00:14
Seda köñlüm

SEDA KÖÑLÜM

Ýer urmadym (Urmaryn). Elim göge uzatdym,
Men yşkyňda teşnedim. Suw däl, çäge uzatdyň,
Jebir bilen suwadyň. Bilmen, kime göz etdiň,
Yşkyňda ah-u-arman, bilniksiz seda köňlüm.

Söz ber maňa, göl döredip, ony hala çiteýin,
Ýürek tar deý, içim gor deý. Aýt, nä alaç edeýin?!
Sesim ýitmez, üýnüm ýetmez, boldum nalajedeýin,
Söwdaňa serin goşan diwana-geda köňlüm.

Ýugrumymy ýetirdiň, otda bişäýmäm galdy,
Del gözlere kän ildim, indi düşäýmäm galdy,
Öz-özüme duşman men, diňe puşeýman galdy,
Özge eşret islemez, lezzetden jyda köňlüm.

Yşk başlady, soňlanmady, näler bolmady tamam,
Göwnümiň ýyrtyklaryn gizläp bilmedi "ýamaň"...
Ganatlarym gyryldy, görüldi işim (aman!),
Eý wepalym, Sapalym, jepaňa pida köňlüm.

Yşkyňda ah-u-arman, bilniksiz seda köňlüm,
Söwdaňa serin goşan diwana-geda köňlüm,
Özge eşret islemez, lezzetden jyda köňlüm,
Eý wepalym, Sapalym, jepaňa pida köňlüm.

09.02.2019 ý.  04:58

Sapa HOMMADOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Has | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
0
1  
Sapañ bu goşgusy has-da goýazy çykypdyr.Üstünlik jigim.

0
2  
Şu dünýäde iň talapkär kazy - çaga.Olar ýalany süňňi bilen syzýarlar we inkär edýärler.Diňe hakykata boýundyrlar.Okap otyrkam çagalarym bardy."Tüweleme.Gowy goşgy eken.Duýgusyny gowy beýan edipdir,iniň jümşüldäp gidýä,özüň duýýan ýaly"diýişdiler.Diýmek bu goşgy ýerine düşüpdir.Berekella!

0
3  
Sapanyň manyly goşgulary bar. Şu goşga hasam şowly bolupdyr. Gaýtalap-gaýtalap okadym.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: