19:43
Seniñ mähriñ

SENIÑ MÄHRIÑ

Seniñ mähriñ gutarmajak ömürmi,
Ýa dogamy kalbymdaky duýgyma.
Meni ýalñyz galdyrsa-da bu ýyllar,
Sen jan berdiñ öçüp giden söýgime.

Söýgi sözleñ owaz bolup ýañlandy,
Heniz şatlanmadyk ümsüm dünýämde.
Joşmagyma sebäp bolduñ sen bu gün.
Gursakdaky gürsüldiñi diñlämde.

Göreçleñde owsun atýar bu älem,
Bakyşlaryñ gudratmy ýa jadymy.
Pyşyrdadyp öwsen ýelleñ leblerin,
Hem köredýär yşkyñ alaw-oduny.

Señ baryñda bagtlydygma düşündim,
Señ baryñda dünýä indim täzeden.
Señ barlygyñ-kalbymdaky aýdymym,
Señ barlygyñ-meniñ üçin dünýä deñ.

SENI ÝATLAP

Sen geldiñ-de, gitdiñ derdimi gozgap,
Täzeläp ýañakda posañ yzyny.
Saña bolan söýgim kalbymda dyñzap,
Men ýene-de bagtly duýdum özümi.

Juda alyslardan eşdilýär her dem,
Gursakdaky nota çalýan gürsüldiñ.
Hyýalymda yşk bagynda seýil edip,
Seni ýatlap oturýaryn birsellem.

Äkit meni, mähir doly dünýäñe,
Seniñ dünýäñ bakylygyñ mekany.                         Yüregimde goterip ýör umydym,
Saña bolan söýgim bilen wepamy.

Bahargül MEJIDOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Sahypjemal | Теги: Bahargül Mejidowa | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 6
0
1  
O-hho Bahargül gelnejemizem bardyr-ow. Dowamly yetirewer, hazirki zaman zenan şahyrlarymyzyñ iñ ajaýyby.

0
2  
Bahargül Mejidowañ ady bilen teswir bar eken.Ýöne agza däl eken.Ol saýtda bar bolsa agza bolsa gowy bolardy.

0
3  
Gumlygelin, geneje Bahargül agza bolmakçy. Teswiri õzi yazya saydyñ dašyndan.

0
4  
Habary gelen bolsa özem daşda däldir...

0
5  
Ajaýyp goşgular!

0
6  
Gowy goshgy

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: