00:47
Seni gözledim

SENI GÖZLEDIM

Köz ýaly bägülleň gözel görkünden,
Men seni gözledim, seni gözledim.
Gijeler nurana Aýyň durkundan,
Men seni gözledim, seni gözledim.

Men yşkyňa düşüp örtendim telim,
Akyl goýaldykça, giňeýär gerim.
Säher howasyndan tämizläp serim,
Men seni gözledim, seni gözledim.

Ençe kitaplaryň agtaryp gatyn,
Gördüm aşyklaryň söýgä hormatyn.
Seniňkidir güýç-gaýratym, gurbatym,
Men seni gözledim, seni gözledim.

Wah, bilýän-le, bir öwrümde duransyň,
Belki men tarapa gadam uransyň,
Mümkin, şonda sergezdan diýp gülensiň,
Men seni gözledim, seni gözledim.

Boýny ýogynlygyň başyn kesde, gel,
Göwnüň arşda bolsun, niýet pesde, gel,
Bir haýyşym ýürek telwas etse, gel,
Men seni gözledim, seni gözledim.

Azymberdi KAKAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Aziz | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 5.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Şu goşgyňy okasa hökman geläýmeli...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: