20:59
Sen gitme
SEN GITME

Sen gitme, owadan dünýeden gitme,
Kõýdürilen ykbalymdan gitseñ-de.
Ýolda-yzda sataşsak-da, ýatlar deý
Geç, aýtma-da kalba gussa ýetse-de.

Nirededir bir ýerlerde barlygñy,
Duýup ýaşasam bor çykman gõzlegñe.
Semender deý oda baranlygymy,
Duýdurmaryn saña, bakman gõzlerñe.

Bagtyñ üçin õzim eýledim pida,
Pidasyz utuş ýok ykbal oýnunda,
Kõýdürlen umydym etse-de seda,
Sen mensiz ýaşaber bagtyñ goýnunda.

Aýrylygña asla çytmaryn gaşym,
Takdyryma kaýyl borun sem bolup.
Sen gelmediñ diýip bakmaryn daşym,
Ýaşasak bor bir howadan dem alyp.

"Gelmedi " diýip gussa dõrse kalbymy,
Ilden gizläp aglaşaryn dañ bilen.
Ykbal çatrygynda aýrylsa ýollar,
Senli günler ýaşar ýõrer meñ bilen.

Yşkyñ otly lybasyny geýsem-de,
Ýazmadyk takdyrdan almaryn gañryp.
Elde elwan pyýalamy dõwse-de
Bilmez hiç kes seni kalbymdan aýryp.

Keşbiñ galan gõzlerimden gitseñ-de
Dõzmerin owadan dünýeden gitseñ
Menzillere õzge bilen ýetseñ-de
Halym harap bolar dünýeden gitseñ..
Ýaşa, bu owadan dünýäden gitme..

Suraý ATAÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Medinilla | Теги: Suraý Ataýewa | Рейтинг: 3.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Liriki gahryman juda kanagatly we gaty giñ gowrumli gahryman.Gowygoshgy

0
2  
@Garayolly, dogry...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: