10:30
Rubagylar

Rubagy ýazmaga synandym häli,
Ýeke bendi ýazmak ýeňiljek ýaly.
Şol wagt Haýýamdan bir seda geldi,
“Akyl käsäň niçik – egsikmi, doly!”.

  *   *   *

Hakyky dost, dost başynyň täjidir,
Göwnündäki harmanynyň çajidir.
Miwesi bolmaýar ýalan dostlugyň,
Bolaýsa-da zäher ýaly ajydyr.

  *   *   *

Näçe jan çekseň-de göwnedip bolmaz,
Birini beýlekä höwür edip bolmaz.
Has akylly bilen aşa akmaga,
Nätseň-de hiç zady öwredip bolmaz.

 *   *   *

Niýetlänim namarda däl, merdedir,
Diýmäň bu söz bet işlere perdedir.
Aýagyny gyşyk bassa aýallar,
Ýazygyň deň ýary erkeklerdedir.

  *   *   *

Dostlar bilen çaýlaşmaga gyssanýan,
Öý töründe jaýlaşmaga gyssanýan.
Gam-gussamy saklasam-da içimde,
Şatlygymy paýlaşmaga gyssanýan.

  *   *   *

Ömür pelsepesi ruhuň göterýär,
Dünýe sahnasyny hemmä ýetirýär.
Durmuş başdan aýak teatr ýaly,
Her kim bir keşp bolup ömrün ötürýär.

 *   *   *

Günäli ýerlerden çetleşjek bardyr,
Kelamyň dilinde gepleşjek bardyr.
Adam bolsaň bendesine kast etme,
Hakyň dergähinde haklaşjak bardyr.

*   *   *

Baýlyk üçin gazap donun geýjek bar,
Zäher ýaly ajy sözün diýjek bar.
Garny dok bolsa-da gözleri doýman,
Agzy ýetse gulagyn iýjek bar.

Didarberdi ALLABERDIÝEW

Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Didarberdi Allaberdiýew | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
0
1  
Şunýaly manyly rubagylary okasaň göwnüň giňeýär. Ömrüň uzak bolsun Didarberdi aga.

0
2  
Has, Didarber Allaberdiýewiň çap bolan kitaplary barmy heý bilýäňmi? Eliň degse Didarberdi agaňam kitaplarny saýtda goýsaň ajap bolardy.

0
3  
Bar mende kitaplary. Kitaplarny göçürip goýmaryn-a. Didar agañ özi saýta girýär, okayar. Kitaplarnyñ pdf-larny ugratmakçy özi, ugradanda goýarys.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: