23:57
Sarpa / hekaýa

SARPA

Ogulsabyr eje agtygynyñ alyn saçlaryny sypalap, onuñ giñ mañlaýyndan mähir bilen öpdi. 
- Balamyñ balasy, balam. “Iki aýakly iki günde” diýlenleri-dä. Ýañydy jägildäp dünýä geleniñ, ynha, eýýam, tüweleme, ulygyz çykypsyñ. 
Akgül enesiniñ gasyn-gasyn bolup duran ellerini emaý bilen sypady.
- Ene jan, señ öz aýdyşyñ ýaly ederin. Durmuşa çykjak ýigidimi hökman ilki saña görkezerin. 
Ene ynjalan ýaly boldy:
- Şeýt, balam, şeýt. “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýipdirler. Muñ ýaly ýerde ulyny diñläniň gowudyr. 
- Diñlejek, ene jan, diñlejek. Sen näme diýseñ, şony ederin. Sen maña gürrüñ berjek diýen zadyñ wagty ýetdimi? Hany, aýdyp bersene!
 Ogulsabyr eje agtygynyñ  näme soraýandygyna, oña nämäni gürrüñ bermäge wada edendigine gaty oñat düşünýärdi. Şonuñ üçinem esli wagtlap näme jogap berjegini bilmän, dymyp oturdy. Birhaýukdan soñam agtygynyñ özüne garaşyp, irikgä bolup oturandygy ýadyna düşen ýaly:
- Wiý, balam, henizem otyrmyñ, maña garaşyp.
- Hawa, ene!
- Balam, şol günleri ýatlanymda, birhili dünýäñ derdi başyma düşen ýaly ýegşeriberýän. Asyl şony ýatlasym gelenok. Ýöne bu zatlary saña aýdasym gelýär, balam. Şolary görenem biz bolaly, eşidenem. Özüñ bilýäñ, balam, türkmen gaty uzak döwürlerden bäri bu toprakda mekan eýläp, däp-dessuryny, urup-adatyny ýöredip gelýän halk. Türkmeniñ müñlerçe ýyl taryhy bar diýýärler. Ana, şol taryh, urup-adat barada aýdasym gelýär. 
- Balam, türkmen gelin edinende-de, gyz çykaranda-da guda boljak tarapynyñ ýedi arkasyna çenli soraşýar, ideşýär. Belki, “Ynsan soraşa-soraşa” diýlen nakylam şonuñ bilen baglydyr, onçasyny bilemok. Ýöne biz ýaşkak, söýüşmek, tanyşmak diýen zat ýokdy. Eneñ-atañ kim bilen guda bolsa, sesiñi-üýnüñi çykarman gidibermelidi.
Akgül gözlerini mölterdip, enesiniñ ýüzüne soragly bakdy:
- Oglany tanamasañammy? Senem atamy tanañokdyñmy?
- Wah, balam, meniñ aýtjak bolýan zadymam şo-da. Aýdýan-a men, söýüşmek, halaşmaklyga nega-da bir gyz het edip biläýmese, obada söýşüp ýören ýokdy. Menem onýyllygy gutaryp, kolhozda işläp ýördüm.  Asyl biz bir topar ulygyzdyk. Tutuş gyzlar bolup işleýärdik. Şeýle günleriñ birinde goñşy obadan biri Maýsa diýen boýdaşymyza sawçylyga geldi. Guda bolundy. Biz edi gyz bolup işläp ýöremizsoñ, bize “ýediler” diýerdiler. Ana, şeýdip, ýedileriñ başyny iñ owadanymyz, iñ syratlymyz Maýsa bozdy. 
Gelnaljysy gelende biziñ altymyzam onuñ daşyndadyk. Ol möññürip aglaýardy. Atañ öýüñden ömürlik ara açmagyñ gyzlyk dünýäsi bilen hoşlaşmagyñ agyrdygyna düşünsemem, juda beýledir öýtmeýärdim. 
Maýsany alyp ugranlarynda, ýüregim üzülen ýaly boldy. Biziñ altymyzam boýdaşymyzy gözýaş bilen ugratdyk. Goñşy obaly bolsa-da, Maýsanyñ baran ýerine hiç kimiñ beletçiligi ýokdy. Diñe soralyp, idelip, guda bolnupdy. O döwürlerde öýlenjek oglan daşyndan hem görülmeýärdi. Ýigidem gyzdan habarsyzdy. 
Maýsa gidensoñ, biz alty bolup galdyk. Biziñ joralygymyz gaty ýürekdendi. Birek-birekden jinnik ýalyja-da syr saklamazdyk. Indi hemmämiz Maýsanyñ gaýdyp gelerine, bizi gelinlik dünýäsi bilen tanyşdyranyna garaşýardyk. 
Ahyry kyrk günden soñ, Maýsa gaýdyp geldi. Biziñ altymyzam onuñ üstüni sorag bilen gömdük. 
- Maýsa, baran oglanyñ gowumy?
- Sen ony haladyñmy?
- Ilkinji gije nätdiň?
-  O seni gowy gördümi?
Maýsanyñ dymyp oturmasyny herimiz bir zada ýorduk.
- Sen ony halamadyñmy?
- Dymmasana, gyz, gürläýsene!
Maýsa göz ýaşlaryny bizden gizlejegem bolmady. 
- Gyzlar, jan gyzlar. Men beýle-beýle zatlary oýuma-da getiremokdym. Ýöne ykbal meni beýdip ýakaram öýdemokdym. Ýeri, meniñ näme ýazygym bardy? Näme üçin meni beýdip kösedikä, ykbal!
Biziñ barymyz birden seslendik:
- Hany, düşnükliräk aýtsana, näme boldy? Baran oglanyñ maýypmy, lalmy?  näme boldy, aýdaý ahyry!
- Meniñ günüm siziñ başyñyza düşmez ýaly, baryny bolşy-bolşy ýaly gürrüñ bereýin. Nika gyýyp, ak-gök geýdirme edensoñlar, guşak çözdürmek üçin oglany getirip garşymda oturtdylar. Men kürtäniñ aşagyndan ýigide ogrynça seretdim. Oña gözüm düşenden üstümden gaýnag suw guýulan ýaly boldy. Garşymda ýüzi-gözi gara ört, mürşüjek bir adam otyrdy. Men näderimi bilmedim. Guşak çözmäge-de elim uzamady. 
Töwerekdäkiler bolsa, uly gohdy. Her kim bir zat diýip gygyrýardy. Biri “ýigidiñ kellesiniň keline degäýme” diýse, ýene biri “eliñi salgasañ, özünden gider ýigidimiz” diýýärdi. Meniñ gymyldaman oturanymy gören mähelle hasam möwç aldy. Gapdalymdaky oturan aýal maşgala meniñ elimi alyp, guşagy çözdürmäge başlady. Indi meniñ ne elimde ysgyn galdy, ne-de göwrämde. Ýöne saññyldap otyryn. Bar küýüm-küçäm garşymda oturan adamsumakdan arany açmakdy. Ýöne nädip? Nirä gelenimi-de, nirede otutandygymy-da bilemokdym. Onuñ üstesine-de indi men onuñ nikaly aýalydym. 
Dem salymyñ içinde kelläme gelip geçen pikirlerden ýaña başym aýlanyp gitdi. Meniñ bir tarapa gyşaryp barýandygymy duýandan ýanymdaky oturan gelin ur-tut gujaklady. Soñam meniñ ýüzümi ýelpäp oturyşyna töweregindäkilere gygyrdy:
- Hany, dargañ. Gelnimiz çaşyp barýa.
Oglanlar oña ünsem bermediler. 
- Aýly, guşagyñam-a gelnejeñ çözdi. Hany, indi, gelniñ ýüzüni bir görkez ahyry. Beýdip lellerip oturma-da.
Garşymdaky adam tarsa ýerinden turdy-da, maña ýapyşdy. Meni gelnejesiniñ elinden dözümlilik bilen aldy-da, ysgynsyz ellerimi eýläk-beýläk towlady. Kürte giñden açyldy. Ýüzümi görenden oglanlar geñ galandyklaryny gizläbem durmadylar. 
- Eý, Aýly, Aýyñ bölegi ýaly gyz tapypsyñ-la.
- Aýlyñ Aýy öýünde dogupdyr, how, ýigitler.
Aýly meni göýberenden bir tarapa gyşardym. Rejäniñ geñ däldigini bilen adamlar dargamak bilen boldular. Hemmeler bilen Aýly-da çykyp gitdi. Öýde eltim bilen galdyk. Ol penjireleri has giñden açyp, başymdaky kürtä ýapyşdy.
- Hiç kim ýok, gelin jan. Özüñi dürseýänçäñ, aýraly muny.
Meniñ indi hä diýmäge-de halym ýokdy. Ol sowuk suwly käsäni agzyma tutdy. Birki öwurtlanymdan soñam, ýüzüme çaldy. Meniñ bu alasarmyk ýagdaýym howanyñ yssylygyndan däldi. Ol içimde gopýan harasadyñ netijesidi. Şonuñ üçinem ýüzümiñ ýelpenmegi-de, sowujak suwam derdimi ýeñledip biljek däldi.  Indi men bu ýerden nädip çykyp boljakdygy barada kelle döwýärdim. 
Elti boldaýjym bize düşek ýazyp ýörşüne ýüwürjisini magtaýardy. 
- Aýly ýüregi ýumşak gaty gowy oglandyr. Ol seni eliniñ üstünde saklar. Ynha, görersiñ, sen bize gelin bolup düşeniñe birjigem ökünmersiñ.
Onuñ bu sözleri näme üçin aýdýandygyna gözüm ýetip durdy. Ol gara jürjen ýaly Aýlyny meniñ gözümiñ öñünde belende galdyrjak bolup, azara galýardy. 
Men oýlandygymça, indi hiç hili çykalganyñ ýokdygyna düşünýärdim. Çykgynsyz güne galyp , takdyra ten bermekden başga alajym ýokdy. 
Wah, iñ erbedem öñde eken. Birsalymdan Aýly geldi gomparyp. Meniñ busulyp oturanymy görenden:
- Näme üçin beýden bolup otyrsyñ, hany, düşege geç-diýip, hemle urdy. 
Menem  diýýämiñ hem diýmän, şol oturyşyma otyryn. Ol meni göterip düşege oklap göýberdi. Hylçyldan düşdüm. Oña bujagaz hereketi üçin hunaba ýuwutdyrasym gelip, içim bujyklap başlady. Ýöne syr bildirmän, şol oturşyma gymyldamadym. Ol çyrany öçürip, eýlämden bir geldi, beýlämden bir geldi. Menem doññara daş ýaly bolup otyryn. Ol ahyry ýuwaşjadan ýüzümi açdy. 
- Aýyñ bölegi ýaly bolup oturan janam, adyñ näme? 
Menden ses çykmady.
- Maña Aýly diýýäler. Ýañy eşidensiñ-le. Señ adyñ näme, a gyz?
Doñup oturşyma ol geñ galdy öýdýän.
- Sen lal-a dälsiñ-dä, hernä? Eý, Hudaý, maña lal gyzy alyp beräýdilermikä?
Onuñ bu bolşy dünýäni unudan däli-porhana meñzeýärdi. Men kalbymdaky çaknyşýan pikirleriñ ýakyp-ýandyryp barýan oduň öz göwrämden çykyp, äleme paş bolar howatyry bilen ses-selemsiz oturyn. Adamda iñ güýçli zadyñ sözdügine, iñ agyr zadyñ pikir-duýgudygyna, adam üçin iñ mährem zadyñ hem sazdygyna  hut şol pursat düşünen ýaly boldym. Şol dem tutuş süññümi gussanyñ çañ-tozany gaplap aldy. Bu mürşük adama şam bolmalydygyma, tä ömrümiñ ahyryna çenli ýassygymy deñ paýlaşmalydygyma ökünjim erkimi, iýip, meni jansyz jesede öwrüpdi. Ol rejäniñ geñ däldigini bilip, meni bir tarapa iteläp göýberdi. Tä ertire çenli düwdek ýaly bolup, şol ýatyşyma gymyldaman ýatdym.
Ýedi gyzyñ arasynda baýdak ýaly boýy, ak mapraç ýüzi, gyýma gaşlary, nogta saçlary bilen aýratyn saýlanyp duran Maýsa ine, şeýdip, bir bagtlynyñ alnyndan çykdy. Ýöne onuñ ak bagt baradaky arzuwlaryny şol ilkinji gijede ýyldyrym urup, gara kömre öwrüpdi. Şondan soñ biz öz bagtymyz barada arzuw etmäge, göwün ýüwrütmäge hem çekindik. Göýä, durmuş, ykbal bize gowulyklary rowa görmejek  ýaly bolup durdy. 
Maýsany bir aýdan gaýyn öýüne gaýtardylar. Ýöne heniz-henizlerem ol adamsy bilen tirkeşip çykmana utanýar. Çünki, Aýyň bölegi ýaly Maýsa Aýlyny ozone mynasyp görenok. Emma Aýlynyň adamkärçiligi çakdan üýtgeşik boldy.  Ol Maýsany eliniň aýasynda saklaýar.  Men Maýsany ogul öýerjek bolanymda-da, gyz çykaranymda-da her gezek ýatlaýan. Derýalaryñ öz gözbaşyny terk edip bilmeýşi ýaly, menem şol pikirlerden ömür-ahyr ara açyp bilemok. Ynha, indem, balam, sen ulygyz çykdyñ. Durmuş gurjak wagtyñ hem daşda däl. Nika öz wagtyna baranda ony saklajak zat bolmazmyş. 
- Hawa, balam, adam çagasy öz sulhunyñ alany bilen ýaşaşmasa, ýüregi şol iñlär durar, iñlär durar. Tüýs gadymkylar aýtmyşlaýyn “Arwahyň almasa, ýakmaz owazy” diýlişi ýalydyr. Onsoñ bu durmuşda seni ýalñyzlyk ýüki basar-da, iki gerdeniñe dünýäň aladasyny ýüklär. Şeýle bolmaz ýaly, az wagtlyk duýga yşanman, soñam şol ahmyrdan ýaña aşagyña ýandak düşenmän ýaşajak bolmaly. Duýgyñy öz mähri bilen duýup, ömrüñ ahyryna çenli şony gorap biljek adama köñül bermeli. Munuñ üçinem ýañky aýdyşym ýaly, türkmen gelin edinende-de, gyz çykaranda-da adamyñ ýedi arkasyna çenli yzarlaýandyr, soraşýandyr, ideşýändir. Adam çykýan ýer bilen gatnaşyk açylýandyr. Çünki, türkmen garyndaşlyk ýüz  ýyllyk, gudalyk müñ diýýändir. 

Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 19 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: