20:32
Sahypkyran

SAHYPKYRAN

Gerek däl! 
Hiç wagt höwes etmändim 
Wezipä, 
                derejä, 
                               pula, 
                                         baýlyga. 
It kowup ýerine geçip ýatmandym 
Gam çekmedim ýaşaýanma aýlyga. 
Bu gün aldy gitdi susagyñ sapyn 
Birwagt agzyma añalyp duran. 
Herhal, bildirmedim köp zadyñ sepin, 
Bar bolsa-da bizi daş bilen uran... 
Etmedim, 
                    etmerin özgäniñ gepin, 
Kezzapdyr gep-gybat dörjeläp ýören
Menden aýyp ýerne belanyñ sapyn
alanlar bolsa-da hinine sumat. 
Tekrarlaýan soñky görümsizlere 
Şol ykrarda galdym,
Häzirem, şumat: 
Gerek däl! 
                  Müñ goşgy, 
                                        On bäş müñ setir
döretdim diýp merhum Gurbannazaryñ 
Halyl agañ,                    
Kerim agañ köñlüni, 
Sap ynsaby tug deý pasyrdap duran  
Syýyndan ogşaljak Berdinazaryñ 
ruhuny ynjadyp.
Saçyn ykjadyp,
(Mysalañyz gursun, diýmäýin diýsem!), 
Üç müñ goşgusyndan üç goşgusyny 
Bilmese-de, üç milliondan üç adam 
Temegini göge tutýan pekgeleñ 
alan baýraklary, 
                               altyn zynjyry; 
Gerek däl! 
Ýa-da bu dil ujy aýdylan söz däl, 
Owal ymsynmadym,                                    
                                         indem ymsynman 
Ymsynanlar bolsun daýym gaçgynym.
Dogruçyllyk,                       
                      Ynsap,                                   
                                    Wyždan,                                                           Hakykat 
Şu dört taglym meniñ soñky peýmanam
Dolýança şekim ýok onki süññümde 
Et, damar, gan bolup ýaşajagyna. 
Dolansoñam, ol mynasyp ömüriñ 
Geljek nesillere nusgalyk bolup, 
Soñky asyrlara aşyljagyna! 
Şoñ üçinem razy, dyz eperlik paý 
Berilse, panynyñ özüm mysaly, 
Dünýäñ matallarna jogap gözleýän 
Kimirsiz ruhunda Sahypjemalyñ 
Hem bolsam ýeke-täk Sahypkyrany. 
Başga zat gerek däl!..            

Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Has | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 2.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Dogruçyllyk, ynsap, wyždan, hakykaty kalbynda ykjam ornaşdyryp bilýän her bir adamdan, bular ýaly haýbatly, dogumly eserler döremezligi mümkin däl. Bular ýaly adamlaryň naýzalary dillerinde taýýar bolandanmy, öz häsiýetdeşleri bolaýmasa hemmelere ýarabam barmaýalar... smile

0
2  
Has Tükmeniñ šul goşgysyny okap häzirki türkmen edebiýatymyzda-da goşgy üsti bilen terbiýeçiligiñ çuñ täsirini berip bolýandygyna ýene bir gezek gõz ýetirýäñ we buýsanýañam guwanýañm şeýle eserleri dõredýäne

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: