11:10
Şahyr ýüregi / poema

ŞAHYR ÝÜREGI

Şahyryñ ýüregi nähili bolýar?
Niçik bolýar şahyrlaryñ ýüregi?
Ölçäp bolarmyka onuñ göwrümin,
Şahyryñ ýüregi ulumy, kiçi?
Duýýarmyka derdini öz döwrüniñ,
Nähilikä şahyr ýüregniñ içi?
Oýanan wulkan deý lasyrdap durmy
Öz üstüne alyp synagyñ kynyn?
Ýa garalyp durmy sönen wulkan deý,
Ejiz bolandan soñ gaýnagy synyp?
Ýa-da dynyp
Eden arzuwlarnyñ ählijesinden,
Bilmän ýitgilerden indi aýñalyp,
Öz döreden dünýäsinde çolaşyp,
Gezip ýörmi aýlanyp?..
Sowallara jogap bermek añsat däl,
Kyn,
Ýöne mümkin,
Çünki
Näçe gizlin ýatsa-da ol gursakda,
Gynanan mahaly,
Begenen wagty ~
Dürli pursatda
Mälim edýär öz hakyky keşbini,
Çekýärmi öz derdin,
Iliñ keşgini.
Bildirýär oñ üçin gymmat zat näme,
Alkyşmy,
Altynmy?
Özüni söýýärmi,
Söýýärmi halkyn?
Doñmy ýa näzikmi ýüregiñ eti,
Döwrüñ talabyna laýyk gelýärmi
Arzuwy ~ neti?
Synlap durmuşy,
Diñläp şahyr ýüreginiñ urşuny,
Düşünip bor niçik şahyr ýüregi?
Näme üçin uly şahyr ýüregi,
Näme üçin kiçi şahyr ýüregi...

Şahyrlar ýaşaýar ýeriñ üstünde,
Ýöne elmydam
Mydar edýär ýeriñ üstünden gaýyp.
Şoñ üçin ene ýer,
Zemindäki bolýan zatlaryñ bary
Görünýär gözüne,
Duýulýar göwnüne
Bolup bolmalsyndan juda ajaýyp.
Şol gözel görnüşe şek ýetjek bolsa,
Mydama taýyn
Ýardam etmäge,
Ýetmäge şol demde
Belanyñ öñüne ganat germäge,
Bermäge ýürekde ezilen emden.
Ynjalar ol
Şumlugyñ ömrüni sähelçe kemse,
Apat ejizlänsoñ,
Berensoñ ýeñse,
Ýañky derdiñ bir zäherli gyýçagy
Galar ýürekde,
Ýöne öz derdini gizlemeklige
Şahyrlar ökde,
Gyýçagyñ derdi
Bolsa-da çökder.
Bolsalar diri
Şahyryñ her biri
Hut şeýle ýürege ömürlik bendi.
Olar bir-biregiñ
Baky perzendi,
Iñ soñky, ahyrky serhede çenli.
Ýaraýmasyn diýip ýukajyk bendi,
Şahyr ony
Kalbynyñ töründe mäkäm bussa-da,
Bildirýär özümiñ barlygny ýürek
Jäheksiz şatlykda
Ýa-da gussada...
Şatlanan mahaly şahyryñ keşbi
Meñzeýändir bu lälezar zemine.
Paýlaýar,
Paýlaýar şatlygny ol uly ile.
Şahyryñ şatlygnyñ her bir bölegi
Tohum ýaly ýaýrap,
Uransoñ şine
Müñläp-müñläp ýürekleriñ töründe,
Döredýär şatlyk,
Döredýär gülki,
Çünki
Şahyr ýüreginden düşen şol uçgun
Oýarýar irkilen
Birgiden,
Birmahal diñen
Arzuw-hyýallary öz howry bilen
Oýarýar täzeden.
Ot ýakýar ýürekde,
Dogurýar isleg,
Döreýär YNAM!
Ýöne şahyr
Uly gussasyny ile ýaýmaýar,
Dörän derdi
Kalbynyñ töründe mäkäm baglaýar,
Hiç kim añmaýar,
Şahyr halky
Aglanynda mydam sessiz aglaýar...

Şahyryñ ýüregi bolýandyr näzik,
Ýeri, onsoñ ony gorajak nädip?
Gorajak nädip
Gödeklikden,
Gedemlikden,
Zorlukdan.
Il derdinden dörän ýoñsuz horlukdan,
Mähir meýdanyny alan şorlukdan,
Şumlukdan,
Mertebäñi ýere çalýan ümlükden,
Beýnide,
Ýürekde
Dörän tümlükden.
Nämälim zatlardan,
Mälim zatlardan,
Aglamaly pursat kalby şatlardan,
Ýersiz ýere çişirilen atlardan,
Biderek zat üçin garpyşmalardan,
Ör turmalardan,
El çarpylmalardan,
Gohdan,
Şowhundan,
Saçagña el sokup,
Gelniñe bakýan
Dostlañ "gowsundan",
Eşidilmän galýan ahy-datlardan,
Duzak gurmalardan,
Göreçlerde galýan tüm türmelerden,
Gaýtmyşym edýänden
Bir ädim ädip...
Onsoñ ony, ýeri, gorajak nädip?
Ol juda näzik!

Şahyryñ ýüregi göçgünli bolýar,
Ondan çykan söz
Geçginli bolýar,
Onuñ owazynda ömür solmaýan,
Başga zatda bolmaýan,
Şatlyk bar.
Erkinlik bar,
Ruh bar ~
Ähli teşne ýürek oña hyrydar.
Sebäp o sözlerde hut şol ýürekleñ
Gatynda berç alan,
Asla bilinmejek synlap keseden,
Aýdyp bilmän kösenen
Oý-hyýaly bar.
Şahyr ýüregi
Ýakynlygy bilen başga ýürege
Täsin.
Şahyryñ şatlygnyñ çägi bolanok,
Öz sözi ~ öz sesi
Başga bir ýürege edende täsir.
Sözleriñ käsi
Nyşana degmedik ok ýaly çawýar,
Ýöne gülle ýaly ýitip gidenok
Gaýdyp hut şahyryñ özüne degýär ~
Ýüregi awýar.
Ähli döwür,
Ähli ýerde
Şahyrlar elmydam bolýar pukara,
Ýöne şahyr,
Geçginlidir öýdüp aýdan sözüni
Bazarda satmagy edäýse karar,
Sözler solar,
Şahyr öler.
Bilmese-de muny ilki öññeler,
Düzülmedik dutar ýaly ýañlanar
Ýüregiñ sesi,
Düşünmek kyn bolar bu sese ilki,
Agymy,
Gülki...
Çünki ak bazarda satylan sözler,
Satylan namys
Atylan ykbal,
Şahyryñ ýüregi çat açar hökman.
Şahyryñ ýüregi özünden uly,
Şahyr elmydama ýüregniñ guly.

Tapylar dünýäde ýürekden diýjek:
- Bulañ bary, bulañ bary biderek!
Azap çekmän bu bäşgünlik dünýäde
Ýaşamak gerek,
Durmuşyñ lezzetin,
Hözirin görüp
Şatlygyñ derdinden ýadamak gerek.
Başga-da duşarsyñ
Bu durmuşda şu tetelliñ taýyna,
Zamanany gowulyga özgertmek
Düşmändir,
Düşmezem
Ýerden ýörän ähli kişiñ paýyna,
Ýöne şahyr ýürek ynjalyp bilmez
Barka bu zeminde aldawdyr-hile,
Barka perwaýsyzlyk,
Öýkedir-kine.
Şahyryñ ýüregi dynç alyp bilmez,
Ynsanlar ynsanyñ
Bagtynyñ öñüni baglaýan bolsa,
Uruş bolsa,
Ahmyr bolsa,
Öç bolsa,
Ýeriñ bir künjünde çaga aç bolsa,
Ejizlikden ýaña aglaýan bolsa,
Dünýäniñ ykbaly ynanylanlar
Bu bolýan zatlary añmaýan bolsa...
Şahyryñ borjy
Ýag alan beýniniñ gara tümlügne
Bakman kimligne
Saçmaly ýagty,
Oýarmaly şeýdip müñlerçe bagty.
Saçmaly ýalkym,
Şahyryñ kiçijik ýüregniñ sesi,
Sesidir halkyñ!

Şahyr halkyñ aladasy,
Derdi bilen ýaşaýar.
Ilki bilen öz gamyny etmeýär.
Onuñ sesi
Halkyñ gan damarnyñ gepleýän pulsy.
Öz arzuwna ganat bereni üçin
Kiçisi-ulsy
Minnetdarlyk sözün aýdýar hemmesi.
Hakyky şahyry alkyş ekleýär,
Halky bolan şahyr
Hor bolmaz hiç haçan ýeriñ ýüzünde.
Onuñ bilin aladalar epleýär,
Çydaýar ol
Kyn synaga döz geler,
Alnan alkyş synan göwni sepleýär.
Yza çekilse-de şundan özgeler
Özün pida eder,
Täze ýol açar,
Nämälimlik diýen howpuñ göwsüne
Özüni atar,
Öz bähbidin gorap akym ugruna
Akmaz ol hiç haçan
Tersine akar.
Ýöräp geçilmedik ýodalar bilen
Ýygnar menzilleriñ demir tikenin,
Horlansa-da,
Zorlansa-da
Asla ejizlemez demi tükenip,
Horlanmaz hiç şahyr mätäçlik çekip,
Horlanar il-günüñ derdini çekip,
Halky öz yzyndan ýeten mahaly
Galar dikelip.
Ýürekdäki ýara bolsa-da elhenç,
Il-günüñ alkyşy melhemdir melhem.
Şahyra hiç haçan gerek däl altyn,
Bozmaz hiç haçan
Öz halkyna hyzmat etmäge antyn.
Halky bolan şahyr zada zar bolmaz,
Ýöne öz şahyry bolmadyk halkam
Asla zor bolmaz.

Hor bolsa şahyry eger bir halkyñ
Onda beýle iliñ ruhy göýdük.
Bir depen ýerini depip durandyr,
Ol ýagty geljege barýandyr öýdüp.
Şahyr öz halkyny göterýär göge,
Halkym has beýik!
Şondan belent zat ýok jümle-jahanda
Şahyryñ döreden buýsanjy deýin.
Göwniçökgün ili
Heläk eder hökman bir eýmenç kesel,
Milli guwanjyñ,
Buýsanjyñ,
Geljege arzuwyñ,
Uly ynamyñ
Şinelän mahaly köküni keser.
Ýeser bu dertden
Asla pikir etme başga ýol bilen
Dynaryn öýdüp.
Öçen ruhy,
Sönen ýüregi
Şahyryñ öz ilim söýen ýüregi
Seljerip biler,
Bejerip biler...
Düşünýärin,
Bilýärin
Şahyr bolup uly gepleýänime.
Ýöne düşüniń
Muny meñ bilgeşlin etmeýänime.
Belki-de bu şahyrlaryñ kadasy,
Sözlän halatyñ
Ýaýylýar ganatyñ
Döreýär ýürekde üýtgeşik galkym,
Köreýär göreçde üýtgeşik ýalkym,
Sebäp seni öz egninde göterýär
Gudratly halkyñ!
Ýürek urgusyny artdyrýa barha,
Ata Watanyna has bendi bolup,
Nädip uly geplemejek,
Şeýle uly halkyñ,
Perzendi bolup!
Gurban bolsun janym,
Jigerim saña
Gözüme, göwnüme gaplanan diýar,
Meniñ üçin gymmat
Gaýtalanmajak
Üstüñdäki bölek bulduñ parçasy,
Çölümiñ çägesi,
Dagyñ arçasy,
Ýitip giden tilkileriñ süreni,
Ýalñyz galan bürgüt,
Şadyýan şäherler,
Obañ küreni...
Bulañ bary medet berýär,
Saklaýar,
Kükrege sygmaýan şahyr ýüregi.
Näçe çylşyrymly bolsa-da ýürek
Şahyryñ ýüregi sadadyr sada,
Iñ soñky urga çen
Halka hyzmat etmej kadadyr kada.

Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.

Категория: Poemalar | Просмотров: 156 | Добавил: Has | Теги: Orazguly Annaýew | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Nähili kynçylygy başdan geçirenem bolsan söýgini görenem bolsañ, watana söýgiñ çäksizem bolsa çagalaryñy söýýänem bolsan şahyr bolup bolaýanok. Şol sebäpden ähli şahyrlara minnetdarlygym çäksizdir. Abraýyñyz belent bolsun şahyrlar.

0
2  
gaty uzyn, süýndüripdir. 4-5 bentde çüýlän bolsa has täsirli bolardy.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: