19:37
Säher gelýän otly

SÄHER GELÝÄN OTLY

Maña bir zatlary wada berýän deý,
Asmanda bir ýyldyz ýalpyldap gitdi.
Bar eşigin gyşa beren agaçlar
Aýazly şemala galpyldap gitdi.

Tukat gije,
Birden otlynyñ sesi...
Tümlük ýagty saçdy bu batly sesden.
Uzap barýan tokly simleñ hatary,
Göýäki nyzama goýulan esger.

Gündogardan myçyp gelýär bir otly,
Gözýetimi böldi sagy-sollara.
Göýäki zer-altyn çaýylan ýaly,
Gün şöhlesi düşen demir ýollara.

Şähermize dañdan otly gelende,
Ylla dañy özi atyrýan ýaly.
Göwnüme ol diñe adamlary däl,
Eýsem, günleri hem getirýän ýaly.

*  *  *

Eger häzir çaga bolan bolsadym,
Parhyn bilmän öýmüz bilen dünýäniñ,
Gollarymy gerip uly asmanda,
Aý bolardy düýşlerimde münýänim.

Ejemdir kakamy begendirerdim,
Ýönekeýje suratlary çeker-de.
Ulalasym gelmezdi meñ asylam,
Bilen bolsam ýönekeýje zatlaryñ
Ynsan göwnün almaýanyn eger-de.

Horazlañ getirýän dañynda örüp,
Bordy diñe ojak derdim, öý derdim.
Eger häzir çaga bolan bolsadym,
Ulular hiç aglamaýar öýderdim.

Gaýçy guýruklary bilen Asmany,
gyýym-gyýym eden garlawaçlary
Synlamda kalbymda gussa bolmazdy,
Hem bolmazdy kakamyñ ak saçlary.

Şo-ol günler ýene-de gaýtalansady,
Aglardym, gülerdim barja sesimden.
Çaga bolsam, iñ bolmanda, bolmanda,
Ejem jan ýaş bordy häzirkisinden.

Hasap söýen dünýäñ hasapsyz bagty -
Şol günleriñ gujagyna dolsadym.
Çaga bolan bolsadym...

Tagangül SEÝITMÄMMEDOWA,
Balkan welaýatynyñ Serdar etrabynyñ ýaşaýjysy.

Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Has | Теги: Tagangül Seýitmämmedowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: