20:44
Sakip Sabanjynyñ sözleri

SAKIP SABANJYNYÑ SÖZLERI

•    Başgasyndan, aýratynam syýasatçydan medet hantama bolmaň.

•    Mynasyp ýanýoldaş saýlap bilmeýän adam öz oňarjak işini hem saýlap bilmez.

•    Wyždana jogap berip bilmek, munuň özi  başarnykly bolmagyň esasy şertidir. 

•    Ýagşyny höweslendiriň, alkyşlaň. Ýamany aýyplaň, temmi beriň.

•    Allatagala her kime “bölüşmegi” nesip etmez. “Bölüşmek” we “paýlaşmak” mukaddses we keýpihon bir işdir. Bölüşmegi biliň. Paýlaşmagy başaryň.

•    Şyh uçup bilmez. Ony müritleri uçurar. Rowaçlyga eýe bolmaga, rowaçlyga dowam etmäge, rowaçlygy hasam ileri alyp gitmäge we aýaklary ýerden üzmezlige, uçmazlyga çalyşmaly. Çünki uçan hiç bir zat howada galmaýar.

•    Dost boluň, ýoldaş boluň. Dostuňyz bolsun, ýoldaşyňyz bolsun. Adam söýdükçe we söýüldigiçe bagtlydyr. 

•    Kim akylly bolsa onuň ýanynda bolmaga çalşyň. Kim akılsyz bolsa ondan uzak durjak boluň.

•    Ruhy dünýäňiz baý bolsun. Maddy baýlyk ruhy baýlykdan soňra gelýändir.

•    Şowlulyk, ýazgyt we kysmat peýdalanyp bilýänler üçindir.

•    Pikirleriňizden we beýleki ynanýan ýörelgeleriňizden sowaşmaň. Eger şeýtseňiz, ilki maşgalaňyz we ýanayňyzdakylar, soňra iş salyşýanlaryňyz we daş-töweregiňiz size ynam bilen bakar. 

•    Hyzmatdaşlyk edýän adamlaryňyzy, bilelikde işleşjek kişileriňiz we şärikdeşleriňizi saýlap alýärkaňyz ünsli boluň. Ýoldaşlaryňyz we dost hökmünde gatnaşjaklaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy mäkäm guruň.

•    Haýsydyr bir bähbit üçin, ýa-da bir zatlardan hantama bolup, ýeňilliklerden we mümkinçilklerden peýdalanmak arkaly ýaramaz kişi ýa-da toparlar bilen aragatnaşyk açmaň. 

•    Ynsan soňky deminde eden işlerine däl-de, edip bilmedik işlerine ahmyr çekýärmişin. Soňky demiňizde edip bilmedik ýagşy işleriňiz üçin gynanyň.

•    Dostluga we ýoldaşlyga ähmiýet beriň.

•    Töwekgelçilik etmegi başaryň. Gözsüz batyr boluň.

•    Ynam bildirilýän adam boluň. 

•    Adyňyzy arassa saklajak boluñ. Rowaçlyk at-abraýyň ekiztaýydyr. Adyňyzy arassa saklasaňyz, rowaçlyk siziň adyňyzy täçlendirer. 

•    Haýsy işi etjek bolsaňyz, ol işi iň oňat bilýänler bilen hyzmatdaşlyk  ediň.

•    Hiç haçan ölmejek ýaly işläň. Edil ertir ölüp barýan ýaly hem hemme zada taýýar  boluň.

•    Ýagşylygy unutmaň. Edilen ýagşylygy boş goýmaň. 

•    Aýaklaryňyz hemişe ýere basyp dursun. Hiç wagt howada gaýmalamaň. Özüňizi hiç kimden ýokarda görmäň.

•    Hiç bir işi bölek-büçek etmäň. Näme etjek bolsaňyz etjek bolýan işiňize biparh garaman tutanýerli ýapyşyň.

•    Gaharjaň bolmaň, özüňize hem-de başgalara rahatlyk beriň. Gaharyňyzy ýeňmäge çalşyň. 

•    Her zadyň bir zadyny, bir zadyň her zadyny bilmelisiňiz.

•    Agzybirligi we jebisligi her işde, her pursatda saklaň.

•    Karz pul bereniňzde, birine kepil geçeniňizde ünsli çemeleşiň.

•    Sylaglamak we temmi bermek üstünlige alyp barar. 

•    Adalatly boluň. Her işde, her meselede, her pursatda we her kime adalatly boluň.

•    Töweregiñizdäkileriñ adamdygyny hiç wagt unutmañ! 

•    Şahsy bähbit üçin, wagtlaýyn bähbit üçin hiç kimi satmaň.

•    Nähili güýje eýe bolmak isleýärsiňiz? Şoňa göz ýetiriň. Isleýän güýjüňize eýe bolandan soňra ony ýerlikli ulanyň.

•    Aýalyňyzya we çagalaryňyza wagt aýyryň. Nähili ýetişiksiz günde bolsaňyzam aýalyňyza we çagalaryňyza wagt bölüp aýyrmalysyňyz. Bu mejburylyk däl-de,  bir lezzetdir. 

•    Adamlaryň bir-birine çalymdaş maşyn däldigini biliň.

•    Durmuşa eýeriň.

•    Köp bilmäge çalşyň.

•    Açgöz bolmaň. Allatagala şükür etmegi ýatdan çykarmaň.

•    Dünýä siziň daşyňyzyda gurulandyr öýtmäň.

•    Güler ýüzli we süýji sözli boluň.

•    Maksadyňyz näme? Şoňa göz ýetiriň. Sussupeslige düşmäň. Haýyrsyz işler bilen meşgullanmaň.

•    Saglygyňyza üns beriň. Saglyk hemme zatdan ýokardadyr.

•    Tertip-düzgünli ýaşamaga çalşyň.
•    Gözüňizi açyň.

•    Eden işiňiz tapawutlansyn.

•    Işiňizi söýüň. Işiňize eýe çykyň.

•    Yaşamazdan ölmäň. Ýaşap ölüň. Ölümden söz açmak erbet zat, emma ölüm hökmany soňumyzdyr. Hemme pany zadyň takdyrynda bu bar. Adam bu dünýä bir gezek gelýär. 

•    Gardaşym, meniň bu hökümetiň geleňsizliginden ýaňa iki milliard dollarym ýele sowruldy, iki milliard dollarym! Indem diýersiň, “Gözüň doýsun-la, Iki milliard dollaryň bolmanam bilerdi!” Ol iki milliard ýurtdaşlaryma beriljek aýlykdan sogrulyp giden iki milliard, meniň jübimden däl! (1999-njy ýylyň ykdysady krizisine baha berip aýdany). 

Категория: Sözler | Просмотров: 17 | Добавил: Has | Теги: Sakip Sabanjy | Рейтинг: 2.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: