22:22
Raziýe Soltan

RAZIÝE SOLTAN

Raziýe soltan ýa-da Raziýe Begüm, Deli türkmen soltanlygynyñ zenan hökümdary.

Raziýe soltanyñ doglan ýyly belli däl, ýöne 1240-njy ýylyñ 14-nji oktýabrynda Delide aradan çykypdyr. 1236-1240-njy ýyllarda hökmürowanlyk edipdir.
Şemseddin Iltutmuşyñ we Türkan hatynyñ gyzy, Deli türkmen soltanlygynyñ ýeke-täk zenan soltany Raziýe soltan "Şirin-i Dehlewi" we "Şirin-i Güri" tahalluslary bilen goşgular hem ýazypdyr.
Raziýe soltan 1232-nji ýylda kakasy tarapyndan tagt mirasdüşeri diýip yglan edildi.
Iltutmuşyñ 1236-njy ýylda aradan çykanda, onuñ wesýetine eýerilmän Raziýe däl-de, ogly Rukneddin Firuz şa tagta çykaryldy. Firuzyñ ýurdy dolandyrmakdaky gowşaklygy görülip, alty aý yigrimi sekiz soñra döwlet emeldarlarynyñ goldawy bilen tagta Raziýe soltan çykarylýar, Rukneddin Firuz bolsa öldürilýär.
Raziýe soltan Jelaletüddin we Radyýýetüddin lakamlary bilen zikge basdyrýar. Hökümdarlyk eden ýyllarynyñ başynda Nurtürk atly bir türkmeniñ baştutanlygynda Hindistanyñ dürli künjeklerinden toplanan karmatlaryñ we mülahideleriñ gozgalañyny gozgalañyny basyp ýatyrýar. Yzysüre onuñ soltanlygyny ykrar etmän Deliniñ derwezelerine çenli gelen melikleriñ (nohurlylarda melikler tiresi bar -t.b.) gozgalañyny basyp ýatyrýar. Tertip-düzgüni üpjün edenden soñ induslaryñ gaban Rantanbur galasyna kömekçi güýç ugradyp, galada gabaw astynda galan musulman emirleri halas etmegi başarýar.
Raziýe soltan türkmen emirleriniñ täsirliligini syndyrmak maksady bilen asly hebeşi (garaýagyz) Jemaleddin Ýakuda "Emir ahor" derejesini berýär. Emele gelen ýagdaýy halamadyk melikler aýal eşiklerinden we çabytdan (ýapynja) çykyp, don we başyna külah geýip, arkaýyn halkyñ içine aýlanýandygy üçin ony ýazgarmaga, ýepbeklämege başlapdyrlar.
Raziýe soltan 1238-nji ýylda gozgalañ eden Gaweliýaryñ üstüne goşun ugradýar.
1239-njy ýylda goşunyñ başynda durup, Lahoryñ häkiminiñ gozgalañyny basyp ýatyrýar. Delä dolananda Taberhindiñ häkimi Altuniýäniñ turzan gozgalañy sebäpli ikilenç ýörişe çykmaga mejbur bolan Raziýe soltan garşydaşyna ýesir düşüp, Taberhind galasynda göztussaglygynda saklandy. Delide Iltutmuşyñ ogullaryndan Bähram şa çykarylýar.
Raziýe soltany ýesirlige alan Altuniýe bir aý geçmänkä onuñ bilen nikalaşýar we Raziýäniñ tagta çykmagy üçin bilelikde hereket edýär. Raziýäniñ we Bähram şanyñ arasyndaky çaknyşyk Bähram şanyñ ýeñişi bilen tamamlanýar. Ibn Batuttanyñ aýtmagyna görä, Raziýe soltan söweşde ýeñlişe uçransoñ ele düşmejek bolup gaçýar we bir hindi tarapyndan öldürilýär. Başga bir rowaýata görä, söweşde ele salnyp dogany Bähram şanyñ ýanyna äkidilip, soñ şol ýerde öldürilýär.
Ederden türkmen zenany we soltany Raziýe Begümiñ obrazy kino sungatynda öz mynasyp ornuny tapdy. 1961-nji ýylda hindi režissýory Dewendra Goel "Raziýe soltan" atly kinofilmi surata düşürýär. 1983-nji ýylda urdu dilinde režissýor Kamal Amrohi "Soltanyñ gyzy" («Дочь султана») kinofilmini döretdi. Şol kinofilmde Raziýe soltanyñ rolunda meşhur hindi aktrisasy Hema Malini oýnady. Beýleki meşhur aktýor Dharmendra bolsa Jemaleddin Ýakudyñ obrazyny janlandyrdy.
Iñ soñky gezek bolsa 2015-nji ýylda režissýorlar Suddart Kumar Tiwari, Gaýatri Gill Teweri, Rahul Kumar Tiwari "Raziýe soltan" atly çeper kinofilmi döretdiler. Biz hem ýokarda agzalan kinofilmleriñ türkmen dilinde türkmen teleýaýlymlarynda berilmegini we gelejekde Hindistanda we dünýäniñ dürli künjeklerinde hökümdarlyk süren merdana türkmen zenanlary barada türkmen ýazyjylarynyñ döreden çeper eserleriniñ, çeper kinofilmleriniñ dünýä inmegini umyt edýäris.

■ Giñişleýin öwrenmek üçin çeşmeler:

1). Bahriýe Üçok "Deli musulman-türk[men] soltanlygynyñ gurulyşy we Raziýe soltanyñ soltanlygy" ("Delhi Müslüman-Türk Sultanlığının Kuruluşu ve Sultan Raziye’nin Saltanatı") Ankara uniwersitetiniñ ylahyýet fakultetiniñ ýörite žurnalynyñ 1-nji sany, jilt: 8, Taryh 1960.

2). Бахрие Учок. Разийя-хатун - султан Делийского мусульманского тюркского государства // Женщины правительницы в мусульманских государствах / Перевод с турецкого З.М.Буниятова, Ответственный редактор М. С. Мейер. — М: «Наука», 1982.

3). Tufan Gündüz, "Orta we Täze asyr türk döwletleriniñ taryhy" Anadoly uniwersitetiniñ ýörite neşiri No: 2732, Açyk öwrediş fakultetiniñ ýörite neşiri No:1693.

4) Н.К.Синха, А.Ч.Банерджи. История Индии. / Перевод с английского Л.В.Степанова, И.П.Ястребовой и Л.А.Княжинской. Редакция и предисловие К.А.Антоновой. — М.: Издательство Иностранной литературы, 1954.

5). Сериал "Султан Разия": фото, видео, описание серий — Вокруг ТВ.. www.vokrug.tv.

Alynan çeşme: Wikipediýa.

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 47 | Добавил: Raziýe_Soltan | Рейтинг: 2.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Raziýe soltan barada türkmen gazetleriniñ birinde-de saldamly makala okapdym. Awtorynyñ kimdigi we gazetiñ ady yadyma duşmedi

0
2  
@Ahat, "Edebiýat we sungat" gazetinde Baýramgeldi Çaryýewiñ makalasy.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: