14:51
Sähra bilen söhbet

SÄHRA BILEN SÖHBET

Ýene gujagyña salama geldim,
Öpeýin gülleriñ çöküp dyzyma.
Tanadyñmy sähram jigerbendiñi?
Men yşkyñda saýrap ýören gyzyñ-a.

Özümem ýeke däl, Hudaýa şükür,
Özgeripmi, birmahalky gül keşbim?
Asyl meniñ bütün durkum, barlygym,
Balalarmyñ yşgy hem seniñ yşgyñ.

Men deý, kän garaşýar olar hem ýaza,
Señ mahmal bürenjek pursadyña-da.
Sen ýaly giñligi guýasym gelýär,
Eziz balalarmyñ gursagyna-da.

Guýsam göwünlerne gülleriñ görkün,
Agraslyk hem seniñki deý, parasat.
Owlakly jerene meñzän zürýadyñ,
Belki, gopmaz ýüreginde harasat.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.2/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
2
1  
Öz ruhuny tebigatyň ruhy bilen bitewilikde duýýan zenan kalbyndan syzylyp çykan,mähir bilen ýazylan ajaýyp goşgy!!! Ylhamyňyza bereket!!!

2
2  
Ýüregiñiz gobsunsa-da şatlykdan, bagtdan, ylahy ylham joşgunyndan gobsunyp sizi kämillige atarsyn, eý, Gõzel Ynsan, ylhamyñyza bereket!

0
3  
Sag boluñ mähribanlam.Diñe öwseñiz öwgüden başym aýlanaýmasyn.Kemter ýerleri barada belligiñizi hem gysganmañ.

0
4  
gumly gelneje  flower kimin basy aylansada owguden size tasir etmez owgulera,tanalym bari durkyny saklayan,mylayym,jana yakyn ynsan siz))gosgunyzdaky kemter yerlerini mena size bolan soygum gorkezenok(oz pikrim)elmydama sada dil bilen ajayp gosgylar yazyanyz... happy

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: