03:44
Salamlaşmagyñ sogaby

SALAMLAŞMAGYÑ SOGABY
    
Milli edep-terbiýämiziň başy salamlaşyp, birek-birege hormat goýmakdan başlanýar. Şahyr hem:
Salamdan başlanýar adamkärçilik,
Salamdan başlanýar gowlugyň bary,
«Sag-aman ördüňmi?!» diýip soraşmak,
Türkmeniň edebi, türkmeniň däbi –
diýipdir. Salam ýürekden-ýürege ýol salýan ilkinji baglanyşykdyr. Çünki salamda Allanyň ady bar. Adamyň nähilidigini onuň salamlaşyşyndan bilip bolýandyr. Edip-terbiýeli adam hiç wagt salamyny unudýan däldir. Çünki salamlaşmak biri-birimize bolan hormat-sylagy aňladýar. Hormat-sylagyň ýok ýerinde, adamkärçilik hem ýokdur. Terbiýeli adam hiç wagt öz adamkärçiligini ýitirýän däldir.
«Salam – Taňrynyň haky» diýipdirler. Şonuň üçin hem bir öýe barlanda, öýdäki adamyň uludygyna ýa-da kiçidigine garamazdan, öýe salam berip girilýändir.
Asyl ähli zat salamdan başlanýar. Adamlaryň biri-biriniň güler ýüz bilen salamlaşmagy göwnüňi göterýär, şatlygyňy artdyrýar, şol adama bolan gowy garaýyşlary döredýär. Salamlaşan wagtyňda, edep-ekram bilen görüşmek gerek. Şeýle pursatlarda adamlaryň synçy nazary diňe saňa gönügýär.
Salamlaşmak birek-birege mähri güýçlendirýär. Onda özüne çekiji güýjüň bardygyna asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halk döredijiligine, parasatly akyldarlaryň aýdan dana sözlerine nazar salsaň-da, göz ýetirmek bolýar. Elleşmegiň sebäbi barada il içinde ençeme rowaýat saklanyp galypdyr. Elleşip görşülende, adamlar biri-biriniň başam barmagyny gysyp görýärler. Bu ýerde «Belki, sen Hydyr ata bolaýma?!» diýen many bar. Başam barmagyň süňki bolmadyk adam Hydyr ata bolýarmyş. Eger onuň barmagy süňksüz bolsa, ol adama göwün matlabyňy, isleg-arzuwyňy mälim etseň, hasyl bolýarmyş» diýen ynanç bar.
Türkmençilikde düýeli atla, atly eşeklä, eşekli pyýada, pyýada oturana, oturan bolsa ýatan hassa salam beripdir. Uly adam kiçä salam beräýende-de ýalňyşlyk däl. Sebabi erkek adamlar salamlaşanda, «Essalawmaleýkim» diýip salam berýärler, «Waleýkimessalam» diýip hem jogap gaýtarýarlar. Munuň özi birek-birege saglyk-salamatlyk, dynçlyk, parahatlyk, asudalyk dilemekdir.
Alymlaryň pikirine görä, salamlaşmak üçin ýokary galdyrylan el, şonuň ýaly-da görüşmek üçin uzadylan gol «Size rahatlyk dilemek niýetim bar» diýen manyny aňladýar.
Türkmen halkynda her bir öýe giren oturanlaryň ýaşyna garamzadan, içerik salam berlip girse, edeplilik hasaplanylýar. Öýde hiç kim bolmasa-da, öýüň hormaty üçin salam berlip girilýär. Adamlaryň döwre gurap oturan ýerine baryp, salamlaşyp çykmagyňda edebi bar. Salamlaşylanda sagat diliniň tersine, sagdan başlap çepe görşülýär. Eder köpçülikde ataň, kakaň ýa-da ýakyn hossarlaryň bar bolsa, ilkinji nobatda, şolar bilen salamlaşmaly. Oturan adamlaryň-da salamlaşylan wagtynda sähelçe ýerden gozganmagy hormaty aňladýar.
Salam adamlary tanşyňa, tanyşlaryňy dostuňa öwürýär.
Türkmençilikde erkek kişi bilen aýal maşgala görüşmeli bolanda, zenan maşgala elini uzadandan soň erkek kişi köýneginiň ýa donunyň ýeňini eliniň aýasy bilen gysyp, goşaryny sag eliniň ýeňi bilen ýapyp, oňa uzadýar, zenan maşgala onuň goşaryna çalaja elini ýetirýär we ýüzüne sylýar.
Märekede görşülip salamlaşyljak bolnanda, ozaly bilen, oturanlaryň hemmesine eşidiler ýaly edip, «Essalawmaleýkim» diýmeli we oturanlaryň içindäki iň hormatly adamdan başlap, görşüp başlamaly.
Salam berýän kimem bolsa, özüňe berlen Taňry salamyny jogapsyz goýmak ýagşy däl. Berlen salamy bilgeşleýin almazlyk peslikdir, salam berýän kişiçe ýoklugyňdan nyşandyr. Hatda duşmanyň hem bolsa, oňa salam bermek, onuň salamyny almak mertlikden hem hem paýhaslylykdandyr. Türkmençilikde «Duşmanyň ölümini dileme, öz jan saglygyňy dile» diýen aýtgydan mälim bolşy ýaly, oňa salam berip, onuň salamatlylygyny diläp, özüň hem sagat bolmak baradaky dilegleriň towlaryň çözülmegine, ynsanlyk mertebäň beýgelmegine ýardam eder.
Birek-biregiň arasyndaky sähel-mähel öýke-kinäni salamlaşmagyň üsti bilen aradan aýyrmak türkmençilikde henize – bu güne çenli bola-bola gelýär. Beýle etmek iki tarap üçin hem bähbitdir. Birek-birek bilen salamly bolmak sahawatly bolmakdyr. Adam näçe sahawatly bolsa, onuň mertebesi şonça-da belentdir. Salamlaşmak, salamlylyk we onuň edep kadalary hakyndaky gürrüňi näçe uzaltsaň, uzaldybermeli.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabyndaky: «Men özüme berlen ykbaldan hemişe razydyryn. Mähribanlarymyň beren edep-terbiýesi, olaryň maşgalanyň aladasy bilen ýaşaýandygy üçin hem minnetdardyryn!» diýen sözleri adam üçin iň mähriban ynsanlar tarapyndan berilýän edep-terbiýäniň adamy bagtly etmek güýjüniň bardygyna göz ýetirmäge ýardam edýär. Goý, her bir işde görelde, her bir sözi ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ähli işleri rowaçlyklara beslensin!

Sona Gaýypowa.
 

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 26 | Добавил: Has | Теги: Sona Gaýypowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: