19:47
Şanama / poema

 ŞANAMA

■ Akyl-paýhasyñ tarypy

Wagt boldy gürrüñ berse bir dana,
Indi paýhas hakda ähli merdana.

Paýhas waspyn edip dilden dür saç sen,
Hekaýatyñ bilen illeri guç sen.

Dünýäde paýhasdan gymmat näme bar?
Şöhrat oña, hemme zatdan ol derkar

Paýhas öñbaşçyñdyr, ganyñda gezer,
Ýerr düş, göge uç ýanyñda gezer.

Gussany lezzeti bildirýän hem şol,
Adamy peseldýän, galdyrýan hem şol.

Ak ýürekli adam oýlanman bilmän,
Ýaşan bilmez, şoña men güwä geçýän.

Eşdipmidiñ hakykatçy ynsana,
Akyl berip, şeýle diýdi bir dana:

''Ýedi ölçäp, bir kes'' diýen nakyly,
Bilmedik öküner ýokdur akyly.

Akylla ol tentek däli görüner,
Ýakynna-da ol ýat ýaly görüner''.

Paýhas dosty hormatlanar her ýerde.
Akylsöýmez galar elmydam derde.

Bilseñ akyl kalbyñ gözi bolýandyr,
Göz bolsa älemi görüp bilýändir.

Bar zatdan öñ dörän akyldyr-akyl.
Ýüregiñ penasy, goragydyr ol.

Ýürek duýar haýyr, şeri belany,
Gözleriñ gulagyñ, diliñ biläni.

Akyl tarapyna kim şöhrat goşar?
Men taryp ederdim, ýöne kim düşer?

Eý görüp, paýhasa eýer hemişe
Zeýrenme akylly edilen işe.

Ýol tap diñlemäge danalañ sözün,
''Ylym, bilim'' diýip aýlan ýer ýüzün.

Bilenñi gaýgyrma, bar kişä ýetir,
Gowuja biljekmi, ymykly otur:

Bilip diñe söz daragtyñ baldagyn,
Düýpli bilýändirin diýen bolmagyn.

ÝYLAN ŞEKILLI ZAHHAK ŞA HAKYNDA HEKAÝAT

Zahhak hem onuñ kakasy hakynda

Ol zamanlar biri geçenmiş ýaşap,
At oýnaýan çöl* ekeni ýurdy sap.

Hudaýjoşluk bilen şalyk sürüpdir,
Haka uýup, mürewwet iş görüpdir.

Adalatly şanyñ ''Mardosdy'' ady,
Il öñünde köp uludy şöhrady.

Binogsan häkimdi, sahydy gaty,
Ýer göge sygmazdy dowardyr aty.

Ol asylly şanyñ bir ogly bardy,
Şa ogluny janyndan eý görýärdi.

Zahhak ol şanyñ oglunyñ ady,
Batyrgaýdy gaýgyrmazdy hiç zady.

Gije-gündiz ýatman jana dözerdi,
Gan däl mertlik gözläp etly gezerdi.

Onuñ dosty bolup ir bilen bir gün,
Gök otlukda çykdy öñünden melgun.

Ikisi gyzygyp, köp gürrüñ etdi,
Ahyr melgun ýigdiñ pyglyn üýtgetdi.

Melgun diýdi: ''Kasam etseñ, men keýin,
Saña birje gepi beýan edeýin''.

Oýlanman ölçermän türkana ýigit,
Onuñ emrin berjaý etdi şol wagt:

''Eger men paş etsem syryñy seniñ,
Ömürha bigaýrat boldugym meniñ''

Melgun diýdi: ''Aç gözüñi, pikir ber,
Sen barkañ ikinji şa kime derkar?

Wagt jomart bakýar gury häkime!
Seniñ bolsa hiç erkiñ ýok höküme.

Eýele-de tagty, git diý ataña,
Şa jygasy diñe mynasyp saña!

Zahhak geýdi birden gaýgy donuny
Dökmek islemedi ata ganyny.

Diýdi: ''Seniñ munyñ ýaramaz akyl,
Başga maslahat tap ýa ýoldan çekil''.

Melgun diýdi: ''Bozsañ ähti peýmany,
Elhenç jeza çekip gynarsyñ jany.

Işiñ gaýdyp, ömrüñ bişöhrat ötet,
Atañ hormat bilen şöhrata ýeter.

Şeýdip ol pälwana toruny atdy,
Şeýdip hilesine ol boýun etdi.

''Nähili edeýin?'' diýdi ýaş arap,
Melguna bir mömin gul deýin garap.

Melgun diýdi: ''Gorkma bilýärin tärin,
Howlukma, başyñy göge götergin.

Mardosyñ ajaýyp çarbagy bardy,
Şonda gezim edip,göwün açýardy.

Hormatly hökümdar turup dañ bilen,
Namaz şaýyn tutunardy öñ bile.

Mardos baga gelip täret kylardy,
Çal hyzmatkär şemi alyp gelerdi.

''Şa ýykylsyn'' diýip hilegär melgun,
Ýoluna gürp gazdy, geldi-de ol gün.

Dañdan arap şasy ýöneldi baga,
Täret kylyp, däbin berjaý etmäge.

Hökümdar ýykyldy şol gürpe taýyp,
Şeýdip bu dünýäden boldy ol gaýyp

Güpbassyny gumdan dolduraga-da,
Düzläp çykdy haýyn Melgun şo bada.

Ganhor Zahhak atasyny öldürdi,
Şeýdip tagta çykdy, göwün güldürdi.

_________________
*At oýnaýan çöl ㅡ Gadymy eýranlylar arap ýurduny şeýle atlandyrýar ekeni.

Категория: Poemalar | Просмотров: 164 | Добавил: afrasyyap | Теги: Abulkasym Firdöwsi | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: