20:52
"Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz"

"KÄMILLIKDEN DOGAN SADALYKDYR ÝAZ"

Türkmen topragyna bahar geldi, ýaz geldi. Biziň mukaddes topragymyzda tebigata mahsus ähli ajaýyplyklar jemlenýär. Ýylyň dört pasly-da öz aýratynlyklary bilen biziň durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Ýöne ýaz pasly olaryň naýbaşynda dur. Tebigata jan girip, janly-jandar herekete girýär. «Herekete — bereket» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Hereket bar ýerinde bereket bar. Baharyň gelmegi bilen şol hereket öz hakyky manysyna eýe bolýar. Ol hereket — ýaşaýşa söýgi, ol hereket — zähmetsöýerlik, ol hereket — bolçulyk. Ol hereket — ýaşaýşymyzyň özeni.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bahar-ýazy her gezek öz ajaýyp öwüşginleri bilen kalplarymyza dolýar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ýazy hem öz täsinlikleri bilen geldi. Togsan dolup, ýere ýyly giden toprak bu gün özüniň al-ýaşyl begresini emele getirýän ilkinji ösümlikleri bilen tebigata görk berýär. Baharyň bu keşbini synlap, göwnüň ganatlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle çeper meňzetme bar: 

«Halk aýdymlary hem bahar paslynda dag etekleridir ýaýlalarda açylan al-elwan gül-çeçekler ýaly tebigydyr». 

Bu kitapdan alnan ýene bir pikire ünsi çekeliň: 

«Ýaradylyşyň täsin gurluşy bar: uly zatlardan kiçi zatlar döreýär, käte-de kiçi zatlardan uly zatlar döreýär. Men bu tebigy kanunalaýyklygy umumylykda, anyk bir pikir- de beýan edýärin. Aslynda ýaşaýşyň özi durky bilen täzelenişdir. Zemin hemişe owadan bolmaly, onda ýaz bägülleri bark urup, garyň astynda alabaharyň ilkinji gülleri ir säherlere gözelligini buşlaýar. Ine, şeýle sansyz gözelliklerde Zeminiň müdimi asudalygynyň tebigy mukamy ýaşaýar».

Bahar pasly bilen bagly ajaýyp meňzetmeler çeper beýan edilende, Watanymyz has gözel görünýär. Türkmen topragynyň bahar-ýazynyň keşbi durşy bilen şygyr, durşy bilen gazal, durşy bilen mukam. Şahyrana setirler sazlar bilen sazlaşyp, ajaýyp aýdyma öwrülýär. Şeýle aýdym- lary diňledigiňçe diňläsiň gelýär, araňok, ireňok.
Durna, jümjümeli, älemgoşarly, Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym. Edepli-ekramly gunduz goşarly, Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym.
Bu ýazlaryň şahyrana waspy gulagyňy gandyrsa-da, ýene we ýene diňläsiň gelýär, aýdymyň-sazyň dowam edip, daglara-düzlere dolmagyny isleýärsiň:
Sen, bir jadygöý, sen, giden bir many, 
Özüň bilen ýazlaşdyrdyň ynsany. 
Maňa il-günümiň şöhraty-şany —
Nesip etsin seniň bilen, ýazlarym. 

Şunuň ýaly kalplara ýaz mukamy bolup dolan aýdymlaryň hatary uzap gidýär. Diňe bir şahyryň döredijiligindäki aýdym- lary alanymyzda-da, türkmen topragynyň waspy özboluşly beýanyny tapýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi türkmeniň baharyny-ýazyny, kämilligiň nusgasy tylla güýzüni ýokary çeperçilik bilen wasp edýär.
Baharyň ilkinji güni dünýä inen Gurbannazar şahyryň döredijiliginde tebigat, toprak, ýaz, güýz, kämillik, ylham, sadalyk ýaly düşünjeler jebisleşip, täsin bir edebi ýoly emele getirýär. Şahyryň şygyrlarynyň owazly okalmagy olaryň şol sazlaşygyň önümi bolandygy üçindir. Bu babatda şahyrlardyr ýazyjylar, edebiýatçylardyr alymlar, okyjylar kän-kän gezek pikirlerini aýtdylar. Şahyryň ussatlygy hakda, onuň şygyrlarynyň kämilligi dogrusynda ýene- de aýdylar. Çünki sadadan-sada ýazylan şygyrlarda kämillik bar, türkmeniň bahary bar, güýzi bar, tebigatyň täsinlikleriniň şahyrana owazy ýaňlanýar.

Ilkinji sözümi senden başladym, 
Duzuňy syladym­—­ýalan­ýazmadym. 
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym, 
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym. 

«Pasyllar, aýlar, ýyllar aýlanyp dursa, jahan gülleri her baharda täze gunça düwüp, täzeden görk açýar. Baharyň ilkinji güni dünýä inen Gurbannazar şahyryň döredip giden gyzyla berimsiz eserleriniň manysy hem göýäki täzeden açylýar» diýip, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew ýazypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halypalar hatyralanýar, olaryň halk üçin eden beýik işlerine mynasyp baha berilýär. Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi-de bu gün giňden öwrenilip, edebi, ylmy gözlegler esasynda ýazylan saldamly işler okyjylara ýetirilýär.
«Magtymguly, Nury Halmämmedow, Gurbannazar Ezizow dünýäniň ruhy mirasynda halkymyz üçin uly ýadygärlik galdyrdylar. Zehini görmek täze bir dünýäni gören ýalydyr. Biz zehinlere bolan sarpamyz bilen beýgelýäris» diýlip, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda aýdylýar.
Şu ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdy. Milli Liderimiz özüniň şol taryhy çykyşynda halkymyzyň medeni durmuşyna, ruhy baýlygyna mynasyp goşant goşan ussatlar hakda aýdanda, şol halypalaryň hatarynda Gurbannazar Ezizowyň adynyň bolmagy onuň döredijiliginiň kämillik menzillerinden habar berýär. Onuň şygyrlary giň okyjylar köpçüliginiň söýgü- sine mynasyp bolup gelýär. Aramyzdan ir giden şahyryň döredijiligi süňňi bilen watançylyk. Çünki onda Watan waspy belentden ýaňlanýar, tebigatyň her pasyldaky gözel keşbiniň şahyrana beýany ruhuňy galkyndyrýar.

Seret, gökde kakyp ýeňil ganatyn, 
Awara durnalar edýärler owaz. 
Güýz bu kämilligiň alamatydyr, 
Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz. 

Ýaz bilen bagly obrazly meňzetmeler şahyryň döredijiliginiň aýratynlyklarynyň biridir. Ol bir şygrynda bahara tebigatyň iň gözel pursady hökmünde kesgitleme berse, ýene birinde ony ynsan ömrüniň iň ajaýyp döwrüne — ýaşlyga meňzedýär.

Razy—köçelerim, ýüregim ýagty, Razy—kükregimde diňenok owaz. 
Berdi maňa bir ömürlik bu bagty 
Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz. 

Şahyryň döredijiliginde uly orny tutýan bahar pasly bilen bagly meňzetmelerde güýz pasly hem ör-boýuna galýar. 
Güýz — kämillik, güýz — bereket. 
Bu pikirler ýazyň gözelligi bilen utgaşanda, has tä- sirli görünýär. Şahyryň pikirleriniň özeninde arzuw-hyýal dur, bu aýratynlyk şu aşakdaky setirlerde-de güýçli duýulýar:

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, 
Sada bolsun, ogulyňyz, gyzyňyz. 
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen, 
Bereketli gelsin, tylla güýzüňiz. 

«Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär» diýýän şahyryň watançylyk duýgulary sähra gözellikleri bilen utgaşýar. Türkmen sährasy — gözellik, şahyra ylham berýän güýç. Şonuň üçin onuň şygyrdaky beýa ny-da okyjy üçin has täsin:

Bahar meýlisinde çyksaň seýrana, 
Türkmen sährasynyň aldyr gülleri. 
Başyň sypap seni goýar haýrana, 
Belent daglaryndan öwsen ýelleri. 

Dagy-düzi, baýry-sährasy, belendi-pesi, deňzi-derýasy tebigy keşbine gözellik berýän Watanymyza bu gün bahar geldi, ýaz geldi. Bu ýazlar — bagtyýarlyk döwrüniň ýazlary. Bu ýazlar — türkmen ruhunyň galkynmagy. Bu ýazlar — Watanymyzyň toý-baýramlarynyň seresi. Türkmeniň her bir bahar-ýazy toý-baýramlara beslenip gelsin! Gursaklarymyza ylham bolup dolsun!

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA, 
žurnalist.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 26 | Добавил: Has | Теги: Nurtäç Annamuhammedowa | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: