19:52
Sen ýylgyrsañ, Ejemjan

SEN ÝYLGYRSAÑ, EJEMJAN.

Bagda açylar güller,
Joşup saýrar bilbiller.
Dünýe hasam görklener,
Sen ýylgyrsañ, Ejemjan.

Dünýäm bahar-ýaz bolar,
Aýdym bolar,saz bolar.
Kalbyma ylham iner,
Sen ýylgyrsañ, Ejemjan.

Göwünlermiz şat bolar,
Gaýgy-gussa ýat bolar.
Işimiz rowaç alar,
Sen ýylgyrsañ, Ejemjan.

Daglar-daşlar hem erär,
Ajap gazallar dörär.
Bag-bakjamy gül bürär,
Sen ýylgyrsañ, Ejemjan.

Şatlyk gurşar ýer- ýüzün,
Gül bürener dag-düzüm.
Bagtly duýýaryn özüm,
Sen ýylgyrsañ, Ejemjan.

Nurberdi GOÇMEDOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Can-Kurt | Теги: Nurberdi Goçmedow | Рейтинг: 3.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: