13:01
Saña
SAŇA

Men seni aldap bilmerin,
Zybanymdan gaçar aỳtjak sözlerim,
Ýalandan aglap bilmerin,
Çünki satar, içalydyr gözlerim.
Ýadyňdamy, Weỳis baba ugradan,
Şol ajap hyrkaňy egniňe geỳip.
Aỳralygyň hanjaryny sogruban,
“Şu bolsun gapymda hyzmatkär” diỳip,
Möhür basyp, bir hat ỳolla mähriban.

Meň nähili bagtlydygmy diỳsene,
Diňle janym enem, eziz pederim.
Men şo gün şeỳlebir baỳram ederin.
Başlan oỳnumy gutaryp,
nokat goỳup baryna,
Şondan göni ỳol şaỳymy tutaryn.

Bu ỳürek şeỳlebir küỳseỳär ony,
Şemal ỳola salỳar, ugradỳar meni.
Aşyp ỳedi dagy, ỳedi derỳany,
Barỳan agyr, sensizlige çydamam.
A, sen jebir-jepalara çydaman,
Medinä göçüpsiň, eỳ, jan!
Diỳme gözleriň gaỳgyly.
Aỳt, ahyry, a, men mundan,
Nirä göçeỳin Söỳgüli!

Ş.Geldimämmedowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 127 | Добавил: Has | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: