäbi, ilkinji söýgüni Allanyň onuň sabyr-takatyny synamak üçin beren bir synagy hökmünde kabul edýär. Eger-de,bu synagdan geçip bilmedik ýagdaýynda, adam ogly bu söýgüni ýüreginiň töründe gorap saklaýar. “Öz kellämden şeýle pikirleri etsemde, ýüregim başga zatlar diýip pyşyrdaýan ýalydy...
Çagalygymda hiç hili ýürek agyrysy barada pikir etmezdim. Ýöne ýigit çykyp, sen meni terk edeniňden soň, ýüregimiň agysy, ol dertlere çydaman, her uranda parça-parça bolaýjak ýaly bolýan ýüregimiň agyrysyny duýdym. Bu agyryny duýanymda, içimden bir uly tolgunma gaplap alardy. Şol pursat bu ýüregimiň agyrysyna hiç hili däri-derman şypa etmezdi. Men bolsa bu derdi,seniň suradyňa seredip ýeňip gezdim. Adamlaryň köpüsi: “Adamlary hemişe durmuş, gaýgy, dert, gam agladýar”-diýip pikir edýärler. Ýöne aslynda adamy, adam agladýar. Ýalan ykbal adam pahyryň başyna bir dert salsa, ondan hijem gutulyp bilmeýär. Gutulsada her ýerde şonuň  üçin ýüregini ýandyryp, gahar-gazapda gezýär. Men ýalan ykbalyň şu ýerde bir zady belläp geçmegini isleýän. Ýagny: “Adamy: “Harlanan ýürek agladýar”.
Senli dünýe... Gör bu dünýä nähili ajaýyp hem owadan eken. Bu dünýäni sen terk edip giden bolsaňam, bu dünýäde  entägem seniň goýup giden yzlaryň bar. Seniň owadan hem mylaýym, ajaýyp hem nusga alarlyk keşbiň hijem bu dünýäden gitmez. Meniň saňa bolan söýgüm hakydamda asla öçmejek yzlary goýupdyr. Öz hyýalymdan seniň  gaýdyp gelmejegiňi bilsemde, saňa şeýle sözleri diýesim gelýär: “Erte ýene-de saňa garaşaryn. Garaşaryn saňa ömrümiň iň  soňky demine çenli. Eger Beýik Biribar maňa bir asyrlyk ömür beren bolsa, şol günleriň hemmesini saňa garaşmaga razy. Garaşaryn... çünki seniň dolanyp geljegiňe ynamym bar. Sebäbi, diňe baka giden adamlar dolanyp gelmeýär. Çyn söýgüm bolsa, asla ýüreklerde ölmeýär..."
Senli dünýe... Gör bu dünýä  nähili ajaýyp hem owadan, entäk seniň menden eşidip görmedik ýakymly sözlerden doly eken. Arzuwsyz adamyň bolmaýşy ýaly, men hem saňa ýetmek isledim. Emma saňa golum uzadyp ýetip bilmedim. Men seniň mähriňe suwsan bir aşyk ýigit. Aýagym ýetenok, baryp bolmady. Hiňlendim men, belki sesim eşidersiň. Kalbymyň owaz edýär. Ol owaz  aýdym-my, agymy duýup bilmedim. Sen meniň ykbalymyda elim ýetmeýän bir asmandaky ýyldyz mysaly. Bu  gün sen menden uzakda. “Göge seret, asman bakýar men bolup. Goluň uzat aýym, menem baraýyn. Bu gün seni kim söýýärkä men bolup...”

Hemra BÄŞIMOW.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 30 | Добавил: Has | Теги: Hemra Bäşimow | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: