08:08
Seljuklar döwrüniñ şöhratly zenany: MAHPERI HATYN

Mahperi hatyn: seljuklar döwrüniň şöhratly zenany

● Hatynyň haýyr-sahawat işleri

Mahperi hatyn ömrüniň köp bölegini Kaýseridäki Keýkubadiýe köşgünde geçiripdir. Ogly Gyýaseddiniň döwleti dolandyran ýyllarynda musulman dinine girip, tutuş ömrüni, bar baýlygyny haýyr-sahawat işlerine bagyş edipdir. Kaýseri, Tokat, Amasýa, Ýozgat, Siwas şäherlerinde gurluşyk işlerini geçirip, ol ýerlerde öz adyny göterýän külliýe, kerwensaraý ýaly ençeme binalary gurdurypdyr. Ajaýyp arhitektura ýadygärlikleriniň biri bolan Hunat hatyn külliýesi barada makalamyzyň dowamynda giňişleýin gürrüň ederis. Geliň, häzir şa zenanynyň haýyr-sahawat üçin gurduran kerwensaraýy baradaky maglumatlar bilen tanşalyň.
Kerwensaraý 1238-1239-njy ýyllarda Tokat — Turhal — Amasýa kerwen ýolunyň ugrunda gurlupdyr. Ol tomusda we gyşda düşlär ýaly düşelgelerden ybarat bolup, olar ýazlag we gyşlag diýlip atlandyrylypdyr. Ýazlag düşelgesiniň töweregi howly bilen gurşalypdyr. Gyşlag düşelgede üsti gümmezli gonaklar iki hatar edilip ýerleşdirilipdir. Onuň daş-töweregi ýapyk bolupdyr. Gönüburçluk şekilindäki kerwensaraý kesme daşlardan galdyrylypdyr. Dürli nagyşlar bilen haşamlanan esasy girelgäniň ýokarysyndaky daş ýazgyda kerwensaraý barada maglumatlar görkezilipdir. Girelgäniň bezegindäki iki reňkli daşlardan edilen nagyşlar binany has-da ajaýyp görnüşe getiripdir.
Şunuň ýaly ýagşy işleri amal eden Mahperi hatyn sowatly, sungata sarpaly suratkeş, sazanda zenan bolupdyr. Onuň arhitektorçylykdan hem başy çykypdyr. Hatda Kubadabat köşgüniň çyzgysyny we diwardaky keramiki şekilleri çyzan hem hatynyň özi eken.

● Hunat hatyn külliýesi

1238-nji ýylda gurlan Hunat hatyn külliýesi hatynyň adyny göterýän metjidi, medresäni, hammamy we kümmeti öz içine alýar. Kesme daşlardan bina edilen külliýäniň gönüburçluk şekilindäki medresesi uzak wagtlap arheologiýa muzeýi, 1969-njy ýyldan 1998-nji ýyla çenli bolsa etnografiýa muzeýi hökmünde halka hyzmat edýär. Häzirki wagtda ol Kaýseri Etnografiýa muzeýi diýlip atlandyrylýar. Sekizburçly konus görnüşindäki kümmetde 3 sany gubur üsti daş ýerleşip, olaryň biri Hunat hatyna degişlidir. Külliýäniň merkezindäki metjidiň günbatar we gündogar tarapyndaky mermeriň ýüzüne ýazylan ýazgylarda ony kimiň gurduranlygy barada şeýleräk maglumatlar bar: «Bu mübärek metjidiň gurluşygyny Keýkubadyň ogly beýik soltan, din we dünýäniň goragçysy, fetihler eýesi Keý Hysrow döwründe, 635-nji ýylda beýik alym, öňbaşçy, dünýäniň we diniň abraýy, haýyr işleriň eýesi Melike (Mahperi hatyn) ogluna emr etdi».
Metjidiň gündogaryndaky, şeýle-de külliýäniň beýleki ýerlerindäki ýazgylarda Melike Mahperi hatynyň 20-ä golaý tahallusy ýazylypdyr. «Ýagşy kişiniň ady köp» diýlişi ýaly, Mahperi hatynyň şöhratyndan habar berýän şol tahalluslaryň biri «E1 Ahile» bolup, ol «Zenan hökümdar» diýen manyny aňladýar.
Aslynda Seljuklylar döwrüne degişli kümmetleriň ählisinde onuň kime degişlidigi, haçan doglup, näwagt aradan çykanlygy baradaky maglumatlar mermer daşlara ýazylypdyr. Bular taryhçy alymlara anyk maglumatlary toplamaga ýardam edipdir. Ýöne Mahperi hatynyň kümmetindäki daş ýazgylarda onuň aradan çykan wagty görkezilmändir. Bu bolsa kümmetiň hatyn dirikä gurlandygyny aňladýar. Kümmetdäki: «... şehit II Gyýaseddin Keý Hysrow ibn Keýkubadyň ejesi Mahperi hatyndyr» diýen daş ýazgy 1246-njy ýylda Gyýaseddin aradan çykan wagty şa zenanynyň heniz aýatdadygyna güwä geçýär. Ibn Bibiniň ýazgylarynda bolsa tanymal wezir Jelaleddin Garataýyň aradan çykan ýylynda, ýagny 1254-nji ýylda Hunat hatynyň aýatdadygy barada maglumat berilýär. Şulara esaslanyp, alymlar hatynyň takmynan 1260-1270-nji ýyllar aralygynda aradan çykandygyny çaklaýarlar.
Ýagşy amal, haýyrly perzent goýup pany dünýäden giden ynsanyň ady älemde ebedi ýaşarmyş. Ençeme ajaýyp köşk-eýwanlary, ylym-bilim ojaklaryny, kerwensaraýlary gurduryp, soltan tagtyna mynasyp perzent terbiýelän Mahperi hatynyň türkmen zenanlarynyň mertebesi bolup dünýä nur saçýan şuglasynyň, şan-şöhratynyň asyrlar aşyp, şu günlere gelmeginiň syry, megerem, şunda bolsa gerek...

Ogulgurban NURGELDIÝEWA.

Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 50 | Добавил: Raýdaş | Теги: Ogulgurban Nurgeldiýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: