17:07
Ruh bakylykdyr, bakylyk - ruhdur

RUH BAKYLYKDYR, BAKYLYK – RUHDUR / edebi filosofik söhbet

Orta asyrlaryň beýikligi – hut şol döwürde adamzat özi üçin beýik açyş etdi, ol Ruhuň kultuny döretdi. Özüniň tebigaty boýunça başy ölümli adamzadyň iň esasy gözlegi bakylyk bolupdyr. Orta asyrlara çenli adamzat bakylygy tenden, dünýäniň içinden agtarypdyr. Gadymy adamlaryň adam jaýlamak dessurlary, janyň ölmeýänligi baradaky ynançlary aňyň ösmegi bilen aradan aýrylyp gidipdir. Çünki adam bakylygy bu dünýäden gözlemegiň telekdigine düşünipdir. Ine, orta asyrlarda bolsa adam bakylyk – bu «ýalançy» atlandyrylýan dünýäniň çäklerinden aňyrda diýen netijä gelipdir. Ol çäklerden aňyrda bolsa ruhuň dünýäsi bar. Diýmek, bakylyk ruhdadyr diýip netijä gelnipdir we onuň gözleginde ýaşalypdyr.
Ruh – adamyň tenden aýrybaşgalaşmagydyr. Hut orta asyrlarda adam ýogalandan soň, öz nesilleriniň ganynda, süňňünde ýaşamak isleginiň – biologiki bakylygyň galp bakylykdygyna düşünipdir. Sebäp diýeninde, beýle bakylyk şahsyýetiň däl-de, tohumyň bakylygydyr. Öz ata-babalaryndan miras alan genleri nesillerine geçirmek bilen adam diňe tebigatyň elindäki geçiriji serişde hökmünde çykyş edýär. Ol tebigatyň dilsiz-agyzsyz, atsyz-sorsuz bir nurbatjygy bolup durýar. Dilsiz-agyzsyz, atsyz-sorsuz – munuň özi şahsyýet däl, «men» däl diýmekdir. Bakylyk bolsa diňe şahsyýet manysynda we adam şahsy bilen baglanyşyklylykda maksada laýykdyr we paýhasalaýykdyr. Diňe ruh bilen baglanyşdyrylanda, şahsyýet bakylyk ukybyna eýe bolup bilýär. BirHudaýlylyk dinleriniň ýüze çykmagy-da adamyň şahsyýet hökmünde baky ýaşamak isleginiň netijesidir. Ýeke-täk Haktagala – şahsyýetdir. Adam bu dünýäde özüne ýetdirmeýän bakylyk alamatlaryny Biribar Hudaýda görüp bilipdir. Adamyň özi-de şu nusganyň üsti bilen bakylyga ymtylypdyr. Bakylyga ymtylyş, «adamzat» atly jandaryň iň esasy artykmaçlygydyr, ony hem ruhy, hem beden taýdan kämilleşdirjek, hatda ony – megerem, täze bir hili jandara öwüräýjek aýratynlykdyr.
Bakylyga ymtylyş ruh bilen berlendir. Wagtlaryň içinde iň oňat döwür hem adamzat paýhasynyň eklenç, zemin aladalary bilen bagly kösseklerden boşap, ruhy ymtylyşlara hyzmat edýän döwrüdir. Bakylyk ýaly ruhy gymmatlyk orta düşende, adam iýmek-içmek, münmek, guçmak eşreti bilen karar tapman başlaýar. Ten bilen baglanyşykly ähli lezzetler onuň gözüne pes hem ýigrenji zatlar bolup görünýär. Dünýäniň şeýle giňişligine, çäksizligine, ümmülmezligine akyl ýetiren, paýhas agajynyň miwesinden dadan adamzat ahyrsoňunda ýok bolup, ýitip gidibermegi özüne peslik diýip hasaplaýar. Oňa tebigat tarapyndan berlen nesil köpeltmek mümkinçiligi bolsa aldawçylyk bolup görünýär. Türkmen dessanlarynyň başlanyşyny ýada salalyň.
Patyşa bilen wezir awa gidýärler. Awda ikisine-de bogaz towşan sataşýar we ikisi-de aýallarynyň hamyladygyny ýada salyp, awdan ýüz dönderýärler. Soňra-da weziriň-ä ogly, patyşanyňam gyzy bolýar. Munuň özi adamzat tragediýasyndan söz açmakdyr. Adam şu dünýäde patyşa bolsa-da, dünýäniň patyşasy bolsa-da, ol bakylykdan ät galandyr. Onsoň, adam özüni dünýäniň myhmany hasaplaýar. Dünýäniň gurluşy bilen adamyň baky ýaşamak islegi çapraz gelýär. Wagtyň öňündäki alaçsyzlygyna, çäresizligine göz ýetiren adamyň köňlüne beýik heser düşýär. Şol heserlenmeden bolsa ajaýyp ruhy, akyl hem çeperçilik tapyndylary we açyşlary kemala gelýär.Türkmeniň klassyky milli ruhunyň ähli filosofiki hem edebi baýlyklaryna ruhy ahwalatyň şu aýratynlygyndan baha bermelidir. Bu bir beýik ruhdur. Çünki ol maddy zerurlyklaryň duzagyndan boşan we bakylyk meýdanyna çykan ruhdur. Elbetde, biziň dessanlarymyzda şertlilik, allegoriýa güýçli, hatda munuň häzirkizaman okyjysynyň mädesine degäýmegi-de, ony ürküzäýmegi-de mümkin. Emma ol şertliligiň aňyrsynda ýatan janlylygy hem howalalylygy görmäni başarmaly. Realizmde şertliligiň ýoklugy ony öz-özünden ýokary galdyryp bilmez. Realizm adamzat ruhunyň çuňlugyndan, düýpsüzlikden mahrum edip, ony pessejik joýa öwürdi. Realizm çäkli, bir gatlakly estetiki dili berdi. Munda ruhuň hakyky çuňlugyna, içki öwrülişiklerine barabar çeperçilik model ýokdur.
Türkmen ruhy dünýä, pelek diýip tebigata düşünýär. Şunda ol adam kämilligini tebigatdan daşlaşyp, ýokary galyp bilşine görä kesgitleýär. Tebigat paýhasdan hem gözellikden mahrumdyr, çünki munda bakylyga hiç hili orun ýok. Tebigatyň esasy ýaşaýyş kanuny – biri-birini iýmek. Tebigat öz synalaryny özi iýýän bir ýuwdarha çalym edýär. Özi dogurýar, özi iýýär, nejasatyndanam ýene iýilmeli zat döreýär. Bu ýerde paýhasa hem mana hiç hili orun bolup bilmez. Diňe teniň – tebigatyň gaýdyp iýmek üçin ýaradan huruşlygynyň boýuntyrygyndaky adam bu ýerde haýsydyr bir hezilligi görüp biler.
Şonuň üçinem köne türkmen şahyrlarynyň dünýäden ýüz öwürmeginiň hiç hili geň-taňlygy ýokdur. Ol bize indi samsyklyk bolup görünýän bolsa, bu biziň öz samsyklygymyzdyr, ol bize düşnüksizlik bolup görünýän bolsa, bu biziň zada düşünmeýänligimiz, ruhumyzyň petiginiň pessejikligindendir. Beýle terk etmäniň aňyrsynda ýalana çykarylmasy asla aňsat düşmejek beýik ruhy prinsipler ýatýar. Meniňçe, ata-babalarymyzdan galan ruhy gymmatlyklara çemeleşmegiň esasy şerti şundan ybarat: eger biz bu gymmatlyklara bütin çuňňurlygynda, çynlakaýlygynda, esaslylygynda we janlylygynda düşünmek isleýän bolsak, eger biz geçmiş – diýmek, ruhuň pes derejesi diýen ýöntem pikirden boşamak isleýän bolsak, onda özümizi atalarymyzyň ornuna goýmany başarmaly, olaryň hamyna girip, olaryň gözi bilen seretmäge, olaryň gulagy bilen diňlemäge dyrjaşmaly. Diňe şonda ruhy gymmatlyklaryň we ruhy ahwalatlaryň «altyn gapysy» – doly manysy açylýar. Nesilleriň gedemligi bilen çemeleşsek, atalarymyzyň ruhy barlygy biziň üçin ýapyk dünýäligine galar. Bu jümleleriň, sözlemleriň, ýörelgeleriň aňyrsynda näme barlygy näbelli bolup galar, olar bize bary-ýogy şertlilik hem ýöntemlik bolup görner.
Şeýlelikde, tebigat ruhuň gapma-garşylygy hökmünde göz öňüne gelýär. Tebigatda özüne baky orun görmedik adam bakylygy ruhdan agtarýar. Adam özüniň tebigat bilen meňzeş taraplaryny iň ýigrenji zatlar diýip bilýär. Iýmek-içmek, guçmak, nesil öndürmek – bular ähli janly-jandarlaryň hem elinden gelýän, şolaryň-da ymtylýan zatlary ahyryn. Olar hem tohumyň elindäki serişdelerdir. Özem olar nesli bir-birden däl, bäşden, ondan, ýigrimiden dogurmagy başarýarlar. Adamyň köpelişi olaryň köpelişiniň ýanynda gaty gözgyny. Haýwanlaryň özara gatnaşyklary – bähbitlere esaslanýan gatnaşyklardyr. Iýmek bähbidi, argaşmak bähbidi, köpelmek bähbidi. Adam hem bähbidiň yzyna düşse, haýwanyň derejesine çenli peselýär. Şonuň üçin hem adam ogly bähbidiň dilinden ruhuň diline geçip aman galýar.
Ruhy hakykatlardan ahlaky gymmatlyklar gögerip çykýar. Bähbide goldanmak adamlary ikä bölmeklige – maňa gerekli hem maňa gerek däl, maňa peýdäly we maňa zyýanly diýen toparlara bölmeklige getirýär. Şu ýerden hem duşmançylyk, agzalalyk, ýigrenç, zulum, doňýüreklik, biperwaýlyk başlanýar.
Ata-babalarymyz bu meselede söýgi gymmatlygyndan ugur alypdyrlar. Söýginiň manysy biziň durmuşy garaýşymyzdan has çuňňurdyr. Biziň üçin söýgi ýigrenjiň gapma-garşylygy, atalarymyz üçin söýgi ýigrenç bilen agzyňy deňärden has beýik zatdyr, ondan ýokarda bir ýerde duran ruhy gymmatlykdyr.
Söýgi – ählumumy düşünje, ýigrenç – hususy düşünje. Edil şonuň ýaly, dost biziň üçin duşmanyň gapma-garşylygy, atalarymyz üçin dost duşmandan has ýokardaky düşünjedir.
Dost – Hudaýdyr, çünki Hudaýyň duşmany ýokdur, ol özüne duşman tutunardan has beýik zat ahyryn. Hatda Şeýtan-da Allatagalanyň duşmany däldir, Şeýtan oňa duşman diýip pikir etmek – Şeýtany ulaltmak ahyryn. Ol beýle ulaltma mynasyp däldir. Şeýtan gözgynylykdyr, ol adamzada duşman bolup biler.
Könelerimiziň häzir öz dilimize geçirip aýdylýan şu pelsepeleriniň çuňňur manysy bar. Ol ruhy manylar şygyrlarda-da, dessanlarymyzda-da ýazylgy durandyrlar. Iň ýönekeý mysal: Mežnun özi üçin gan döküp ýören Nowfulyň esgerleri bilen oňşanok. Sebäbi olar-a munuň üçin urşup ýörler. Mežnunam olaryň ýesir düşen duşmanlarynyň gözünden ogşaýar, ýaralaryna seredýär. Sebäbi adaty adamlardan – dünýäniň içinde dünýäniň biri-birini iýmek kanunlary boýunça ýaşaýan adamlardan tapawutlylykda, Mežnunyň duşmany ýok, kimdir birini öz ýaşaýşynyň serişdesine öwürmek bähbidi ýok.
Mežnunda bähbit däl, söýgi, duşman däl, dost bar. Onuň çölde keýik owlaklaryny hem sugun gölejiklerini awçylardan halas etmesiniň çuňňur ruhy manysy bar. Bu ýöne bir rehimdarlyk, haýyr-sahawat däldir. Bu – başga bir ýaşaýyş, dünýä ruhy bakylygyň nukdaýnazaryndan çemeleşişdir. Bu özge bir ýaşaýşyň düýp manysyny aňlatmak-da kyn. Ol, bir söz bilen aýdanyňda, gapma-garşylyklaryň ýokarsyndaky bir ýaşaýyşdyr. Rehimdarlyk däldiginiň sebäbi – ýene bir öwrümde rehimdarlyk doňýüreklige ýazyp biler. Haýyr-sahawat däldiginiň sebäbi – ýene bir öwrümde bular husytlyga ýazyp bilerler. Galyberse-de, iň esasy zat – hatda rehimdarlyk, haýyr-sahawat, başga bir zady ýaşyrmak üçin perde bolup bilerler, bet maksatlaryň daşky serişdesi bolup biler. Emma Mežnunyň söýgi ýaşaýşy – perdesizligiň, serişdesizligiň hut özüdir. Bu ýaşaýyş – ylahylykdyr. Ylahylygyň ahlak-ruhy manysy-da ýüregiň kir-kimirsizligidir we açyklygydyr. Eşigi kirledýän zat tot-tozan bolsa, ýüregi bähbitler kirledýär.
Mežnunyň söýgüsiniň ruhy-ahlak manysy onuň ýigrenje düýbünden ukypsyzlygydyr. Ol hatda awçylary-da ýigrenenok, olara ýüregi awaýar. Awçylar betbagt kişiler – olar öz çagalaryny eklemek üçin keýik çagalarynyň janyna kast etmäge mejbur bolýarlar. Bu ýaşaýyş endişesi pajyga, çykgynsyzlyk, ýene birleri öz çagalaryny eklemek üçin awçylaryň çagalarynyň betbagtlygyna sebäp bolarlar.
Bu dünýäde – tebigatda ömür ölümiň, ölüm ömrüň üstünde gurlandyr.
Şonuň üçin ol bakylykdan mahrum. Çünki bakylyk – ömrüň diňe ömrüň üstünde gurulmagydyr.
Mežnuna kämil söýgi berlipdir, bu söýgi ony ruhy bakylyk bilen dahylly edýär. Söýgi arkaly dünýäniň düýbüne ýetmek – bu öz-özüni aldawçylyga salmak däldir. Bu eýýäm täze ýaşaýşa, täze dünýä puryja hem esas berýär. Adamyň tebigaty şeýle: ýamanyň nämedigine akyl ýetirensoň, ol ýagşyny döretmegiň ugruna çykýar.
Şeýlelikde, ruh adamy onuň asly bolan tebigatdan daşlaşdyrýar. Bu ýagdaý çaganyň ýigit çykyp, enesinden daşlaşyşyny ýada salýar. Muňa her kim bir hili garap biler, emma bu faktdyr.
Ruh hem onuň bakylyk ideýasy adamzadyň kämilleşmeginde bimöçber köp hyzmat bitirdi. Ol ruhy ewolýusiýanyň iň uly hem esasy etaplarynyň biridir. Ruh adama öz tenini ýigrenmegi öwretdi. Adamzat özüniň iň ýigrenji agzasy hökmünde, jynsy agzalaryny hasaplady. «Adamyň jynsy agzalary, teni ähli gulçulygyň sebäbi» diýip akyldarlar pikir edipdirler.
XX asyryň bir uly filosofy «Meniň üçin iň gelşiksiz görnüşleriň biri – göwreli aýaldyr» diýip aýdýar. Özboluşly duýgyny alamatlandyrýan bu garaýyşda ten bilen ruhuň orta asyr barlyşyksyzlygy görünýär. Bu pikirde köne türkmen sopularynyň dünýäni hem onuň bilen baglanyşykly ähli zatlary ret edýän ruhy görünýär. Adam ruhy şahsyýet hökmünde kämillige, akylyň hem ruhuň kämilligine ýetenden soň dogulmak hem ölmek aýlawyndan sypalga, gaçybatalga gözleýär. Adam şahsyýet hökmünde, gaýtalanmaz «men» hökmünde bakylykda galasy gelýär. Emma özüniň maddy-beden şahsyna daýanyp, onuň bakylykda galmagy mümkin zat däl. Sebäbi ten dünýädendir, ten dünýälikdir we ten dünýäniňkidir. Ten wagtyň önümi bolan şahsdyr, ol özüniň barlygy, kämilligi üçin wagtyň öňünde bergilidir, ol dünýäniň minnetini çekmäge mejburdyr. Wagtyň önümi bolany üçin, ten wagtyň içinde-de ýitip – ýok bolup gitmeli. Beýle gowşak hem ygtybarsyz daýanja bil baglamak akyla uslyp däl. Şonuň üçin hem adam bakylygy ruhdan gözleýär. Ruhuň bolsa düýp manysy teniň akyl arkaly öz-özünden aýrybaşgalaşmagy, ýaşaýşyň hil taýdan täze bir görnüşine geçmegidir. Dünýäde baky galmak üçin dünýäniň çäginden çykmagy başarmak gerek.
Bakylykda dünýä bilen ýaryşmak, dünýäniň bakylygyna öwrülmek üçin dünýäni ret etmegi başarmak gerek.
Onsoň dünýä bilen darkaş gurýan ruh ölüme garşy pitne, akyl pitnesi bolup durýar. Sopular, derwüşler, galandarlar ýaly kämil ruhy şahsyýetler geçmiş türkmeniň biziň pikir edişimizden, göz öňüne getirişimizden hem çaklaýşymyzdan has ägirt ruhy baýlyklary özünde saklaýarlar. Geň zat, perzendiň näçe ýyldan soň atasyna duşup, ony tanaýmaýşy ýaly, biz hem indi ata-babalarymyzyň ruhunyň öňünde juda ýadyrgaýarys. Türkmeniň milli taryhynyň iň ejiz ýeri – nesilleriň arasyndaky ruhy bitewülik aňsat üzülýär we gaty kynlyk bilen dikeldilýär. Milli Garaşsyzlygymyzy alyp, kommunistik ruhuň aňymyzy aşa telperleşdiren akyl kösseklerinden boşap ugranymyzdan soň, özümiziň bilýändiris öýden Magtymgulymyzdan hem nähili daşdygymyzy, ol babatda nähili bigänedigimizi indi duýup galýarys.
Magtymguludan öňki ruhy belentliklerimizi bütin çuňňurlygynda aňlamak, olary sözüň ruhy manysynda özümiziňki etmek, öz hasabymyza geçirmek üçin bolsa, megerem, onlarça ýyl gerek bolar. Biz geçen ýüz ýylyň içinde ruhy taýdan şowakör galypdyrys. «Ruhy şowakörlük» diýip men akyl ukyplarynyň juda peselmegi zerarly bakylygyň ruhy diline düşünip bilmezlik derdeserine aýdýaryn. Şowakör adam diňe golaýjygyndaky zatlary, olaryňam çalaja suduryny saýgaryp bilýär. Ruhy şowakörlük geçmişden galan ruhy hakykatlaryň manysyny örän inçeldip, ownadyp hem ýöntemleşdirip görkezýär.
Bakylygyň dilinde aýdylan hakykatlary panylygyň ýöntemje dilinde kabul edýär.
Emma bu, aýdylyşy ýaly, belanyň diňe birinji ýarysydyr. Bu ruhy şowakörlügiň üstesine wagt atalar bilen aramyzda goýubilen böwedini goýupdyr.
Ruh könelmeýär, emma ruh biziň ýaşaýan dünýämizde sap hadysa hökmünde galyp bilmeýär. Ruh, islese-islemese, ýaşamak üçin panylygyň gabyklaryny edinmeli, wagtyň eşigine girmeli bolýar. Ine, şol wagt gabyklary-da geçmiş eserleriň diliniň, formasynyň, stiliniň könelmegi görnüşinde atalar bilen biziň ruhumyzyň arasynda böwüsmegi kyn çäkleri goýýar. Iň erbet ýeri-de, şol gabyklaryň köneligini biz ruhuň hut özüniň, onuň düýp mazmunynyň möwritiniň ötmegi diýip kabul edýäris. Biziň atalarymyzyň öňündäki «men-menligimiz», köplenç, şu ýalançy duýga esaslanýar. Emma biz Magtymgulynyň dilinde aýdylanda, ybrat gözüni açyp seretsek, ata-babalarymyzyň edenlerinden ondan, hatda ýüzden biriçe-de etmäge ukyply däldigimizi aňlarys.
Ybrat gözi – geň galmaklygyň, haýranylygyň gözi. Ruhuň inçeligine, gözleýjilik ukybyna şaýatlyk edýän geň galmaklyk, haýranylyk häsiýetinden mahrum bolmagy ruhy ýaltalygyň alamatydyr. Ruhy ýaltalyk büräp alansoň, ýaşaýyş adamlar üçin syr bolmagyny bes edýär. Ruh wagtyň, döwrüň hem giňişligiň – sosial giňişligiň aňyrsyndaky barlyklar bilen gyzyklanmasyny bes edýär, ol bütinleý rozugär, maddy endikleri edinýär. Bakylyk ruh üçin howaýylyga – ýokluga barabar bir salgyma öwrülýär. Ruhuň gözýetimlerini hem akylyň içki kuwwatyny gara garnyň aladalary kesgitleýär. Millet öz ýaşaýan döwründen özge ruhy döwürler, öz ýaşaýan jemgyýetçilik durmuşyndan özge ruhy giňişlikler bilen hiç hili arabaglanyşygy bolmadyk bir üzňelige – mähellä öwrülýär. Ruh öň kän basgylanan ýerde örklenen mal ýaly, bir Wagta baglanyp goýulýar. Muňa sözüň hakyky manysyndaky ruhy taýdan çüpremek diýip bolar.
Ruhy bolçulyk Wagtyň örkünden sypyp, Bakylygyň giň meýdanyna çykmakdan başlanýar. Dilde hem sungatda, ýaşaýyşda hem filosofiýada simwoliki manylar köpeliberse, bu ruhuň bakylyk bilen tapyşanlygynyň alamatydyr.
Simwoliki dil – munuň özi wagtyň çäklendirmelerini böwsüp, ruhuň bimöçber çuňlaşmagy we giňelmegidir. Adamyň ruhy belentliklere dyrmaşdygyça, onuň dili simwoliki häsiýete geçýär. Eflatunyň filosofiýasy, Injil, Gurhan, sufizm, ähli döwürleriň hem halklaryň beýik poeziýalary, beýik sungatlary – bularyň bary adamzat ruhunyň çür başydyr hem-de çuňňur simwoliki dili bilen tapawutlanýandyr. Simwol – bakylyk dilidir.
Ten hem güzeran telperlik bilenem oňňut edip bilýär. Telperlik bolsa hadysanyň göwräniň gözüne görünýän daşky görnüşidir, hadysany däl, düýp manylary tirmekden emele gelýän simwolik ruhuň gözleriniň açylanlygyndan habar berýär. Gözüniň açylanyndanam ruh dünýäden – telperlikden, berçikmekden, gutarmakdan hem ýitmekden gaçganaklap ugraýar. Ruhdan mahrum dünýäde ruh özüni ýaş hem bigäne duýýar. Jandara janyň ölüm teşwişi, ölüm gorkusy bilen bilelikde berlişi ýaly, ruh hem adama bakylyk ymtylmasy bilen birlikde berilýär. Ruh dünýäniň zatlaryny we hadysalaryny öz diliniň aňlatmalaryna serişde edip alýar. Dünýäniň serişdelik manysy bardyr. Muny biziň ruhumyzyň gerçekleri aýdýar. Dünýä hem ten diňe şu manyda we diňe şu tarapdan ruh bilen baglanyşyklydyr. Bakylyk bolsa ruhuň arzyly mekanydyr.
Bakylyk – ruhuň göwün beren magşugydyr. Şu ýerde Mežnun bilen Leýlini ýatlamak ýerlikli bolsun gerek. Umuman, türkmen dessanlary beýik sungat hökmünde simwoliki dilli eserlerdir. Dessanyň sýužeti – ruhuň bakylyga ymtylyşynyň hem oňa gowuşyşynyň sýužetidir. Bu ýerde iň kiçijik aňlatmadan başlap sýužete çenli ähli zat göçme manylydyr. Ruh dünýäni bigäne saýynýar, ondan göçmek islegi ruhuň göçgünligine hem diliniň göçme manylylygyna getirýär. Ruh – çarwadyr. Manydan mana göçmeklik bolsa many köpdürlüligini hem hakykatyň gatlak-gatlaklylygyny emele getirýär. Göçmek ýa-da aýrybaşgalaşmak ruhuň döreýşiniň hem ýaşaýşynyň ählumumy kanunydyr.

Duýgy tenden aýrybaşgalaşýar – aň kemala gelýär.
Pikir aňdan aýrybaşgalaşýar – ruh kemala gelýär.
«Men» sözden aýrybaşgalaşýar, göçýär – simwol emele gelýär.

Ruhuň esasy sypatlarynyň biri bolan yşk hem göçmekligiň bir usulydyr. Gegel aýtmyşlaýyn, söýmek – öz-özlügiňden başga birine öwrülmekdir. Mežnunyň wysaly – Hudaý manysyndaky bakylykdyr. Bu göçüşde oňa Leýli serişde, köne türkmen dilinde («Gorkut ata») aýdanyňda, kölege bolup hyzmat edýär. Leýli gyz däl, simwol. Hatda onuň ady-da Mežnunyň yşgynyň ähmiýetinden habar berýär.
Leýli – garaňkylyk, garalyk, gijelik. Sopular, derwüş-galandarlar, garaňky gijeler ýeke galyp, ýatman şöwür çekipdirler hem Allatagalanyň atlaryny  zikr edipdirler. Mežnunyň özi-de simwoliki. Bakylygyň yşgyna düşen adam mähelläniň gözüne jynly, däli bolup görünýär. Bakylygyň ýaşaýyş kadalaryndan çykan adam mähelle üçin, elbetde, däli. Onuň gymmatlyklary ýaşaýşyň başgaça guralmagyny talap edýär. Onuň dünýä kadalaryndan çykan akyly azaşypdyr. Akyl endikleriniň kemala getirilýän ýeri bolan mekdephanada yşga düşmegi-de, ruhy gymmatlyklaryň mekany bolan Käbehanada yşgynyň güýçlenmegi-de, aw meýdanynda, uruş meýdanynda özüni bigäne hem ýalňyz duýmagy-da simwoliki häsiýetli pursatlardyr.
Mežnunyň – bakylygy agtarýanyň mekany – mekdep. Käbe – sähra hem gül-bilbiliň ýeri bolan çarbag. Türkmen dessanlaryndaky çarbaglaryň jennetiň edebi obrazydygyny men şu ýerde ýene bir gezek nygtamak isleýärin.
Türkmen klassyky dessanlarynyň filosofiki hem çeperçilik tejribesi bir beýik hakykaty gözüne dikýär:
Bakylyk diňe şahsyýet manysynda hakykatdyr.
Bakylyk diňe şahsyýet arkaly mümkinçilikdir.
Ruh bakylygy diňe şahsyýetiň üsti bilen amal edip biler.
Emma ruhumyzyň klassykasyndan görnüşi ýaly, bakylyga ymtylyşyň galp ýüze çykmasy hem bar. Bu – nebisdir. Nebis galp düşünilen, teniň dilinde düşünilen bakylyk islegidir. Emma teniň ontologik dünýäsinde bakylyk mümkin däldir. Çünki ten ahyrsoňy – ýok bolmaly. Ten göwresi ýok bolup, topraga siňmeli. Teniň soňy – ýokluk, ýitmeklik.
Ten nebis arkaly baýlyga ymtylýar, ýöne ol ymtylmadan adam ogluna peýda ýok – ol baýlygyň guluna-da öwrülýär. Ol ymtylmasynyň boşdugyny bilmän ymtylýar diýmek nädogry bolýar. Ymtylmasynyň boşdugy onuň aňynda hekgerip otyr. Ýöne, näme, çykmadyk janda umyt bar diýleni-dä?!
Ten söýgi däl, ýöne nebis arkaly jynsa ymtylýar – öz nesillerinde ýitip, ýok bolubam gidýär.
Ten nebis arkaly iýgi-içgä ymtylýar – soň özi-de iýmite öwrülýär.
Ten nebsiň yzyna düşüp, toprak üstünde ymaratlar gurýar, soň özi-de topraga öwrülýär.
Diýmek, nebis – bakylyga däl, panylyga, barlyga däl, ýokluga eltýän kölegedir.
Türkmeniň ata-baba gelýän ruhy gymmatlyklaryny şu meselede umumylaşdyryp aýdanyňda, şahsyýetiň dört görnüşi bar:
Alla – şahsyýetdir.
Millet – şahsyýetdir.
Döwlet – şahsyýetdir.
Adam – şahsyýetdir.
Dünýäleri ýaradan Allatagalanyň ruhdugy aýdylyp oturmasy hökmany däl hemmä belli hakykatdyr. Edil şonuň ýaly-da, Onuň şahsyýetdigi hem gürrüňsizdir, sebäbi diňe sypatlaryň hem aslyň, kämilligiň hem gözelligiň, ukyplaryň hem amallaryň bitewüligi hökmündäki şahsyýet ýaşaýşy ýaradyp biler. Galan üç şahsyýet dünýä degişlidir. Emma olaryň köpçülige gatnaşygy, her bir adamyň bulara öwrülip bilmek mümkinçiligi deň däl. Adamyň ruhy şahsyýete öwrülmek mümkinçiligi örän az adamlara – welilere, ulamalara, şahyrlara we beýleki kämil kişilere ýetdirýär. Muňa ýetmedik adamlar ikinji bir bölege – döwlet şahsyýetine goşulýar. Oňa-da ýetmedikler – milletiň şahsyýetine girýär. Şonuň üçinem adamlaryň galaba köpçüligi üçin bakylyk – diňe millet manysynda maksadalaýykdyr.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 15 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: