21:14
Şanama / poemanyñ dowamy

MELGUNYÑ AŞHANASY

Şany öldüribem goýmady mekir,
Gije-gündiz edip gezdi bet pikir.

Ýene-de Zahhagyñ öñünden çykdy,
Indi ol çekinjeñ bir ýetginjekdi.

Şany öwüp, Melgun gülüp gözledi,
Ýene mekir, hile bilen sözledi:

Derdiñe ýararyn, al meni häkim,
Belli aşpezdirin, goýman işde kem''.

Ýylgyryp ''hyzmat et'' diýdi-de şo hem,
Melguny aşhana getirdi şo dem.

Melgundyr şa giren wagty içeri,
Hyzmatgärler başy berdi açary.

Iýmit örän azdy o zaman gaty,
O ýyllar hiç kişi iýmezdi eti.

Adamlañ iýýäñi her dürli otdy,
Başga tagam ynsan ogluna ýatdy.

Mal etin iýmegi öwrener ýaly,
Melgun öldürmäge başlady maly.

Soñra aşpez ol däbi hem taşlady,
Guş etinden biş-düş edip başlady.

Ilki ol ýumurtgañ sarysyn goýdy,
Zahhak ondan iýip gerk-gäbe doýdy.

Nahar şanyñ tüýs keýpini göterdi,
Şa melgunyñ öwgüsini ýetirdi.

Gara ýürek Melgun sözledi şeýle,
''Ýurt eýesi, entek sen sabyr eýle!

Ertir bişireýin şeýle bir zady,
Agzyñdan gitmez hiç tagamy-dady!''

Şaha täsin nahar bişirmek üçin,
Melgun çykyp gitdi gepledip için.

Nahar etdi Melgun ir turup gaty,
Käkilik hem sülgün etini gatyp.

Beýle täsin zada düşende gözi,
Taryplady häkim ökde aşpezi!

Üçünji gün ýene nahar etdi ol,
Guş etine tokly etin gatdy ol.

Dördünji gün ýene gazan atardy,
Şa öñüne göle etin getirdi.

Gatdy oña ajap zatlañ tagamyn,
Garaz naharynyñ goýmady kemin.

Şa ajap ys aldy oturan bada,
Diýdi bamagyny batyran bada:

''Seniñ indi maña yhlasyñ aýan,
Oýlanda islegñi eýle sen beýan''.

Örän çasly çykdy Melgunyñ sesi,
''Şahym sensiñ bagtyýarlyk şöhlesi!

Seniñ gül ýüzüñi görüp ýörmek bes,
Maña şondan başga hiç zat gerekmes.

Entek oña asyl laýygam däl men,
Şonda-da meñ bir towakgam bar senden.

Patyşahym, meniñ...'' iki bükülüp,
''Egniñden öpesim gelýär ýykylyp''.

''Bolýar rugsatdyr öp'' diýdi häkim,
Çekinme sen ogşamaga bar hakyñ''.

Malgun üçin şol aýdylan söz besdi,
Şanyñ eginlerne agzyny basdy.

Melgun şa egninden ogşap mazaly,
Ýere siñdi, boldy zym uçan ýaly.

Şanyñ her egninden bir ýylan çykdy,
Şa her ýan urundy, hesret gam çekdi.

Çapyp zyñjak boldy ol haly weýran,
Yzyny eşitseñ, bolarsyñ haýran:

Agaç şahasy dek her ýandan biri,
Sallanyp dur, olañ ikisem diri.

Dört ýandan tebipler üýşüp geldiler,
Olañ hersi bir zat diýşip geldiler.

Jadylykda bäsleşse-de barysy,
Tapylmady ol belanyñ därisi.

Başartmansoñ tebipleñ hiç birine,
Melgun tebip bolup şa huzuryna.

Gelip diýdi:
''Kysmat güýçlidir şadan,
Gyssanma dirikä sen bu beladan,

Çapyp kesip hiç gutulup bilmersiñ,
Belki hem dynarsyñ, nahar, ýal berseñ.

Hany, adam beýnisini berip gör,
Şonda bu ýylanlar ölse-de öler''.

Yzyna gulak goý, howlukma häli
Nämedäkä haýyn Melgunyñ päli?

Wagşylyga itermekmi hyýaly,
Ynsanlary gutarmakmy hyýaly?

Abulkasym Firdöwsi
''Şanama''

Elektron görnüşe geçiren: Peşeñ ogly Afrasyýap

Категория: Poemalar | Просмотров: 190 | Добавил: afrasyyap | Теги: Abulkasym Firdöwsi | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: